3 Mayıs 2015 Pazar

Prezidentimiz EKSPO-2015 Bütindünýä Sergisine Gatnaşdy

3-nji maý irden Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Italiýa Respublikasyna ugrady. Aşgabat şäheriniň halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.

Hormatly Prezidentimiziň uçary birnäçe sagatdan Milan şäheriniň Malpensa howa menzilinde gondy. Uçaryň ýanynda hormatly Prezidentimizi resmi adamlar mähirli garşyladylar.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň Milli gününe bagyşlanyp geçirilýän dabara gatnaşmak üçin "EKSPO-2015" sergi toplumyna bardy.

Milanyň etegindäki meýdany 1,7 million inedördül metre barabar bolan Ro i Pero diýen ýerde  tutuş bir şäherçe emele gelip, ol dünýä möçberindäki serginiň baş ýörelgesini we "Dünýäni azyk bilen üpjün ederis:  ýaşaýyş – durmuşyň bähbidine energiýa" diýen esasy şygaryny doly şöhlelendirýär. Dünýäniň ähli yklymlaryndan sergä gatnaşýan ýurtlaryň pawilýonlarynyň üýtgeşik bezelişi we täsin binagärlik keşbi ajaýyp sergi şäherjigine gaýtalanmajak öwüşgin çaýýar. 

Biziň ýurdumyz eýýäm üçünji gezek şunuň ýaly dünýä ähmiýetli çärä gatnaşýar. Bütindünýä sergä dünýäniň 145 döwleti we halkara guramalarynyň 3-si gatnaşýar. Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistanyň Bütindünýä sergisine gatnaşmagynda ählumumy ösüşiň we rowaçlygyň çuňňur many-mazmuny bar. Milli ekspozisiýamyzyň şygarynyň "Azyk bolçulygy -- parahat ösüş!" diýlip atlandyrylmagy hem tötänden däldir. Biziň ýurdumyzyň "EKSPO-2015"  sergisine gatnaşmagynyň esasy maksady Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ykdysadyýetinde gazanylýan üstünlikleri dünýä ýaýmak, daşary ýurt döwletleri bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek, öndürilýän harytlaryň eksportuny artdyrmak bolup durýar. 

Türkmenistanyň Bütindünýä forumda ilkinjileriň biri bolup, milli gününi geçirýändigini bellemek gerek. 

1175 inedördül metr meýdanda ýerleşýän Türkmenistanyň bölümini belli  "GessСon GmbH" (Germaniýa Federatiw Respublikasy) kompaniýasy ýerine ýetirdi. Onuň özboluşly binagärlik ýörelgesi mllli äheňi hem-de öňdebaryjy tehnologiýalar bilen sazlaşykly utgaşýar. 

Türkmenistanyň bölümi örän amatly ýerleşdirildi. Onuň golaýynda Belarus Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Katar Döwletiniň, Estoniýanyň, Oman Soltanlygynyň bölümleri ýerleşýär. Çep tarapdan üç sany baýdak sütüni oturdylyp, olarda Türkmenistanyň we Italiýa Respublikasynyň, şeýle hem  "EKSPO-2015"  sergisiniň baýdaklary parlaýar. 

Pawilýonyň bezelişinde Türkmenistanyň däbe öwrülen milli, şeýle hem häzirki zaman nyşanlary öz beýanyny tapdy. Girelgäniň öňündäki meýdançada halkymyzyň baýlygy  we buýsanjy hasaplanýan ahalteke bedewiniň şekili ýerleşdirilen çüwdürim bar. Baş girelgäniň üstünde türkmen ak öýüniň agaç esasy we türkmen halysynyň dürli öwüşginli şekili ýerleşdirildi. 

Pawilýonyň daşky taraplarynyň birinde – ägirt uly LED panelinde Türkmenistanyň ajaýyp tebigaty hakynda aýdyň düşünje berýän şekil görünýär. Şeýle hem şarlawuk pawilýonyň bu böleginiň bezegi bolup durýar. 

Halkara sergi forumynyň esasy şygaryny nazara almak bilen bezelen ýurdumyzyň milli sergisi Türkmenistanyň diňe azyk bolçulygyny üpjün etmek babatda däl-de, eýsem, türkmen ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynyň gazanan üstünlikleri, taryhy-medeni mirasy, baý obasenagat we eksport kuwwaty, şeýle hem çäräniň esasy mazmuny bilen bagly bolan ekologik meselelerini çözmekde toplanan tejribe bilen hemmetaraplaýyn tanyşdyrýar. 

...Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ulag kerweni "EKSPO-2015" sergi şäherçesiniň merkezi girelgesiniň öňünde saklandy. Bu ýerde belent mertebeli türkmen myhmanyny Italiýa Respublikasynyň we Halkara sergiler edarasynyň  resmi adamlary garşylaýarlar we Türkmenistanyň milli gününiň açylyş dabarasynyň geçirilýän ýerine – dabaraly çäreleri geçirmek üçin niýetlenen ýörite pawilýona – Auditoriuma çagyrýarlar. Bu ýere Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalary, ýurdumyzyň diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy, "EKSPO-2015" serginiň guramaçylyk komitetiniň ýolbaşçylygy, şol sanda Bütindünýä serginiň Milandaky baş komissary, Italiýanyň hökümet guramalarynyň, ministrlikleriniň we edaralarynyň, bu ýurduň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we baýramçylygyň beýleki hormatly myhmanlary, şeýle hem köpsanly tomaşaçylar ýygnandylar. 

Türkmen artistleriniň gatnaşmagynda guralan konsert türkmen toýuna we şol bir wagtyň özünde häzirki zaman Türkmenistan, onuň medeniýeti we sungaty, baý taryhy we röwşen geljegi bolan ýurdumyzyň durmuşyndaky özgerişlikler we däp-dessurlar bilen has ýakyndan tanyşmaga çakylyk boldy. 

Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar we Döwlet baýdagy galdyrylýar.  

Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy mähirli garşylaýarlar, milli Liderimiz olara gutlag sözi bilen ýüzlendi.  

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bütindünýä «EKSPO–2015» sergisine gatnaşyjylary serginiň açylmagy,  şeýle hem serginiň çäklerinde geçirilýän Türkmenistanyň milli güni bilen tüýs ýürekden gutlap, onda tanyşdyrylýan ähli ýurtlar üçin uly ähmiýete eýe bolan bütindünýä sergisiniň guramaçylaryna we oňa gatnaşyjylara üstünlikli işlemegi arzuw etdi. Şeýle hem türkmen döwletiniň Baştutany  Italiýa Respublikasynyň ýolbaşçylaryna dostlukly ýurda gelip görmäge, geçirilýän Bütindünýä «EKSPO–2015» sergisine gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin minnetdarlyk bildirdi. 

Bu sergi we onuň çäklerinde geçirilýän çäreler Türkmenistanyň we Italiýanyň arasynda ähli ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar we oňat şertleri döredýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Biziň ýurtlarymyzyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary barha giň gerime eýe bolýar we ösýär diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Biziň ýurdumyzda italýan kompaniýalary netijeli işleri alyp barýarlar. Bu kompaniýalar esasan önümçilik, gurluşyk we söwda pudaklarynda amala aşyrylýan taslamalara gatnaşýarlar. 

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Bütindünýä «EKSPO–2015» sergisiniň «Dünýäni azyk bilen üpjün ederis: ýaşaýyş-durmuşyň bähbidine energiýa» diýen şygary oňa gatnaşýan döwletleriň her biriniň  ünsüni çekýär. Çünki azyk bolçulygyny döretmek milli ykdysadyýetleriň ileri tutulýan ugry we dünýäniň durnukly ösmegi bolup durýar. 

Türkmenistanyň milli sergisi «Azyk bolçulygy – parahat ösüş!» diýen şygar astynda geçirilýär. Bütindünýä sergisiniň öňe sürýän baş meselesini çözmek boýunça biziň milli sergimizde anyk teklipler hödürlener. Şol teklipleriň bolsa, daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyzda uly gyzyklanma döretjekdigine berk ynanýaryn diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. 

Türkmen milli sergisi bütin Ýer ýüzünde azyk howpsuzlygyny üpjün etmek meselesine ýurdumyzyň nähili goşant goşup biljekdigini görkezmelidir. Bu köpugurly işleriň hatarynda tebigy baýlyklary özleşdirmek, daşky gurşawy goramak, ýurdumyzyň çäginde öndürilýän ýokary hilli we ekologiýa taýdan arassa önümleri dünýä bazaryna çykarmak, arassa agyz suwuny aýawly peýdalanmak boýunça edilýän işler bar. 

Bu sergide Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gazanylan üstünlikler hem-de milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny artdyrmakda ýetilen belent sepgitler bilen içgin tanyşmak bolar. Türkmen milli sergisi ýurdumyzyň durnukly ösýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Häzirki döwürde Türkmenistan diňe bir ykdysady taýdan durnukly ösýän ýurt hökmünde däl-de, eýsem, azyk bolçulygyny döretmek meselesine işjeň gatnaşýan döwlet hökmünde hem bütin dünýäde tanalýar. Sebäbi sahawatly türkmen topragynda öndürilýän önümler hili we ýokumlylygy bilen tapawutlanýar. Ýurdumyzda öndürilýän gök we miwe önümlerinden başlap, bereketli topragymyzdan alynýan her bir önümiň ynsan saglygyna peýdalydygy ylmy taýdan ykrar edilendir diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.  

Ýurdumyzda ylmyň iň soňky gazananlaryny durmuşa ornaşdyrmak işiniň hem üstünlikli alnyp barylýandygy biziň bu aýdanlarymyza şaýatlyk edýär. Bu bolsa, öz gezeginde azyk önümleriniň hilini kesgitlemekde oňat netijeleri gazanmaga, häzirki zamanyň öňdebaryjy usullaryny özleşdirmäge we bize döwür bilen deň gadam urmaga mümkinçilik berýär. Bu sergi Türkmenistanyň bütin dünýäde azyk bolçulygyny üpjün etmäge işjeň gatnaşýandygyny we bu möhüm ähmiýetli işe mynasyp goşant goşup biljekdigini aýdyň görkezýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. 

"EKSPO-2015" serginiň baş komissary Bruno Paskuino Türkmenistanyň Liderine baý mazmunly çykyşy üçin hoşallyk bildirip, italýan tarapynyň adyndan Italiýa amala aşyrýan sapary we Bütindünýä sergisine gatnaşýandygy üçin minnetdarlyk sözlerini beýan etdi. Bu sapara Aziýa sebitinden Ýewropa sebitine  uzalyp gidýän mäkäm dostluk köprüsini bina etmekde möhüm ädim hökmünde baha berilýär. 

Häzir Türkmenistan ägirt uly ykdysady kuwwaty bolan, okgunly ösýän ýurt hökmünde tanalýar. Onuň gazanýan üstünlikleri aýdyňdyr we munuň şeýledigine türkmen sergisine gelýänler göz ýetirip bilerler. Bu ýerde Bitarap, Garaşsyz döwletiň gazanan üstünlikleri bilen giňden tanyşdyrylýar. 

Ilkinji türkmen aragatnaşyk hemrasynyň älem giňişligine çykarylmagy onuň okgunly ösüşiniň nobatdaky subutnamasy boldy diýip, Bruno Paskuino sözüni dowam etdi. Hemranyň ýeriň golaýyndaky orbita çykarylmagy ýurtda dowam edýän döwrebaplaşmagyň täze tapgyryny alamatlandyrdy. 

Şunda Türkmenistan baý taryhy-medeni mirasy bolan ýurt hökmünde tanalyp, oňa milli özboluşlylygy babatda halkyň häzirki durmuşynda möhüm ähmiýet berilýär. Aprel aýynyň ahyrynda halkara derejesinde bellenilen Türkmen bedewiniň baýramy munuň  aýdyň mysaly bolup durýar. Şol baýramçylyk dabaralarynyň barşynda milletiň Liderine ýurduň atçylygyny ösdürmäge, ahalteke bedewlerini dünýä ýaýmaga, türkmen atçylyk sportunyň abraýyny dünýä derejesine çykarmaga, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge goşan ägirt uly  goşandy üçin "Türkmenistanyň halk atşynasy" diýen hormatly at dakyldy. 

"EKSPO-2015" serginiň baş komissary milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy bu hormatly at bilen gutlap, ruhy gymmatlyklaryň we wesýetleriň nesilden-nesle aýawly geçirilýän milli medeniýetiň iň gowy däpleriniň yzygiderliligini gorap saklamakda türkmen Lideriniň  şahsy goşandyna ýokary baha berdi. Şunuň bilen baglylykda, Bruno Paskuino Türkmenistanyň Baştutanynyň agtygynyň ýetginjekleriň arasynda geçirilen at çapyşyklarynda ýeňiş gazanmagynyň simwoliki manysynyň bardygyny belledi. Şol ýaryşlaryň geçirilmeginiň özi türkmen Lideriniň milletiň medeni baýlygyna hormat goýmagyň esasynda ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemäge berýän ünsüniň nobatdaky nyşany bolup durýar.

"Dünýäni azyk bilen üpjün ederis:  ýaşaýyş – durmuşyň bähbidine energiýa" diýen esasy şygarynda öz beýanyny tapýan Bütindünýä serginiň gün tertibine geçmek bilen, "EKSPO-2015" serginiň baş komissary Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwletiň azyk bolçulygyny üpjün etmek, onuň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak babatda ýöredýän syýasaty ýurduň halkara abraýynyň berkemegine täsir edýän oňyn netijelerini berýär diýip belledi. 

Türkmenistanyň tejribesi sergä gatnaşýanlaryň hemmesini gürrüňsiz  gyzyklandyrar we onuň 2015-nji ýylyň Bütindünýä sergisine gatnaşmagy bolsa EKSPO-nyň ýyl ýazgysyna altyn harplar bilen ýazylar diýip, Bruno Paskuino belledi. Ol şeýle hem geçen ýylda Italiýa Respublikasynyň Premýer-ministriniň Türkmenistana bolan sapary hem-de şonda ýokary derejede geçirilen gepleşikler biziň ýurtlarymyzyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryna täze itergi berip, hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny açdy diýip belledi. Türkmenistanyň Italiýada ilçihanasynyň açylmagy hem berkeýän gatnaşyklaryň we olaryň uzakmöhletleýin häsiýetiniň subutnamasyna öwrüler. 

Bruno Paskuino sözüni dowam edip, 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Aziýa oýunlary barada hem durup geçdi. Bu derejeli çäre biziň ýurdumyza diňe sport dünýäsiniň iri kontinental merkezi däl-de, eýsem, halkara durmuşynyň merkezi hökmünde türkmen paýtagtynyň ylalaşdyryjylyk işinde öz diplomatik derejesini tassyklamaga mümkinçilik berýär. 

Biz Türkmenistanyň ösüşine dykgat bilen syn edýäris we siziň ýurduňyzyň gazanýan üstünliklerine guwanýarys diýip, "EKSPO-2015" serginiň baş komissary türkmen döwletiniň gazananlary köp babatda şu ýyl 20 ýyllygy bellenilýän Bitaraplygyň ýörelgelerine esaslanan netijeli daşary syýasy ugry bilen berk baglydyr diýip belledi.  Häzirki döwrüň ählumumy meselelerini çözmäge işjeň gatnaşmak bilen, Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynda şol derejäni beren Milletler Bileleşiginiň ynamyny doly ödeýär diýip, Bruno Paskuino belledi. 

"EKSPO-2015" serginiň baş komissary arheologiýa babatda iki ýurduň hyzmatdaşlygynda türkmen halkynyň medeni mirasy baradaky meselä gaýdyp gelmek bilen, italýan alymlary köp wagtdan bäri Türkmenistanda netijeli işläp, dünýä belli taryhy ýadygärlikleriň we gadymy şäherleriň çäklerinde gazuw-agtaryş işlerini geçirýärler, öz açyşlary bilen diňe milli mirasy däl-de, eýsem, umumydünýä mirasyny hem baýlaşdyrýarlar diýip belledi. Şonuň üçin biziň hyzmatdaşlygymyzyň geljegi uludyr diýip, Bruno Paskuino Türkmenistanyň Baştutanynyň Italiýa şu saparynyň we türkmen wekiliýetiniň Milanda geçirilýän Bütindünýä sergisine gatnaşmagynyň hem ikitaraplaýyn netijeli gatnaşyklary dürli ugurlar boýunça ösdürmekde aýdyň waka we möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi. 
  
Milanda geçirilýän Bütindünýä sergisinde ýurdumyzyň Milli güni mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlag sözleri aýdyldy. Ol global meseleleriň bilelikdäki çözgüdini tapmak üçin  uly meýdança öwrüler. Şunda Türkmenistanyň we onuň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň adam siwilizasiýasynyň durnukly we howpsuz ösüşiniň ileri tutulýan ugurlarynda halkara tagallalaryny birleşdirmekde möhüm orny bellenildi. 
 
Soňra döwlet Baştutanymyz Italiýa Respublikasynyň  we Halkara sergiler edarasynyň resmi wekilleri bilen bilelikde Türkmenistanyň milli bölümine bardylar. Bu ýerde ähli zat dabaraly çärä taýýar edildi. Pawilýonyň öňýanyndaky meýdança düzümine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, käbir ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, belli medeniýet we sungat, ylmy işgärler, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň işgärleri giren köpsanly türkmen wekiliýetiniň agzalary, şeýle hem  "EKSPO-2015"-iň guramaçylyk komitetiniň, Italiýanyň işewür toparlarynyň, türkmen we italýan habar beriş serişdeleriniň wekilleri ýygnandylar. 

Bu ýere ýygnananlar döwlet Baştutanymyzy ägirt uly joşgun bilen garşyladylar. Milli lybasly gyzlan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ajaýyp gül desselerini gowşurdylar. 

Türkmenistanyň bölüminiň baýramçylyk lybasyna beslenen meýdançasynda ýurdumyzyň döredijilik-etnografik toparlarynyň, medeniýet we sungat ussatlarynyň dürli öwüşginli çykyşlary ýaýbaňlanýar. Milli lybaslara beslenen türkmen artistleriniň ýerine ýetirijilik ussatlygy, EKSPO şäherjigiň çäklerine ýaň salan joşgunly aýdym-sazlar dabaranyň myhmanlarynda we köpugurly sergä gelenlerde uly täsir galdyrdy. 

Döwlet Baştutanymyz binanyň içine girýär we milli sergini gözden geçirip başlaýar. Bu ýerde ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň 40-dan gowragy hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi Türkmenistanyň üstünlikleri bilen tanyşdyrýarlar. Türkmen bölüminde täze tehnologiýalaryň we multimediýa enjamlarynyň, ýörite LED panelleriniň giňden ulanylmagy netijesinde bu ýere gelýänler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen ynamly gadam urýan   Türkmenistan, onuň ykdysady we medeni mümkinçilikleri, ileri tutulýan ugurlary we geljegi hakynda doly maglumat alyp bilýärler.   

Her biriniň meýdany 575 inedördül metre barabar bolan üç gatdan ybarat pawilýonyň merkezinde sergä gelýänlere Türkmenistan, onuň geçmişi we şu güni bilen gyzykly tanyşlyk garaşýar. Bu ýerde gözelligi boýunça deňi-taýy bolmadyk elde dokalan türkmen halylaryny görmek bolýar. Biziň halkymyz köp asyrlaryň dowamynda haly dokamagyň usulyny aýawly saklap, kämil görnüşde şü güne çenli ýetirdiler. 
Türkmen halkynyň milli buýsanjy, onuň dünýä ähmiýetli çeper gymmatlyklaryň genji-hazynasyna uly goşant bolmak bilen, türkmen halylary dünýäni haýran galdyrmagyny dowam edýär. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pawilionyň içine girýär. Bu ýerde türkmen Liderine we serginiň myhmanlaryna dabaralary çäreleri guramak we bezemek babatda ýöriteleşen türkmen telekeçileri tarapyndan taýýarlanan multemidiýaly dürli öwüşginli şüweleň görkezilýär. Ol  ýörite ekranda Ýer şarynyň we Türkmenistanyň kartasynyň şekillerinden başlanýar, olary ýurdumyzyň döwlet nyşanlary bolan ýaşyl baýdagymyzy we tugramyz çalyşýar. "Türkmenistana hoş geldiňiz!" we "EKSPO-2015" diýen sözler bilen ýurdumyz bilen tanyşlyk başlanýar. Gadym döwürlerden bäri türkmen topragynda ösüdirilip ýetişdirilýän ak bugdaýyň sümmülleri we eli mukaddes nanly gyz ýurdumyzyň azyk bolçylygyny alamatlandyrýar. Munuň özi milli pawilionyň şygarynyň esasy ýörelgesini beýan edýär.

Türkmen halysynyň gölleriniň görnüşindäki lazer gologrammasy ýurdumyzyň bäş welaýatyny alamatlandyrýar. Ak kepderiler bolsa milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň durmuşa geçirýän  parahatçylyk we döredijilik syýasatynyň nyşany bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, şu ýyl ýurdumyz üçin şanly waka—türkmen döwletiniň oňyn bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 20 ýyllygyna beslendi. Bu mowzuk hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edilen 2015-nji ýylyň nyşanynda öz beýanyny tapdy.

Dürli öwüşginli şüweleň "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň naşynynyň görkezilmegi bilen dowam edýär. Bu ýerde halkara derejesindäki dynç alyş merkezi kemala gelýär. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasynyň çäklerinde Aşgabat şäherinde soňky ýyllarda gurlan, ak mermerli paýtagtymyzyň döwrebap binalarynyň şekilleri  yzygiderli görkezilýär. Görkezilen desgalaryň köpüsi Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Bu tanyşdyrmada 2017-nji ýyla Aşgabat şäherinde geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça  Aziýa oýunlary hem öz beýanyny tapdy.

Multimediýaly şüweleň dünýä belli ahalteke bedewleriniň şekili bilen tamamlanýar. Olar döretmegiň we abadançylygyň ýoly bilen öz lideriniň ýolbaşçylygynda ynamly gadam urýan ýurdumyzyň okgunly ösüşini alamatlandyrýar. Hormatly Prezidentimiz  Gurbanguly Berdimuhamedowyň "Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!" diýen sözleri bolsa jemleýji pursada öwrülýär. Multimediýaly  lazer şüweleňi belli türkmen sazlary bilen utgaşdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz we myhmanlar milli  ekspozisiýamyz bilen tanyşdylar. Onda okgunlylygy we sazlaşygy şöhlelendirýän türkmen ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň önümleri görkezilýär. Türkmenistanyň gazanan uly üstünlikleri ozaly bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çuňňur oýlanyşykly, ylmy taýdan esaslandyrylan ykdysady strategiýasy netijesinde mümkin boldy. Milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, onuň durnuklylygyny üpjün etmek, ýurdumyzyň dünýä hojalyk ulgamyna işjeň goşulmagy  onuň esasy maksatlary bolup durýar. Şunda  önümçilik pudaklarynyň ösüşini höweslendirmegiň, ägirt uly tebigy baýlyklary netijeli peýdalanmagyny we ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna durmuş-ykdysady ösüşiň ähli mümkinçilikleri işjeň amala aşyrylýar.

Sergi bilen tanyşlyk Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň eksponatlaryndan  başlandy. Onuň diwarlygynda ýokary çap usulynda ýerine ýetirilen neşir önümleriniň uly sanawy bar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplary we düýpli işleri onda esasy orun eýeleýär. Bu ýerde şeýle hem Türkmenistan, onuň gadymy taryhy, özboluşly medeni däpleri we şu gün hakynda gürrüň berýän fotoalbomlar, türkmen nusgawy şahyrlarynyň goşgularynyň ýygyndylary, okuw kitaplary, žurnallar, çeper edebiýat we beýlekiler görkezilýär.

Soňra Türkmenistanyň Baştutany we hormatly myhmanlar   Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar minisitrliginiň, Azyk senagaty döwlet birleşiginiň we "Türkmengallaönümleri" döwlet birleşiginiň diwarlyklary bilen tanyşdylar. Olarda Bütindünýä serginiň esasy mowzugy giňden beýan edildi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda oba hojalygyny ösdürmek, ýer we suw serişdelerini rejeli peýdalanmak boýunça netijeli çäreler amala aşyrylýar.

Halkara ölçeglerine laýyk gelýän we dünýä bazarlarynda uly islege eýe bolan önümleriň täze görnüşlerini çykarýan önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak, olaryň ýokary tehnologik önümçiligini döretmek boýunça giň gerimli taslamalary durmuşa geçirmek üçin ägirt uly maýa goýumlary gönükdirilýär.  Ýurdumyzyň her bir welaýatynda oba hojalyk önümleriniň lomaý we bölek söwdasyny ýola goýmak, eýeçiligiň dürli görnüşindäki hojalyklarda gök, bakja we miwe taýýarlamak boýunça oba senagat birleşikleri hereket edýär.

Bu gün ýurdumyzda geçirilýän uly işler netijesinde ýerli çig malyň esasynda et, süýt, gök-miwe, ýag, çakyr-arak we alkogolsyz önümleriň, çörek-bulka, aş we süýji-köke önümleriniň hem-de çagalar iýmitiniň we azyk harytlarynyň dürli görnüşleri öndürilýär. Ýeri gelende aýtsak, ýurdumyzyň azyk senagatynyň önümleri daşary ýurtly sarp edijilere hem giňden mälimdir.

Türkmen kärhanalarynyň ýokary hilli azyk harytlarynyň sanawyna konserwirlenen gök miwe önümleri, tebigy şireler, içgiler, süýji köke önümleri girýär. Olaryň ýokary hili, konserwantlaryň bolmazlygy we diňe ekologik taýdan arassa çig malyň ulanylmagy, şeýle hem ähli önümleriň halkara bäsleşiklerinde köp sanly baýraklara mynasyp bolmagy görkezilen harytlaryň tapawutly aýratynlygy bolup durýar. Bu bölümde şeýle hem balyk önümleri görkezilýär.

Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow italýan wekiliýetiniň agzalaryna halkara sergileriniň diplomlaryna ençeme gezek mynasyp bolan türkmen çakyrlaryndan we konýaklaryndan dadyp görmegi teklip edýär. Myhmanlar gyzyl çakyrdan dadyp, onuň tagamyna haýran galdylar. Italiýa Respublikasynyň Bilim ministriniň belleýşi ýaly, olar hili boýunça ajaýyp italýan çakyrlaryndan birjik-de kem däldir. 

Diwarlyklaryň birinde "Türkmengallaönümleri" döwlet birleşiginiň kärhanalarynda öndürilýän çörek we aş önümleriniň dürli görnüşleri bilen tanyşdyrylýar. Döwlet Baştutanymyz bu ekspoziýanyň ýanynda saklanyp, türkmen çöregi – gadym döwürlerden bäri tamdyrda bişirilýän çörek hakynda gürrüň berdi. Italýan wekliýetiniň agzalary öz gezeginde görkezilen çörek önümleriniň biriniň Italiýada hem bişirilýändigini aýtdylar. 

"EKSPO-2015"-de ýurdumyzyň hususy telekeçileri we önüm öndürijileri hem öz mümkinçiliklerini görkezýärler. Olar häzirki wagtda milli ykdysadyýetimiziň döwlete degişli däl ulgamynyň uly mümkinçiligini durmuşa geçirmekde möhüm orun tutýar. Döwlet tarapyndan oba hojalygyndan we azyk pudagyndan başlap, gurluşyga çenli dürli ugurlarda ýöriteleşýän kiçi we orta telekeçiliginiň wekillerini goldamak işine uly üns berilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän telekeçilik başlangyçlaryny goldamak we höweslendirmek boýunça maksada gönükdirilen çäreleriň netijesinde Türkmenistanda her ýylda hususy önüm öndürijileriň sany barha artýar. 

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň şu ýerdäki gurnalan bölümi hem muňa aýdyň şaýatlyk etdi. Onda miwe suwlarynyň  dürli görnüşleri, süýji-köke we beýleki önümler, türkmen topragynda ösdürilip ýetişdirilýän gök, miwe, bakja önümleri görkezilýär. 

Haly önümleri görkezilen diwarlyk serginiň myhmanlarynda aýratyn gyzyklanma döretdi. Sergä gatnaşyjylaryň hatarynda halyçylyk we tikin önümçiligi, şol sanda döwrebap milli lybaslary tikmek, şeýle hem sowgatlyklary taýýarlamak bilen meşgullanýan  hususy telekeçiler bar. Italiýanyň wekiliýetiniň agzalary zenanlaryň milli lybaslaryna haýran galyp, olary biçüw aýratynlyklary bilen gyzyklandylar. 

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň gymmatlyklary sergä gelýänleri türkmen halkynyň baý medeni mirasy we gadymy taryhy bilen tanyşdyrýar. Bu ýerde muzeý gaznalaryndan bolan owadan zergärçilik bezegleriniň, milli lybaslaryň, türkmen halylarynyň we haly önümleriniň ajaýyp toplumy görkezilýär. Monitorlarda ýörite taýýarlanan filmler görkezilýär. Olar Türkmenistanyň taryhy medeni gözellikleri, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasy sanawyna girizilen dünýä belli ýadygärlikler bilen tanyşdyrýar.

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Gymmat bahaly metallar we daşlar komitetiniň diwarlygy hem uly gyzyklanma döredýär. Onda "Türkmenaltyn" kärhanasynyň önümleriniň we milli bezeg şaý-sepleriniň nysgalary görkezilýär.

"Türkmen atlary" döwlet birleşiginiň bölümi şöhraty mähriban topragymyzyň çäklerinden baryp uzak döwürler mundan öň alyslara aşan bütin dünýä belli meşhur "behişdi bedewlere" bagyşlanypdyr. Bu ýerde şeýle hem kökleri müňýyllyklaryň çuňlyklara siňip gidýän gadymy milli atçylyk däpleri bilen, atlar üçin kümüşden we altyndan ýasalan şaý-sepler bilen tanyşmak bolýar. Şeýle hem bu ýerde saýlama ahalteke bedewleriniň tohumlaryndan bolan Polatlynyň, Ýanardagyň, Fakirpälwanyň we Garlawajyň şekilleri beýan edilen çeper surat eserleri goýlupdyr.

Soňra milli Liderimiz we ýanyndaky wekiliýet agzalary pawilýonyň ikinji gatyna çykýarlar. Bu ýerde esasy ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ekspozisiýalary bilen tanyşlyk dowam etdi. 

Köpugurly sergide görkezilýän harytlaryň sanawynda Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynyň eksport ugurly önümleri aýratyn orun tutýar. Häzir Türkmenistan dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanylýan dokma önümlerini öndüriji iri ýurt derejesine ynamly eýe boldy.

Gadymy döwürlerde türkmen taýpalarynyň ýüpekden we ýüňden ajaýyp matalary we lybaslary taýýarlandyklaryny bellemek gerek. Goýunlaryň, geçileriň, düýeleriň ýüňlerinden dürli matalar, halylar, palaslar taýýarlanypdyr. Häzirki döwürde bu pudagyň iň döwrebap enjamlar we ekologiki taýdan arassa öňdebaryjy tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan kärhanalary ýokary hilli önümleriň giň görnüşlerini öndürýär. Ýurdumyzyň sergi bölümlerinde dokma senagatynyň kärhanasynyň çykarýan dürli önümleri, şol sanda senagat önümçiligi üçin pagta ýüplüginiň nusgalary, matalaryň dürli görnüşleri, ýüpekçilik üçin pile görkezilipdir. Önümleriň hatarynda, şeýle hem trikotaž, jinsi we tüýjümek matalardan dokalan taýýar önümler, ýorgan-düşek daşlyklary, şeýle hem lukmançylyk önümleri bar. 

Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Italiýanyň Bilim ministri Stefani Jianninä milli ýüpek ýaglygyny – elde dokalan gyňajy gowşurdy. Hanym Jiannini ajaýyp sowgat üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, milli däplerini saklap gelen türkmen dokmaçy zenanlarynyň ukyp-başarnyklaryna we zehinlerine haýran galýandygyny aýtdy. 

Italiýanyň Bilim ministrine şeýle hem don gowşuryldy, "EKSPO-2015" serginiň baş komissary Bruno Paskuinä hem-de Halkara sergiler edarasynyň baş sekretary Wisente Lossertalese milli lybaslar--don we telpek sowgat berildi. 

Ekspozisiýalaryň bölümleriniň biri Türkmenistanyň saglygy goraýşynyň we derman senagatynyň ösdürilişine bagyşlanypdyr. Bu ministrligiň bölümi döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan hem-de derman önümleriniň dürli görnüşlerini, bejeriş suwlaryny, bejeriş palçyklaryny we deňiz duzlaryny, ýod taýajyklaryny we ýod galamjyklaryny we beýlekileri çykarýan önümçilik kärhanalarynyň giň görnüşli önümlerini görkezýär. Görkezilýän önümleriň ählisiniň ýerli çig malyň peýdalanylmagy bilen taýýarlanylýandygyny bellemek möhümdir. 

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň  "Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri" atly düýpli ylmy işinde dermanlyk ösümlikleriň ählisiniň bejeriş häsiýetleri beýan edilendir. Döwlet Baştutanymyzyň köpjiltli neşiriniň kitaplarynda milli lukmançylyk mirasy barada giňişleýin maglumatlar getirilýär, dermanlyk ösümlikleriniň bejeriş häsiýetleri, olary ylmy we halk lukmançylygynda peýdalanmak mümkinçiligi jikme-jik beýan edilýär. Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň ekspozisiýasynyň bir bölegini türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikleriniň esasynda öndürilýän bejeriji fito-çaýlar tutýar.

Döwlet Baştutanymyz diwarlyk bilen tanyşdyryp, Türkmenistanyň ösümlik dünýäsi örän baýdyr diýip belledi.  Ýurdumyzyň çäklerinde ösümlikleriň 3550 görnüşi ösýär, aýratyn hem Köpetdag we Köýtendag goraghanalarynyň daglyk ýerleri ösümliklere baýdyr. Olarda ýabany dermanlyk ösümlikleriniň 1600-den gowrak görnüşi hasaba alnyp, şolardan 330-sy endemikidir. Milli Liderimiz sözüni dowam edip, buýan köküniň bejeriş häsiýetleri we onuň esasynda taýýarlanýan dermanlaryň dürli görnüşleri hakynda gürrüň berdi. 

Ozal bellenilişi ýaly, depginli ösýän türkmen ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň mümkinçilikleri we önümleri bütin aýdyňlygy bilen beýan edilýär. Oňa gatnaşyjylaryň arasynda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň we himiýa senagatynyň düzüm bölümleri, şol sanda "Türkmengaz", "Türkmennebit", "Türkmenhimiýa" döwlet konsernleri, "Türkmengeologiýa" döwlet korporasiýasy, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy bar. 

Türkmenistan uglewodorod çig malynyň ägirt uly gorlaryna eýe bolup,  olar ýurdumyzyň dünýäniň esasy energetika döwletleriniň biri hökmünde ykrar edilmeginiň şerti bolup durýar. Häzir nebitgaz pudagy ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň esasyny düzýär. Uglewodorodlary gözlemek we çykarmak, nebitgazy gaýtadan işlemekden alynýan  önümleriň hilini we görnüşlerini artdyrmak bilen bir hatarda Türkmenistanyň maýa goýumlarynyň agramly bölegi gaýtadan işleýän kuwwatlyklary, düzümi döwrebaplaşdyrmagyň hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary we ylmyň soňky gazananlaryny we innowasiýalary ornaşdyrmagyň paýyna düşýär. 

Soňra milli Liderimize we dabara gatnaşyjylara ikinji gatda ýerleşýän 5-D kinoteatrynda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan, suw gorlaryny netijeli we aýawly peýdalanmaga, tebigy baýlyklara aýawly garamaga, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen maksatnamalar hakynda gürrüň berýän film görkezildi. 

Sergi bilen tanyşlyk Senagat ministrliginiň diwarlygynyň ýanynda dowam etdi. Bölüm bu pudagyň kärhanalarynda çykarylýan hem-de ýurdumyzyň köpsanly täze gurluşyklarynda uly isleg bildirilýän ýokary hilli gurluşyk materiallarynyň dürli görnüşlerini görkezýär.

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň, Deňiz we derýa 
ulaglary döwlet gullugynyň, Awtomobil ulaglary ministrliginiň, "Türkmenawtoýollary" döwlet konserniniň, Demir ýol ulaglary ministrliginiň, "Türkmenhowaýollary" döwlet milli gullugynyň bölümlerinde ulag-aragatnaşyk pudagynyň tutuş keşbi açylýar. Bu bölümiň eksponentleriniň biri Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Milli kosmos agentligi boldy. Mälim bolşy ýaly, ýakynda biziň ýurdumyz kosmos ýurtlarynyň hataryna goşuldy. Kanaweral burnundaky badalga meýdançasyndan Türkmenistanyň "TürkmenÄlem 520 E" ilkinji hemrasy uçuryldy. Aragatnaşygyň häzirki zaman ulgamynyň üpjün edilmegi türkmen döwletiniň has-da ösdürilmegine, ýurdumyzyň halkara derejesinde abraýynyň pugtalandyrylmagyna ýardam etmäge göönükdirilendir.

Türkmenistanda syýahatçylyk ulgamy hem öz ösüşinde täze depgine eýe boldy. Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň bölümi häzirki wagtda ýurdumyzda syýahatçylyk pudagyny ösdürmek, şol sanda Hazar deňiziniň kenar ýakasynda dünýä derejeli dynç alşyny-"Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny döretmäge degişli taslamany üstünlikli durmuşa geçirmek babatdaky amala aşyrylýan uly möçberli taslamalar bilen tanyşdyrýar. Bu ýerde ýurdumyzyň çäklerinde ýerleşen täsin taryh-medeni we tebigy ýadygärlikler barada maglumatlary alyp bolýar.

Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň bölüminde halkara derejeli abraýly ýaryşlarda türkmen türgenleriniň gazanan baýraklar toplumlary ünsüňi çekýär. Bedenterbiýäni we sporty ösdürmek meseleleri döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Ýurdumyzda hemme zerur şertler we düzümler döredildi. Oňa özüniň goldawy we ünsi bilen türkmen ýaşlaryny sport üstünliklerine ruhlandyrýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça  Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bina edilen iň döwrebap sport toplumlary girýär. Paýtagtymyzda gurulýan Olimpiýa şäherçesi Türkmenistanyň täze belentliklere we üstünliklere ymtylyşynyň nyşanyna öwrüldi. Ol ýerde 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlary geçiriler. 

Türkmenistanyň oba hojalyk toplumyna Döwlet maldarçylyk birleşigi, "Türkmenpagta" döwlet konserni, "Türkmengallaönümleri" döwlet birleşigi wekilçilik edýärler. Bu edaralaryň bölümleri ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň esasy pudaklarynyň biriniň üstünlikleri bilen tanyşdyrýar.

"EKSPO-2015"-de Türkmenistanyň birleşdirilen ekspozisiýasy üçin öz bölümini Gurluşyk we binagärlik ministrligi hem taýýarlapdyr. Bu ýerde gurnalan monitorlarda ak mermerli türkmen paýtagtynyň hem-de welaýat merkezleriniň häzirki zaman keşbi – ajaýyp binalar, dolandyryş edaralary, belent gatly ýaşaýyş jaýlary, lukmançylyk, söwda we işewüplik merkezleri, durmuş-medeni ähmiýetli desgalar görkezilýär. Ilkinji nobatda, hiliň ýokary ülňüleri, milli binagärçiligiň öwüşginlerini özünde jemleýän döwrebap bezegler, sazlaşyk we amatlylyk ýurdumyzda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn şähergurluşyk maksatnamasynyň esasy ugurlary bolup durýar. Onuň ýene-de bir möhüm ýörelgesi Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýan ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegidir. 

Tebigaty goramak ministrliginiň bölümi ýerasty baýlyklaryny, suw serişdelerini peýdalanmak we goramak, daşky gurşawy goramak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek babatda döwlet syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyrýar. Bu ýerde Türkmenistanyň ösümlik we haýwanat dünýäsi barada  hem maglumat alyp bolýar. 

Soňra türkmen Lideri we myhmanlar üçünji gata çykýarlar. Ol ýerde açyk asmanyň astynda däp bolan ak öýüň ýanynda türkmen bagşy-sazandalarynyň çykyşy ýaýbaňlandy. Açyk asmanyň astynda olaryň ýerine ýetiren halk aýdym-sazlary sergide Türkmenistanyň bölüminiň açylyşynyň özboluşly aýdym-sazly öwüşginine öwrüldi.

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Modalar öýüniň hem-de "Gülzaman" salonynyň iň oňat hünärmenleriniň işläp taýýarlan ajaýyp milli lybaslarynyň toplumlarynyň owadan görkezilişi biziň ýurdumyzyň umumy ekspozisiýasynyň sazlaşykly üstüni ýetirdi. Türkmen dizaýnerleriniň işiniň abraýly, şol sanda ýewropaly moda bilermenleriniň birnäçe gezek ýokary bahasyna mynasyp bolandygyny bellemek gerek. Milan şäheriniň dünýä modasynyň paýtagty bolup durýandygyny göz öňünde tutanyňda bolsa, matalaryň dürli görnüşlerinden ýerine ýetirilen owadan egin-eşiklere—ýokary hilli ýüpekden-keteniden, şifondan, pombarhdan, ýuka matadan, atlazdan peýdalanylyp taýýarlanylan milli nagyşly ajaýyp lybaslara moda işewürliginiň bilermenleri tarapyndan mynasyp baha berler. Moda görkezilişi meşhur türkmen aýdymçylarynyň, sazandarlarynyň çykyşlary bilen utgaşdy. 

Türkmen pawilýonynyň zalynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň "Sifal" fransuz kompaniýasynyň ýolbaşçysy jenap Žil Remi bilen duşuşygy boldy. 

Milli ekspozisiýa bilen tanyşlyk tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimize Bütindünýä serginiň nyşany dokalan haly görkezildi. 

Soňra hormatly Prezidentimiz Italiýa Respublikasynyň resmi adamlary bilen bilelikde   Italiýanyň sergi bölümine tarap ugradylar.  Bu ýerde türkmen Lideri dostlukly ýurduň sergisi bilen tanyşdy.

Italiýanyň pawilýony ondaky görkezilýän eksponatlar bilen deňeşdireniňde desga hökmünde üns bermäge mynasypdyr. Ekologiýa inžiniringiniň bu ajaýyplygy "şäher tokaýy" görnüşinde taslanypdyp: ýüpek pilelerinden täsin örülen görnüşdäki bu ajaýyp bina gün batareýleriniň panellerinden aýnaly gümmeziň kömegi bilen energiýa öndürýär. Mundan başga-da ony örtmekde fotokatalitik sement peýdalanylypdyr. Oňa günüň şöhlesi düşünde howany hapalaýjylary tutýar hem-de olary inert duzlaryna öwrüp, howany arassalaýar.  

Pawilionyň nyşany—Italiýanyň baýdagynyň reňki bilen reňklenen özboluşly şine. Ol nahalhana pikirini, diýmek, ýaşlygy we geljegi alamatlandyrýar. Pawilion şonuň ýaly hem atlandyrylýar—"Italiýanyň nahalhanasy". Binagärlik taslamasynyň esasynda "ömrüň daragty" diýen pikir goýuldy. Alty gatly pawilionyň meýdany 13 müň inedördül metr bolup onda sergi meýdançalary, maslahat zaly, tomaşaçylar zaly, gepleşikler otaglary we gulluk-edara otaglary ýerleşdirilipdir. 
 "EKSPO-2015" tamamlanandan soň bu sergi toplumy tehnologik innowasiýalar merkezine öwrüler. 

Şu gün agşam, Bütindünýä "EKSPO–2015" sergisine baryp görmek maksatnamasy tamamlanandan soň, türkmen döwletiniň Baştutany Milan şäheriniň howa menziline ugrady. Şol ýerdeň Italiýa Respublikasynyň paýtagty Rim şäherine uçdy. 

Rimiň howa menzilinde Türkmenistanyň Prezidentini resmi adamlar garşyladylar. Milli Liderimiz bu ýerden sapar wagty özi üçin bellenilen, "Westin Exeelsior" kaşaň myhmanhanasynda ýerleşen kabulhanasyna tarap ugrady. 
 
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Italiýa Respublikasyna iş sapary dowam edýär.

***

Bütindünýä "EKSPO –2015" sergisinde Türkmenistanyň milli güni mynasybetli dabaralar türkmen aýdymçylarynyň we sazandalarynyň, şeýle hem ýurdumyzyň tans toparlarynyň joşgunly çykyşlary bilen dowam etdi. 

Umuman, Türkmenistanyň bu forumyna gatnaşmagy oktýabr aýyna çenli dowam edip, ol milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ösüşler ýoly bilen ynamly ädimler bilen öňe barýan hem-de dünýä hojalyk aragatnaşyklarynyň ulgamyna işjeň goşulyşýan biziň ýurdumyza dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ägirt uly gyzyklanma bildirilýändiginiň nobatdaky ajaýyp tassyknamasy bolup durýar. 

 

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder