Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň nobatdaky sekizinji maslahaty geçirildi. Oňa degişli ministrlikleriň, pudak edaralarynyň, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň gün tertibine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlary boýunça işlenip taýýarlanylan kanunlaryň we beýleki kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň taslamalary girizildi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň milli parlamenti döwlet Baştutanymyzyň Mejlisiň deputatlarynyň öňünde goýan esasy wezipelerine laýyklykda, ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak babatda ägirt uly işleri alyp barýar. Ähli kanuny taslamalar Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we halkara hukuk kadalarynyň düzgünnamalary nazara alnyp işlenip taýýarlanylýar. Mejlisiň bu gezekki maslahatynda garalýan kanunçylyk namalarynyň ähmiýeti barada aýtmak bilen, deputatlar olaryň ýurdumyzy durmuş-ykdysady, syýasy we medeni- ruhy taýdan ösdürmek maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek üçin kanunçylyk binýadynyň pugtalandyrylmagyna, şeýle hem türkmen döwletiniň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mundan beýläk-de gülläp ösmegine, ýurdumyzyň halkara giňişligindäki abraýynyň berkidilmegine gönükdirilendigini bellediler.
Maslahatda “Türkmenistanyň “Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan” ýubileý medalyny döretmek hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna seredildi. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistana hemişelik Bitaraplyk derejesini bermek hakyndaky çözgüdiň kabul edilmeginiň 20 ýyllygy mynasybetli bu sylaga türkmen döwletiniň durmuş-ykdysady we medeni-ruhy taýdan ösmegine şahsy goşant goşan raýatlar mynasyp bolarlar.
Soňra maslahatyň gün tertibine “Rieltorçylyk işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy girizildi. Deputatlaryň belleýişleri ýaly, bu kanuny taslama ýurdumyzda rieltorçylyk işiniň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär hem-de onuň ýerine ýetirilýän pursatynda ýüze çykýan meseleleri kadalaşdyrýar. Ol ýurdumyzda gozgalmaýan serişdeler bazarynyň ösüşiniň möhüm ugry bolup durýan döwletimiziň ykdysady syýasatynyň wajyp ugurlary esasynda işlenip taýýarlanyldy.
“Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. Deputatlar çykyşlarynda raýatlaryň saglygyny goramak ýaly has möhüm ugruň hukuk, guramaçylyk, ykdysady we durmuş esaslaryny kadalaşdyrýan bu Kanunyň wajypdygyny bellediler. Aýdylyşy ýaly, şu ýylyň iýul aýynda “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň kabul edilenine 20 ýyl dolýar. Oňa laýyklykda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy hil taýdan täze derejelere çykdy. Aşgabatda we welaýatlarda häzirki zaman lukmançylyk merkezleri guruldy. Şunlukda, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan işlenip taýýarlanylan we önümçilige ornaşdyrylan saglygy goraýyş ulgamynyň täze ugurlaryna laýyk gelýän lukmançylyk edaralarynyň giň toplumy emele geldi.
Ilatyň saglygyny goramaklyga toplumlaýyn çemeleşmek işi her bir adamyň saglygynyň goralmagyna we berkidilmegine, olaryň uzak ýyllaryň dowamynda işjeň ömür sürmegine gönükdirilen syýasy, ykdysady, hukuk, durmuşy, medeni, ylmy, lukmançylyk, keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak ýaly ugurlary öz içine alýar. Häzirki döwürde ýurdumyzyň lukmançylyk ulgamynda keselleriň öňüni almakda, anyklamakda we olary bejermekde hem-de raýatlaryň saglygyny dikeltmekde öňdebaryjy tehnologiýalaryň, täzeçil işläp taýýarlamalaryň önümçilige ornaşdyrylmagy möhüm ugur bolup durýar. Şol bir wagtyň özünde sagdyn iýmitlenmegiň kadalarynyň berjaý edilmegi, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň pugtalandyrylmagy möhüm ähmiýete eýedir.
Maslahata gatnaşyjylar “Bedenterbiýe we sport hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna geçmek bilen, köpçülikleýin bedenterbiýäniň, sagaldyş hereketiniň we ýokary derejeli sportuň hemmetaraplaýyn goldanylmagy milletiň saglygynyň berkidilmegine, berk bedenli ruhy taýdan baý nesilleriň kemala getirilmegine gönükdirilen dlöwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar diýip bellediler.
Şu maksat bilen, “2011-2020-nji ýyllarda Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty goldamak we ösdürmek baradaky milli maksatnama we “2012-2016-njy ýyllarda Türkmenistanda sporty ösdürmegiň we ýokary derejeli türgenleri taýýarlamagyň umumydöwlet maksatnamasy kabul edildi. Olary durmuşa geçirmegiň çäklerinde paýtagtymyzda we ýurdumyzyň sebitlerinde onlarça sport desgalary, stadionlar, aýlawlar, halkara ülňülerine laýyk gelýän bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary guraldy we olaryň gurluşygy dowam edýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda gurulýan umumybilim berýän mekdepleriň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň taslamalarynda häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen sport zallary, basketbol we woleýbol meýdançalary, ýüzüş howuzlary, tennis kortlary hökmany suratda göz öňünde tutulýar. Ajaýyp Gökdere jülgesinde we Hazaryň ekologiýa taýdan arassa türkmen kenarynda emele gelen "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda bar bolan çagalar sagaldyş merkezlerinde işjeň dynç alyş we sport bilen meşgullanmak üçin ähli amatly şertler döredildi. Munuň özi döwletimiziň iň ýokary gymmatlyk bolan ynsan saglygy hakyndaky aladasynyň aýdyň subutnamasydyr diýip, deputatlar bellediler.
Şeýle hem maslahatyň barşynda “Galyndylar hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna seredildi. Ol galyndylaryň emele gelmegi, olaryň ýygnalmagy, daşalmagy, saklanmagy we gaýtadan işlenmegi bilen baglanyşykly çäreleri kadalaşdyrýar. Hususan-da, bu kanunçylyk namasynyň senagat we oba hojalyk önümçiliginde emele gelýän galyndylary, serişdeleriň, materiallaryň we beýleki önümleriň hem-de harytlaryň azaldylmagyna, olaryň netijeli peýdalanylmagyna, şeýle hem ilatyň saglygyna we daşky gurşawa ýaramaz täsiriň öňüniň alygmagşyna gönükdirilendigi bellenildi.
Soňra “Maldarçylykda tohumçylyk işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy. Ol oba hojalyk pudagynda amala aşyrylýan giň möçberli oňyn özgertmeleriň barşynda ýurdumyzyň oba senagat toplumynyň öňünde durýan möhüm wezipeler esasynda işlenip taýýarlanyldy. Bu kanuny taslama maldarçylykda tohumçylyk işiniň hukuk we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär hem-de ol tohum mallaryň baş sanynyň saklanylmagyna, artdyrylmagyna, olaryň önümçililik derejesiniň gowulandyrylmagyna gönükdirilendir. Şeýle hem bu kanuny taslama tohum maldarçylyk ulgamynda ýöriteleşen döwlet guramalarynyň, şahsy we ýuridiki raýatlaryň işini kadalaşdyrýar.
Ýurdumyzda maldarçylyk pudagynyň yzygiderli ösdürilmegi, döwlet eýeçiligindäki we hususyýetçilikdäki mallaryň baş sanynyň artdyrylmagy bilen şertlendirilen täze Kanunyň wajypdygy bellenildi. Bu kanun taýýarlanylanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň degişli teklipleriniň we 2014-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenabat şäherinde geçirilen Ýaşulular maslahatynda eden taryhy çykyşynda öňe süren başlangyçlary göz öňünde tutuldy.
Soňra deputatlar “Döwlet kärhanalaryna, guramalaryna, edaralaryna, geografik we beýleki obýektlere at dakmagyň we olaryň adyny üýtgetmegiň tertibi hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy ara alyp maslahatlaşdylar. Onda kärhanalaryň, guramalaryň we edaralaryň, şol sanda bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, söwda we hyzmatlar pudaklarynyň, sport desgalarynyň, demir ýol, deňiz we derýa menzilleriniň we beýleki obýektleriň ady üýtgedilende olara şol künjegiň geografiki, taryhy, milli we beýleki ýerli şertleri, ýerli ilatyň pikiri nazara alnyp berilmelidigine aýratyn üns çekildi. Atlar ýönekeý, az sözli we ýerli talaplara laýyk gelmelidir.
Maslahatyň barşynda “Dine uýmak erkinligi we dini guramalar hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň döwlet sylaglary hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Paýdarlar jemgyýetleri hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Girew hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Merkezi banky hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Deputatlaryň sereden kadalaşdyryş-hukuk resminamalarynyň hatarynda “Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmça girizmek hakynda”, “Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Salgytlar hakynda” Türkmenistanyň bitewi Kanunyna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda”, “Daýhan birleşikleri hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda”, “Ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Mejlisi hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalary bar.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň arasynda Hazar deňziniň düýbüni araçäklendirmek hakynda Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky Ylalaşygy tassyklamak hakynda; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Jenaýat işleri boýunça özara hukuk kömegini bermek hakyndaky” Ylalaşyga azatlykdan mahrum etmäge iş kesilenleri bermek hakynda Teswirnamany tassyklamak hakynda; Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly Konwensiýasyna Ýerüsti çeşmelerden we gury ýerde alnyp barylýan işleriň netijesinde hapalanmakdan goramak boýunça Teswirnamany tassyklamak hakynda; Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly Konwensiýasyna Biologik dürlüligi gorap saklamak hakyndaky Teswirnamany tassyklamak hakynda Türkmenistanyň Mejlisiniň kararlarynyň taslamalaryna seretmek meselesi şu günki maslahatyň gün tertibiniň möhüm ugruny emele getirdi.
Mundan başga-da, maslahatda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty S.Ataýewanyň ygtyýarlyklaryny möhletinden öň ýatyrmak hakynda we aýry-aýry saýlaw okruglary boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlaryny bellemek hakynda Türkmenistanyň Mejlisiniň kararlarynyň taslamalaryna seredildi.
Mejlisiň bäşinji çagyrylyşynyň sekizinji maslahatynyň jemleri boýunça ýokarda agzalan kanuny taslamalaryň hemmesi goldanyldy we olar milli deputatlar tarapyndan biragyzdan kabul edildi. Maslahatyň ahyrynda deputatlar täze kanunçylyk namalarynyň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylyk ulgamynyň üstüni ýetirip, olaryň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Watanymyzy durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeler ýoly bilen öňe ilerletmekde öňde goýan möhüm wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegini şertlendirjekdigine ynam bildirdiler.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder