31 Mayıs 2015 Pazar

Türkmen Woleýbolçylary Aziýa Çempionatynyň Finalynda Çykyş Eder

Bangladeş döwletiniň paýtagty Dakka şäherinde geçirilen erkekleriň arasynda woleýbol boýunça Aziýanyň /Merkezi zolak/ zonal çempionaty Türkmenistanyň ýygyndysynyň ýeňşi bilen tamamlandy. Altyn medaldan we kubokdan başga-da, watandaşlarymyz şu ýylyň 25-nji iýulyndan 5-nji awgusty aralygynda Eýran Yslam Respublikasynda geçirilek Aziýa çempionatynyň final tapgyrynda çykyş etmäge hukuk gazandylar.

Merkezi zolaga ýurtlaryň ýedisinden—Türkmenistandan, Nepaldan, Bangladeşden, Özbegistandan, Gyrgyzystandan, Owganystandan we Maldiw Respublikasyndan toparlar wekilçilik etdi. Ýaryşa gatnaşyjylar iki topara bölündi. Türkmen woleýbolçylary Özbegistanyň we Owganystanyň ýygyndylary bilen bir toparda çykyş etdi. Şonda birmeňzeş 3:2 hasaby bilen ýeňiş gazanyp, ýarym finala çykdylar hem-de Nepalyň woleýbolçylary bilen duşuşdylar.

Bu oýunda garşydaşlarymyz türkmenistanlylaryň yzygiderli hüjümlerine hiç hili garşylyk görkezip bilmediler we netijede 0:3 hasabynda utuldylar. 

Jemleýji duşuşykda Türkmenistanyň ýygyndysy Maldiw adasynyň türgenleri bilen güýç synanyşdy. Aziýa çempionatyny geçirmek baradaky düzgünnama laýyklykda, diňe ýeňiji toparyň biri final tapgyrda çykyş etmäge hukuk alýar. Şu hem zonal çempionatynyň finalynda göreşiň dartgynly boljakdygyny öňünden kesgitledi.

Maldiw woleýbolçylary duşuşygyň ilkinji sekuntlaryndan okgunly hereket etdiler. Duşuşygyň birinji böleginde-de, ikinji böleginde-de, türkmenistanlylar garşydaşlarynyň çalasyn hüjüminiň garşysyna alaç tapyp, olaryň goranyşyny böwüsmegi başarmadylar. Biziň peýdamyza bolmadyk 0:2 hasaby bolsa tälimçilere oýny alyp barmagyň usulyny düýpli üýtgetmege borçly etdi. 

Türkmen tälimçileri degişli netije çykaryp, üçünji bölegiň öň ýanyndaky arakesmede goranmagyň we hüjüm etmegiň hatarlaryny üýtgetdiler. Bu bolsa dessine öz netijesini berdi: watandaşlarymyz oýny eýe alyp, hasaby deňlemegi  başardylar. Soňra bolsa bäşinji—jemleýji bölekde bu duşuşygy ynamly ýeňşe çenli ýetirdiler. Türkmenistanyň ýygyndysy ynamly we örän owadan ýeňiş gazandy! 

Milli ýygyndynyň tälimçileriniň pikirine görä, watandaşlarymyzyň halkara sport ýaryşlaryndaky köpsanly ýeňişleri milli Liderimiziň köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we sportda ýokary gazanylanlary ösdürmäge berýän ägirt uly ünsüniň, şeýle hem türgenleşmek üçin döredilen şertleriň, halkara ülňüleriniň ýokary talaplaryna  laýyk gelýän, soňky ýyllarda döredilen häzirki zaman sport binýadynyň Türkmenistanda agdyklyk etmeginiň netijesi bolup durýar. Ussatlygy kämilleşdirmek işinde beýleki  ýurtlaryň öňdebaryjy türgenleri we tälimçileri bilen yzygiderli tejribe alyşmak hem uly goldaw bolup durýar.

Bangladeşdäki ýaryşlaryň öň ýanynda woleýbol boýunçaTürkmenistanyň ýygyndysy halkara okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna gatnaşdy. Ony geçirmek üçin Belarus Respublikasynyň paýtagtyndan uzakda bolmadyk ýerde ýerleşen taýýarlyk görülýän “Staýka” Olimpiýa merkezi saýlanyp alyndy. Şu sport  toplumy hem biziň woleýbolçylarymyzyň Aziýa çempionatynyň final tapgyryna taýýarlyk görjek ýeri bolar. 


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder