Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işler, şol sanda Türkmenistanyň aragatnaşyk ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň ilatynyň ýokary tizlikli Internete elýeterliligini giňeltmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, internet ulgamyny has-da ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça ulag-aragatnaşyk toplumynyň öňünde goýlan wezipeler "Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda" kesgitlenendir.Aragatnaşyk we telekommunikasiýalar ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň berkidilmegi degişli ugurda öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga şert döreder. Munuň özi internet akymynyň tizligini artdyrmaga, optiki-magistral ugurlary, şol sanda Ýewropa we Aziýa ýurtlary bilen ugurlary döwrebaplaşdyrmaga ýardam eder.
Hasabatyň çäklerinde Türkmenistanyň ilkinji "TürkmenÄlem 520E " aragatnaşyk hemrasynyň älem giňişligine çykarylmagy bilen baglylykda amala aşyrylýan işler hakynda habar berildi. Wise-premýeriň habar berşi ýaly, hünärmenler tarapyndan meýilleşdirilen tertibe laýyklykda hemra ulgamlaryny synagdan geçirmek işleri dowam edýär. Maglumatlar we hemranyň ähli enjamlarynyň gözegçilik ölçegleri Dolandyryş merkezinde hasaba alynýar. Taýýarlanan tehniki işgärler hem-de operatorlar hemranyň hereketine we onuň ulgamlarynyň ýagdaýyna gije-gündiz gözegçilik edip, ýurdumyzyň çägindäki ýerüsti stansiýalardan älem orbital enjamynyň ölçeglerine doly gözegçiligi hem-de dolandyrmagy üpjün edýärler
Hormatly Prezidentimiz telekommunikasiýalar ulgamynda ýokary tehnologik ulgamlarynyň bolmagynyň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we üstünlikli halkara hyzmatdaşlygynyň aýrylmaz şerti bolup durýandygyny belläp, bu pudaga täze tehnikalary, enjamlary we innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagyň möhümdigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda internetiň we döwrebap tehnologiýalaryň her bir raýatymyza elýeterli bolmagy üçin ähli şertleriň döredilýändigini, telekommnikasiýalaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýändigini nygtap, wise-premýere geçirilýän işleriň ýokary hilli bolmagyny üpjün etmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz milli hemramyzyň älem giňişligine çykarylmagynyň halk hojalygynyň telekomminikasiýa bolan isleglerini üpjün etmäge we bu ulgamda düzümi kämilleşdirmäge ýardam etjekdigini aýdyp, wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder