22 Mayıs 2015 Cuma

Kuraş Göreşi Boýunça Aşgabat Şäheriniň Açyk Birinjiligi Geçirildi

Galkynyş bedenterbiýe-sagaldyş toplumynda 1997-1999-njy ýyllarda doglan ýaşlaryň arasynda kuraş göreşi boýunça Aşgabat şäheriniň açyk birinjiligi geçirildi.Oňa paýtagtyň sport mekdepleriniň pälwanlary, şeýle hem Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň wekilleri gatnaşdylar. Ýaryşlar umumy milli baýram – Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanyp geçirildi. 

Agram derejeleriniň ýedisi boýunça geçirilen tutluşyklar çekeleşikli ýagdaýda boldy. Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň ýaşlar zähmet rezerwleri sport mekdebiniň okuwçylary Allanur Çaryýew (50 kg), Mummin Arzykulow (60 kg) we Parhat Bäşimow (81 kg) dagy ýeňiji bolmagy başardylar. Şeýle hem başa-baş söweş sport mekdebiniň adyndan çykyş edenler Kuwwat Gurbanow (55 kg) we Rahym Nazarow (+81 kg), “Olimp” sport mekdebiniň okuwçylary Kadyr Rejepgulyýew (66 kg) we Söhbet Agageldiýew (73 kg) öz agram derejeleri boýunça ýeňiji boldular. 



Ýeňiji bolanlaryň ählisi Aşgabat şäheriniň sport komitetiniň hormat hatlary we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandylar. 

Kuraş göreşi Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna goşuldy. Şonuň üçin hem sportuň bu görnüşi boýunça ýokary derejeli ussatlary taýýarlamaga uly üns berilýär. 2014-nji ýylda Türkmenistanyň Milli kuraş federasiýasy döredildi, oýunlaryň milli görnüşleri boýunça sport mekdebinde bolsa pälwanlary taýýarlaýan bölüm açyldy. 

Biziň pälwanlarymyz kuraş boýunça geçirilýän ýaryşlarda üstünlikli çykyş edýärler. Şeýlelikde, olar geçen saparky Aziadadan bir altyn medally we dört sany kümüş baýraklary getirdiler. Ýakynda Liwan Respublikasynyň paýtagty Beýrutda geçirilen çempionatda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň agzalary baýrakly orunlaryň altysyny gazandylar. Şirin Kubaýewa, Jahan Muhammedowa we Zarina Abdurahmanowa altyn medally gaýdyp geldiler, Dinara Hallyýewa, Marat Orazow we Yhlas Setdarow dagy aziýanyň birinjiliginiň kümüş baýragynyň eýeleri bolmagy başardylar.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder