23 Mayıs 2015 Cumartesi

Statistika Boýunça Pudagara Geňeşiň Mejlisi

Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň ýanyndaky Statistika boýunça pudagara geňeşiň nobatdaky mejlisi geçirildi.

Düzümine ýurdumyzyň dürli pudak edaralarynyň wekilleri girizilen Pudagara geňeşiň gün tertibine birnäçe möhüm meseleler, şol sanda statistika boýunça pudagara hyzmatdaşlygyny ösdürmek bilen baglanyşykly hem-de buhgalterlik hasabatlylygynda geçirilýän özgertmeleri we milli standartlarynyň ornaşdyrylmagy bilen baglylykda statistiki hasaba alyşdaky özgertmeleriň ýagdaýy bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti ýurdumyzyň ministrlikleri we pudak edaralary bilen bilelikde öz garamagyndaky kärhanalaryň we guramalaryň döwlet statistika hasabatlylygynyň görkezijileriniň ulgamyny, maliýe hasabatlylygynyň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, maglumatlary taýýarlamagyň usulyýetini işläp taýýarlaýar.

Şeýle hem ýaşaýyş jaý gorunyň statistikasynyň aýratyn meseleleri, statistika edaralarynyň degişli düzümleriniň işlerini ep-esli ýeňilleşdirmäge ýardam berjek statistiki maglumatlaryň elektron usulynda ýygnalmagyny guramagyň wezipeleri bilen baglanyşykly meseleleriň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Biragyzdan belenilişi ýaly, häzirki wagtda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ýokary depginler bilen ösýän döwründe öňdebaryjy tejribäni öwrenmek we elektron göterijilerinde ilkinji statistika maglumatlarynyň giňden ýygnalmagynyň ýola goýulmagy barha möhüm häsiýete eýe bolýar. 

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanylan “Türkmenistanyň ykdysady, maliýe we bank ulgamyny 2012-2016-njy ýyllarda ösdürmek boýunça çäreleriň meýilnamasyna” laýyklykda, aýry-aýry ministrlikleriň we pudak edaralarynyň maglumat gaznalarynda saklanylýan maglumatlaryň elektron görnüşini işläp taýýarlamak boýunça anyk çäreler göz öňünde tutulandyr, munuň özi Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň statistiki gözegçiligiň uçdantutma we saýlama usullaryny utgaşdyrmagy hem-de maglumatlary ýygnamagyň çeşmelerine gözegçiligi üstünlikli amala aşyrmak üçin oňyn şerti döreder. 

Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň giň möçberli özgertmeler maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi esasy pudaklaryň ýokary depginlerde ösdürilmegine gönüden-göni täsirini ýetirýär, bu bolsa milli ykdysadyýetiň ýokary görkezijileriniň alamatydyp. Bu wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginde milli statistika ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek, döwlet häkimiýet edaralaryny we zerur bolan statistika maglumatlaryndan peýdalanýan beýleki düzümleri zerur maglumatlar bilen üpjün etmek maksadynda ony dünýä ülňülerine laýyk getirmekde statistikanyň ähmiýeti bellenip geçildi.

Mälim bolşy ýaly, öňde goýlan möhüm wezipeler nukdaý nazaryndan döwlet baştutanymyzyň ýörite Kararyna laýyklykda döredilen Statistika boýunça pudagara geňeşiň sazlaşykly, utgaşykly işi möhüm ähmiýete eýe bolýar. Ýurdumyzda statistika işini utgaşdyrmakda, döwlet statistikasynyň usulyýeti we guralyşy meselelerini kadalaşdyrmakda, pudaklaýyn statistikany döretmegiň meýilnamalaryny özara ylalaşmakda bu geňeşiň ähmiýeti uludyr. Şeýle hem Pudagara geňeşiniň esasy wezipeleriniň hatarynda bitewi statistika klassisikatoryny ulanmak boýunça maslahatlary işläp taýýarlamak, standart maglumatlar gaznasyny döretmek, maglumatlary ýygnamagyň we işlemegiň häzirikzaman tehnologiýalaryny ösdürmek, şeýle hem ministrliklerde we pudak edaralarynda statistika  hasabatlylygyny döretmegiň meýilnamalaryna garamak hem-de statistika maglumatlary alyşmagyň usullaryny işläp taýýarlamaga ýardam bermek meseleleri görkezildi.

Gyzyklanma bildirilip pikir alyşmalaryň barşynda Pudagara geňeşiň agzalary mejlisleriň yzygiderli ýagdaýda geçirilip, olarda milli statistika ulgamyny ösdürmäge gönüden-göni ýardam berjek, statistika edaralarynyň işlerini kämilleşdirmek we olaryň gyzyklanma bildirilýän maglumatlary iberýän düzümler, şeýle hem ýygnalan statistika maglumatlaryndan peýdalanyjylar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga ýardam berýän ylalaşykly çözgütleriň kabul edilmeginiň möhümdigini bellediler.

Şu gezekki mejlisiň jemleri boýunça Statistika baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçylary üçin, şol sanda “Türkmenistanyň döwlet statistikasyny 
2017-2021-nji ýyllarda ösdürmegiň maksatnamasynyň” taslamasyny taýýarlamakda möhüm bolan maslahatlar kabul edildi. 


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder