7 Nisan 2015 Salı

Koreýada Türkmenistanyň Bitaraplygy Hakynda Leksiýa Geçirildi http://www.turkmenhabargullugy.com/haber.php?haber_id=2965

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň Meýilnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanasy Hanguk daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň GDA ýurtlaryny öwrenmek kafedrasynyň professor-mugallymlarynyň, talyplarynyň we aspirantlarynyň gatnaşmagynda “Bitarap Türkmenistan we Koreýa Respublikasy: hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga tarap” ady bilen açyk-sapak leksiýasyny gurady.

Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda ygtyýarlandyrylan bitaraplyk derejesiniň ýörelgelerine esaslanan Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlaryna aýratyn üns berildi. Bu ýere ýygnanlar şeýle-de Türkmenistan tarapyndan BMG-niň Baş Assambleýasynyň we beýleki halkara hem-de sebitleýin wekilçilikli forumlaryň münberinden öňe sürülýän işjeň başlangyçlary, şeýle-de biziň ýurdumyzda durmuşa geçirilýän iri göwrümli transmilli we sebit taslamalary bilen hem tanyşdyryldy.  

Şeýle-de gatnaşyjylara türkmen halkynyň özboluşly medeniýeti, milli däp-dessurlary we gymmatlyklary barada hem maglumatlar berildi. Şunuň bilen bir hatarda ýygnanlar Türkmenistanda durmuşa geçirilýän we esasy maksady – biziň ýurdumyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegi hem-de halkymyzyň bagtyýarlygy bolan döwlet we milli maksatnamalar bilen hem tanyşdyryldy. Esasy böleginden soňra duşuşyk “sowal-jogap” görnüşinde dowam etdirildi.   


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder