ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerri resmi sapar bilen Russiýa bardy.
Kerri saparynyň çäginde Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin we Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen duşuşdy.
Kerri netjeli geçen duşuşykdan soň Twitter arkaly beren beýanatynda "Putin we Lawrow bilen Eýran, Siriýa we Ukraina ýaly meselelerde içgin gepleşikler geçirendiklerini" ýatlatdy.
Kerri ABŞ bilen Russiýanyň halkara meseleler bilen hem ýakyndan gyzyklanýandyklary üçin iki ýurduň arasynda yzygiderli aragatnaşyk saklanmagynyň möhümdigini belledi.
Kerri Sergeý Lawrow bilen bolan duşuşygyndan soň beren beýanatynda bolsa "taraplaryň düşnüşip bilmeýän meselelerinde biri-birine gowy düşünmek mümkinçiliginiň dörändigini" nygtady.
Lawrow bolsa Kerrä Ukraina krizisinde Russiýanyň 12-nji fewralda baglaşylan Minsk şertnamasyna uly ähmiýet berýändigini we kanuny üýtgetmäniň Ukrainada yzygiderli parahatçylygyň ýola goýulmagynyň esasy şertidigini belledi.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder