Pekiniň “Jintaý” sungat muzeýinde “Kitap parahatçylygyň we ösüşiň hyzmatynda” ady bilen ýöriteleşdirilen kitap sergisiniň, şeýle hem amaly-haşam sungatynyň sergisi açyldy, bu çäräni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanylan ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesiniň 20 ýyllygyna we 2015-nji ýylyň Bitaraplyk we parahatlyk ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli halkara derejeli dürli çäreleriň maksatnamasyna laýyklykda Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky ilçihanasy gurady.
Sergä gelýänler Türkmenistanyň Döwlet neşirýat gullugynyň eksponatlarynyň 300-si, şeýle hem ýaş zergärleriň özboluşly işleri bilen tanşyp bilerler. Milli konserwatoriýanyň döredijilik toparynyň ýerine ýetirmeginde türkmen we daşary ýurt kompozitorlarynyň eserleri ýerine ýetirildi.
Serginiň açylyş dabarasyna Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň we HHR-de işleýän diplomatik missiýalaryň wekilleri, ylym we medeniýet işgärleri, Hytaýyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem Pekiniň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplary gatnaşdylar.
Açylyş dabarasynyň barşynda, Türkmenistanyň Bitaraplyk ýörelgelerine eýermek bilen, halklaryň arasyndaky özara düşünişmek, gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna, dünýäniň dürli döwletleri bilen, şol sanda Hytaý bilen köpugurly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ählumumy ösüşiň möhüm şerti hökmünde garaýandygy bellenildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan alnyp barylýan oňyn Bitaraplyk syýasaty Türkmenistanyň ählumumy, syýasy, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwerlik we ylmy-tehnologiýa giňişligindäki ornunyň pugtanmagyna ýardam edýär.
Ählihytaý halk syýasy maslahat geňeşi komitetiniň hemişelik agzasy Pekiniň “Jintaý” sungat muzeýini esaslandyryjy, professor Ýuan Sikun öz çykyşynda hususan-da, dünýäniň ähli ýurtlary we halklary üçin möhüm bolan waka, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygy mynasybetli geçirilýän bu serginiň guramaçylaryny we myhmanlaryny gutlap, şeýle diýdi: “Biziň muzeýimiz şunuň ýaly şanly senä bagyşlanan kitap sergisini geçirmegi özi üçin uly mertebe hasaplaýar. Kitap hemişe we hemmeler üçin bilimleriň çeşmesi bolup hyzmat edýär, ol ýol görkezijisi hökmünde her bir adamy özüni kämilleşdirmäge tarap alyp barýar, adamyň medeniýetini ösdürýär. Men bütin ömrümiň dowamynda mugallymsyz öwrenip bolar, emma kitapsyz hiç zat bilip bolmaz diýen düşünjä eýerýärin. Mysal üçin, kitap maňa beýik türkmen şahyry Magtymgulynyň döredijiligi bilen tanyşmaga kömek etdi, onuň taglymaty ähli halklar üçin ýakyndyr. Men şu gün sergä gelýän köp adamlaryň Türkmenistan hakyndaky kitaplar bilen tanşyp biljekdiklerine guwanýaryn, ol kitaplaryň köpüsi hytaý diline hem terjime edilendir”.
Türkmen halkynyň taryhy, medeniýeti we däp-dessurlary, şeýle hem Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň häzirki döwürde gazanan ägirt uly üstünlikleri barada gürrüň berýän ýöriteleşdirilen kitap sergisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bütin düýnä meşhur eserleri, ajaýyp suratlar bilen bezelip neşir edilen halk dessanlary, türkmen we daşary ýurt ýazyjy-şahyrlarynyň nusgawy eserleri, sungat boýunça kitaplar, çagalar edebiýaty neşirleri görkezilýär. Bularyň ählisi Türkmenistanda kitaplary neşir etmek işiniň köptaraplydygyny açmaga mümkinçilik berýär, sergä gelip görýänler üçin bolsa türkmen ülkesi, gadymy halkymyz we Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri baradaky düşünjelerini giňeltmäge mümkinçilik alýarlar.
Ertir sergi öz işini dowam eder.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder