25 Mayıs 2015 Pazartesi

Ak Şäherim Aşgabat” Sergisi Tamamlandy

Sergi köşgünde türkmen paýtagtynyň geljekki ösüşine, şäher gurluşygy we jemagat hyzmatlary ulgamyndaky täzeçil ýörelgelere we şäher gurşawynda oňaýly şertleriň döredilmegine bagyşlanan "Ak şäherim Aşgabat" atly ХIV köpugurly Halkara sergisiniň ýapylyş dabarasy boldy.

Paýtagtymyzyň häkimligi we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda geçirilen bu wekiçilikli forum ýurdumyzyň we dünýäniň şäher gurluşygynda ýeten derejesini aýan etmek üçin ähmiýetli meýdança öwrüldi. Ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmegiň geljekki ugurlary bilen tanyşmak üçin ägirt uly mümkinçilikleri açan sergä gelen müňlerçe adamlar bu gezekki forumyň täzeçil häsiýete we ýokary guramaçylyk derejesine eýedigini bellediler. Sergä daşary ýurtly hyzmatdaşlar tarapyndan uly gyzyklanma bildirilmegi tötänden däldir. Paýtagtymyzdaky Sergi merkeziniň çäklerinde Fransiýadan, Russiýadan, Germanyiýadan, Hytaýdan, Türkiýeden, Hindistandan, Ermenistandan, Ukrainadan we beýleki ýurtlardan gelen onlarça kompaniýalar öz mümkinçiliklerini görkezdiler.

Şu ýyl köpugurly sergä gatnaşanlaryň sanawy we onda görkezilýän ugurlaryň görnüşleri has-da artdy. Onda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň kompaniýalarynyň, kärhanalarynyň 130-a golaýy öz önümlerini görkezdiler. Munuň özi gurluşyk we gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi ulgamynda häzirkizaman tehnologiýalaryny we täzeçil işläp taýýarlamalaryny hödürlenýän hyzmatdaşlaryň arasynda göni gatnaşyklaryň ýola goýulmagyny üpjün etdi. Bu ýerde görkezilýän kämil tehnologiýalaryň we öňdebaryjy tejribeleriň ýurdymyzyň  baş şäheriniň mundan beýläk-de ösdürilmeginde möhüm ähmiýeti bolar. Mälim bolşy ýaly, Aşgabat häzirki döwürde sebitiň iri syýasy, senagat we ylym-bilim merkezleriniň biri bolup durýar we onda adamlaryň amatly ýaşaýşy üçin  ähli şertler üpjün edilýär.

Köpugurly forum Aşgabatda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler maksatnamasynyň anyk netijelerini, onuň köpugurlylygyny, durmuş düzüminiň kämilleşdirilmegine bolan toplumlaýyn çemeleşmeleriň artykmaçlygyny, şäher hojalygynyň abadanlaşdyrylyşyny we gök zolaklaryň dörediliş usullaryny äşgär etdi. Şeýle hem sergi ýurdumyzyň we dünýäniň gurluşyk senagatynyň gazananlary, täze, ekologika taýdan arassa, şäheriň durmuş üpjünçiligini oňaýly ýola goýýan tehnologiýalar bilen tanyşmaga mümkinçilik döretdi.

Aşgabat forumynyň barşynda pudagara derejede bolşy ýaly, türkmen telekeçileriniň dünýäniň gurluşyk ulgamyndaky işewür toparlarynyň agzalary bilen täze işewür gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyny we bar bolan gatnaşyklaryň berkidilmegini şertlendirdi.

Serginiň ýapylyş dabarasynyň Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli baýraçmylyk çäreleri we täze binalaryň açylyş dabaralary bilen utgaşandygyny aýratyn bellemeli. Sergä gatnaşan daşary ýurtly myhmanlar  ýurdumyzyň baş şäherinde ýaýbaňlandyrylan dabaralara gatnaşmaga we bu ugurda alnyp  barylýan işleriň gerimine göz ýetrmäge mümkinçilik aldylar.

Ykdysady gözden geiçirilişiň ahyrynda ony guraýjylar we sergä gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Onda bildirilen myhmansöýerlik we serginiň ýokary guramaçylyk derejesi üçin milli Liderimize alkyş sözleri bar.

Şu gün tamamlanan "Ak şäherimAşgabat" sergisi şähergurluşyk ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine, täze maýa goýumlaryň we öňdebaryjy tehnologiýalaryň çekilmegine özboluşly goşant boldy.  Özara gyzyklanma bildirilýän geljegi uly taslamalary ara alyp maslahatlaşmalary özünde jemlän gepleşikleriň netijeleriniň täze şertnamalar, Watanymyzyň ak mermerli paýtagtynyň geljekki ösüş maksatnamasyny ýerine ýetirmek üçin ygtybarly binýat bojakdygy bellenildi. 


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder