18 Mayıs 2015 Pazartesi

Baýramçylygyň Hormatyna Ýaryşlar

Ýurdumyzyň sport meýdançalarynda milli baýramçylyga—Konstitusiýa we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanan ýaryşlaryň ençemesi geçirilýär.
Aşgabatda basketbol we hapkido söweş sungaty boýunça Türkmenistanyň çempionatlarynyň 2-si, şeýle hem milli uşu festiwaly hem-de tennis boýunça weteranlaryň arasynda ýaryş geçirildi.  

Basketbol ýaryşlarynda 2015-nji ýylda ýurdumyzyň iň oňat topary diýen hukuga eýe bolmak üçin zenanlar duşuşdylar. Milli birinjilik ugrunda ýaryşyň ikinji tapgyry ýakynda  paýtagtymyzda açylan “Bagtyýarlyk” sport toplumynyň täze meýdançasynda geçirilip, ähli welaýatlardan sport toparlaryny jemledi.  Ýaryşyň barşynda ýeke gezek hem ýeňlişe sezewar bolmadyk Aşgabadyň ýygyndysy ýeňiş gazandy. 

Birinji tapgyrda bolşy ýaly, birinji ornuň ykbaly Aşgabadyň we Lebabyň basketbolçularynyň arasyndaky duşuşykda kesgitlendi. Bu oýun ikitaraplaýyn ýiti hüjümlerden başlandy. Ýöne deňlik ýagdaýy diňe ilkinji 10 minutda saklandy,  şondan soň paýtagtly türgen zenanlar  hasaby üýtgedip, ony jemleýji jürlewüge çenli sakladylar. Netijede, Irina Ýakowlewanyň türgenleri 80:40 hasabynda örän ynamly ýeňiş gazanyp, nobatdaky gezek çempion derejesine eýe boldular. 

Aşgabatlylar milli sport ýaryşynda öňdebaryjylygy eýýäm 10 ýyldan gowrak wagt bäri saklaýarlar. Paýtagtly basketbolçy gyzlaryň şu ýylyň başynda    Filippinlerdäki halkara ýaryşynda üstünlikli çykyş edip, Gündogar Aziýanyň we Okeaniýanyň toparlary bilen bäsleşikde bürünç medaly gazanandyklaryny ýatlamak gerek. 

Aşgabatlylaryň düzüminde 2015-nji ýylda Türkmenistanyň çempionatynda ýeňiş gazanmak üçin basketbolçylar A.Gokowa, M.Jumageldiýewa, N.Nagiýewa, I.Kasparowa, D.Çaryýewa, A.Hydyrowa, Z.Garaýewa, D.Ýazmuhammedowa, K.Şahgulyýewa we W.Bobrowa çykyş etdiler.  

Ýakyn günlerde Aşgabatda ýurdumyzyň ähli sebitlerinden erkekleriň basketbol toparlary ýygnanar. Olar 2015-nji ýylyň iň oňat sport toparyny kesgitlär. 

 ...“Galkynyş” sport toplumynda geçirilen milli uşu festiwaly 120 töweregi türgenleri jemledi.  Olar ýurdumyzyň ähli sebitlerinden we paýtagtyň üç etrabyndan bolan 8 topara wekilçilik etdiler. Türgenler bu söweş sungatynyň iki görnüşinde—taolu (toplumlaýyn maşklar)  we sanda (tutluşyklar) boýunça medallar ugrunda bäsleşdiler. 

Ýaryşyň öň ýanynda  köpsanly tomaşaçylar türgenleriň görkezme çykyşlaryndan ybarat bolan owadan şüweleňiň şaýady boldular. Şondan soň bäsleşmäge taolunyň ussatlary çykyp, iň gadymy söweş sungatynyň bäş usulynda baýraklar ugrunda göreşdiler. Şolaryň dördüsinde Balkan welaýatynyň topary ýeňiş gazandy: Juma Garlyýewiň türgenleri “çançuan”, “nançuan”, “nangun” we “nandao”  usullarynda öňe saýlandylar. “Dzýanşu”  usulynda tapawutlanan paýtagtymyzyň Berkarar etrabynyň topary 1-nji orny eýeledi. 

Sanda görnüşinde Döwletgeldi Sapardurdyýewiň ýolbaşçylygynda türgenleşýän Daşoguz welaýatyndan bolan türgenler ilkinji boldular. Ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynyň pälwanlary dürli agram we ýaş derejelerinde hormat münberiniň iň ýokary basgançagyna 15 gezek çykdylar. Daşoguzlylaryň yz ýanyndan altyn medallaryň 7-sini gazanan Nurmyrat Babaýewiň tälim berýän paýtagtyň Berkarar etrabynyň topary 2-nji orny eýeledi. Ilkinji orunlaryň 5-sini paýtagtyň ýene-de bir topary, ýagny Bagtyýarlyk etrabynyň (tälimçisi Ylýas Nuryýew) türgenleri eýeledi. 

Türkmenistanyň Uşu federasiýasynyň ýolbaşçysy Ýazmyrat Annamyradowyň gürrüň berşi ýaly, häzirki ýaryşlaryň netijeleri boýunça halkara derejesinde birnäçe uly ýaryşlara taýýarlyk görjek milli ýygyndynyň düzümi kesgitlener. Şol ýaryşlaryň ilkinjileriniň biri iýul aýynyň başynda Gruziýanyň paýtagty Tbilisi şäherinde geçiriler. Ol ýerde  köp ýurtlardan  uşunyň iň güýçli ussatlarynyň gatnaşmagynda 8-nji halkara ýaryşy guralar. Geçen ýylda 12 döwletden  400 töweregi türgenleriň güýç synanyşan her ýylda geçirilýän şeýle ýaryşlarda türkmenistanlylar baýraklaryň 10-syny — dört altyn, üç kümüş we şonça bürünç medallary toparlaýyn hasapda gazanyp, 1-nji orny eýelediler. Şoňa görä-de,  häzirki ýaryşyň hem biziň üçin netijeli boljakdygyny öňünden aýtmaga hemme esaslar bar. 

Mundan başga-da, uşuçylarymyz awgust aýynda ýetginjekleriň arasynda Hytaýda geçiriljek Aziýa çempionatyna, awgustda Eýranda geçirilmegi bellenilen Pars kubogy ugrundaky ýaryşa, noýabr aýynda Indoneziýada geçiriljek dünýä çempionatyna taýýarlanýarlar. 

Ýetginjekleriň we ulularyň arasynda hapkido koreý söweş sungaty boýunça Türkmenistanyň çempionaty bu başa-baş bäsleşiklere  eýerijileriň 120-den gowrak iň güýçlülerini jemledi.   Tutluşyklar “Galkynyş” sport toplumynda geçirildi. 

Bu ýaryşlarda ilkinji orunlaryň 18-sini eýelän aşgabatly pälwanlar iň oňat sport taýýarlygyny görkezdiler. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Orif Buharakowyň, Şöhrat Allaýewiň we Nury Meredowyň türgenleri hormat münberiniň iň ýokary basgançagyna çykdylar. 

Umumy toparlaýyn hasapda 2-nji orny Mary welaýatynyň toparynyň tälimçisi Gulmyrat Gulowyň türgenleri alty ýeňiş gazanyp eýelediler, 3-nji orna bolsa iki altyn medal gazanan Lebap welaýatynyň topary (tälimçi Hydyr Mürzäýew) mynasyp boldy.   

Sport weteranlarynyň arasynda tennis boýunça ýaryş “Aşgabat” köpugurly sport toplumynyň täze meýdançalaryna türgenleriň 20-den gowragyny jemledi. Olaryň arasynda dürli milli ýaryşlarynyň (şol sanda Türkmenistanyň çempionatlarynyň) ozalky ýeňijileri we baýrak eýeleri, häzir bolsa ýurdumyzyň iň esasy, ýagny Lebabyň we Aşgabadyň tennis mekdepleriniň tälimçileri bar. Ýaryşa gatnaşyjylaryň iň kiçisiniň ýaşy 44 bolsa, iň ýaşulysy şu ýyl özüniň 75 ýaşyny bellär. 

Ýöne tutluşyklaryň dartgynlylygyna ýaş hiç hili täsir etmän, örän ýiti we şüweleňli ýagdaýda geçdi.  Oňa gatnaşyjylar jübütleýin görnüşde ýeňijileri we baýrak eýelerini kesgitlediler. Şonda aşgabatlylar oňat sport taýýarlygyny görkezdiler. 

Erkekleriň arasynda 1-nji orny jemleýji tutluşykda Pirnepes Amanow —Oleg Solowýow jübütinden üstün çykan Çerkez Hudaýkulow — Serdar Rozyýew jübüti eýeledi. Bürünç medala Baýram Jumaberdiýew we Kakabaý Annanyýazow jübüti mynasyp boldy. 

Zenanlar toparynyň bäsleşiginde Olga Semetowa we Mariýa Bander öňe saýlandy.  1-nji orun üçin tutluşykda olar Farida Annaberdiýewa — Nina Ponomarýowa jübütinden üstün çykdylar. 3-nji orny Olga Pankowa we Mariýa Syskina eýeledi. 

Iýun aýynyň ýigrimilerinde “Aşgabat” sport toplumynyň täze kortlary özünde ilkinji gezek erkekleriň we zenanlaryň arasynda Türkmenistanyň çempionatyny kabul eder. Oňa ýurdumyzyň ähli künjeklerinden sportuň bu görnüşiniň iň oňat ussatlary gatnaşar. 


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder