2015-nji ýylyň 27-nji maýynda Tbilisi şäheriniň Döwlet sungat akademiyasynyň binasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 20 yyllygyna bagyşlanan "Türkmenistan parahatgylygyň we hoşnyyetli goňşuçylygyň mekany" atly çagalaryň surat sergisi geçirildi.
Çäre Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy we Apollon Kytateladze adyndaky Tbilisi Döwlet sungat akademiyasynyň bilelikde taýýarlamagynda geçdi. Onda Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisihanasy tarapyndan 2015-nji ýylyň 17-nji maýynda habar berlen ýaş bäsleşige gatnaşyjylaryň işleri hödürlendi.
Serginiň işine diplomatik korpusyň we halkara guramalaryň wekilleri, akademikler, Tbilisi Döwlet sungat akademiyasynyň professor-mugallymlary we Tbilisiniň ýigrimden gowrak mekdebiniň okuwçylary gatnaşdylar.
Serginiň açylşynda giriş sözi bilen Gruziýanyň Medeniýet we ýädigärlikleri goramak ministri M.Giorgadze, Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi D.Muratow we Apollon Kytateladze adyndaky Tbilisi Döwlet sungat akademiyasynyň rektory, professor G.Guguşwili çykyş etdiler.
Ýaryşda hödürlenen suratlaryň arasynda üç sany ýaş derejeli ýeňijiler : 9 ýaşdan 11 ýaşa çenli, 11 ýaşdan 14 ýaşa çenli we 14 ýaşdan 16 ýaşa çenli, şeýle-de bir absolýut ýeňiji saýlandy.
"Türkmenistan parahatgylygyň we hoşnyyetli goňşuçylygyň mekany" atly sergide ýeňiji bolan ýaş suratkeşlere Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisihanasy tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar we şahadatnamalar gowşuryldy.
Çäräniň soňunda Türkmenistanyň Ilçisihanasy tarapyndan çagalar üçin çaý başynda dabara gurnaldy.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder