Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda alnyp barylýan giň möçberli işler hem-de zolagy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça işlenip taýýarlanylan taslamalar bilen tanyşdy.
Bu çärä Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, Balkan welaýatynyň hem-de Türkmenbaşy şäheriniň we Awaza etrabynyň häkimleri gatnaşdylar.
Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzy sazlaşykly ösdürmek boýunça alnyp barylýan işlere ünsi çekip, degişli ýolbaşçylara ýurdumyzyň baş şäherinde adamlar üçin ähli amatlyklary döretmek, şäher gurşawyny abadanlaşdyrmak, gök zolaklary döretmek hem-de ozal bar bolanlaryny göwnejaý derejede saklamak boýunça alnyp barylýan işleriň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny tabşyrdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Balkan welaýatyna gözegçilik edýän orunbasary S.Satlykowyň we Balkan welaýatynyň häkiminiň häzirki döwürde sebitiň çäklerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, tomusky dynç alyş möwsümine hem-de Türkmenistanyň Ýaşulularynyň nobatdaky maslahatyna görülýän taýýarlyk işleri baradaky hasabatlaryny diňledi.
Aýratyn-da, Balkan welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde durmuşa geçirilýän çäreler, Türkmenbaşy şäheriniň täze döredilen etraplarynyň senagat we durmuş ulgamyny ösdürmek boýunça ýaýbaňlandyrylan işler barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz tomusky dynç alyş möwsüminiň ýakynlaşyp gelýändigini aýdyp, Hazaryň ekologiýa taýdan arassa türkmen kenarynda alnyp barylýan işleriň sazlaşykly we ýokary hil derejesinde dowam etdirilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz bu işlere taýýarlyk çäresiniň hemmetaraplaýyn we jogapkärçilikli esasda alnyp barylmalydygyny belläp, deňziň kenarynda daşky gurşawa aýawly garamagyň, amatly ekologiýa ýagdaýyny saklamagyň zerurdygyny nygtady.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Ýaşulular maslahatyna hem ykjam taýýarlyk görmegiň, bu babatda degişli düzümler bilen sazlaşykly işi ýola goýmagyň zerurdygyna ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyz gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň öz wagtynda tabşyrylmagynyň we olarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi möhüm talapdygyny belledi hem-de degişli ýolbaşçylara bu ugurda alnyp barylýan işleriň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny tabşyrdy.
Soňra hormatly Prezidentimiziň garamagyna häzirki döwürde "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň suratlary, olaryň daşky bezegleriniň birnäçe görnüşleri, şeýle hem milli syýahatçylyk zolagyny gurmak boýunça gejegi uly taslamalar we teklipler hödürlenildi.
Milli Liderimizi bu ýerde alnyp barylýan işler hem-de guruljak binalaryň taslamalar bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary S.Satlykow tanyşdyrdy. Bu syýahatçylyk zolagy ýyl-ýyldan öz çägini giňeldip, Hazaryň türkmen kenaryny innowasion düzümli döwrebap syýahatçylyk zolagyna öwürýär.
Desgalaryň ýerleşişiniň meýilnamasy görkezilen Awazanyň umumy şekili bu ýerde alnyp barylýan işleriň gerimi bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär. Aýry-aýry suratlarda has jikme-jik maglumatlar görkezilýär.
Olaryň hatarynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda Kongresler merkeziniň daşky bezeginiň dürli görnüşleriniň taslamalary bar. Milli Liderimiz Kongresler merkeziniň umumy görnüşi şekillendirilen nusgalar we onuň bezeginiň teklip edilýän çyzgylary bilen tanşyp, däp bolan nagyşlaryň hem-de häzirki zaman binagärlik ýörelgeleriniň sazlaşdyrylmagyna döredijilikli çemeleşmäge ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz şeýle hem myhmanlar üçin hyzmatlary guramak babatda anyk tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz halkara işewürlik we syýasy işjeňligiň merkezine öwrülen Awaza daşary ýurt döwletleriniň ýokary wezipeli wekilleriniň, şol sanda baştutanlarynyň ýygy-ýygydan gelýändigini aýtdy. Olaryň bu ýerde bolýan mahalynda kabul edişligi we hyzmat etmegi guramagyň ýokary derejesiniň duşuşyklar hem-de gepleşikler üçin amatly şertleri döredýändigi şübhesizdir. Şoňa görä-de, ýokary derejedäki wekilçilikli forumlary we duşuşyklary geçirmek üçin niýetlenen binalaryň taslamalary işlenip taýýarlananda olar üçin ýokary hilli hyzmatlary amala aşyrmak babatda dünýä ölçeglerinden ugur almak wajypdyr.
Soňra döwlet Baştutanymyz Awazadaky köpugurly sport toplumynyň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy. Milli Liderimiz Türkmenbaşy şäheriniň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin bu toplumyň uly ähmiýete eýedigini nygtady. Çünki, bu desga sport bilen meşgullanmak üçin täze, ajaýyp mümkinçilikleri döreder. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze sport toplumynyň Türkmenbaşy şäheriniň ýaşaýjylary hem-de Awazanyň myhmanlary üçin hakyky sagdyn durmuş merkezine öwrüljekdigine, köpçülikleýin sporty ösdürmäge, çagalary hem-de ýaşlary sport bilen meşgullanmaga çekmäge mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi.
Işjeň dynç alşy we güýmenjeler ulgamynyň okgunly ösdürilmegi, hödürlenýän hyzmatlaryň hiliniň ýokarlandyrylmagy we görnüşleriniň giňeldilmegi Awaza gelýän syýahatçylaryň sanynyň artmagyna oňyn täsir edýär. Awaza ilatymyzyň isleglerini doly kanagatlandyrmaga çalşyp, şypahana ulgamynyň gerimini giňeltmegini dowam edýär.
Çäräniň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maliýe-ykdysady we bank toplumynyň buýurmasy boýunça gurulýan 300 orunlyk, bäş ýyldyzly “Hazar” myhmanhanasynyň, ulag-aragatnaşyk toplumy üçin niýetlenen 300 orunlyk bäş ýyldyzly “Bagtyýar” myhmanhanasynyň, Goranmak ministrligi üçin 324 orunlyk ýokary derejeli “Merdana” myhmanhanasynyň hem-de Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň 350 orunlyk bäş ýyldyzly myhmanhanasynyň gurluşygynyň taslamalary bilen tanyşdy.
Şeýle hem şypahana zolagyny bagy-bossanlyga öwürmegiň çäklerinde işlenip taýýarlanan taslamalar hödürlenildi. Hususan-da, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň dürli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň buýurmasy boýunça seýilgäh-dynç alyş toplumlarynyň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy. Olaryň hatarynda oba hojalyk toplumynyň “Älemgoşar” oýun-attraksionly seýilgäh, ulag we aragatnaşyk toplumynyň “Jadyly kenar” oýun-attraksionly seýilgäh, Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň “Deňiz merjeni” seýilgähi, Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň buýurmasy boýunça gurulýan akwapark bar. Döwlet Baştutanymyza Awaza derýasynyň iki tarapynda bag ekilen ýodajyklary döretmegiň hem-de 266 orunlyk köp gatly awtoulag duralgasynyň gurluşygynyň barşy barada hasabat berildi.
Hormatly Prezidentimiz bu taslamalary gözden geçirip, dynç alyş we sagaldyş zolaklaryny döretmek üçin tebigy ekologiýa ulgamyny ulanmagyň hem-de dynç alýanlar üçin ähli amatlyklary döretmek babatda hyzmatlar düzüminiň desgalarynyň oýlanyşykly ýerleşdirilmeginiň wajypdygyny ýene-de bir gezek nygtady.
Tanyşdyryş çäresiniň barşynda milli Liderimize Türkmenistanyň Merkezi bankynyň buýurmasy boýunça döwrebap kottejler toplumynyň we ýaht-klubyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň 700 orunlyk dynç alyş kottejler toplumynyň, şeýle hem senagat toplumynyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň buýurmasy boýunça sport toplumynyň gurluşyk meýdançalaryndaky işleriň ýagdaýy barada habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz hödürlenen desgalaryň ählisiniň abadanlaşdyrylyşy bilen tanşyp, olaryň özünde öňdebaryjy tehnologiýalary hem-de ýerli tebigy landşafty we häzirki döwrüň talaplaryny nazara almak bilen, özboluşly döredijilik pikirlerini jemlemelidigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitledi. Olaryň hatarynda iň täze inžener-tehniki işläp taýýarlamalary ornaşdyrmak hem-de syýahatçylyk hyzmatynyň derejesini ýokarlandyrmak, gurluşygyň ýokary hil we ekologiýa ölçeglerini üpjün etmek, deňizýaka ülkesiniň tebigy täsinlikleriniň häzirki zaman binagärlik çözgütleri bilen sazlaşygyny döretmek meseleleri bar.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şypahanyň çäginde, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň dynç alyş merkezlerinde tertip-düzgüniň we arassaçylygyň üpjün edilmegine degişli meselelere ünsi çekip, bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna şypahana ulgamyny ösdürmek bilen baglanyşykly we beýleki ugurdaş desgalaryň teklip edilýän taslamalary hödürlenildi.
Geljegi uly taslamalaryň biri syýahatçylyk zolagynda monorels demir ýoluny gurmak bilen baglanyşyklydyr. Bu ýol Awazada ulag gatnawlaryny gowulandyrmaga ýardam etmelidir. Umumy kartada bu ýoluň ugurlarynyň ýerleşişiniň çyzgylary görkezilipdir. Onda duralgalar we beýleki desgalar hem bellenilipdir.
Milli Liderimiz monorels ulgamynyň oňaýly gezelenç ýoludygyny belläp, Awazanyň gözelliklerini syn etmek nukdaýnazaryndan onuň ýollarynyň has amatly ýerleşdirilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň üstünde işlemegi tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz şypahana zolagynyň esasy desgalarynyň arasynda ulag serişdeleriniň gatnawlarynyň amatlylygyny üpjün etmek meselesine ünsi çekdi.
Hödürlenýän taslamalaryň arasynda saglygy dikeldiş merkezleriniň taslamalary hem bar. Çyzgylarda bu desgalaryň umumy görnüşi, olaryň baş meýilnamalary, binagärlik bezegi hem-de aýry-aýry inžener-tehniki aýratynlyklary görkezildi.
Hormatly Prezidentimiz "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň esasy ugurlarynyň biriniň hem saglygy dikeldiş ulgamy bilen baglanyşyklydygyny nygtady. Munuň özi kenarýaka sebitiniň täsin howa şertleri, bu ýerde melhemlik gidromineral serişdeleriniň bolmagy bilen şertlendirilendir. Myhmanhanalaryň hem-de dynç alyş merkezleriniň lukmançylyk we bedenterbiýe-sagaldyş bölümleriniň kämil enjamlar bilen üpjün edilmegi, şeýle hem sport düzüminiň ösdürilmegi hem muňa laýyk gelýär.
Deňziň kenarynda alnyp barylýan giň möçberli bag ekmek işleri hem saglygy dikeldiş ulgamyny pugtalandyrmaga ýardam edýär. Bu ýerde ýylyň bütin dowamynda gök öwüsýän agaç nahallary oturdylýar, täze seýilgäh zolaklary emele gelýär, deňiz suwunyň fitonsidleri we ionlary bilen baýlaşdyrylan has amatly howa ýagdaýy döredilýär. Bularyň ählisi adamlaryň saglygyna oňyn täsir edýär. Ýöriteleşdirilen saglygy dikeldiş merkezleriniň gurulmagy şypahana işiniň bu ugrunyň has giň gerimli bolmagyny üpjün eder. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz taslamalar boýunça lukmançylyk-sagaldyş hyzmatlarynyň kämil ulgamyny döretmek babatda birnäçe maslahatlary we tabşyryklary berdi.
Bag-seýilgäh, ösümlik bezegini başarnykly peýdalanmak-şäher gurşawynyň estetiki we ekologik ýagdaýyny döretmek üçin zerur şertler bolup durýar diýip, milli Liderimiz aýtdy we paýtagtymyzda hem-de tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmelriň gerimini nazara almak bilen, bu ugruň özümizde ýokary hünär derejesinde ösdürilmelidigini nygtady.
Şunuň ýaly gök zolaklary döretmek – ilatyň saglygy, beden we ruhy baýlygy baradaky aladanyň esasyny düzüp, biodürlüligi aýawly saklamagyň we artdyrmagyň şerti bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. Tebigy gözellikler adama rahatlyk, ýakymly duýgulary peşgeş berip, onuň özüni gowy duýmagyna we dynç almagyna ýardam edýär.
Döwlet Baştutanymyz bu taslama bilen tanşyp, deňizýaka ülkesiniň täsin tebigy özboluşlylygyny saklap galmagyň, şeýle hem Awazanyň gür bagly şäher hökmündäki abraýyny artdyrmagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Milli Liderimiz landşaft-seýilgäh sungatynyň we bag bezegi ulgamynyň ösdürilmeginiň türkmen şypahanysynyň ajaýyp kebini emele getirmek, ony dünýäniň iň owadan we meşhur ýerlerine öwürmek boýunça göz öňünde tutulan meýilnamalary durmuşa geçirmekde esasy pikir bolmalydygyny belledi.
Şeýlelikde, geçirilen tanyşdyryş çäresi "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda alnyp barylýan özgertmeleriň ýagdaýyna baha bermäge we şypahana zolagynyň ertirki gününe nazar aýlamaga mümkinçilik berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen taslamalary, umuman makullap, gurluşyk işleriniň hiline berk gözegçilik etmegiň möhümdigine ünsi çekdi we edilýän hyzmatlaryň ýokary derejesini üpjün etmegiň hem-de Türkmenistanyň ähli welaýatlaryndan we daşary ýurtlardan bu ýere dynç almaga gelýän adamlaryň oňat we göwnejaý dynç almaklary üçin ähli şertleri döretmegiň syýahatçylyk zolagyny ösdürmegiň wajyp wezipesi bolup durýandygyny nygtady.
Diňe şeýle şertlerde Awaza dünýäniň dürli ýurtlaryndan syýahatçylaryň örän köp sanlysynyň gelýän ýerine öwrüler diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we tanyşdyryş çäresine gatnaşyjylara göz öňünde tutulan meýilnamalary amala aşyrmak, şol sanda şu gün hödürlenen taslamalary durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly anyk wezipeleri çözmekde üstünlikler arzuw etdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda alnyp barylýan işlere guşuçar belentlikden synlamak maksady bilen, dikuçar meýdançasyna tarap ugrady. Ýolugra döwlet Baştutanymyz wise-premýerler Ş.Durdylyýewe, S.Satlykowa we B.Artykowa ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmegiň milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz häzirki döwürde ak mermerli Aşgabadyň ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösüş ýoluna düşendigini, paýtagtymyza gelýän jahankeşdeleriň, dürli derejedäki myhmanlaryň sanynyň artmagy bilen, şäherde ulag sazlaşygyny berjaý etmek wezipesiniň has möhüm bolup durýandygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz munuň paýtagtymyzda häzirkizaman ýol-ulag düzümini döretmek, täze ýollary we ýerasty geçelgeleri, duralgalary gurmak boýunça hemmetaraplaýyn işleriň alnyp barylmagyny talap edýändigini belläp, bu ugurda alnyp barylýan işlere örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigine ünsi çekdi.
Häzirki döwürde paýtagtymyzda toplumlaýyn özgertmeler maksatnamasy durmuşa geçirilýär, şunda Aşgabatda dürli maksatly desgalaryň, aýratyn-de ýokary amatlygy bolan ýaşaýyş jaýlarynyň, söwda we hyzmatlar ulgamyna degişli binalaryň, durmuş üpjünçiligi edaralarynyň, köçeleriň, seýilgäh zolaklarynyň gurluşygy batly depginde alnyp barylýar. Döwlet Baştutanymyz bu işleriň öz wagtynda we ýokary hillii ýerine ýetirilmeginiň döwrüň möhüm talabydygyny nygtady. Milli Liderimiz islendik desganyň gurluşygynda, bezeg işlerinde ýerli ýagdaýyň, howa şertleriniň göz öňünde tutulmagynyň möhümdigini aýratyn belledi.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz şäherde ulaglaryň sazlaşykly hereketini üpjün etmek, bu ugurda döwrebap desgalaryň gurluşygyny ýaýbaňlandyrmak, ýolagçylar hem-de pyýadalar üçin göwnejaý şertleri üpjün etmek boýunça giň möçberli çäreleriň geçirilmelidigini aýtdy. Aýratyn-da, paýtagtymyzda ulaglaryň sazlaşykly hereketini üpjün edýän desgalaryň gurluşygyna üns berilmelidigini, bu babatda alnyp barylýan işleriň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz dikuçar meýdançasyna geleninde Türkmenistanyň goranmak ministri A.Gündogdyýew Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna hasabat berdi.
Milli Liderimiz hasabaty kabul edip, dikuçarda paýtagtymyzda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Hormatly Prezidentimiz guşuçar belentlikden ýurdumyzyň baş şäheriniň dürli künjeklerinde alnyp barylýan işler, ýerine ýetirilýän gurluşyklar bilen tanyşdy. Häzirki wagtda Aşgabadyň çäklerinde dürli maksatly binalaryň gurluşygy ýokary depginlerde dowam edýär.
Döwlet Baştutanymyzyň dikuçary paýtagtymyzyň ýokarsyndan öwrüm edip, uçuşyny şäheriň demirgazyk künjeginde dowam etdi. Bu künjekde gurluşygy alnyp barylýan binalaryň hatarynda täze gurulýan ulag ýollary we köp zolakly köprüler bar. By gurluşyklaryň hemmesinde dünýäniň önüm öndürijileriniň döwrebap enjamlary, kämil tehnologiýalar işjeň ulanylýar. Iň esasy bolsa desgalaryň bellenilen möhletlerde we bildirilýän talaplara laýyk derejede tamamlanmagy ugrunda hemmetaraplaýyn işler alnyp barylýar.
Döwlet Baştutanymyz uçuşyň dowamynda Aşgabatda gurluşygy alnyp barylýan hem-de ulanmaga tabşyrylan köçeleri, köp zolakly awtomobil köprülerini synlady. Şunda, dünýäniň ösen şäherleriniň hatarynda öz ornuny pugtalandyrýan paýtagtymyzyň binagärlik keşbiniň barha özgerýändigi, gün-günden gözelleşýändigi aýdyň görünýär.
Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň ähli künjeklerinde, aýratyn-da, Aşgabadyň etraplarynda gurluşyk we abadanlaşdyryş işlerine, gök zolaklaryň döredilmegine aýratyn ähmiýet bermek, bu ugurda ösen tejribeleri ulanmak babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Milli Liderimiz häzirki döwürde paýtagtymyzy tapgyrlaýyn esasda ösdürmegiň barşynda gurluşygy dowam edýän desgalardaky işleriň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi möhümdigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz ähli ugurlarda bolşy ýaly, gurluşyk ulgamynda hem ylmyň öňdebaryjy gazananlarynyň işjeň ulanylmagy, paýtagtymyzyň ähli künjeklerinde döwrebap awtoduralgalaryň gurulmagy, şäherde ýolagçylar we sürüjiler üçin ähli amatly şertleriň döredilmegi bilen baglanyşykly meselelere örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn çemeleşilmelidigini belläp, degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi.
Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda alnyp barylýan işleri synlap, gurulýan binalaryň bezeg işlerine hem aýratyn üns berilmelidigini aýtdy. Şunda, milli Liderimiz gurluşyk işlerinde öňdebaryjy binagärlik we bezeg usullarynyň ýokary derejesiniň ulanylmalydygyny, bu babatda öňdebaryjy tejribeleriň ornaşdyrylmalydygyny belledi. Döwlet Başutanymyz binalaryň gurluşygynyň ýokary hilli we öz wagtynda tamamlanmagyny üpjün etmek boýunça zerur çäreleriň görülmegine, bu işleriň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyna ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde paýtagtymyzda alnyp barylýan arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleriniň döwrüň talabyna laýyk derejede guralmagynyň möhümdigine ünsi çekip, munuň 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň barşynda has-da möhümdigini belledi. Şunda, Aşgabadyň gök zolaklarynyň, seýilgähleriniň we suw çüwdürimleriniň degişli derejede saklanylmagyna, şäherde arassaçylygyň üpjün edilmegine örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz usuşy tamamlap, şäheri abadanlaşdyrmak, paýtagtymyzyň etraplarynda degişli işleri alyp barmak, Aşgabatda häzirki zamanyň ýokary durmuş üpjünçiligini ýola goýmak boýunça degişli ýolbaşçylara birnäçe tabyryklary berdi we olara işlerinde üstünlik gazanmagy arzuw edip, bu ýerden ugrady.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder