5 Mayıs 2015 Salı

Türkmenistanda BMG-niň Senagat Ösüşi Boýunça Guramasynyň Ýolbaşçysy Bilen Duşuşyk

2015-nji ýylyň 5-nji maýynda DIM-niň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri türkmen paýtagtyna iş sapary bilen gelen, BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň (UNIDO) Baş direktory j-p Li Ýong bilen duşuşdy.

Geçirilen gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistanyň we UNIDO-nyň arasynda işjeň hyzmatdaşlygyň tarapdarydyklaryny beýan edip, ykdysadyýetiň diwersifikasiýasy, senagat, kiçi we orta kärhanalaryň döwrebaplaşdyrylmagy we ösdürilmegi, şol sanda eksport potensialynyň berkidilmegi we harytlaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, infrastrukturanyň ösdürilmegi, maýa goýumlaryny höweslendirmek, bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek  ýaly  ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şol sanda taraplar ýurduň industrializasiýasy we häzirki zaman tehnologiýalaryny ösdürmek ugurlarynda hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirdiler. Bu bolsa öz nobatynda ýurtda täze iş orunlarynyň emele gelmegine we bu ulgamyň işgärleriniň hünär derejelerini artmagyna getirer. Şeýle hem durnukly ösüşiň esasyndaky senagat, daşky gurşawyň goraglylygy, biohowpsuzlyk ugrunda mümkinçiligi berkitmegiň taslamasyny durmuşa geçirmek Türkmenistanyň ekologiýa çygryndaky esasy maksatlarynyň hatarynda bolup durýar.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder