Belarus Respublikasynyň Ýanka Kupala adyndaky Grodno döwlet uniwersitetinde okaýan türkmenistanly talyplar türkmen Bitaraplygynyň 20-ýyllygyna we 2015 ýylyň "Bitaraplyk we Parahatçylyk Ýyly" diýlip yglan edilmegine bagyşlap ýörite çäre geçirdiler.
Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçihanasynyň we Grodno uniwersitetiniň gurnamagynda we ýerli häkimiýetleriň ýardam bermeginde, uniwersitetde Türkmen Bitaraplygynyň syýasy we jemgyýetçilik taraplaryna bagyşlanyp seminar geçirildi. Seminarda çykyş eden professorlar, mugallymlar, türkmen we belarus talyplary häzirki zaman Türkmenistanyň batly gadamlar bilen ösmegine, ýurduň ykdysady taýdan kuwwatly döwlet bolmagyna hem-de bütin dünýäde syýasy abraý gazanmagyna Bitaraplyk syýasatynyň aýgytlaýjy ähmiýetini bellediler.
Şol gün agşam uniwersitetiň aktlar zalynda talyplaryň döredijiligine bagyşlanan çäre geçirildi. Türkmen we belarus dillerinde goşgulardyr aýdymlar ýaňlandy, özüne çekiji halk tanslary bolsa konserte gatnaşýanlaryň hemmesini orta çykmaga maýyl etdi.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder