8 Mayıs 2015 Cuma

Nýu-Ýorkda “Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygy” rezolýusiýasynyň awtordaşlarynyň duşuşygy

2015-nji ýylyň 4-nji maýynda Nýu-Ýorkda BMG-niň ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky “Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygy” atly №50/80А rezolýusiýasynyň awtordaşlarynyň duşuşygy, şeýle-de “Türkmenistanyň Bitaraplygy: parahatçylygy we durnuklylygy saklamagyň 20 ýyllyk tejribesi” atly brifing geçirildi.

Çärä 1995-nji ýylyň rezolýusiýasynyň 24 sany awtordaş-ýurtlarynyň wekiliýetleri, bitaraplyk derejesiniň halkara ykrarnamasyna eýe bolan, şeýle hem milli derejede bitaraplyk syýasatyny alyp barýan döwletler, BMG-niň agza-döwletleriniň wekilleri, BMG-niň Syýasy departamentiniň bilermenleri gatnaşdylar. 

Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan syýasy-diplomatik gatnaşyklarynyň we öňüni alyş diplomatiýasynyň gurallarynyň ösdürilmegine, şeýle-de bitaraplyk derejesine eýe bolan ýurtlaryň daşary syýasat mümkinçilikleriniň häzirki zaman nusgalarynyň işlenilip düzülmegine aýratyn üns berildi.  

Türkmenistanda “Bitaraplyk we Parahatçylyk ýyly” diýlip yglan edilen 2015-nji ýylyň dowamynda şeýle duşuşyklary yzygiderli esasda geçirmek hakynda karara gelindi. Ara alyp maslahatlaşmalaryň jemlerini BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy we 70-nji sessiýalarynyň resminamalaryny düzmekde ulanmaklyk meýilleşdirilýär.  


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder