Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň dört aýynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň jemleri jemlendi, şeýle hem döwlet maksatnamalaryny mundan beýläk-de durmuşa geçirmegiň ileri tutulýan wezipelerine, birnäçe resminamanyň taslamalaryna we içeri we daşary syýasatyň beýleki möhüm meselelerine garaldy, ýakyn geljek üçin meýilnamalar kesgitlenildi.
Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp we onuň gün tertibini yglan edip, Ministrler Kabinetiniň Bşlygynyň orunbasary A.Goçyýewe söz berdi.
Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň gün tertibini yglan edip, ilki bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýewe söz berdi.
Wise-premýer ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň hasabat döwründäki makroykdysady görkezijileri barada hasabat berip, giň möçberli özgertmeler maksatnamasyny, şol sanda “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýylarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň mksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek üçin alnyp barylýan giň möçberli çäreleriň netijesinde milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda ýokary netijeleriň gazanylandygyny habar berdi.
Geçen ýylyň degişli döwrüi bilen deňeşdirilende, 2015-nji ýylyň dört aýynda jemi öndürilen önümiň ösüş depgininiň 109,1 göterime deň bolandygy, bölek satuw haryt dolanyşygynyň geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda 18,5 göterim artandygy bellenildi.
Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna şu döwürde özleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň möçberiniň jemi içerki önüme bolan gatnaşygynyň 37,1 göterim möçberde emele gelendigi bellenildi.
"Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň" durmuşa geçirilişiniň barşy barada hasabat bermek bilen, wise-premýer şu ýylyň dört aýynda ýurdumyzda özleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň möçberiniň 11,5 milliard manada deň bolandygyny, bu görkezijiniň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirlende 107,1 göterime barabar bolandygyny belledi.
Şeýle hem hasabat döwründe ýurdumyzyň Döwlet býujetiniň üstünlikli ýerine ýetirilendigi barada habar berildi. Ýurdumyzyň esasy maliýe meýilnamasynyň girdeji bölegi 103,2 göterim, çykdajy bölegi bolsa 90,8 göterim berjaý edildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende otaça aýlyk haky 9,5 göterim ýokarlandy.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Türkmenistanda iş üpjünçilik ulgamyny kämilleşdirmegiň hem-de täze iş orunlaryny döretmegiň 2015-2020-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny tassyklamak hakyndaky” Kararyň taslamasy hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, maliýe-ykdysady ulgamyň edaralarynyň işine täze çemeleşmelere we usullary işjeň ornaşdyrmagyň möhümdigini belledi we bu babatda haýal-ýagallyga ýol berýändigi üçin wise-premýeriň işine nägilelik bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz milli ýkdysadyýetimizi diwersifikasiýa esasda ösdürmäge, ýokary tehnologiýaly senagata esaslanýan gaýtadan işleýän düzümiň döwrebaplaşdyrylymagyna gönükdirilen wezipeleriň öz wagtynda ýerine ýetirilişine yzygiderli gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Milli Liderimiz “Türkmenistanda iş üpjünçilik ulgamyny kämilleşdirmegiň hem-de täze iş orunlaryny döretmegiň 2015-2020-nji ýyllar üçin maksatnamasyny tassyklamak hakyndaky” Karara gol çekip, bu maksatnamanyň durmuş babatda aýratyn ähmiýete eýedigini nygtady we ony iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin zerur çäreleri görmegi talap etdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow gözegçilik edýän ulag-aragatnaşyk ulgamynda şu ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Wise-premýer hasabat döwründe ulag-aragatnaşyk toplumy boýunça ýük daşamak, ýolagçy gatnatmak we aragatnaşyk hyzmatlarynyň meýilnamasynyň 113,8 göterim ýerine ýetirilendigini we ösüş depgininiň 117,5 göterime barabar bolandygyny habar berdi. Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 114,7 göterime barabar boldy. Şeýle hem içerki demir ýollary, inžener-tehniki desgalary, şol sanda demir ýol geçelgelerini döwrebaplaşdyrmak boýunça netijeli işleriň geçirilýändigi aýdyldy.
Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 139,6 göterime deň boldy. Bu görkeziji ýük daşamakda 101,9 göterim, ýolagçy gatnatmakda 100,8 göterim üpjün edildi.
Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi boýunça ýanwar-aprel aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 107,8 göterime barabar boldy. Şu döwürde ilatymyzyň aragatnaşyk hyzmatlaryna isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, ýurdumyz boýunça 202,7 müň, şol sanda 189 müň öýjükli belgi, 4,7 müň radiotelefon belgi we 9 müň ýerli telefon nokady gurnalyp, meýilnama 2,4 esse ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, 832 telefon belgilik beketler gurnaldy we 815,7 kilometr aragatnaşyk ulgamy çekildi.
“Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugy boýunça ýerine ýetirilen awiahyzmatlaryň ösüş depgini 120,4 göterime barabar boldy. Bu görkeziji ýük daşamakda 106,6 göterim, ýolagçy gatnatmakda bolsa 100 göterim üpjün edildi. Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 130 göterime barabar boldy.
Hasabatyň çäklerinde Türkmenistanyň ilkinji “TürkmenÄlem 52oE” aragatnaşyk hemrasynyň älem giňişligine çykarylmagy bilen baglylykda, tapgyrlaýyn geçirmek göz öňünde tutulýan işler barada hem habar berildi. Hususan-da, birnäçe günüň dowamynda emeli hemra geostasionar orbitanyň gündogar uzaklygynyň 52o nokadyna ýeter. Şu günleriň dowamynda Koreýa Respublikasynda, Fransiýada, ABŞ-da we Italiýada ýerleşýän ýerüsti dolandyryş stansiýalarynyň birnäçesiniň kömegi bilen emeli hemra gije-gündiziň dowamynda yzygiderli gözegçilik ediler.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, şu ýylyň bary-ýogy dört aýynyň geçendigine garamazdan, bu döwrüň ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýetli wakalara örän baý bolandygyny belledi. Mälim bolşy ýaly, şu ýyl Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilenine we «Saglyk» döwlet maksatnamasynyň kabul edilmegine 20 ýyl dolýar. Şoňa görä-de, şu ýyl şanly baýramlara we möhüm ähmiýetli wakalara baý ýyl hökmünde eýýäm taryha girdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Lidermiz üstümizdäki ýylda Mary şäheriniň hem türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilendigini aýtdy. 2015-nji ýylda köp sanly iri durmuş-ykdysady maksatly binalar we desgalar hem gurlup, ulanmaga berler. Şu ýyl türkmen milli aragatnaşyk emeli hemrasynyň älem giňişligine çykarylan ýyly hökmünde hem Garaşsyz Watanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylar. Ýurdumyzyň emeli hemrasynyň älem giňişligine çykarylmagy ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny hil taýdan ýokary depginler bilen ösdürmäge mümkinçilik berer diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Milli emeli hemramyz innowasion aragatnaşyk we dolandyryş ulgamyny döretmegiň esasy serişdeleriniň birine öwrüler diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Ol ýurdumyzyň iň uzakda ýerleşýän sebitlerini ýokary tizlikli Internet ulgamy bilen üpjün etmäge mümkinçilik berer. Sanly tele we radioýaýlymlaryň işiniň hili ýokarlanar. Telelukmançylygyň mümkinçiliklerini has-da giňeltmek üçin oňat şertler dörediler. Şeýle hem, bu ulgam Internet aragatnaşygynyň esasynda halkara maslahatlaryny has-da netijeli geçirmäge ýardam eder. Hünärmenleriň ylmy maglumatlary alyşmagy üçin uly mümkinçilikler dörär. Elektron resminamalar dolanyşygynyň iň häzirki zaman ulgamynyň ornaşdyrylmagy netijesinde, ýurdumyzda döwleti dolandyrmagyň netijeli usullary emele geler. Bu ulgam ýurdumyzyň merkezden uzakdaky sebitlerini hem öz içine alar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Soňra döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, dünýäniň maglumatlar giňişliginde köp ýyllaryň dowamynda möhüm ähmiýetli maglumatlaryň ägirt uly möçberi toplandy. Milli emeli hemramyzyň älem giňişligine çykarylmagy bize bu maglumatlar giňişligine üstünlikli goşulmaga mümkinçilik berer. Ol daşary ýurtlaryň öňdebaryjy tejribesini ýurdumyzda has netijeli ornaşdyrmaga ýardam eder. Şonuň ýaly-da, beýleki döwletlere halkymyzyň köp müňýyllyk taryhynyň dowamynda toplan bilimlerini we ruhy-medeni gymmatlyklaryny öwrenmäge we netijeli ulanmaga şert döreder. Milli emeli hemramyzyň älem giňişligine çykarylmagyna ýurdumyzyň daşary syýasat ugruny üstünlikli durmuşa geçirmek bilen bagly hem seretmek gerek. Bu syýasat häzirki zamanyň ählumumy meselelerini çözmekde hemmetaraplaýyn tagallalary birleşdirmäge gönükdirilendir diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz durnukly energetika, ulag we kommunikasiýalar, ekologiýa, ýaragsyzlanmak ýaly ugurlar boýunça Birleşen Milletler Guramasynda ýurdumyzyň öňe süren başlangyçlaryny durmuşa geçirmek meselesine ünsi çekdi. Kosmos ulgamynda halkara derejesinde bilelikde amala aşyrylýan ähli işler häzirki döwürde energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna çykarylyşyna, ulag- kommunikasiýa ulgamyna has netijeli gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär, tebigy we tehnogen häsiýetli betbagtçylyklaryň, köpçülikleýin gyryş ýaraglarynyň bikanun ýaýradylmak howpunyň öňüni almaga we olary aradan aýyrmaga ýardam edýär, ägirt uly çäkleriň ekologiýa taýdan goragly bolmagyna gözegçilik etmäge şert döredýär diýip, milli Liderimiz nygtady.
Döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylary aragatnaşyk emeli hemramyzyň älem giňişligine çykarylmagy bilen gutlap, munuň diňe bir tehnologik ösüş bolmak bilen çäklenmän, eýsem ägirt uly ideologiýa-syýasy ähmiýetli wakadygyny, Türkmenistan älem giňişligine beýik maksatlar we ýagşy niýetler bilen çykýar. Biziň döwletimiz kosmos bütin adamzadyň bähbidine hyzmat etmelidir diýen ýörelgeden ugur alýar. Kosmos parahatçylygyň, birek-birege düşünişmegiň we özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmegiň älem giňişligi bolmalydyr. Türkmenistan şu garaýyşlardan ugur alýan ähli döwletler bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge we hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmeleri mundan beýläk-de yzygiderli durmuşa geçirmek üçin ygtybarly binýat bolan ähli ulgamlardaky kadalaşdaryjy döwlet syýasatyny, hereket edýän kanunçylyk namalary işläp taýýarlamak we kämilleşdirmek boýunça milli parlamentiň alyp barýan işleri barada habar berdi. Şu ýylyň dört aýynda Türkmenistanyň Mejlisinde kanunlaryň 28-siniň we kararlaryň 21-siniň kabul edilendigi, täze kanunçylyk taslamalaryny taýýarlamak boýunça işleriň alnyp barylýandygy aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp, demokratik hem-de goşulyşmak ýörelgelerini berkarar etmek, bu babatda Türkmenistanyň ornuny pugtalandyrmak, onuň halkara giňişligindäki oňyn başlangyçlaryny öňe ilerletmek, döwletara gatnaşyklarany we özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmek ugrunda deputatlaryň işiniň mundan beýläk-de netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Mejlisiň we onuň düzümleriniň saýlawçylar, jemgyýetçilik guramalary, ministrlikler we pudak edaralary bilen yzygiderli gatnaşygy ýola goýmagynyň zerurdygyny nygtady.
Döwlet Baştutanymyz geňeş agzalaryna saýlawlar barada durup geçmek bilen, bu jemgyýetçilik- syýasy çäräniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmelidigini aýtdy. Şeýle hem milli Liderimiz Mejlisiň Başlygynyň ünsüni ýurdumyzyň edara ediş-çäk bölünişigini kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreleri işjeňleşdirmegiň zerurdygyna çekdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow 2013-2017-nji ýyllarda Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunuň konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň barşynda şu ýylyň dört aýynda DIM-niň ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Bitarap Türkmenistan ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda bolşy ýaly, abraýly halkara guramalarynyň we sebit düzümleriniň ulgamynda giň netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny üstünlikli durmuşa geçirýär. Hormatly Prezidentimiziň hasabat döwründe daşary ýurtlara guran saparlary, milli Liderimiziň ýokary derejede geçirilen bütindünýä maslahatlara gatnaşmagy, ýurdumyza birnäçe döwlet Baştutanlarynyň bolan saparlary munuň aýdyň subutnamasydyr.
Tutuşlygyna alnanda, hasabat döwründe Türkmenistana Daşary işler ministrliginiň üsti bilen daşary ýurt wekiliýetleriniň 185-si ýurdumyza sapar bilen geldi. Munuň özi türkmen döwletiniň dünýä giňişligindäki abraýynyň ýokary galýandygyna şaýatlyk edýär. Şu döwürde daşary ýurtlara ýurdumyzdan 265 wekiliýet ugradyldy. Şeýle hem şu ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda halkara derejesindäki çäreleriň 72-si, şol sanda maslahatlar, duşuşyklar we beýlekiler geçirildi. Şeýle hem hasabat döwründe halkara resminamalarynyň 72-sine gol çekildi.
Daşary işler ministrlikleriniň arasynda yzygiderli geçirilýän ikitaraplaýyn geňeşmeler Türkmenistan bilen dünýäniň beýleki ýurtlarynyň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegini şertlendirdi. Hasabat döwründe şeýle geňeşmeleriň 15-si boldy. Şeýle hem daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen söwda-ykdysady we medeni-gumanitar gatnaşyklary üstünlikli ösdürmäge gönükdirilen bilelikdäki hökümetara toparlarynyň 12 mejlisi geçirildi.
Wise-premýer, daşary işler ministri hasabatyň barşynda maý aýynda meýileşdirilen halkara çärelerine görülýän taýýarlyk işleri barada hem hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň mundan beýlek-de işjeň daşary syýasat ugruny yzygiderli durmuşa geçirjekdigini, döwletara, sebitara hem-de ählumumy derejedäki netijeli gatnaşyklary ösdürjekdigini belledi. Şunda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň döwrüň möhüm meselelerini çözmek, ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine hyzmatdaşlygyň täze, oňaýly ugurlaryny işläp taýýarlamak boýunça halkara bileleşiginiň tagallalaryna netijeli başlangyçlary bilen işjeň goşuljakdygyny aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Daşary işler ministrliginiň hem-de ýurdumyzyň diplomatik wekilhanalarynyň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekip, täze mümikinçilikleri nazara almak arkaly, ähli gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak we giňeltmek üçin ähli mümkinçilikleriň doly durmuşa geçirilmeginiň zerurdygyny aýtdy.
Şunuň blen baglylykda, hormatly Prezdentimitz wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna maý aýynda göz öňünde tutulan ähli halkara çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow gözegçilik edýän pudaklarynda geçen dört aýyň dowamynda gazanylan netijeler hem-de möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Oba hojalyk toplumy boýunça önümçiligiň umumy möçberiniň ösüş depgini 100,8 göterime deň boldy. Şunda Oba hojalyk ministrligi boýunça bu görkeziji 104,5 göterime, Suw hojalyk ministrligi boýunça 110,6 göterime, Tebigaty goramak ministrligi boýunça 103,3 göterime, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi boýunça 122,2 göterime, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi boýunça 102,2 göterime, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 108,2 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 155,6 göterime, Döwlet maldarçylyk birleşigi boýunça 125,3 göterime deň boldy.
Ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, şol sanda gowaça ekişiniň geçirilişi barada habar berildi. Şonuň bilen birlikde, güýzlük bugdaýa ideg etmek işleri dowam edýär.
Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Suw göterijileri, elektrik hereketlendirijilerini, transformatorlary we olar üçin ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak hakyndaky” kararyň taslamasy hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, pudagyň düşewüntliligini mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga, senagat düzümlerini döwrebaplaşdyrmaga, dürli görnüşli ýokary hilli önümleriň möçberlerini artdyrmaga gönükdirilen oba hojalyk toplumyny özgertmegiň döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirlmeginiň döwrüň iň möhüm meselesidigini nygtap, munuň üçin ähli ykdysady gurallaryň we mümkinçilikleriň herekete girizilmeginiň zerurdygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz obasenagat toplumynyň pudaklaryny dolandyrmak işlerini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, häzirki zaman tehnologiýalaryny we oba hojalyk ylmynyň gazananlaryny önümçilige giňden ornaşdyrmak boýunça wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz ýazky oba hojalyk işlerini, ozaly bilen bolsa gowaça ekişini guramaçylykly hem-de bellenilen möhletlerde geçirmek üçin ähli çäreleri görmäge wise-premýeriň ünsüni çekdi.
Döwlet Baştutanymyz “Suw göterijileri, elektrik hereketlendirijilerini, transformatorlary we olar üçin ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak hakyndaky” kararyň taslamasyna gol çekip, wise-premýere suw hojalyk toplumyny mundan beýläk-de ösdürmek babatynda birnäçe görkezmeler berdi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa gözegçilik edýän medeniýet we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamynyň işini kämilleşdirmek boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi.
Wise-premýer hasabat döwründe ýurdumyzda, hem-de daşary ýurtlarda guralan halkara derejeli çäreleriň hataynda - Hindistanda, Gazagystanda we Ermenistanda ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesini almagynyň 20 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen çäreleri, Halkara Nowruz baýramy mynasybetli türkmen sungat işgärleriniň Russiýada, Germaniýada we Fransiýada guralan çykyşlary, Mary şäheriniň 2015-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmeginiň çäklerinde geçirilen çäreleri görkezdi.
Halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek, milli medeniýetimizi giňden wagyz etmek, tejribe alyşmalary guramak maksady bilen Ermenistanda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň, Türkmenistanda Eýran Yslam Respublikasynyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň Medeniýet günleriniň geçirilendigi barada aýdyldy. Ýurdumyzyň Gyrgyz Respublikasynda we Horwatiýada medeniýet günlerini geçirmäge, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygy hem-de 2015-nji ýylyň Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edilmegi bilen baglylykda, Hytaýda, Täjigistanda we Gazagystanda geçiriljek çärelere taýýarlyk görülýär. Paýtagtymyzda we welaýatlarda ýurdumyzda işleýän daşary ýurt ilçihanalary bilen bilelikde medeni çäreler guraldy.
Teartlaryň, muzeýleriň we kitaphanalaryň işleri barada habar bermek bilen wise-premýer hasabat döwründe sahna ussatlary tarapyndan täze oýunlaryň birnäçesiniň goýlandygy barada hasabat berdi. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky kitaphanalarda kitap gaznalaryny täze neşir önümleri bilen baýlaşdyrmak boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar.
Türkmen döwlet neşirýar gullugy tarapyndan kitap önümleriniň 113 görnüşi, şol sanda nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekilleriniň, häzirki zaman ýazyjy-şahyrlarynyň eserleri, suratlar bilen bezelen neşirler çap edildi. Wise-premýer Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň işgärleriniň adyndan hormatly Prezidentimize häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen täze Metbugat öýi toplumynyň ulanylmaga berilmegi mynasybetli tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi. Wise-premýer Türkmenistanyň Telewideniýa, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň işi barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, innowasiýa tehnologiýalary we öňdebaryjy dünýä tejribesini nazara almak bilen, medeniýet we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamynyň düzümleriniň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň wajypdygyny belledi.
Milli Liderimiz ýurdumyzda we daşary döwletlerde halkara çärelerini geçirmek meselelerine degip geçmek bilen, wise-premýere ähli döredijilik çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz täze Metbugat öýi toplumynyň işe girizilmeginiň ähmiýetini belläp, onuň kuwwatynyň suratlar bilen göwnejaý bezelen kitaplary, şol sanda çagalar üçin kitaplary we başlangyç synp mekdep okuwçylary üçin okuw gollanmalaryny neşir etmekde doly peýdalanmagyň möhümdigini aýdyp, wise-premýerler M.Ýazmuhammedowa we S.Toýlyýewe birnäçe anyk tabşyryklar berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow hasabat döwründe ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynda gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler barada hasabat berdi.
Hasabat döwründe nebitiň gaz kondensaty bilen çykarylyşynyň ösüş depgini 108,2 göterime deň boldy. Nebiti gaýtadan işlemek boýunça meýilnama 101,5 göterim ýerine ýetirildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, nebit önümleriniň öndürilişiniň möçberleri, şol sanda awtoulag benzininiň, dizel ýangyjynyň, polipropileniň, çalgy ýaglarynyň, suwuklandyrylan gazyň möçberleri artdy. Guýulary burawlamakda ýerine ýetirilen işleriň möçberi 1,6 esse ýokarlanda.
Hasabatda kärhanalarda, edaralarda we guramalarda, ýaşaýyş jaýlarynda gaz hasaplaýjy enjamlary oturtmak boýunça geçirilen işler barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny” ýerine ýetirmäge degişli birnäçe tabşyryklar berdi. Döwlet Baştutanmyzyň belleýşi ýaly, täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, daşary ýurt maýalarynyň iri düzümleýin taslamalara çekilmegi, şol sanda täze nebitgaz ýataklaryny özleşdirmäge, energetika ulgamlarynyň we döwrebap gaz-himiýa toplumlarynyň gurluşygy, nebiti gaýtadan işleýän kärhanalaryň tehniki taýdan enjamlaşdyrylmagy ilkinji nobatdaky wezipeleriň hataryna girýär.
Hormatly Prezidentimiz dünýäniň kuwwatly energetika döwletleriniň hataryna girýän Türkmenistanyň ägirt uly nebitgaz serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagynyň milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlyklaryny durmuşa geçirmäge, türkmen halkynyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga, ýardam etjekdigini aýtdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, şeýle hem 2015-nji ýylda pile öndürimek boýunça tabşyrygy ýerine ýetirmek maksady bilen alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň Senagat ministrligi boýunça öndürilen önümleriň umumy möçberiniň meýilnamasy 122,5 göterim ýerine ýetirilip, ösüş depgini 115,1 göterime deň boldy.
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi boýunça şu ýylyň dört aýynyň dowamynda öndürilen önümleriň möçberiniň meýilnamasy 109,7 göterim berjaý edildi.
“Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça hasabat döwründe 13 müň 752 inedördül metr haly önümleri dokaldy we 105,8 göterim ösüş depgini üpjün edildi. Tutuşlygyna alnanda, pudagyň önümçilik görkezijisi 104,2 göterime deň boldy.
“Türkmenhimiýa” döwlet konserninde öndürilen önümleriň umumy möçberi boýunça ösüş depgini 2,1 esse ýokarlandy. Şunda meýilnamalaýyn görkeziji 117,3 göterim derejesinde boldy.
Türkmenistanyň Döwlet balyk hojalygy komiteti boýunça geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önümçilik görkezijileriniň ösüş depgini 143,6 göterime barabar boldy. Balyk tutmak hem-de gaýtadan işlenip gaplanan balyk önümleri boýunça ösüş depgini degişlilikde 180,3 göterime we 137,3 göterime deň boldy.
Wise-premýer ýüpekçilik pudagynyň serişde binýadyny pugtalandyrmak, 2015-nji ýylda pile öndürmegiň meýilnamasyny ýerine ýetirmek, ýurdumyzyň daýhan hojalyklaryny ýüpek gurçugynyň ýokary hilli tohumy bilen üpjün etmek maksady bilen, Dokma senagaty ministrliginiň “Türkmenýüpek” paýdarlar jemgyýeti tarapyndan degişli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy.
Ýüpekçilik pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek, ýerli önümçiligi ýokary hilli pile bilen doly möçberde üpjün etmek maksady bilen,ministrlik tarapyndan Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde taslama kuwwaty bir ýylda 700 kilogram ýüpek gurçugynyň ýokary hilli tohumlaryny taýýarlaýan täze senagat kärhanasynyň gurluşygy meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, içerki bazaryň isleglerini ýokary hilli harytlar we hyzmatlar bilen doly üpjün etmäge, daşary ýurtlara ugradylýan önümleriň möçberini artdyrmaga gönükdirilen ýurdumyzyň senagatynyň pudaklaýyn maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişini hemişe gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz gazanylýan üstünliklere garamazdan, birnäçe pudaklaryň işinde köpsanly kemçilikleriň bardygyny belläp, garamagyndaky ministrlikleriň we pudak edaralarynyň işine yzygiderli gözegçilik etmegi wise-premýerden talap etdi. Milli Liderimiz aýratyn-da ýurdumyzyň telekeçileri bilen bilelikde alnyp barylýan işlere ähmiýet berilmelidigine we täze bilelikdäki kärhanalaryň, täze iş orunlarynyň döredilmegine ünsi çekdi, durnukly ösüş hem-de pudaklaryň düşewüntlildigini ýokarlandyrmak boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Şunuň bilen baglylykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin wise-premýer B.Ereşowa käýinç yglan edildi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän pudaklarynda hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Şu ýylyň ýawar-aprel aýlarynda okuw kitaplarynyň we gollanmalaryň golýazmalarynyň 177-si taýýarlanyldy we çapa iberildi, olardan 65-si neşir edildi. Mundan başga-da, orta mekdepler üçin neşir edilen okuw kitaplarynyň, okuw-usuly gollanmalaryň elektron nusgalarynyň 165 görnüşi okuw işine ornaşdyrmak üçin Aşgabat şäher we welaýat baş bilim müdirliklerine iberildi.
Ýurdumyzyň zehinli mekdep okuwçylary halkara ders bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, 19 medal, şol sanda 3 altyn, 9 kümüş we 6 bürünç medal gazandylar. Ýokary okuw mekdepleriniň talyplary bolsa halkara desr bäsleşikleriniň ikisine gatnaşyp, 12 medala, şol sanda 1 altyn, 5 kümüş, 6 bürünç medala mynasyp boldular.
Daşary ýurt döwletleriniň bilim ulgamynyň guralyşyny öwrenmek, bilim babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek, halkara maslahatlaryna gatnaşmak üçin türkmen hünärmenleri birnäçe daşary döwletlerde iş saparlarynda boldular.
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman segagaty ministrliginiň buýurmagynda 11 desganyň gurluşygynyň barşy barada hem habar berildi.
Hasabat döwründe 29 619 syýahatça hyzmat edildi we 102,1 göterim ösüş gazanyldy. Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň maliýe-hojalyk işinden alnan umumy girdeji 114,7 göterim, gyzyl pul girdejiniň möçberi 103,1 göterim artdy.
Bellenen meýilnama laýyklykda, ýurdumyzda 1-30-njy aprel aralygynda “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş-medeni çäreleriň biraýlygy geçirildi. Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça guralan bu giň möçberli çäre ilatymyzyň goldawyna mynasyp boldy. Munuň özi bedenterbiýe hereketini işjeňleşdirmäge, sporty we sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmäge gönükdirilen köpsanly ýaryşlaryň hem-de beýleki çäreleriň köpçülikleýin häsiýete eýe bolmagyny üpjün etdi.
2-4-nji aprelde Aşgabatda “Aziada-2017 we Türkmenistanyň ösüşiň hem-de parahatçylygyň bähbidine sportda tutýan orny” atly halkara maslahat hem-de Sport media-forumynyň ikinji tapgyry geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere gözegçilik edýän düzümleriniň ýolbaşçylary bilen bilelikde birnäçe ugurda, şol sanda bilim ulgamynda görülýän çäreleriň netijelliligini seljermegi tabşyrdy. Biziň wezipämiz ösüp gelýän nesle dünýä derejesinde ýokary hilli bilim berilmegini üpjün etmekden ybaratdyr diýip, milli Liderimiz nygtady. Munuň üçin orta we ýokary okuw mekdeplerinde bilim bermek ulgamynda dünýäniň öňdebaryjy tejribesini we iň gowy innowasiýalary ulanmak wajypdyr. Döwlet Baştutanymyz bu ugurdaky işi dowam etmegiň möhümdigini aýdyp, milli bilim özgertmelerini durmuşa geçirmekde halkara hyzmatdaşlygynyň mümkinçiliklerinden has doly peýdalanmagyň, hünärmenleriň hünär taýýarlygyň hili bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns bermegiň zerurdygyny nygtady.
Bu wezipe sport ulgamyna hem degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň sport ulgamynda käbir öňegidişlikleriň bardygyny belläp, türgenlerimiziň halkara ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edýändigini, ýöne bu netijeleriň ýene-de iki ýyldan V Aziýa oýunlarynda ýeňiş gazanmak üçin ýeterlik däldigini aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz Sport baradaky döwlet komitetiniň işine nägilelik bildirip, wise-premýer S.Toýlyýewe tankydy bellikler aýtdy. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek babatda türkmen sportunyň bütin dünýädäki abraýyny ýokarlandyrmak bilen baglylykda, ýaş sport zehinlerini goldamak we höweslendirmek, sport ulgamyny ýokary hünärli mugallymlar we tälimçiler, serişdeler bilen üpjün etmek işiň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar diýip, milli Liderimiz nygtady.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Hususan-da, şu ýylyň dört aýynyň jemleri boýunça paýtagtymyzda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna maýa goýumlaryny özleşdirmegiň meýilnamasy 128,3 göterim ýerine ýetirildi. Merkezleşdirilen býujet serişdeleriniň hasabyna hasabat döwrüniň meýilnamasy 151 göterim berjaý edildi. Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna maýa goýumlaryny özleşdirmegiň meýilnamasy 112 göterime deň boldy. Aşgabat şäher häkimliginiň öz serişdeleriniň hasabyna maýa goýumlaryny özleşdirmegiň meýilnamasy 272,8 göterim ýerine ýetirildi. Ilatly ýerleri abadanlaşdyrmak boýunça maksatlaýyn ýygymlaryň hasabyna maýa goýumlaryny özleşdirmegiň meýilnamasy 180,5 göterim amal edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, toplumlaýyn milli maksatnamalaryň çäginde türkmen paýtagtyny – Aşgabat şäherini ösdürmegiň meýilnamasynyň durmuşa geçirlmegine ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda möhüm orun berilýändigini nygtady. Milli Liderimiz paýtagtymyzy döwrebaplaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulan ähli işleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegi üçin bu işlere gönükdirilen düzümleriň sazlaşykly hereket etmeginiň möhümdigine ünsi çekip, wise-premýere we degişli ýolbaşçylara maý aýynda bellenilýän Aşgabat şäheriniň gününe taýýarlyk görmek hem-de ony ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça birnäçe tabşyryklar berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M. Artykow gözegçilik edýän pudakdarynda şu ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri, hem-de hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça 2015-nji ýylyň dört aýynda öndürilen önümiň we ýerine ýetirilen işleriň, hyzmatlaryň meýilnamasy 126,4 göterim ýerine ýetirildi. Türkmenistanyň Energetika ministrligi boýunça hasabat döwründe öndürilen önümiň we ýerine ýetirilen işleriň, hyzmatlaryň umumy möçberiniň ösüş depgini 132,4 göterime, elektrik energiýasynyň öndürilişiniň ösüş depgini bolsa 102,4 göterime barabar boldy.
“Türkmenawtoýollary” döwlet konserni boýunça hasabat döwründe bu görkeziji 105,9 göterime deň boldy. Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrligi boýunça hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň, hyzmatlaryň meýilnamasy 112,8 göterim ýerine ýetirildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwletimiziň gurluşyk pudagyny täze sepgitlere çykarmak üçin ähli şertleri döredýändigini, iri pudaklaýyn taslamalary durmuşa geçirmäge uly maýa serişdelerini gönükdirýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz senagat kuwwatlyklaryny artdyrmak bilen birlikde, ýurdumyzyň gurluşykçylary tarapyndan ýerine ýetirilýän işleriň ýokary derejesini gazanmaga toplumlaýyn çemeleşmäni üpjün etmek babatda guramaçylyk çäreleriniň hem güýçlendirilmelidigini nygtady.
Milli Liderimiz awtomobil ýollarynyň düzümini ösdürmek meselesine ünsi çekip, häzirki döwürde awtomobil ýollaryny gurmak baradaky täze taslamalaryň giň gerimde amala aşyrylýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýol-ulag düzümini kämilleşdirmek bilen baglanyşykly wezipeler çözülende degişli düzümleriň sazlaşykly işlemegini üpjün etmek babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem jemagat hojalygynyň ähli ulgamlarynyň bökdençsiz işlemegini hemişe gözegçilikde saklamagy talap etdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisine gatnaşyjylara ýüzlenip, şu ýylyň dört aýynyň üstünlikli jemlenendigini belledi. Dünýä ykdysadyýetinde bolup geçýän ýaramaz hadysalara garamazdan, çylşyrymly daşary-ykdysady şertlerde durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça zerur çäreleriň öz wagtynda görlendigini aýdyp, döwlet Baştutanymyz ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda göwnejaý ösüş depginleriniň gazanylandygyny nygtady. Netijede jemi içerki önümiň möçberi 10 göterim artdy, dürli pudaklara gönükdirilýän maýa goýumlarynyň möçberi 7,1 göterim köpeldi,
Döwlet býujetine serişdeleriň gelip gowuşmagy hem bellenen möçberlerde üpjün edildi, zähmet haklarynyň möçberi 9,5 göterim artdy diýip, mili Liderimiz sözüni dowam etdi.
Ýurdumyzda umumy bahasy 50 milliard amerikan dollaryndan gowrak bolan dürli desgalaryň gurluşygy üstünlikli alnyp barylýar, şu ýylyň dört aýynda 50-den gowrak desga eýýäm gurlup, ulanmaga berildi, şolaryň hatarynda Aşgabatda gurlan Metbugat öýi toplumy, nebitgaz pudagyna degişli dürli önümçilik we durmuş maksatly desgalar, demir ýol we deňiz menzilleri, elektrik beketleri, çörek önümlerini öndürýän kärhanalar, saglyk öýleri we beýleki köp sanly desgalar bar, şu döwürde umumy meýdany 280 müň inedördül metre golaý ýaşaýyş jaýlary gurlup, ulanmaga berildi, şol jaýlaryň 40 müň inedördül metre golaýy ähli amatlyklary bolan, otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan ýaşaýyş jaýlarydyr.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň taryhynda ilkinji gezek milli emeli hemramyzy älem giňişligine çykardyk, bu emeli hemra ýurdumyzda aragatnaşyk, Internet ulgamlaryny we telewideniýäni çalt depginler bilen ösdürmäge güýçli itergi berer. Şeýle hem, milli maksatnamalarymyzy üstünlikli durmuşa geçirmäge ýardam eder diýip belledi.
Hormatly Prezidentimiz ykdysadyýetiň döwlete dahylly däl pudagynyň çalt depginler bilen ösýändigini, onuň senagatda tutýan ornunyň 18,5 göterim, oba hojalygynda 14,4 göterim, gurluşyk pudagynda 18,6 göterim artandygyny nygtady. Ulag we aragatnaşyk pudaklarynda, söwda we hyzmatlar ulgamynda hem ýokary netijeler gazanyldy.
Munuň özi soňky ýyllaryň dowamynda oýlanyşykly ykdysady syýasatyň alnyp barylmagy netijesinde mümkin boldy. Ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän syýasat, nebit pudagyndan beýleki pudaklary ösdürmäge serişdeleriň gönükdirilmegi ýurdumyzyň ykdysadyýetini durnukly ösdürmäge mümkinçilik berýär. Ykdysadyýetimizi nebitgaz pudagynyň işiniň netijelerine bagly bolmadyk şertlerde ösdürmäge ýardam edýär. Kabul edilen durmuş maksatnamalaryny we durmuş borçnamalaryny üstünlikli amala aşyrmaga, ýurdumyz üçin möhüm bolan üpjünçilik ulgamlaryny ösdürmäge gönükdirilen taslamalary durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýär diýip, milli Liderimiz sözüni dowa etdi.
Gazanylan oňat netijeler bilen birlikde, käbir pudaklaryň işinde entek köp sanly kemçilikler hem bardygyny belläp, döwlet Baştutanymyz şol kemçilikler barada biz şu ýylyň birinji çärýeginiň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde jikme-jik durlup geçilendigini, onuň dowamynda döwlet dolandyryş düzümlerini kämilleşdirmek, býujet serişdelerini netijeli ulanmak, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümleri öndürmek, daşary ýurtlara iberilýän harytlaryň möçberlerini artdyrmak boýunça maksatnamalary durmuşa geçirmek bilen bagly anyk tabşyryklaryň berlendigini belledi. Ýaşaýyş jaýlary we beýleki desgalary gurmak boýunça alnyp barylýan işleriň depginini güýçlendirmek we hilini ýokarlandyrmak, gurlan desgalary, dürli ýollary, seýilgähleri we şäher hojalygynyň beýleki desgalaryny abadanlaşdyrmak we abat saklamak boýunça tabşyryklar berildi.
Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna bu ugurda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek boýunça alnyp barylýan işleri netijeli we tutanýerli dowam etmelidiklerini tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň durmuşynda halkara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini nytap, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa maý aýynda köp sanly halkara çärelerini geçirmegiň göz öňünde tutulýandygy nukdaý nazaryndan ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň daşary ýurtlara boljak saparlaryna we daşary ýurtlaryň wekiliýetleriniň ýurdumyza amala aşyrjak saparlaryna gowy taýýarlyk görmek babatda brnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem, halkara derejesinde geçiriljek duşuşyklara, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllyk baýramyna bagyşlanyp geçiriljek halkara maslahatyna häzirden taýýarlyk işlerini alyp barmagyň zerurdygyna ünsi çekip, milli Liderimiz ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynda öňe süren başlangyçlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmäge aýratyn üns bermelidigini we «Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2013–2017-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek üçin ähli zerur çäreleriň görülmelidigini belledi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Mejlisiniň BşalygyA.Nurberdiýewa ýüzlenip, Ýaşulularyň nobatdaky maslahatyny, Geňeş agzalarynyň nobatdaky saýlawlaryny ýokary derejede we guramaçylykly geçirmäge düýpli taýýarlyk görmegiň, geňeş agzalarynyň täze düzümini döretmäge ýardam bermegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň rejelenen we kämilleşdirilen täze nusgasynyň taslamasyny taýýarlamak, ýakyn wagtlarda Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça konstitusion toparyň nobatdaky mejlisini geçirmek, maý aýynda göz öňünde tutulýan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmek babatda zerur işler geçirilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Häzirki döwürde ýurduymzda giň möçberli gurluşyk maksatnamasynyň amala aşyrylýandygyny, iri söwda merkezleriniň, täze kitaphanalaryň, teatrlaryň, myhmanhanalaryň, döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki köp sanly desgalaryň yzygiderli gurulýandygyny belläp, döwlet Baştutanymyz şeýle iri desgalaryň paýtagtymyzyň, şäherlerimiziň we obalarymyzyň keşbini has-da gözelleşdirýändigini aýtdy. Köp halatlarda desgalaryň gurluşygyny daşary ýurtly potratçy kompaniýalaryň taslamalary boýunça amala aşyrylýandygyny belläp, döwlet Baştutanymyz wise-premýer M.Artykowa öz milli binagärlik mekdebimizi döretmek, onuň binýadynda taýýarlanan taslamalary diňe bir ýurdumyzda däl-de, eýsem beýleki ýurtlarda hem giňden ulanjak zehinli binagärleri taýýarlamak meselesine aýratyn üns bermek bilen baglanyşyly meslelere örän jogapkärçilikli çemeleşmegi tabşyrdy.
Şeýle hem milli Liderimiz ýurdumyzyň çäklerinden daşynda hem netijeli işläp, döwletimize girdeji getirip biljek toplumlaýyn gurluşyk firmalaryny döretmek boýunça zerur işleri alyp barmagyň zerurdygyna ünsi çekdi.
Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde eden çykyşynyň barşynda wise-premýer B.Hojamuhammedowa ýüzlenip, ýurdumyzyň iri nebitgaz ýataklaryny çalt depginler bilen özleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegi, Hazar deňziniň türkmen bölegindäki nebitgaz ýataklaryny özleşdirmäge aýratyn üns bermegi, ýurdumyzda öndürilýän tebigy gazy daşary ýurtlara ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça netijeli işleri alyp barmagy, «Türkmenistan–Owganystan–Päkistan–Hindistan» gaz geçirijisinden başga-da, Ýewropa ýurtlaryna gaz geçirijileri gurmagyň ugurlaryny öwrenmegi tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Hytaýa tebigy gazy ibermäge niýetlenen gaz geçirijisiniň täze şahasyny gurmak boýunça alnyp barylýan işleri öz wagtynda tamamlamamak bilen baglanyşykly meselelere jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belledi.
Soňra döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer A.Ýazmyradowyň ünsüni döwlet tarapyndan uly goldaw berilýändigine garamazdan, oba hojalygynda özgertmeleriň entek haýal alnyp barylýandygyna çekdi. Hopmatly Prezidentimiz oba hojalygynda esasy düzüm bölegi bolan fermer hojalyklary bähbitlimi ýa-da hojalygy ýöretmegiň beýleki görnüşleri bähbitli boljakmy – bu mesele häzire çenli hem kesgitlenmän gelýär, maldarçylyk pudagynda çözülmedik meseleler bar, suw üpjünçiligi we dolandyryş düzümleri bilen bagly meseleler hem ýüze çykýar, oba hojalygynda bar bolan ähli meseleleri gysga wagtyň içinde seljerip, bu pudagy ösdürmäge mümkinçilik berjek düýpli meseleler barada ýörite teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy we olaryň Ýaşulularyň nobatdaky maslahatynda serediljekdigini aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz çykyşynyň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykowa ýurdumyzyň älem giňişligine çykarylan emeli hemrasynyň ähli tehniki mümkinçiliklerini çalt we netijeli ulanmak boýunça zerur işleri geçirmegi,telewideniýäniň, aragatnaşyk we Internet ulgamlarynyň işini has-da gowulandyrmak üçin ähli çäreleri görmegi tabşyrdy. Şeýle hem milli Liderimiz wise-premýerden şu aýyň dowamynda ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk toplumynda gurluşygy alnyp barylýan ähli iri desgalara, howa menzillerine, köprülere, deňiz menziline we beýleki desgalara baryp, geçirilýän işler bilen ýerinde tanyşmagy, bu desgalarda alnyp barylýan işleri seljerip, olary ulanmaga bermegiň möhletlerini anyk kesgitlemegei talap etdi.
Hormatly Prezidentimiz wise-premýer A.Goçyýewyň gözegçilik edýän ministrlikleriňiň we pudak edaralaryňyň entek bildirilýän talaplara laýyklykda ýeterlik iş alyp barmaýandygyny, kabul edilen maksatnamalary ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işlere seretsek, bu ugurda entek kemçilikleriň bardygynyň görünýändigini aýratyn belledi.
Muňa mysal edin, oba hojalygyny ösdürmek, ýurdumyzyň ilatyny agyz suwy bilen üpjün etmek, hususylaşdyrmak, kärhanalary paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek, biržalary döretmek, hünärmenleri taýýarlamak, iş orunlaryny döretmek boýunça kabul edilen maksatnamalarymyzda göz öňünde tutulan işleriň talaba laýyk we doly möçberde ýerine ýetirilmeýändigini görkezse bolar diýp, milli Liderimiz aýtdy. Bu bolsa, pudaklaryň işine öz ýaramaz täsirini ýetirýär diýip belläp, döwlet Baştutanymyz wise-premýerden gözegçilik edýän edaralarynyň işini düýpli seljermegi, gerek bolsa, wezipä bellemek üçin täze ýolbaşçylary teklip etmegi, garamagyndaky edaralaryň işini talaba laýyk ýola goýmak boýunça ähli zerur çäreleri görmegi talap etdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýewe ýüzlenip, häzir onuň gözegçilik edýän ulgamlarynda örän möhüm döwrüň başlanandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz orta mekdeplerde gutardyş synaglaryny talaba laýyk geçirmek, ýokary okuw mekdeplerinde okuw ýylyny üstünlikli tamamlamak, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine giriş synaglaryny ýokary hilli we bellenen talaplara doly laýyklykda geçirmek, giriş synaglaryny ýokary hilli geçirmek maksady bilen, bu synaglara jemgyýetçilik gözegçiligini üpjün etmek, şeýle hem, göz öňünde tutulan beýleki çäreleri üstünlikli amala aşyrmak babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerini tomusky dynç alyş möwsümine doly taýýar etmek, ýurdumyzyň zehinli ýaşlaryny daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerine ibermek bilen bagly meselä ähmiýet bermek, «Saglyk» döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 20 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmek, bu baýramçylyk çärelerini ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek bilen baglanyşykly meselelere örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belledi.
Soňra milli Liderimiz wise-premýer M.Ýazmuhammedowa ýüzlenip, ýurdumyzda geçiriljek baýramçylyk çärelerine, şol sanda Lebap welaýatynda Medeniýet hepdeligini we onuň çäklerinde halkara sungat sergisini geçirmäge häzirden oňat taýýarlyk görmegi, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 20 ýyllyk baýramy mynasybetli geçiriljek çärelere aýratyn üns bermegi tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň emeli hemrasynyň älem giňişligine çykarylmagy bilen bagly gazet-žurnallarda makalalary we teleradioýaýlymlarda gepleşikleri köpräk bermegi, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny aýawly ulanmak we tygşytly peýdalanmak boýunça alnyp barylýan wagyz-nesihat işlerini dowam etmegi, bu meseläni gazet-žurnallaryň sahypalarynda we teleradioýaýlymlarda beýan etmäge aýratyn üns bermegi wise-premýerden talap etdi.
Döwlet Baştutanymyz mejlisiň barşynda wise-premýer B.Ereşowyň gözegçilik edýän ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň işini talaba laýyk ýola goýmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegi tabşyrdy. Ýurdumyzyň telekeçileri bilen bilelikde alnyp barylýan işlere aýratyn üns bermek, bilelikdäki kärahnalary, täze iş orunlaryny döretmek boýunça netijeli işleri durmuşa geçirmek, pudaklaryň durnukly işlemegini we döwletimize girdeji getirmegini gazanmak maksady bilen, ähli zerur çäreleri görmek babatda ähli tagallalaryň edilmelidigini nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň häzirki döwürde sarapda bolýan orunbasary P.Taganowyň we söwda toplumynyň öňünde hem möhüm wezipeler durýandygyny belläp, söwda ulgamyny yzygiderli ösdürmek, daşary ýurtlara iberilýän harytlaryň möçberlerini artdyrmak, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini has-da kämilleşdirmek boýunça zerur işleri geçirmegi wise-premýerden talap etdi. Italiýa Respublikasynyň Milan şäherinde geçiriljek Bütindünýä «EKSPO–2015» sergisine gatnaşmaga gowy taýýarlyk görmek, bu serginiň çäklerinde Türkmenistanyň ekspozisiýasyny ýokary derejede guramak bilen baglanyşykly meselelere örän jogapkärçilikli çemelşeilmelidir diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşynyň käbir beýleki meselelerine hem garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlaryň ählisine eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşynyň bähbidine göz öňünde tutulan meýilnamalary durmuşa geçirmekde işlerinde üstünlikler arzuw etdi.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder