Paýtagtda awiamodel sporty boýunça Türkmenistanyň kubogyny almak ugrundaky ýaryşyň birinji tapgyry tamamlandy. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň işjeň agzalarynyň goldaw bermeginde Aşgabadyň aerokluby tarapyndan guralan bu ýaryşa paýtagtyň, Ahal welaýatynyň, Türkmenbaşy we Mary şäherleriniň awiamodelçileri gatnaşdylar. Olar erkin uçýan modeller (planýorlar, rezin hereketlendirijili we porşenli hereketlendirijili) görnüşi boýunça ýaryşdylar. Ýaş bäsleşige gatnaşyjylar shematik modelleriň mümkinçiliklerini görkezdiler, tejribeli türgenler bolsa – uçarlaryň radiodolandyryş konstruksiýalarda çylşyrymly pilotažy görkezdiler. Awiamodel sporty çylşyrymly hünär bolup, onda aerodinamikany hasaplamagy başarmaly, laýyk gelýän howa akymyny gözläp, uçaryň yzyndan ylgamaly. Şeýle hem başarjaň eller gerek, sebäbi türgenleriň özleri modelleri düzýärler.
Howada has köp saklanmak - erkin uçýan modelleriň bäsleşiginiň esasy wezipesi boldy. Bäş tapgyrda has köp utuk gazanmak borçly edildi. Hasap sekuntlardan durýar, her sekuntda bal hasap edilýär, olaryň umumy netijesi boýunça hem ýeňiji kesgitlenýär.
Şeýlelikde, Aşgabadyň aeroklubynyň okuwçylary tarapyndan – demir ýol orta hünär okuw mekdebiniň okuwçysy Atajan Durdyýewiň we 56-njy orta okuw mekdebiniň okuwçysy Nöker Meredowyň taýýarlan enjamlary howada has köp saklandy. Shematik modelleri üçin - Aşgabat şäheriniň 31-nji orta mekdebiniň okuwçysy Yhlas Jumanyýazowyň enjamy iň gowy wagty görkezdi. Raketalary uçurmak boýunça gyzyklanýanlaryň arasynda Gökdepäniň 6-njy orta mekdebiniň okuwçysy birinjili gazanmagy başardy.
Rezin modelleri boýunça ýaryşda ýurduň baýry türgenleriniň biri Waleriý Degtýarýew ýeňiji boldy. Ol sportuň bu görnüşi boýunça geçen asyryň ortalaryndan bäri meşgullanyp gelýär. Ol özüniň bu söýgüli kärini öz ogly – ýurduň birnäçe gezek çempiony Pawel Degtýarewa hem öwretdi. Ýaşlaryň arasynda ýaş modelçileriň “rezin hereketlendirijileriň” arasynda onuň agtygy- Türkmenbaşy şäheriniň 2-nji orta mekdebiniň okuwçysy Roman Degtýarew ýeňiji bolmagy başardy. Kenarýaka şäherden ýene-de bir model - Arslan Artykow tarapyndan taýýarlanan porşenli hereketlendiriji hem Türkmenbaşy şäheriniň türgenlerine üstünlik getirdi.
Ýaryş radiodolandyryjy modelli uçarlaryň uçmagy bilen tamamlandy. Häzirki wagtda uly meşhurlyga eýe bolan bu görnüşde Aşgabatly sport ussady we halkara bäsleşikleriniň birnäçe gezek ýeňijisi, telekeçi Sähet Kulyýew ynamly ýeňişi gazanmagy başardy.
Bu bäsleşikler Türkmenistanyň Kubogyny almak ugrundaky ýaryşyň birinji tapgyry boldy, indiki tapgyr 17-nji maýda geçiriler. Awiamodel ýaryşyna gatnaşyjylar ýaryş awtoulaglarynyň modelleri bilen gyzyklanýan türgenleriň görkezme çykyşlaryna tomaşa etdiler.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder