30 Mayıs 2015 Cumartesi

Prezidentimiz Ýurdumyzyň Içeri Işler Edaralarynyň Işgärleriniň Güni Mynasybetli Gutlaglary Kabul Etdi

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Içeri işler ministrliginiň ýolbaşçylar düzüminden her ýylyň 29-njy maýynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Içeri işler edaralarynyň işgärleriniň güni mynasybetli gutlaglary kabul etdi.

Milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän baýramçylyk bilen tüýs ýürekden gutlap, ýurdumyzyň içeri işler ministri I.Mulikow Içeri işler ministrliginiň şahsy düzüminiň adyndan hemmetaraplaýyn golday berýändigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirdi. Şeýle hem ol milli Liderimize bagt, abadançylyk we Garaşsyz Bitarap Türkmenistanyň esaslarynyň pugtalandyrylmagyna, ýurdumyzyň halkara abraýynyň belende galmagyna gönükdirilen köptaraply işinde uly üstünlikler arzuw etdi.

Hoşniýetli sözler üçin minnetlarlyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow içeri işler edaralarynyň ähli  işgärlerini hünär baýramçylygy bilen gutlady we ýurdumyzda durnuklylygyň we asudalygyň, kanunylygyň we hukuk tertibiniň  üpjün edilmegine goşýan goşandyna ýokary baha berdi. Munuň özi häzirki zaman türkmen jemgyýetinde raýat abadançylygynyň we milli ylalaşygyň esasy bolup hyzmat edýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Olaryň öňünde durýan wezipeleriň möhümdigi barada aýtmak bilen, milli Liderimiz ýurdumyzyň Içeri işler ministrligi beýleki harby we hukuk goraýjy edaralary bilen bilelikde düzgün bozmalara, jenaýatçylyga garşy barlyşyksyz göreş alyp barmalydygyny, şunlukda olar raýatlaryň hukugynyň we azatlygynyň, döwletimiziň bähbidiniň goragynda berk durmalydygyny belledi. Bu bolsa halkyň agzybirligini we bitewiligini, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan ýurdumyzyň rowaçlygyny şertlendirer.

Içeri işler düzümleriniň dürli bölümleriniň işgärleriniň öňünde durýan möhüm wezipeleriň hatarynda jenaýatçylygyň we düzgün bozmalaryň öňüni almak, jemgyýetçilik tertibini goramak, ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek, ýol hereketiniň düzgünleriniň berk berjaý edilişine gözegçilik etmek ýaly ugurlar bardyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýolbaşçylar düzümine özüniň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrýan, harby ugurlar boýunça usullary birkemsiz ele alýan, täze ýöriteleşdirilen tehnikalary işjeň özleşdirýän, dünýniň oňyn tejribesini önümçilige ornaşdyrýan ýaş işgärleri seçip almak işini yzygiderli dowam etmegi tabşyrdy.

Bu ýere ýygnananlar ähli ugurlar babatda atalyk aladasyny edýändigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Içeri     işler ministrliginiň ýolbaşçylary özleriniň mukaddes borçlaryna ygrarly bolup, halkymyza, mähriban Waatnymyza wepaly gulluk etjekdiklerine, döwletimizde we jemgyýetimizde kanunylygyň, hukuk tertibiniň goragynda berk durjakdykdaryna ynandyrdylar. 

Içeri işler ministrliginiň ýolbaşçylaryny we tutuş şahsy düzümini baýramçylyk bilen ýene bir gezek gutlap, Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow olara hukuk tertibini üpjün etmek ýaly asylly işlerinde uly üstünlik arzuw etdi. Milli Liderimiz döwletimiziň minitsrligiň we onuň pudaklaýyn düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň mundan beýläk-de berkidilmegi, Içeri işler edaralarynyň işgärleriniň gulluk we ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli gowulandyrylmagy, şeýle hem olaryň täze taryhy eýýamyň ýokary talaplaryna laýyk gelýän hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagy ugrunda yzygiderli alada etjekdigini aýtdy.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder