2015-nji ýylyň 19-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň paýtagtyna ynanç hatlaryny gowşurmak üçin gelen, Bolgariýa Respublikasynyň Türkmenistandaky (rezidensiýasy Bakuda ýerleşýän) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hanym Maýa Hristowa bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda, Ilçi tarapyndan ynanç hatlarynyň nusgalary gowşurylandan soňra, taraplar iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ýeterlik ýagdaýda ýokary derejede durýandygyny kanagatlanma bilen belläp geçdiler. Şeýle hem Türkmenistanyň we Bolgariýa Respublikasynyň syýasy, energetika, söwda-ykdysady, ulag ulgamlarynda, şonuň ýaly-da saglyk, sport, bilim we syýahatçylyk ugurlarynda has ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýmaklyk üçin ähli mümkinçilikleriniň bardygy bellenilip geçildi.
Taraplar hökümet wekilýetleriniň saparlaryny, şeýle hem daşary syýasat edaralarynda geňeşmeleriň wagtly-wagtynda geçirilmelidigini belläp geçdiler.
Şeýle hem taraplar şu ýyl Sofiýada geçirilmeli ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-bolgar iş toparynyň üçünji mejlisi boýunça pikir alyşdylar.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder