21 Mayıs 2015 Perşembe

Energetika Ulgamyndaky Hyzmatdaşlygyň Mümkinçilikleri Artýar

“Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda 19-20-nji maýda bu ýerde geçirilen Türkmenistanyň VI halkara Gaz kongresine gabatlanyp guralan halkara sergisiniň ýapylyşy boldy.

Ýurdumyzyň ýangyç - energetika toplumynyň düzümlerinden başga-da sergä dünýäniň onlarça ýurtlaryndan, şol sanda Russiýadan, Germaniýadan, Hytaýdan, Koreýa Respublikasyndan, Eýrandan, Italiýadan, BAE-den, Ýaponiýadan nebitgaz kompaniýalarynyň onlarçasy gatnaşdy.

Bu sergi dünýäniň işewür toparlarynyň wekilleriniň ägirt uly ýangyç serişdelerine eýe bolan Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge ýokary gyzyklanma bildirýändikleriniň nobatdaky subutnamasy boldy. 

Sergä gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, şunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän oňyn daşary syýasat hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynda we ösdürilmeginde aýratyn ähmiýete eýedir, bu syýasatyň esasy maksady dünýä ykdysadyýeti üçin möhüm ähmiýete eýe bolan bu ulgamda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekdir. 

“Berkarar” myhmanhanasynyň giň eýwanlarynda  guralan serginiň üç gününiň dowamynda sergä gelenler we myhmanlar “CNPC” (Hytaý), “Dragon Oil” (BAE), “LG International corp”, “HYUNDAI engineering” (Koreýa Respublikasy), “Weatherford” (ABŞ), “Petronas” (Malaýziýa), “”Eni” (Italiýa), “Tehnoprom” (Russiýa) ýaly iri kompaniýalaryň diwarlyklary bilen tanyşdylar. 

Täze ýataklaryň hödürlenen taslamalary we öň bar bolan ýangyç känleriniň önüm berijiligini ýokarlandyrmak boýunça taslamalar myhmanlaryň we sergä gatnaşyjylaryň aýratyn ünsüni çekdi. Türkmenistanyň gaz pudagynyň okgunly ösüşini we ýurdumzyň ählumumy ösüşiň bähbidine ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygy hasaba alnyp, innowasiýa we serişde tygşytlaýjy tehnologiýalar diwarlyklary uly gyzyklanma döretdi. 

Sergide şeýle hem ýurdumyzda gurluşygy giň gerime eýe bolan gaz geçirijileriniň ygtybarlylygyny we howpsuzlygyny üpjün edýän enjamlar görkezildi. 

Taslamalaryň ekologiýa talaplaryna laýyk gelmegine aýratyn üns berildi, Türkmenistanda öň bar bolan senagat desgalary döwrebaplaşdyrylanda we täzeleri gurlanda, daşky gurşawy goramak meselelerine aýratyn ähmiýet berilýär. 

Seriginiň ýapylyş dabarasynda oňa gatnaşyjylara halkara nusgaly diplomlar we şahadatnamalar gowşuryldy. Türkmenistanyň VI halkara Gaz kongresine we onuň bilen bagly geçirilýän pudaklaýyn sergä gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler, onda myhmansöýerlik we forumyň ýokary guramaçylyk derejesi, ýangyç-energetika ulgamynda giň halkara hyzmatdaşlygyny goldaýandygy we oňyn başlangyçlary üçin türkmen Liderine tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdiler. 



Hiç yorum yok:

Yorum Gönder