27 Mayıs 2015 Çarşamba

Ukrainanyň Daşary Işler Ministriniň Geňeşçisi Wiktor Maýko Bilen Duşuşyk

2015-nji ýylyň 25-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Ukrainanyň Daşary işler ministriniň geňeşçisi Wiktor Maýko bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar iki döwletiň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň giň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Gepleşikleriň barşynda taraplar Ukrainanyň Prezidentiniň üstümizdäki ýylda Türkmenistana boljak resmi saparynyň guramaçylyk meselelerine garadylar.

Söwda-ykdysady ugur boýunça taraplar dördünji mejlisiniň Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän bilelikdäki ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara toparynyň işine ýokary baha berdiler. Şeýle hem taraplar häzirki wagtda amala aşyrylýan bilelikdäki taslamalaryň ýerine ýetirilşiniň barşyny we täze taslamalara badalga bermek mümkinçiliklerini öwrendiler. 

Duşuşygyň ahyrynda taraplar iki ýurda-da peýdaly hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmak ugrunda ikitaraplaýyn gepleşikleriň dowam etdirilmeginiň möhümdigini bellediler.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder