4 Mayıs 2015 Pazartesi

Türkmen-Italýan Gatnaşyklary

Italiýa Respublikasynda saparda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün “Westin Exeelsior” myhmanhanasynda ýerleşen kabulhanasynyň golaýyndaky “Willa Borgeze” rim seýilgähine baryp gördi.

Döwlet Baştutanymyz italýan paýtagtynyň belli syýahatçylyk gözelligi hem-de Rimiň ýaşaýjylarynyň höwes bilen dynç alýan seýilgähi boýunça gezelenç etdi. Bu ägirt uly gök zolak tebigy gözelliklere, heýkel kompozisiýalaryna we saýaly baglara eýe bolup, onuň umumy meýdany bolsa 80 gektara barabardyr. 

Bu ýerde muzeýler, açyk asmanyň astyndaky manež,  Siena meýdançasy -- atlaryň sergileriniň we ýörişleriniň her ýyl geçirilýän ýeri, botanika bagy, belent ýadygärlikler, pawilýonlar we çüwdürimler bolup, olar italýan sosnalarynyň, uzyn boýly magnoliýalaryň we gür lawrlaryň hatarlaryna beslenýär. Ähli ýerde owadan telärler we ajaýyp çüwdürimler gurlupdyr. Şeýle hem seýilgähiň çäginde çagalar üçin oýun meýdançalary, garbanyşhana, welosipedleriň we tigirçekli konkileriň kärende nokatlary ýerleşdirilipdir. Uly emeli köl boýunça gaýykda hem gezelenç edip bolýar. Bu köl baryp XVIII asyryň ahyrynda seýilgähiň merkezinde döredilipdir. Ýeri gelende aýtsak, bu seýilgäh 1911-nji ýylda Bütindünýä serginiň (EXPO) meýdançalarynyň biri bolup, ony şol döwürde Turin we Rim kabul etdiler. 

Hormatly Prezidentimiz Willa Borgezeniň  ajaýyplygyny synlap, seýilgähiň oýlanyşykly gurlan düzümi barada aýratyn durup geçdi. Onda taryh we häzirki zaman, köne we täze zatlar sazlaşykly utgaşýar. Iň esasy-da, onda gül aýmançalary, çemenzarlyk we jeňňellik bilen utgaşyp gidýän dürli döwürleriň taryhy şahsyýetleriniň, döredijilik  işgärleriniň owadan heýkelleri gözüňi gamaşdyrýar. Bag-seýilgäh, ösümlik bezeginiň tärlerini başarnykly peýdalanmak – şäher gurşawynyň estetiki we ekologik ýagdaýyny döretmek üçin zerur şert bolup durýar diýip, milli Liderimiz paýtagtymyzda we tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň gerimini nazara almak bilen, bu ugur özümizde ýokary hünär derejesinde ösdürilmelidir diýip aýtdy.  

Şunuň ýaly gök zolaklary döretmek—ilatyň saglygy, beden we ruhy baýlygy baradaky aladanyň esasyny düzüp, biodürlüligi aýawly saklamagyň we artdyrmagyň şerti bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi. Sebäbi baglar we seýilgähler häzirki zaman giňişliginde tebigatyň hakyky adajyklary, şeýle hem başga ýurtlardan getirilen ösümlikleriň mekanyna öwrülýär. Umuman alanyňda, gözüňi dokundyrýan tebigy gözellikler adama rahatlyk, ýakymly duýgulary peşgeş berip, onuň özüni gowy duýmagyna we dynç almagyna ýardam edýär.

Döwlet Baştutanymyz seýilgähiň gurluşy bilen  içgin tanşyp, ýol ugrunda ýanynda bolýan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna şunuň ýaly seýilgäh toplumlaryny gurmak, olaryň hyzmatlar ulgamyny döretmek, döwrebap tebigy dizaýn we beýlekiler babatda hyzmatdaşlygy ýola goýmak işinde italýan tejribesini öwrenmek babatda tabşyryklary berdi. 

Döwlet Baştutanymyz medeni gatnaşyklaryň giňeldilmegine uly üns berdi.  Öz medeniýetiňe we taryhyňa buýsanmak, däp-dessurlaryňa we milli gymmatlyklara ygrarlylyk, halkara hyzmatdaşlygyna açyklyk—bular ynsanperwer gatnaşyklarynda türkmen we italýan halklaryny birleşdirýän zatlar bolup durýar. Italiýa günbatar siwilizasiýasynyň kemala gelmegine uly goşant goşan bolsa, Türkmenistan gündogar siwilizasiýasynyň ösmegine mynasyp goşandyny goşdy. Edebiýat, saz, binagärlik we heýkeltaraşlyk ýaly ugurlarda öçmejek ajaýyplyklaryň ençemesini dünýä peşgeş beren Italiýa ozalkysy ýaly,  gadymy şäherlerinde, muzeýlerinde we taryhy seýilgählerinde öz asylly geçmişiniň uly bölegini saklap galýar. Öz mirasyňy aýawly saklamak biziň ýurdumyz üçin hem döwlet derejesindäki möhüm wezipe bolup durýar. 

Şu ulgamda bizde köpýyllyk hyzmatdaşlygyň tejribesi toplandy. Ilalýan arheologlarynyň Türkmenistanda alyp barýan köpýyllyk netijeli işlerini mysal hökmünde getirmek bolar. Şunuň bilen birlikde, medeniýet ulgamynda medeniýetleriň we siwilizasiýalaryň eýýamy bolan häzirki döwür tarapyndan isleg bildirilýän aragatnaşyklary ýola goýmak üçin ençeme beýleki ugurlar hem bar. Çünki medeniýet, sungat, ylym we bilim ýaly halklaryň arasyndaky birek-birege ýakynlaşmagyň has möhüm ugrudyr. Olar ruhy taýdan özara baýlaşmak üçin kuwwatly itergi bolup hyzmat edýär diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Syýahatçylyk pudagynda-da özara hereket etmegiň heniz ulanylmadyk uly mümkinçiligi bardyr. Bu ugurda Italiýa uly tejribä eýe bolup,  şol tejribe aýratynam Hazaryň kenar ýakasynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň döredilýändigini nazarda tutanyňda Türkmenistan  üçin peýdaly bolup biler. 

Hormatly Prezidentimiz irdenki gezelenjini däp boýunça sport maşklary bilen dowam etdi. Mälim bolşy ýaly,  döwlet Baştutanymyz
Gurbanguly Berdimuhamedow  özüniň bu üýtgewsiz ýörelgesine daşary ýurtlara sapary mahalynda hem pugta eýerip, bedenterbiýe bilen meşgullanmagyny adatça şäher gurluşynyň düzümlerini gözden geçirmek hem-de ony guramagyň daşary ýurt tejribesi bilen tanyşmak bilen utgaşdyrýar.  

Säher çagynda milli Liderimiz egindeşleriniň ýanynda bolmagy bilen, sport maşklary bilen meşgullandy we seýilgähiň ýodalaryndan ylgap, pökgi bilen türgenleşik oýny arkaly dowam etdi. Ene-atasy bilen gezelenç edip, şu ýerde gezip ýören oglanjyklaryň biriniň bu oýny täsin gyzyklanma bilen synlap durandygyny görüp, hormatly Prezidentimiz onuň ýanyna bardy hem-de körpä sporta bildiren gyzyklanmasy üçin höweslendiriji baýrak hökmünde pökgüni sowgat gowşurdy.  

Biziň hemmämiz özüniň işiniň örän köpdügine garamazdan, belenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin döwlet Baştutanymyzyň
 hemişe wagt tapýandygyny bilýäris. Yzygiderli türgenleşikler adamyny diňe beden taýdan taplaman, eýsem-de, onda erkiň güýjüni, zähmetsöýerligi, maksada okgunlylygy hem terbiýeleýär diýip, milli Liderimiz   Gurbanguly Berdimuhamedow nygtaýar. 

Hormatly Prezidentimiz sagdyn durmuş ýörelgesiniň işjeň tarapdary we ony wagyz ediji bolmak bilen, şu babatda ajaýyp şahsy görelde görkezip, iri köpçülikleýin-bedenterbiýe sagaldyş we ekologiýa häsiýetli çäreleriň başyny başlaýjy bolup çykyş etmek bilen ýaşlary çekýär. Şonuň ýaly sport baýramçylyklary oňa gatnaşyjylara mundan beýläk hem sportuň islendik görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanmaga sebäp döredýär. 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkyň, ilkinji nobatda bolsa ösüp gelýän ýaş nesliň saglygyny goramagy ilkinji derejeli möhüm döwlet wezipeleriniň hatarynda yglan edip, döwlet Baştutanymyz köpçülikleýin-bedenterbiýe sagaldyş hereketini hem-de sportda ýokary gazanylanlary ösdürmäge uzakmöhletli umumymilli maksatnama guramaçylyk we maksada gönükdirilen häsiýetini berdi.

Onuň maksady türkmen halkynyň, her bir raýatyň abadan, bagtyýar, doly bahaly durmuşyny üpjün etmekden ybarat. Doly bahaly—diýmek, şatlykdan, galkynyşdan, üstünliklerden, beden we ruhy güýçden, ajaýyp açyşlardan, egsilmez mümkinçiliklerden we ýagty umytlaryň hasyl bolmagyndan, sagdynlyga we döredijilige bolan egsilmez güýçden püre-pür durmuş diýmekdir! 

...Şu ýerde “Willa Borgeze” seýilgähinde milli Liderimiz owadan geýnüwli  atlylaryň  tälim geçişlerini synlady. Olar açyk meýdançada atyň üstünde dürli görnüşlerde hatara durmak boýunça türgenleşýärdiler. Olar sowut geýnen atly polk—karabiner toparynyň atly bölümi eken. Olaryň baş wezipesi Italiýa Respublikasynyň Prezidentiniň hormat garawuly bolmakdan we howpsuzlygyny üpjün etmekden, döwlet baýramçylyk dabaralaryna hyzmat etmekden ybarat. 

Bu duýdansyz duşuşyk aýratyn mana eýe boldy we belent mertebeli myhmana hormatyň nyşany hökmünde sowut geýnen atly polk hatar boýunça nyzama düzülip, türkmen döwletiniň Baştutanynyň öňünden dabaraly atly ýöriş bilen geçip, degişli hormaty bildirdiler.  
  
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hormat polkunyň karabinerleriniň türgenleşiş ulgamy bilen gyzyklanyp, olaryň serkerdesi bilen söhbetdeş boldy, atlary taýýarlamagyň usullary, şol sanda görkezme çykyşlaryna taýýarlaýyşlary barada sorady hem-de bedewleri terbiýelemegiň türkmen mekdebi barada gürrüň berdi. Söhbetdeşligiň barşynda hormatly Prezidentimiz italýan atlylarynyň türkmen çapykçuwarlary bilen tejribe alyşmagy barada teklibini aýdyp, olary ýurdumyza – ahalteke tohum atlarynyň taryhy Watanyna gelmäge çagyrdy hem-de özüniň “Ahalteke bedewi—biziň buýsanjymyz we şöhratymyz” atly kitabyny sowgat berdi.  

Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşygyň özi üçin uly hormat bolup durýandygyny nygtap,  sowutly atly polkuň serkerdesi deňi-taýy bolmadyk ahalteke bedewleri barada haýran galmak bilen seslendi hem-de olaryň dünýäde iň ajaýyp tohumlaryň biridigini, türkmen Lideriniň bu bedewler baradaky kitabynyň bolsa ömründäki iň oňat we örän gymmatly sowgatdygyny belledi. Sowgat berlen kitap üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, polkuň serkerdesi, şeýle hem sowutly atly polkunyň 2-nji  iýunda bellenip geçiljek Respublikanyň Gününiň hormatyna dabaralara häzir taýýarlyk görýändiklerini gürrüň berdi. Hut şol gün 1946-njy ýylda Italiýa Respublikasy jar edildi. Raýatlaryň ses bermesiniň netijeleri boýunça  ýurt monarhiýa bolmagyny bes edip, dolandyryşyň respublika görnüşine geçdi. Her ýylyň 2-nji iýunynda Rimde Kolizeýden başlap, Kapitoliýanyň etegine çenli Imperatorlar forumlary şaýoly boýunça goşunlaryň ähli görnüşleriniň gatnaşmagynda harby ýöriş geçýär. Oňa karabiner toplumynyň sowutly atly polky hem gatnaşýar.                                        

Italiýada hem atly sport aýratyn meşhurdyr. Ýurtda jemi 40-dan gowrak aýlawlar hereket edýär. Şolarda dünýä Kubogy ugrundaky ýaryşlary hem goşmak bilen dürli derejeli ýaryşlar geçirilýär. Bu ýurtda atlara neneňsi sarpaly garalýandygyna “Willa Borgeze” seýilgähindäki atlaryň heýkelleri hem şaýatlyk edýär. Ýeri gelende aýtsak, gadymdan bäri Rim şäheri  açyk asmanyň astyndaky heýkelleriň köp jemlenen ýeri hökmünde meşhurdyr. Ine, şu seýilgähde hem heýkelleriň köpdürli görnüşleri jemlenipdir.  

Seýilgähi gözden geçirmegi tamamlap, milli Liderimiz Italiýada toplanan peýdaly tejribäni öwrenmek boýunça aýry-aýry ýolbaşçylara gezelenç etmegiň barşynda beren görkezmelerini jemledi. Bularyň ählisi bilelikde biziň ýurtlarymyzyň medeniýet, ylym, ykdysady ulgamlarynda gatnaşyklarynyň has giňelmegi bilen bir binýada eýedir. Ol bolsa ynsan, ynsan durmuşynyň gymmatlygy, onuň mynasyp şertleridir. Biziň ählimiz onuň parahatçylyk we ösüş bolup durýan asylly maksatlaryna düşünip, bu hyzmatdaşlygyň mümkinçiligini has doly peýdalanmalydyrys. Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen bolşy ýaly, hususan-da, Italiýa bilen hem gatnaşyklary ösdürmeginiň ugry şu maksatlara gulluk edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.   

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder