23 Mayıs 2015 Cumartesi

Russiýada Magtymgulynyň Şygryýet Baýramy Mynasybetli Geçirilen Çäreler

Astrahanda Konstitusiýa we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bellenildi.

2015-nji ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Astrahan ş.) Konsullygy bilen Astrahan oblastynyň bilelikde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň Astrahan şäherinde ýerleşýän ýädygärligine gül goýmak dabarasy Galkynyş, Agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp bellenildi.

Bu çärä Astrahan oblastynyň Halkara we daşary ykdysady gatnaşyklary ministrliginiň ýolbaşçylary, Russiýanyň DIM-niň Astrahan şäherinde ýerleşýän wekilhanasynyň işgärleri, türkmen diasporasynyň wekilleri we Russiýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, şeýle-de Astrahan oblastynda okaýan türkmen talyplary gatnaşdylar.

Magtymguly Pyragynyň ýadygärligindäki çärä gatnaşyjylar şahyryň goşgulary we aýdyşyk bilen çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda  beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň goşgulary öz ähmiýetini şu günki gün hem ýitirmändigini belläp geçdiler. Beýik şahyryň garaşsyz döwlet, parahat, dostlukly we bagtly durmuşda ýaşaýan halk baradaky arzuwy Türkmenistanyň Garaşsyzlygy almagy bilen hasyl boldy. Şu gün Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Magtymguly Pyragynyň arzuwlap gelen türkmen döwleti ýagty ösüş bilen batly öňe barýar.

Dabaranyň esasy böleginde türkmenistanly talyplara medeni çäreleri guramakdaky kömegi we işjeň gatnaşygy üçin hormat hatlary gowşuryldy.

Stawropolyň ýaşaýjylary Magtymgulynyň doglan gününi bellediler

Türkmen akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy Stawropol ülkesiniň Blagodarnensk etrapynda ýerleşýän Edelbaý obasynda hem geçirildi. 2008-nji ýylda Russiýada ilkinji gezek Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň hut Edelbaý obasynda açylandygyny bellemeli.

 Dabara Blagodarnensk etrapynyň diwanynyň ýolbaşçylary, döredijilik intelegensiýasynyň wekilleri we Edelbaý obasynyň ýaşaýjylary gatnaşdylar.

Dabarada çykyş edenler şahyryň goşgularynyň öz wajyplygyny asyrlar bäri saklap öwüt-ündew äheňliligi bilen halky ruhlandyrmakda we oňaýly täsirini  ýetirmekligi bilen meşhurlygyny ýitirmän gelýändigini bellediler. Dabaranyň çäginde Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň öňünde nusgawy şahyryň goşgulary okaldy we Blagodarnensk etrapynyň döredijilik işgärleriniň işjeň guramagynda konsert geçirildi. 

Groznyda Magtymguly Pyragynyň döredijilik agşamy geçirildi

Çeçen Respublikasynyň paýtagty Grozny şäherinde Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Astrahan ş.) Konsullygynyň ýardam etmeginde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijilik agşamy geçirildi.

Çäräni gurnaýjylar bolan Çeçen Respublikasynyň Milli syýasat, daşary gatnaşyklar, neşirýat we maglumat ministirligi, "Optimum" Sebitara jemgyýetçilik guramasy, Demirgazyk Kawkaz Federal okrugynyň innawasion ösüş instituty çykyş etdiler.

Magtymguly Pyragynyň döredijilik agşamyna Çeçen Respublikasynyň, Dagystanyň we goňşy sebitleri bolan Demirgazyk  we Günorta Kawkaz Federal okrugynyň döredijilik intelligensiýasy gatnaşdylar. 

Çäräniň resmi böleginiň soňunda dabara gatnaşyjylar we myhmanlar üçin estrada we halk döredijiliginiň artistleriniň konserti guraldy.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder