13 Mayıs 2015 Çarşamba

Türkmen-Awstriýa Gepleşikleri

Awstriýanyň paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti Haýns Fişeriň arasynda gepleşikler geçirildi.
Ozal habar berlişi ýaly, düýn türkmen döwletiniň Baştutany resmi sapar bilen Awstriýa geldi. Taraplaryň ikisi hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini açmak babatda, şeýle hem işjeň häsiýete eýe bolan Türkmenistan-Ýewropa Bileleşigi gatnaşyklarynyň çäklerinde bu sapara möhüm ähmiýet berýärler. 
Türkmen tarapynda dörän iş däbine laýyklykda, ýokary derejedäki gepleşiklere taýýarlyk görülýän mahalynda, Wenada türkmen döwletiniň Baştutanynyň tabşyrmagy boýunça bu ýere öň gelen türkmen wekiliýetiniň  agzalary düýn günüň dowamynda köpsanly ikitaraplaýyn iş duşuşyklaryny, geňeşmeleri, türkmen-awstriýa hyzmatdaşlygynyň anyk ugurlary boýunça pikir alyşmalary geçirdiler. 
Düýn Awstriýa Respublikasynyň ministrliklerinde we pudak edaralarynda geçirilen gepleşikleriň çäklerinde olara gatnaşanlar – Türkmenistanyň we Awstriýanyň hökümet agzalary, ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, döwlet düzümleriniň we işewür toparlaryň wekilleri türkmen-awstriýa hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň geljegi babatda döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, gepleşikleriň netijeleri boýunça Türkmen döwlet energetika instituty bilen Insbruk şäheriniň menejment merkeziniň arasynda Çarçuwaly Ylalaşyga gol çekildi.Şu gün irden türkmen Lideri kaşaň "Imperial" myhmanhanasynda ýerleşen kabulhanasyndan Wenanyň taryhy merkezine tarap ugrady. Hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweni ajaýyp binagärlik toplumynyň – "Hofburg" Köşgüniň meýdanyna barýar, onuň çäginde şanly waka mynasybetli Türkmenistanyň we Awstriýa Respublikasynyň Döwlet baýdaklary parlaýar. 
Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti Haýns Fişer  mähirli garşylaýar. Döwlet Baştutanlary dostlarça salamlaşyp, haly düşelen ýodajyk bilen resmi dabaranyň geçirilýän ýerine barýarlar. 
Hormat garawulynyň serkerdesi Türkmenistanyň Prezidentine dabaraly ýagdaýda hasabat berýär. Türkmenistanyň we Awstriýa Respublikasynyň Döwlet senalary ýaňlanýar. Iki döwletiň Baştutanlary nyzama duran esgerleriň öňünden geçýärler. Hormatly Prezidentimiz Awstriýa Respublikasynyň Döwlet baýdagyna hormat-sarpasyny beýan edýär. 
Soňra Prezident Haýns Fişer belent mertebeli myhmany Awstriýanyň resmi wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar. Öz nobatynda, türkmen Lideri  Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidentini Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar. 
Iki döwletiň Baştutanlary "Hofburg" Köşgüne tarap ugraýarlar. Türkmenistanyň we Awstriýa Respublikasynyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi taýdan surata düşmek dabarasyndan soň, Federal Prezident Haýns Fişer hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy iş otagyna çagyrýar, şol ýerde olaryň ikiçäk gepleşikleri geçirildi. 
Jenap Haýns Fişer belent mertebeli türkmen myhmanyny mähirli mübärekläp,  Awstriýa Respublikasyna gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, bu duşuşygyň däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň we ösdürmegiň ýolunda täze möhüm ädimi alamatlandyrýandygyny belledi. Ilkibaşdan bu gatnaşyklar netijeli häsiýete eýedir. Awstriýanyň Baştutany şu gepleşikleriň özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemäge hem-de onuň ösüşine täze itergi bermäge mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi. Özara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi bolsa, taraplaryň bähbitlerine we häzirki döwrüň ýagdaýlaryna laýyk gelýär. 
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  mähirli kabul edendigi we myhmansöýerlik üçin Awstriýanyň Liderine minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň daşary syýasatynda Ýewropa Bileleşiginiň ähli ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge hem-de pugtalandyrmaga aýratyn üns berýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Awstriýa Respublikasy bilen döwletara gatnaşyklaryny ösdürmäge möhüm orun berilýär. 
Türkmen Lideriniň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň we Awstriýanyň syýasy-diplomatiki gatnaşyklarynda umumy zatlar köpdür, olaryň ikisi-de Bitaraplyk derejesine eýedir. Ýurtlaryň ikisi hem dünýä giňişliginde Bitaraplyk derejesiniň oňyn ýörelgelerine yzygiderli eýerýär. 
Türkmen döwletiniň Baştutany şeýle hem Türkmenistanyň we Awstriýanyň BMG-niň, ÝHHG-niň we beýleki abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýete eýedigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow awstriýa tarapyna Türkmenistanyň bütin dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen halkara başlangyçlaryny goldaýandygy üçin minnetdarlyk     bildirdi. 
BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy bilen iki gezek "Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty" hakynda Rezolýusiýa kabul edildi. Türkmen Lideri bular barada aýtmak bilen, ýurdumyzyň tebigy gazyň dünýä bazarlaryna, şol sanda Hytaýa, Russiýa we Eýrana iberilişini diwersifikasiýalaşdyrmak syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýändigini belledi. Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmäge taýýarlyk görmek işi tamamlaýjy tapgyrdadyr. 
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň energetika syýasatynyň gün tertibinde tebigy serişdeleri Ýewropa ugry boýunça ibermegiň aýratyn orunda durýandygyny belläp, bu babatda golaýda Aşgabatda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Türkiýäniň ministrleriniň we Ýewropa Bileleşiginiň wekilleriniň derejesinde geçirilen dörttaraplaýyn duşuşygyň ähmiýetini nygtady. 
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  bu baradaky  gürrüňi dowam edip, köpugurlar boýunça söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin amatly şertleriň bardygyny belledi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan ykdysadyýeti senagatlaşdyrmak, gaýtadan işleýän ulgamy pugtalandyrmak ugruna eýerýär, ýurdumyzda ýokary tehnologiýaly senagat önümçiliklerini gurmak boýunça iri maýa goýum taslamalary amala aşyrylýar. Şol taslamalara dünýäniň meşhur kompaniýalary gatnaşýarlar. 
Ýurdumyzyň geoykdysady taýdan amatly ýerleşýändigi nazara alnyp, ulag ulgamynda hem giň möçberli taslamalar durmuşa geçirilýär. Mysal üçin, geçen ýylyň ahyrynda "Demirgazyk-Günorta" halkara ulag geçelgesiniň möhüm bölegine öwrülen Gazagystan-Türkmenistan-Eýran transmilli demir ýoly işe girizildi. Häzirki wagtda Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan polat ýolunyň gurluşygy alnyp barylýar. Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe ulag-üstaşyr geçelgesini döretmek meýilleşdirilýär. 
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan "Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny"  Rezolýusiýasynyň kabul edilmeginiň şeýle başlangyçlaryň halkara ykrarnamasynyň aýdyň subutnamasydygyny aýtdy. 
Türkmen döwletiniň Baştutany Türkmenistanda ylmy, bilimi, medeniýeti we syýahatçylygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýändigini nygtap, Awstriýa-türkmen dostluk jemgyýetiniň netijeli gumanitar gatnaşyklary ýola goýmaga uly goşant goşýandygyny belledi. 
Gepleşikleriň barşynda iki ýurduň Liderleri türkmen-awstriýa hyzmatdaşlygynyň giň meselelerini ara alyp maslahatlaşyp, onuň ileri tutulýan ugurlaryny anyklaşdyrdylar. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Haýns Fişer özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin Türkmenistanyň we Awstriýanyň uly kuwwata hem-de giň mümkinçiliklere eýedigini belläp, taraplaryň ony mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny tassykladylar. 
Söhbetdeşler şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara syýasatynyň möhüm meseleleriniň birnäçesi boýunça pikir alyşdylar.
Döwlet Baştutanymyz Awstriýa Respublikasynyň Prezidentini özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana gelmäge çagyrdy. Bu çakylyk hoşallyk bilen kabul edildi. Saparyň möhletleri diplomatiki ýollar arkaly ylalaşylar. 
Soňra gepleşikler Türkmenistanyň we Awstriýa Respublikasynyň hökümet wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdirildi. 
Awstriýa Respublikasynyň Federal  Prezidenti hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy we Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň ähli agzalaryny mübärekläp, Awstriýa gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin türkmen döwletiniň Baştutanyna hoşallyk bildirdi we türkmen kärdeşi bilen nobatdaky duşuşyga örän şatdygyny nygtady. Şu duşuşygyň we gepleşikleriň barşynda  söwda – ykdysady ulgamdan başlap, medeni –gumanitar ulgama çenli dürli ugurlarda hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar diýip, jenap Haýns Fişer aýtdy. Munuň özi iki ýurduň we halklaryň bähbidine özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin şertleri döredýär.
Federal Prezident halkara derejesinde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini belläp, Awstriýanyň Türkmenistanyň durmuşa geçirýän oňyn Bitaraplyk we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny, şeýle hem ýurdumyzyň häzirki döwrüň wajyp meselelerini çözmäge gönükdirilen oňyn halkara başlangyçlaryny goldaýandygyny nygtady. 
Prezident Haýns Fişer Awstriýanyň ähli ugurlarda, şol sanda özara bähbitli işjeň gatnaşyklary ýola goýmak üçin uly kuwwata eýe bolan söwda-ykdysady ulgamda Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga we ösdürmäge taýýardygyny tassyklady. Şunuň bilen baglylykda, awstriýa kompaniýalarynyň uly iş tejribesine, häzirki zaman tehnologiýalaryna, Türkmenistanyň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary boýunça  nou-haulara eýedigi bellenildi.  
Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti energetika ulgamynda özara gatnaşyklary şu günki gepleşikleriň gün tertibine girizilen möhüm meseleleriniň  hatarynda görkezip, Türkmenistanyň bu ulgamda durmuşa geçirýän hem-de energiýa serişdeleriniň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga  gönükdirilen syýasatyny goldaýandygyny beýan etdi. Jenap Haýns Fişer bular barada aýtmak bilen, Ýewropa ýurtlarynyň dünýä bazarlarynda "mawy ýangyjy" köp möçberde iberýän ýurtlaryň biri bolan Türkmenistandan tebigy gazyň iberilmegine uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady. 
Bellenilişi ýaly, Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýanyň ýurtlarynyň hyzmatdaşlygynyň köp ugurlarynyň hatarynda energetika möhüm orun degişlidir. Häzirki wagtda Awstriýa energiýanyň alternatiw görnüşlerini – ýel we gün energiýasyndan netijeli peýdalanmagyň göreldesi bolup biler. Muňa garamazdan, bu ýurt özüniň energiýa serişdelerine bolan islegleriniň üçden iki bölegini gazyň hasabyna kanagatlandyrýar. Bu babatda Türkmenistan energiýa serişdeleriniň durnukly iberilmegini üpjün etmäge ukyply geljegi uly we ygtybarly hyzmatdaş bolup durýar diýip, Federal Prezident nygtady. 
"Awstriýa gaz ugurlarynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyny üpjün edýän taslamalary goldaýar. Munuň özi Türkmenistanyň garaýşyna laýyk gelýär" diýip, jenap Haýns Fişer aýtdy we 2011-nji ýylda gol çekilen energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada özara düşünişmek hakyndaky Türkmen-Awstriýa Ähtnamasynyň degişli şertnamalaýyn-hukuk binýadyny döretmek babatda ilkinji ädimleriň biriniň bolandygyny belledi. 
Ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hem ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegi  uly ugurlarynyň biri hasaplanylýar. Merkezi Aziýanyň, şol sanda Türkmenistanyň üsti bilen Hytaýdan Ýewropa uzalyp gidýän Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek yklymda söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge täze itergi bermäge ukyply örän wajyp ugurdyr diýip, Awstriýa Respublikasynyň Prezidenti nygtady. 
Jenap Haýns Fişer medeni-gumanitar ulgamy türkmen-awstriýa hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde görkezip, Türkmenistanyň Prezidentiniň bu ulgamdaky netijeli gatnaşyklary ösdürmäge uly üns berýändigini belledi. 
Pursatdan peýdalanyp, Awstriýanyň Lideri türkmen döwletiniň Baştutanyny Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 20 ýyllygy bilen gutlady we Awstriýanyň wekilleriniň bu şanly senä bagyşlanyp dekabr aýynda Aşgabatda geçiriljek dabaralara gatnaşjakdygyny belledi. 
Federal Prezident awstriýa tarapynyň syýasy, söwda-ykdysady we gumanitar ulgamlarda döwletara gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmaga we ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtap, türkmen döwletiniň Baştutanynyň bu saparynyň we şu günki gepleşikleriň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň has netijeli häsiýete eýe bolmagyna ýardam etjekdigine ynam bildirdi. 
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa söz berilýär. Türkmen Lideri mähirli kabul edilendigi we myhmansöýerlik üçin Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidentine ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzyň wekiliýeti üçin döredilen ajaýyp şertleriň bilelikdäki işiň netijeli bolmagyna ýardam edýändigini belledi. 
"Şu sapar Türkmenistanyň we Awstriýa Respublikasynyň gatnaşyklarynyň has işjeňleşen ýagdaýynda geçýär. Biz soňky ýyllarda Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti bilen ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem  halkara forumlarynyň çäklerinde ençeme gezek duşuşdyk. Bu gün biz Wenada ozal gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmäge, dürli ulgamlarda hyzmatdaşlygyň täze usullaryny we ugurlaryny işläp taýýarlamaga gönükdirilen köpugurly gepleşikleri dowam edýäris" diýip, türkmen Lideri aýtdy.  
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda, BMG-niň, ÝHHG-niň çäklerinde iki ýurduň özara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň wajypdygyny belledi. Şunda döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň  we Awstriýanyň bitarap daşary syýasat ugruna eýerýändiginiň şu gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýe bolmagyna ýardam edýän oňyn şertdigini nygtady. Munuň özi özara düşünişmek üçin goşmaça mümkinçilikleri açýar. Ýurtlaryň ikisi hem jogapkärli, parahatçylyk söýüjilikli syýasaty durmuşa geçirýär, çylşyrymly ýagdaýlary we gapma-garşylyklary halkara hukugynyň we BMG-niň Tertipnamasynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň esasynda parahatçylykly, syýasy serişdeler arkaly çözmek ugrunda çykyş edýär. Türkmen Lideri şeýle çemeleşmäniň aýratyn hem häzirki döwürde, dünýäniň käbir sebitlerinde bolup geçýän çylşyrymly ýagdaýlarda wajypdygyny aýtdy. 
Türkmen döwletiniň Baştutany bu baradaky gürrüňi dowam edip, ählumumy we sebit durnuklylygyny hem-de howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça tagallalaryň birleşdirilmegini şu gepleşikleriň gün tertibine girizilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleriniň hatarynda görkezdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Awstriýanyň 2013-2015-nji ýyllar üçin BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşine, şeýle hem 2013-2017-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji Geňeşine geçirilen saýlawlarda Türkmenistany goldandygyny muňa mysal getirdi. 
Şunuň bilen birlikde, Awstriýa Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2008-nji we 2013-nji ýyllarda kabul edilen "Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty" hakyndaky Rezolýusiýanyň awtordaşy bolup çykyş etdi. 
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  ýurdumyzyň halkara başlangyçlaryny goldaýandygy üçin awstriýa tarapyna minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň hem Awstriýany dürli halkara guramalaryna we olaryň ýöriteleşdirilen düzümlerine saýlawlarda ençeme gezek goldandygyny belledi. 
Türkmen döwletiniň Baştutanynyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan şeýle hem Awstriýany Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyklar babatda ygtybarly hyzmatdaş hasaplaýar. Soňky ýyllarda Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyklar okgunly ösüşe eýe  boldy.  Türkmen Lideri öz nobatynda Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa bilen hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine, Ýewropa işewürliginiň sebitde bolmagyna ýardam etmäge taýýardygyny tassyklady. 
Döwlet Baştutanymyz umuman, iki ýurduň syýasy gatnaşyklarynyň has baý many-mazmuna we maksadaokgunly häsiýete eýe bolýandygyny  aýtdy. Daşary işler ministrlikleriniň derejesinde hem gatnaşyklar işjeňleşdirildi. Olaryň arasynda yzygiderli geňeşmeler we beýleki iş duşuşyklary geçirilýär. Munuň özi garaýyşlary deňeşdirmäge, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň we halkara meseleleriniň dürli ugurlary boýunça pikir alyşmaga, olar boýunça umumy garaýyşlary hem-de özara düşünişmegi tapmaga mümkinçilik berýär. 
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, şu duşuşyk  türkmen-awstriýa gatnaşyklarynyň derejesine we ýagdaýyna baha bermek üçin oňat pursatdyr. Dünýä ykdysadyýetindäki çökgünlikli ýagdaýlara garamazdan, ýokary ösüş depginini saklap galmagy başaran  Türkmenistanyň we Awstriýanyň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin mümkinçilikleri köpdür. Soňky ýyllarda bu ulgamda oňyn ösüşler göze ilýär. 2014-nji ýylda özara haryt dolanyşygy 2013-nji ýyldaky bilen deňeşdirilende, 20 göterimden gowrak artdy. Awstriýanyň işewürleri Türkmenistanda bilelikdäki taslamalaryň birnäçesini, şol sanda gurluşyk, syýahatçylyk, söwda, marketing we ulag hyzmatlary ulgamlaryndaky taslamalary durmuşa geçirýärler. 
Bilelikdäki Türkmen-awstriýa topary hem ýeterlik dereje işjeň iş alyp barýar. Onuň döredilenden bäri eýýäm mejlisleriň ýedisi geçirildi. Iki ýurduň Hökümetleriniň ykdysady ulgamynyň wekilleriniň arasynda duşuşyklar geçirilýär, bilelikdäki işewürler forumlary guralýar. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz goşulyşmagyň täze, has giň möçberli we döwrebap usullaryna çykmagyň wagtynyň gelendigine ünsi çekdi.  
Milli Liderimiz Türkmenistanyň Awstriýa bilen maşyngurluşyk, oba hojalygy, azyk, himiýa, kagyz we metallurgiýa,  elektron tehnologiýalar ulgamynda, döwrebap önümçilikleri, marketingi, dolandyryşy guramakda hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýändigini belledi.   
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow syýahatçylyk ulgamyny ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezdi. Bu babatda  Awstriýa dünýäde öňdebaryjylaryň biri bolup durýar. Awstriýaly hyzmatdaşlaryň Hazaryň kenarynda ýerleşýän "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny ösdürmäge gatnaşmagynyň geljegi uludyr. 
Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde hususy işewürlik möhüm orun eýelemelidir. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň we Awstriýanyň telekeçileriniň hyzmatdaşlygynyň oňat däpleri bardygyny nygtap, bu kuwwatdan has netijeli peýdalanmagyň wajypdygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideri işewürlik alyşmalaryny işjeňleşdirmegiň, Işewürler geňeşlerini döretmegiň, ýurtlaryň ikisinde hem ýöriteleşdirilen sergileri geçirmegiň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda,  häzirki wagtda Türkmenistanda döwlete degişli bolmadyk telekeçilik düzümleriniň dürli ulgamlarda, hususan-da, ýaşaýyş jaý gurluşygynda, söwda ulgamynda möhüm taslamalary amala aşyrýandyklary bellenildi. 
Energetika we ulag ulgamlarynyň hem geljegi uludyr. Bu ulgamlarda iki ýurduň hyzmatdaşlygy strategiki häsiýete eýe bolup biler diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. 
Türkmenistan we Awstriýa ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmegiň häzirki wagtda halkara syýasy we ykdysady gatnaşyklar ulgamynyň durnuklylygyny üpjün etmegiň möhüm şerti bolup durýandygy baradaky pikir bilen ylalaşýarlar diýip, türkmen Lideri aýtdy. Energiýa akymlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, hususan-da, Türkmenistandan günbatar ugur boýunça täze ýollary döretmek onuň esasy meselesi bolup durýar. 
Türkmen döwletiniň Baştutany "Biz Awstriýany ikitaraplaýyn esasda, şeýle hem Türkmenistan bilen Ýewropanyň arasyndaky uzakmöhletleýin energetika gatnaşyklarynyň çäklerinde ygtybarly hyzmatdaş hasaplaýarys" diýip aýtdy.  
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmekde, Merkezi Aziýa hem-de Hazar deňzi sebitleriniň üsti bilen Merkezi Ýewropa we Günorta Ýewropa döwletlerine çykýan Aziýanyň hem-de Ýewropanyň arasyndaky ulag-üstaşyr geçelgeleri ösdürmegiň strategiki geljegi hem äşgärdir. 
Häzirki wagtda Türkmenistan goňşy ýurtlaryň birnäçesi bilen hyzmatdaşlykda "Gündogar-Günbatar" we "Demirgazyk-Günorta" ugry boýunça ulag-üstaşyr we logistiki düzümiň köp şahaly ulgamyny döredýär. Bu ulgam özüne awtomobil, demir ýol, howa we deňiz gatnawlaryny özüne birleşdirýär. Munuň özi Merkezi Aziýanyň çägi arkaly Ýewropanyň we Ýakyn Gündogaryň    bazarlaryna oňaýly ýoly açýar. 
Türkmenistan Awstriýanyň sebitara ulag taslamalaryna gatnaşmagyny mübäreklär diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady we ýöriteleşdirilen halkara düzümleriniň ugry boýunça, hususan-da, BMG-niň Ýewropa Ykdysady Toparynyň,  Aziýa we Ýuwaş umman üçin Ykdysady we Durmuş Toparynyň çäklerinde bilelikdäki işleri işjeňleşdirmegiň wajypdygyny nygtady. 
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow energetika meselesi baradaky gürrüňi dowam edip, obýektiw sebäplere görä, energetika hyzmatdaşlygynyň Türkmenistan üçin aýratyn ähmiýete eýedigini belledi. Ýurdumyz uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýedir, olaryň kuwwaty halkara bilermenleri tarapyndan tassyklanyldy. Kuwwatly serişdeler binýady energiýa serişdeleriniň durnukly iberilmegi babatda uzakmöhletleýin şertnamalary baglaşmaga esas berýär. Häzirki wagtda şeýle ylalaşyklar üç gaz geçirijisi – Türkmenistan-Russiýa, Türkmenistan-Hytaý we Türkmenistan-Eýran gaz geçirijileri boýunça hereket edýär. 
Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisini gurmagyň taslamasy türkmen energiýa akymlaryny diwersifikasiýalaşdyrmagyň geljegi uly ugry bolup durýar. Häzirki wagtda bu taslama iş ýüzünde durmuşa geçirmek tapgyrynda durýar. Türkmen energiýa serişdelerini Ýewropa ugry boýunça ibermegiň mümkinçiliklerine hem jikme-jik we gyzyklanma bildirilip garalýar. 
Häzirki wagtda "Gündogar-Günbatar" gaz geçirijisiniň gurluşygy tamamlanyp barýar. Ol ýurdumyzyň esasy gaz ýataklaryny bitewi gazulag ulgamyna birleşdirer we Türkmenistanyň eksport kuwwatyny has-da artdyrmaga mümkinçilik berer. Geljekde zerur bolan halatynda energiýa serişdeleriniň uly möçberlerini gerek bolan ugra akdyrmaga ukyply bu gaz geçirijisiniň gurluşygy türkmen energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly eksport edilmegi üçin goşmaça kepilligi döreder. Şeýle hem gury ýerdäki ýataklardan başga-da, ýurdumyzyň Hazar deňziniň türkmen böleginde energiýa serişdeleriniň ýeterlik gorlaryna, şol sanda Ýewropa taslamalaryny üpjün etmek üçin ýeterlik bolan gorlara eýedigini bellemek gerek. 
Şunda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek Türkmenistan üçin möhüm mesele bolup durýar. Giň möçberli energiýa taslamalary durmuşa geçirilende halkara tebigaty goraýyş kadalarynyň we standartlarynyň berk berjaý edilmegi hökmany şert bolmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. 
Şunuň bilen birlikde, döwrebap nebiti we gazy gaýtadan işleýän önümçilikleri gurmak üçin netijeli ädimler ädilýär. Şol önümçilikler iň täze tehnologiýalar esasynda dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän önümleriň köp görnüşlerini çykarar. Şeýlelikde, ýakyn wagtda uglewodorod çig malynyň eksportunyň möçberleriniň häzirki artdyrylmagyndan onuň içerki gaýtadan işlenilmeginiň kuwwatlyklaryny giňeltmäge we ýokary tehnologiýaly we degişlilikde has amatly, eksport ugurly  harytlaryň öndürilişini artdyrmaga geçmek mümkin bolar. Munuň özi türkmen ykdysadyýetiniň çig mal garaşlylygyny aradan aýyrmak we ony senagat ösüş ýoluna geçirmek boýunça öňde goýan wezipelerimizi üstünlikli çözmäge mümkinçilik berer. 
Däp bolşy ýaly, ýurtlarymyzyň hyzmatdaşlygynda gumanitar gatnaşyklar hem möhüm ähmiýete eýedir diýip, türkmen Lideri belledi. Şu babatda Türkmen-awstriýa dostluk jemgyýetiniň işi, bilelikdäki "Galkynyş" simfoniki orkestriniň üstünlikli döredijilik işi, Aşgabatda Wena şäheriniň Medeniýet günleriniň we Awstriýada Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň  geçirilmegi oňat mysal bolup durýar. Şunuň bilen birlikde, türkmen paýtagtynda geçirilýän Wena ballary ajaýyp däbe öwrüldi. 
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle başlangyçlaryň halklarymyzyň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, olaryň ýakynlaşmagyna, döwletara gatnaşyklaryny özara ynanyşmak ýagdaýynda ýola goýmaga ýardam edýändigini nygtady. 
Döwlet Baştutanymyz şu günki gepleşikleriň dostlaryň we hyzmatdaşlaryň gepleşigidigini belläp, onda ähli ugurlar boýunça türkmen-awstriýa gatnaşyklaryny üstünlikli ösdürmegiň möhüm şertini görýändigini aýtdy. 
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýyl türkmen halkynyň ähli dünýä jemgyýetçiligi bilen bilelikde taryhy senäni – Türkmenistanyň Bitaraplygynyň halkara ykrarnamasynyň 20 ýyllygyny belleýändigini aýtdy. BMG-niň Baş Assambleýasynyň bu çözgüdini goldan döwletleriň biri-de Awstriýa Respublikasydyr. Türkmen Lideri Türkmenistan ýaly, Awstriýa Respublikasynyň hem Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik daşary syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirýändigini aýdyp, Awstriýanyň Federal Prezidentini şu ýylyň dekabrynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Halkara maslahata we beýleki baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmaga çagyrdy. 
Türkmen döwletiniň Baştutany iki ýurduň arasyndaky dostlugy hem-de hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak işine goşýan uly goşandy üçin jenap Haýns Fişere minnetdarlyk bildirip, Awstriýanyň halkyna parahatçylyk we gülläp ösüş arzuw etdi. 
Giňişleýin düzümde gepleşikler tamamlanandan soň, "Mariýa Tereziýa" zalynda Türkmenistanyň Prezidentiniň we Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidentiniň gatnaşmagynda  ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. 
Girdejiler we maýa üçin üçin salgytlar babatda iki gezek salgyt salynmagyny aradan aýyrmak hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen  Awstriýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Konwensiýa; Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa, goşulyşmak we daşary işler Federal ministrliginiň arasynda 2015-2016-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna; Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen Awstriýanyň Federal Ykdysadyýet edarasynyň arasynda Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekilýär. 
Gepleşikleriň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak hakynda Türkmenistan bilen Awstriýa Respublikasynyň Bilelikdäki Beýannamasy kabul edilýär. 
Soňra iki ýurduň Liderleri metbugata ýüzlenme bilen çykyş etdiler. 
Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti gepleşikleriň netijelerini teswirläp, iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmek babatda olaryň ähmiýetini nygtady. 
Jenap Haýns Fişer soňky ýyllarda türkmen-awstriýa gatnaşyklarynyň durnukly çuňlaşýandygyny hem-de giňelýändigini belläp, geçen döwürde ýerine ýetirilen bilelikdäki işiň jemlerine oňyn baha berdi we geljekde hem ýokary netijeleriň gazanyljakdygyna ynam bildirdi. "Biziň Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşygymyz 2008-nji ýyldan bäri eýýäm dördünji duşuşygymyzdyr" diýip, Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti aýtdy. 
Awstriýanyň Lideriniň habar berşi ýaly, şu gepleşikleriň barşynda döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge, şeýle hem sebit we halkara gün tertibine degişli meseleleriň ençemesi ara alnyp maslahatlaşyldy.    
Gepleşikleriň barşynda taraplaryň özara bähbitli gatnaşyklary, şol sanda döwletara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan ykdysady we energetika ulgamlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigi tassyklanyldy. 
Jenap Haýns Fişer gepleşikleriň jemleri boýunça gol çekilen resminamalaryň wajypdygyny nygtap, häzirki wagtda Türkmenistanda awstriýa firmalarynyň birnäçesiniň işleýändigini kanagatlanma bilen belledi. Bu firmalar öz ýurdunyň çäklerinden daşarda-da meşhurdyr. Olar Türkmenistan üçin gyzykly bolup biljek ýokary ylmy tehnologiýalara we nou-haulara eýedir. Bu babatda saglygy goraýyş, gurluşyk we beýleki köp ulgamlarda hyzmatdaşlygyň geljegi uly hasaplanylýar. 
Federal Prezident okgunly ösýän Türkmenistan-Ýewropa Bileleşigi hyzmatdaşlygy barada durup geçip, bu babatda Awstriýanyň özüni Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasynda baglanyşdyryjy merkez hasaplaýandygyny belledi. 
Jenap Haýns Fişer ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygy, şol sanda BMG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlyk meselelerine işjeň çemeleşýändigini goldaýandygyny aýdyp, öz tarapyndan, Awstriýanyň Türkmenistanyň durmuşa geçirýän oňyn Bitaraplyk syýasatyna ýokary baha berýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, türkmen döwletiniň Baştutanynyň öňe süren halkara başlangyçlarynyň, şol sanda ählumumy energetika howpsuzlygynyň täze arhitekturasyny kemala getirmek babatdaky başlangyçlarynyň wajypdygy bellenildi. 
Dostlukly ýurduň Baştutany ýokarda aýdylanlary jemläp we bilelikde işlemek üçin köp ugurlaryň bardygyny aýdyp, şu günki ýokary derejedäki duşuşygyň netijeli häsiýete eýe bolandygyny nygtady we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi, Türkmenistana bolsa iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.   
Hormatly Prezidentimiz köpçülikleýin habar beriş serişdelereiniň wekilleriniň öňünde çykyş edip, geçirilen gepleşikleriň netijeli häsiýete eýe bolandygyny belledi. Gepleşikleriň barşynda dürli ugurlarda türkmen-awstriýa gatnaşyklaryny has-da ösdürmek üçin zerur bolan mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.
Şu duşuşygyň barşynda Merkezi Aziýada hem-de Ýewropada ählumumy durnuklylygy we howpsuzlygy berkitmäge, ynanyşmak hem-de özara düşünişmek ýagdaýyny döretmäge islegiň bardygy beýan edildi. Şunda Türkmenistanyň we Awstriýanyň Bitaraplyk derejesi, olaryň  parahatçylyk döredijilik işine hemmetaraplaýyn ýardam bermäge taýýardygy möhüm şert hökmünde çykyş edýär. 
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow taraplaryň  abraýly halkara guramalaryň, ozaly bilen Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň çäklerinde netijeli gatnaşyklary dowam etmek barada ylaşandygyny habar berdi. 
Türkmen döwletiniň Baştutany söwda-ykdysady ulgamda hyzmatdaşlyk etmek barada aýdyp, Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyny maşyngurluşyk, oba hojalygy, azyk, himiýa, kagyz, metallurgiýa senagaty, syýahatçylyk ýaly pudaklarda geljegi uly hyzmatdaş hasaplaýandygyny nygtady. Biziň ýurdumyz döwrebap önümçilikleri  guramakda, marketingde, dolandyryşda Awstriýanyň tejribesine gyzyklanma bildirýär. 
Gepleşiklerde energetika we ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň geljegine uly üns berildi. Biziň ýurtlarymyzyň bar bolan düzümi we geografik ýagdaýyny nazara almak bilen, Gündogar-Günbatar ulag akymlaryna üstünlikli goşulyp, Gündogar we Merkezi Ýewropa çykmak üçin ähli mümkinçilikleri bar. 
Türkmenistan Awstriýany Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygymyzyň möhüm bölegi hökmünde görýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Awstriýanyň sebitara ulag taslamalaryna gatnaşmagyny goldarys diýip aýtdy.  Şunda türkmen Lideri ýurtlarymyzyň ýöriteleşdirilen halkara düzümleriniň, hususan-da, BMG-niň Ýewropa Ykdysady Toparynyň, Aziýa we Ýuwaş umman üçin Ykdysady we Durmuş Toparynyň ugry boýunça bilelikdäki işleriň giňeldilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. 
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň energetika strategiýasyna ünsi çekip, uglewodorod çig malynyň iberilmegini diwersifikasiýalaşdyrmak, hususan-da, günbatar ugurda Türkmenistandan täze ugurlary döretmegiň ýurdumyzyň energetika strategiýasynyň esasy bölegi bolup durýandygyny nygtady. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu babatda  ikitaraplaýyn esasda, şeýle hem Türkmenistanyň we Ýewropanyň arasyndaky uzakmöhletleýin energetika gatnaşyklarynyň çäklerinde Awstriýa bilen ysnyşykly gatnaşyklar üçin mümkinçilikler bar. Döwlet Baştutanymyz Awstriýanyň mundan beýläk hem bu ugurdaky bilelikdäki tagallalary goldajakdygyna ynam bildirdi. 
Gepleşiklerde gatnaşyklaryň möhüm bölegi bolan gumanitar ugry ösdürmäge hem uly üns berildi. Taraplar iki ýurduň halklarynyň ysnyşykly gatnaşyklaryny ýola goýmaga, baý medeni-taryhy mirasyny   öwrenmäge ýardam edýän bilelikdäki çäreleri guramaga ýardam bermek, Türkmenistanyň hem-de Awstriýanyň medeniýet we sungat işgärleriniň döredijilik gatnaşyklary üçin şertleri döretmek barada ylalaşdylar. Şeýle hem ylym hem-de bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň görnüşlerini we ugurlaryny has-da giňeltmek hakynda ylalaşyk gazanyldy.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň hem-de Awstriýa Respublikasynyň gatnaşyklaryny deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we özara ynanyşmak ýörelgeleri esasynda guraýandygyny belläp, şu günki gepleşikleriň iki tarapyň hem bu esasy kadalara ygrarlydygyny tassyklandygyny nygtady. 
Türkmen döwletiniň Baştutany şeýle hem Awstriýanyň Federal Prezidentini türkmen halkynyň bütin dünýä jemgyýetçiligi bilen bilelikde belleýän taryhy senäniň – Türkmenistanyň Bitaraplygynyň halkara ykrarnamasynyň 20 ýyllygynyň hormatyna şu ýylyň dekabrynda Aşgabatda geçiriljek Halkara maslahatyna we baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmaga çagyrandygyny habar berdi. 
"Türkmenistan hem-de Awstriýa Respublikasy uzakmöhletleýin geljek üçin ysnyşykly we köp ugurly hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny hem-de çalyşýandygyny nobatdaky gezek görkezdiler. Ol biziň halklarymyzyň düýpli bähbitlerine, döwletara gatnaşyklarynyň häzirki ösüşiniň şertlerine doly laýyk gelýär" diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy hem-de  awstriýaly kärdeşi jenap Haýns Fişere özara düşünişmek, birek-birege hormat goýmak we deňhukukly hyzmatdaşlyk ýagdýaynda geçen netijeli gepleşikler üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. 
Ýokary derejedäki duşuşyk tamamlanandan soň, Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti jenap Haýns Fişeriň adyndan "Hofburg" Köşgüniň "Muziksimmer" zalynda belent mertebeli türkmen myhmanynyň hormatyna resmi nahar berildi, onda iki ýurduň Liderleri söz sözlediler. 
"Hofburg" köşgünden Türkmenistanyň Prezidentiniň awtoulag kerweni  Wenanyň merkezinde, Mariýa Tereziýanyň meýdançasynda  ýerleşýän Taryhy sungat muzeýine tarap ugraýar. Bu muzeý oňa meňzeş beýleki binalar – Tebigat ylymlary muzeýi, uly bolmadyk owadan seýilgäh we imperator zenanyna  gurlan ýadygärlik bilen birlikde Maria Theresien-Platz binagärlik toplumyna girýär. 
Taryhy sungat muzeýiniň daşky keşbi üçburçlugy ýatladýar. Onuň depesinde 60 metrlik gümmez bar. Bu bina arhitektorlar Gotfrid Zemperiň we Karl fon Hazenaueriň taslamasy boýunça XIX asyryň  ortalarynda imperator gymmatlyklaryny ýerleşdirmek üçin guruldy. Muzeý 1891-nji ýylda açyldy we häzirki wagtda dünýäniň iri çeperçilik muzeýleriniň hataryna girýär. Onuň baş binasynda 91 zal bar, muzeýiň ekspozisiýasynda bolsa çeperçilik we arheologiki gymmatlyklar, gadymy ýadygärlikler, numizmatiki gymmatlyklar görkezilýär. Dünýä ähmiýetli surat galereýasy muzeý ýygyndysynyň esasy bölegi bolup durýar. 
Wenanyň Taryhy sungat muzeýine baryp görmek Türkmenistanyň Baştutanynyň Awstriýa Respublikasyna saparynyň möhüm ähmiýetli bölegidir. Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň ruhy mirasyny aýawly saklamak, öwrenmek we bütin dünýäde giňden wagyz etmek bilen birlikde, dünýäniň çeperçilik medeniýetiniň gazananlaryny çuňňur özleşdirmek täze taryhy eýýamda ýurdumyzyň medeniýetini we sungatyny ösdürmegiň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Gumanitar ulgamda giň halkara gatnaşyklary, dünýä bileleşigi bilen medeni gatnaşyklary ýola goýmak bu wezipäniň çözülmegine ýardam edýär. Bu möhüm meseleler ýokary derejedäki döwletara gepleşikleriniň gün tertibine goşulýar, şeýle hem Türkmenistanyň Baştutanynyň daşary ýurtlara saparlarynyň maksatnamasynda öz beýanyny tapýar. 
Hormatly Prezidentimiziň awtoulagy muzeýiň esasy girelgesiniň öňüne barýar. Türkmen döwletiniň Baştutanyny Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti Haýns Fişer garşylaýar. Wenanyň Taryhy sungat muzeýiniň baş direktory hanym Sabine Haag mähirli mübärekleýär. Muzeýiň ýolbaşçysy belent mertebeli myhmanlary muzeýiň eýwanyna çagyrýar, şol ýerde hormatly Prezidentimizi bu täsin muzeýiň taryhy bilen tanyşdyrýar. Mälim bolşy ýaly, baý muzeý ekspozisiýasynyň seýrek duş gelýän gymmatlyklarynyň hatarynda Gadymy Müsür we Gündogar gymmatlyklarynyň toplumlary bar. Bu ýerde Müsür döwletiniň taryhynyň dürli döwürlerine degişli heýkeller görkezilýär. Binagärlik genji-hazynalary we daşdan ýasalan heýkeljikler, bürünç we agaç önümleri, papiruslar, sarkofaglar we bezeg önümleri Müsür ybadathanalarynyň hem-de aramgähleriniň äheňinde döredilen desgalaryň öňünde  goýlupdyr. 
Gadymy sungat bölüminde etruss, gadymy grek, rim döwürleriniň gymmatlyklary: dürli döwürlerde geçirilen gözleg işleriniň netijesinde tapylan şaýy pullary, heýkeljikler, medallar we şaý-sepler jemlenipdir. Özboluşly gymmatlyklaryň biri-de Ptolemeýiň  oniksden ýasalan bezeg şaýlarynyň ýygyndysydyr. Beýik göçüş eýýamynyň giň möçberli ekspozisiýasy we şaý-sepleriň sergisi hem gyzyklydyr. Muzeýiň Kunstkamerasy özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. XVIII asyryň başyna degişli ýüpek şpalerler, şeýle hem amaly-haşam sungatynyň gymmatly metallardan we piliň süňkünden ýasalan eserleri onuň bezegi bolup durýar. Muzeýiň ýygyndysynda şaýy we kagyz pullaryň, aksiýalaryň, ordenleriň we medallaryň, tapawutlandyryş nyşanjyklarynyň dünýädäki iň iri  bäş sany toplumyň biri ýerleşýär. 
Surat galereýasy Taryhy sungat muzeýiniň hakyky genji-hazynasy hasaplanylýar. Onda Günbatar Ýewropanyň XIV – XVIII asyrlarda ýaşap geçen ussatlarynyň suratlary goýlupdyr. Hormatly Prezidentimiz muzeý ekspozisiýasy bilen tanyşlygyny hut şu bölümden başlaýar. 
Muzeýiň oňat bezelen zallarynda günbatar sungatynyň köpsanly gymmatlyklary, şol sanda Rafaeliň "Ýaşyl lybasly Madonnasy", Welaskesiň  suratlary, Wermeýeriň, Rubensiň, Rembrandtyň, Dýureriň, Tisianyň, Tintorettonyň eserleri goýlupdyr. Muzeýde Piter Breýgeliň suratlarynyň dünýädäki iň uly ýygyndysy ýerleşýär—bu ýerde suratkeşiň dürli ýyllarda döreden ähli işleriniň ýarysyny görmek bolýar. Meşhur "Ýylyň pasyllary" atly topluma girýän suratlar ýygyndynyň merjeni hasaplanýar. 
Soňra muzeýiň ýolbaşçysy belent mertebeli myhmany "Salýers", "Rudolf II", "Ekzotik" we "Aýwori" zallarynyň täsin gymmatlyklary bilen tanyşdyrýar. Soňra hormatly Prezidentimize Gabsburglaryň nebereleriniň ozalky genji-hazynasyndan, imperator Rudolf II kunstkamerasyndan (Kunstkammer) gymmatlyklar görkezilýär. Onuň gymmatlyklary dünýäniň iň uly konstkameralarynyň hataryna girýär hem-de Orta asyr, Galkynyş we barokko eýýamlarynyň gymmatlyklaryny öz içine alýar. Piliň süňkünden ýasalan zatlar, bürünç heýkeljikler, ylmy gurallar, sagatlar we gap-gaçlar, oýnawaçlar we ýöriteleşdirilen tehniki serişdeler uly gyzyklanma döredýär. 
Türkmenistanyň Baştutany şeýle hem Müsüriň we Ýakyn Gündogaryň gymmatlyklarynyň ýygyndysy bilen tanyşdyryldy. Gadymy patyşalyk döwrüniň (300-biziň eýýamymyzdan ozalky 2270-nji  ýyllar) gadymy müsür ýadygärlikleriniň toplumlarynyň jemlenmegi netijesinde bu gymmatlyklar dünýädäki iň ähmiýetlileriň biri hasaplanylýar. Faraonlaryň we ýokary wezipeli emeldarlaryň heýkelleri, haýwanlaryň şekilleri, relýefler, daş we bürünç heýkeljikler, tumarlar, bezegler, papiruslar, mumyýalar, sarkofaglar we beýleki zatlar demirgazyk-günorta Afrikanyň we alynky Aziýanyň halklarynyň gadymy siwilizasiýalary bilen tanyşdyrýar. Bu ýerde şeýle hem gündogar çapyksuwar esgerleriniň esbaplary goýlupdyr.
Bu toplumlaryň ýerleşen muzeý zallary diňe bir baý ýygyndylary bilen däl, eýsem, bezeg we amaly – haşam işleriniň ýokary ussatlyklyk bilen geçirilmegi netijesinde  bu ýere gelýänlere Gadymy Müsür dünýäsine özboluşly syýahat etmäge mümkinçilik berýär. Bu gymmatlyklar bolsa şol döwrüň ybadathanalarynyň içki bezegini aýdyňlyk bilen görkezýär. Arhitektorlar granitden taýýarlanan hakyky üç sütüni (takmynan, biziň eýýamymyzdan ozalky 1420 ýyl) ulandylar, şeýle hem zallary ýörite nagyşlar bilen bezediler. Olar aramgählerdäki nagyşlara çalymdaşdyr. 

Haly we haly önümleri--dünýäniň dürli ýurtlarynyň ussatlarynyň işleri—Gabsburglar maşgalasyndan bolan awstriýaly imperatorlara sowgatlar, hususan-da, ösümlikleriň käbir görnüşleriniň şekilleri şöhlelendirilen uly möçberli gobelen döwlet Baştutanymyzyň ünsüni özüne çekdi. Bu gobelen diňe bir sungat eseri bolmak bilen çäklenmän, eýsem, floristika boýunça özboluşly gollanma hem bolup durýar. Köpsanly gymmatlyklaryň arasynda Karl V tugrasy şekillendirilen gobelen hem görkezilýär. 
Türkmen döwletiniň Baştutany hödürlenen gymmatlyklaryň – adamzadyň gadymy taryhynyň we medeniýetiniň subutnamalarynyň ähmiýetine ýokary baha berip, Türkmenistanyň çäginde, hususan-da, Köne Nusaýda we Gadymy Merwde arheologlar tarapyndan ýüze çykarylan, gadymy siwilizasiýalaryň subutnamalary barada durup geçdi we şunuň bilen baglylykda, ajaýyp alymlar W.Sarianidiniň hem-de W.Massonyň haýran galdyryjy açyşlaryny ýatlap geçdi. Köpsanly  arheologiki ekspedisiýalar özleriniň tapyndylary bilen türkmen muzeýlerini baýlaşdyrdy diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.  
Muzeý gymmatlyklary bilen tanyşlyk tamamlanandan soň, türkmen döwletiniň Baştutany Türkmenistanyň wekiliýetiniň adyndan günbatar sungatynyň gymmatlyklarynyň toplumlarynyň özboluşly merkezi bolan muzeýe gelip görmek çäresiniň ýokary derejede guralandygy üçin muzeýiň ýolbaşçysyna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. 
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow "Geçmişi bolmadygyň, geljegi bolmaz" diýen türkmen nakylyny mysal getirip, Türkmenistanda hem, Awstriýada hem öz halklarynyň taryhyna hem-de medeniýetini aýawly saklamak we wagyz etmek boýunça işlere uly ähmiýet berilýändigini kanagatlanmak bilen belledi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideri iki döwletiň degişli edaralarynyň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmagyň, muzeý işinde peýdaly tejribe alyşmagyň, çeperçilik sergilerine gatnaşmagyň, döredijilik duşuşyklaryny we beýleki bilelikdäki çäreleri geçirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady. Biziň ýurdumyzda Awstriýanyň medeniýeti we sungaty bilen uly gyzyklanma bilen tanyşýarlar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we şunuň bilen baglylykda, iki dostlukly halkyň medeniýetlerini baýlaşdyrmak boýunça Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň netijeli işini belledi. 
"Maria Tereziýa" zalynda Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy. Döwlet Baştutanymyz Taryhy sungat muzeýiniň ýolbaşçysyna işinde üstünlikler arzuw edip, Sabine Haaga ýadygärlik sowgadyny-- ajaýyp türkmen halysyny gowşurdy we türkmen halkynyň medeniýetiniň hakyky gymmatlygy bolan milli halyçylyk sungatynyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan taryhy barada gürrüň berdi. 
Türkmen Lideriniň belleýşi ýaly, haly Türkmenistanda täsin çeperçilik eserlerine deňelýär, onda şekillendirilen nagyşlar we nyşanlar bolsa örän gözeldir we taryhyň bütin dowamynda türkmen halkynyň geçen uzak ýoluny şekillendiren döredijilik äleminiň gapysyny açýar. Türkmen halysy sungatyň täsin ýagdaýy hökmünde ýörite öwrenilmäge mynasypdyr, çünki onuň gözel keşbi tutuş milli medeniýetiniň – aýdym-sazyň, şygryýetiň, binagärligiň, amaly-haşam we şekillendiriş sungatynyň köp öwüşginliligini özünde jemleýär. Türkmen halysynyň nagyşlarynda we nyşanlarynda mähriban ülkämiziň tebigatynyň dürli görnüşli dünýäsi şekillendirilendir. Olary üns bilen synlasaň, gojaman Hazaryň tolkunlarynyň sesini, sähranyň şemalynyň owazyny eşiden ýaly bolýarsyň ýa-da Garagum çölüne, öri  meýdanlaryna, Köpetdagyň gür saýaly derelerine we Amyderýanyň jülgesine, Hazaryň kenaryna we türkmen topragynyň beýleki täsin ýerlerine baryp gören ýaly bolýarsyň. Bir halkyň beýleki bir halkdan genetiki babatda tapawudy bolşy ýaly, türkmen nagyşy hem özünde täsin "şejeräni" jemleýär we nyşanlaryň, çyzyklaryň, reňkleriň dili bilen öz halky barada gürrüň berýär. Haly türkmen halkynyň milli buýsanjydyr we gahrymançylykly taryhynyň janly rowaýatydyr. 
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halylaryň hem-de haly önümleriniň taýýarlanylyşynyň usullaryna, olaryň bezeglerine ünsi çekip, arheologiki we etnografiki barlaglaryň türkmen halysynyň "yzynyň" diňe bir milli sungatda däl, eýsem, dünýä sungatynda hem bardygyna şaýatlyk edýändigini belledi. 
Türkmen döwletiniň Baştutany bular barada aýdyp, häzirki Türkmenistanda halynyň resmi taýdan tassyklanan milli nyşanlaryň biri bolup durýanlygyny nygtady: haly göli ýurdumyzyň baýdagynda şekillendirildi, ol resmi taýdan döwlet gymmatlygy diýlip yglan edildi, ýurdumyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen halysynyň baýramy giňden bellenilip geçilýär. Ýöne, esasy zat bolsa, ýurdumyzda halyçylyk senediniň we ussatlygynyň dowamatlylygy hiç wagt ýitirilmeýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Häzirki wagtda ýurdumyzda halyçylyk pudagynyň önümçilik düzümi döwrebaplaşdyrylýar, ýurdumyzyň şäherlerinde we obalarynda täze fabrikler gurulýar we ulanmaga berilýär, täsin we ägirt uly halylary, ikitaraplaýyn hem-de mowzuklaýyn halylary döredýän türkmen halyçylarynyň netijeli zähmet çekmegi üçin iň amatly şertler döredilýär. 
Sabine Haag ajaýyp sowgat üçin hoşallyk bildirip, türkmen döwletiniň Baştutanyny indi türkmen halysynyň belent sungat eseri hökmünde Wenanyň Taryhy sungat muzeýinde mynasyp orun eýelejekdigine ynandyrdy. 
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  Taryhy sungat muzeýiniň baş direktoryny biziň ýurdumyza gelmäge hem-de türkmen halkynyň taryhy gymmatlyklary, ýadygärlikleri we baý ruhy medeniýeti bilen tanyşmaga çagyrdy. 
Hormatly Prezidentimiz kärdeşi – Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti we Taryhy sungat muzeýiniň baş direktory bilen mähirli hoşlaşyp, Awstriýa Respublikasynyň Federal kanselýariýasyna tarap ugraýar. 
Federal Kanselýariýanyň "Staýns rum" zalynda Türkmenistanyň Baştutanyny Awstriýa Respublikasynyň Federal Kansleri jenap Werner Faýman garşylaýar. 
Hormatly Prezidentimiz we Awstriýanyň hökümetiniň Baştutany iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşýärler. 
Awstriýa Respublikasynyň Federal kansleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy şu gün ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň uly üstünlige eýe bolmagy bilen gutlap, olaryň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmäge we ösdürmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi. 
Türkmen döwletiniň Baştutany bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan edip, Türkmenistanyň we Awstriýa Respublikasynyň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlyk ruhunda ösdürilýän dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna goşýan şahsy goşandy üçin Awstriýanyň Federal kanslerine minnetdarlyk bildirdi. Birek-birege hormat goýmak we özara ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan özara bähbitli türkmen-awstriýa gatnaşyklarynyň okgunly ösüşini saklaýandygyny bellemek ýakymlydyr diýip, türkmen Lideri aýtdy hem-de taraplara ikitaraplaýyn we sebit hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleriniň birnäçesini jikme-jik ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik döreden şu saparyň ähmiýetini nygtady. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini saklamakda dürli derejedäki yzygiderli duşuşyklar möhüm orun eýeleýär. 
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasy bilen özara hormat goýmaga, deňhukuklylyga hem-de ösüşe ymtylmaga esaslanan dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideri dünýä ösüşiniň möhüm meseleleriniň köpüsi, aýratyn hem halkara we sebit derejesinde parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnuklylygy üpjün etmek, häzirki döwrüň wehimlerine hem howplaryna garşy göreşmek boýunça tagallalary birleşdirmek meselelerinde iki ýurduň garaýyşlarynyň ýakyndygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz  özara düşünişmek ýagdaýynyň BMG-niň, ÝHHG-niň we beýleki abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde netijeli gatnaşyklaryň esasyny düzýändigini aýtdy. 
Duşuşygyň barşynda türkmen-awstriýa hyzmatdaşlygynyň giň meseleleri boýunça özara gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Taraplaryň pikirine görä, şol hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek üçin ähli şertler we mümkinçilikler bar. 



Hiç yorum yok:

Yorum Gönder