23 Mayıs 2015 Cumartesi

Aşgabatda Halkara Maslahat Geçirildi

Şu gün paýtagtymyzdaky "Ýyldyz" myhmanhanasynda Merkezi Aziýa boýunça dopinge garşy sebit guramasynyň Ýerine Ýetiriji komitetiniň maslahaty boldy. Oňa Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Mongoliýanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Owganystanyň, Pakistanyň we Özbegistanyň, şeýle hem Bütindünýä dopinge garşy agentliginiň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Milli olimpiýa komiteti we ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk baradaky Ýerine ýetiriji komitet halkara forumyny guradylar.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda köpçülikleýin sport hereketini we ýokary netijeli sporty ösdürmek meseleleri döwlet Baştutanymyzyň hemişelik üns merkezinde durýar. Şonuň netijesinde Watanymyzyň halkara sport giňişligindäki abraýy barha ýokarlanýar. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Türkmenistanda iri halkara ýaryşlaryny geçirmek üçin ähli zerur şertleriň döredilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Onda Aziada-2017-niň ýaryşlaryna möhüm orun degişlidir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda halkara ülňülerine laýyk gelýän degişli döwrebap düzümi kemala getirmek boýunça giň möçberli işler ýaýbaňlandyryldy we  jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň  ýkrar edilmegi, türkmenistanlylaryň, ilkinji nobatda bolsa, ýaş nesilleriň bedenterbiýe-sport bilen meşgullanmaga çekilmegi babatda maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär.

Ýokary derejeli türgenleri taýýarlamak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugularynyň biri bolup durýar. Bu ugurda alnyp barylýan giň möçberli işler halkara jemgyýetçiliginiň ýokary bahasyna mynasyp boldy. 2010-njy ýylda Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda ilkinji bolup 2017-nji ýylda Aşgabatda ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny  geçirmek baradaky çözgüdi kabul etmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Aziada-2017 diňe bir Türkmenistanyň halkara derejesindäki sport abraýynyň ýokarlanmagyny, bu möhüm pudakda netijeli hyzmatdaşlygynyň artdyrylmagyny däl, eýsem ýurdumyzda sportuň dürli görnüşleriniň mundan beýläk-de wagyz edilmegini, ýurdumyzyň türgenleriniň ýokary sport derejelerini gazanmaga bolan gyzyklanmalarynyň höweslenmegini şertlendirmäge gönükdirilendir. 

Soňky ýyllarda ýurdumyzda bedenterbiýe we sport ulgamynda ägirt uly özgertmeler amala aşyryldy. Jemgyýetiň ösüşiniň bu möhüm ugrunda ýokary netijeler gazanyldy. Şunlukda. yzygiderli durmuşa geçirilýän çäreler özüniň anyk netijesini berýär we häzirki döwürde türkmen sporty dünýä ýüzünde barha belende göterilýär.

Merkezi Aziýa boýunça dopinge garşy sebit guramasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň maslahatyna gatnaşyjylar Merkezi Aziýa ýurtlary üçin dopinge garşy durmak syýasatynyň, şeýle hem sebitiň ýurtlarynyň sport ulgamynda dopinge garşy göreşmek işiniň mundan beýläk-de ösdürilmegi bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem bu komitetiň agzalary bilim taslamalaryny, bilelikdäki maksatnamalary durmuşa geçirmegiň çäklerindäki işi we gatnaşyklary ösdürmegiň meselelerine, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň dopinge garşy pudagynyň işine monitoringi amala aşyrmagyň ugurlaryna garadylar. 

Merkezi Aziýa boýunça dopinge garşy sebit guramasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň maslahaty bilen bir hatarda doping gözegçiliginiň hünärmenleri üçin okuw maslahatlary guraldy. Beýik Britaniýanyň dopinge garşy komitetiniň bilermenleri Emma Eýrian Praýs, Mýurreý Kemeron Bruk we Stiwen Alan Roberts bu çärä gatnaşyjylary gadagan edilen serişdeleri ulanmagyň, barlagyň netijelerini gaýtadan işlemegiň usullary we ulgama degişli beýleki meseleler bilen tanyşdyrdyar.

Şeýle hem okuw maslahatyna gatnaşyjylar iri sport ýaryşlaryna taýýarlygyň we ony geçirmegiň çäklerindäki degişli işler, ýaş türgenler üçin dopinge garşy göreş boýunça düşündirişli maksatnamalar bilen tanyşdyryldy. Şeýle hem maslahatyň barşynda dopingiň türgeniň saglygyna täsiri, onuň görnüşleri, gadagan edilen serişdeleri we usullary ulanmaga garşy çäreler ýaly möhüm meselelere deglip geçildi.

Biziň ýurdumyz sportda dopingiň ulanylmagyna garşy göreş boýunça Bütindünýä dopinge garşy agentliginiň işini hemmetaraplaýyn goldaýar. 2013-nji ýylda Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň sportda dopinge garşy göreş baradaky Halkara Konwensiýasyny tassyk etmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. 


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder