2015-nji ýylyň 6-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkiýe Respublikasynyň Beýik Milli Mejlisiniň Başlygy j-p Jemil Çiçegiň ýolbaşçylygynda türk parlament agzalarynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar daşary syýasat, ykdysadyýet, energetika ulgamynda, şeýle hem halkara guramalaryň çäginde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde uly gyzyklanma bildidiler. Şeýle hem türkmen-türk döwletara gatnaşyklarynyň geljekde ösdürilmegine gönükdirilen parlamentara hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary we mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bellenilşi ýaly, häzirki döwürde ruhy däp-dessurlaryň umumylygynda esaslanan türkmen-türk gatnaşyklary ähli ugurlar boýunça netijeli ösdürilýär we täze many bilen doldurylýar.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar, Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda yzygiderli ösýän gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we mümkinçilikleri baradaky ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar bilen kanagatlanmalaryny bildirdiler we geljekde ähli derejelerde özara bähbitli gatnaşyklary dowam etdirmegiň zerurlygyna ünsi çekdiler.
Ýurdumyzda bolmagyň çäginde Türkiýäniň Beýik Milli Mejlisiniň wekiliýeti Aşgabadyň gözellikleri bilen tanyşarlar we Mary welaýatyndaky «Gadymy Merw» Döwlet taryhy-medeni goraghanasyna baryp görerler.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder