Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllyk ýubileýi hem-de 2015-nji ýylyň “Bitaraplyk we Parahatçylyk ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli, 2015-nji ýylyň 21-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Mary welaýaty boýunça wekilhanasynyň, Mary welaýat häkimliginiň we Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň bilelikde guramaklarynda, “Hemişelik Bitaraplyk-parahatçylygyň we hoşniýetli hyzmatdaşlygyň daýanjydyr” atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi.
Maslahata Mary welaýat we şäher häkimlikleriniň wekilleri, Türkmen Döwlet energetika institutynyň ýolbaşçylary, mugallymlary we talyplary, şeýle hem welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň, baş bilim müdirliginiň, saglygy goraýyş we medeniýet müdirlikleriniň wekilleri hem-de welaýatyň hormatly il sylar ýaşulylary we ak gyňaçly eneler gatnaşdylar.
Şeýle hem, bu maslahata Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň ýurduň demirgazyk-gündogaryndaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Arbabkhales Gholamabbas, Eýran Yslam Respublikasynyň Marydaky Baş konsullugynyň Baş konsuly Hossan Hosseini Moghaddam, Owganystan Yslam Respublikasynyň Marydaky Baş konsullugynyň Baş konsuly Rahim Mir Saýrahman hem-de eýranly we owganly türkmen diasporalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahat Mary şäheriniň Kemine adyndaky Döwlet drama teatrynda geçirildi we maslahatdan öň myhmanlar teatryň giň eýwanynda Hormatly Prezidentimiziň kitaplarynyň, ensiklopediýalarynyň, aýdan pikirleriniň ýygyndylarynyň sergisine we şekillendiriş sungaty bilen gyzyklanýan çagalaryň çeken suratlarynyň hem-de Türkmenistanyň gadymy taryhyny we ýurdumyzyň täze taryhy eýýamynda gazanýan üstünliklerini görkezýän sergilere gatnaşmaga mümkinçilik aldylar.
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Mary welaýat kommitetiniň başlygy Taganow Sapargeldi maslahaty açdy.
Maslahatyň umumy mejlisinde, TDIM-niň Mary welaýaty boýunça wekilhanasynyň ýolbaşçysynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi Ö. Çerkezow, Mary welaýat häkiminiň orunbasary M. Mämmedowa, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň “Jemgyýeti öwreniş ylymlary” kafedrasynyň mugallymy A.Orazmämmedow, EYR-nyň Marydaky Baş konsullugynyň Baş konsuly Hossan Hosseini Moghaddam, OYR-nyň Marydaky Baş konsullugynyň Baş konsuly Rahim Mir Saýrahman, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň agzasy, Magtymguly Pyragy adyndaky Owganystanly türkmenleriň medeni jemgyýetiniň “Güneş” žurnalynyň jogapkär wekili Mohammad Amin Aalti, Marysyýahat edarasynyň wekili B. Aşyrow dagylar çykyş etdiler.
Çykyş edenleriň ählisi hem, Garaşsyz döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy bolan Hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk derejesine bütin dünýäde uly hormat goýulýandygyny bellemek bilen, Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parahatçylyk söýüji, hoşniýetli, dostluk-doganlykly aragatnaşygy we ählumumy durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde alyp barýan daşary syýasaty üçin çäksiz minnetdarlyklaryny beýan etdiler.
Maslahat tamamlanandan soň, Mary welaýatynyň medeniýet işgärleriniň we Türkmenistanyň energetika institutynyň talyplarynyň ýerine ýetirmeklerinde aýdym-sazly dabara boldy. Dabaradan soňra, maslahata gatnaşmaga gelen daşary ýurtly myhmanlaryň hormatyna Mary welaýat häkimliginiň adyndan resmi günortanlyk nahary berildi.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder