30 Nisan 2015 Perşembe

Maksat Atabaýew 2015-nji Ýylda Türkmenistanyň Iň Gowy Küştçüsi

Milli ýokary liga girýän erkekleriň arasynda küşt boýunça ýurdumyzyň çempionaty iň ýaş türkmen grossmeýsteri, 20 ýaşly aşgabatly küştçi Maksat Atabaýewiň ýeňşi bilen tamamlandy. Şäher sport komitetiniň küşt sport mekdebiniň wekili ýaryşyň barşynda bir gezek hem utulman, mümkin bolan 15 utukdan 11,5 utuk toplady. Ol 10 gezek ýeňiş gazandy we 5 duşuşygyny deňme-deň tamamlady.

Kümüş medala bolsa ýeňijiniň özünden kiçi dogany, 15 ýaşly, FIDE-niň ussady Saparmyrat Atabaýew mynasyp boldy. Ol Maksatdan bary-ýogy 1 utuk az toplady. Üçünji orny bolsa Ahal welaýatynyň toparynyň wekili, FIDE-niň ussady Annaberdi Esenow eýeledi. 

Bu altyn medal M.Atabaýewiň milli birinjilikde gazanan altyn medallarynyň dördünjisidir. Özi-de, 2011-nji ýylda gazanylan ilkinji altyn medal Türkmenistanyň at gazanan tälimçileri Aýdogdy Atabaýewiň we grossmeýster Orazly Annageldiýewiň şägirdine şeýle üstünlige 15 ýaşda eýe bolan ýurdumyzyň iň ýaş küştçüsiniň adyna mynasyp bolmaga mümkinçilik berdi. Şol döwürden bäri ol ýokary görkezijileri gazanmagy başardy. Onuň gazanan üstünlikleriniň iň esasysy bolsa halkara grossmeýsteri diýen ada eýe bolmagy bilen baglanyşyklydyr. 

Mälim bolşy ýaly, grossmeýster derejesine eýe bolmak üçin küştçä diňe bir iri halkara ýaryşlarynda 3 ball almak ýeterlik bolman, eýsem dünýä reýtinginde zerur bolan basgançagy eýelemek wajypdyr. Şol dereje bolsa 2500 görkezijiden az däldir. M.Atabaýew ballaryň zerur bolan möçberini geçen ýylyň tomsunda, Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherinde geçirilen halkara ýaryşynyň barşynda gazandy (mundan başga-da, Maksat altyn baýraga mynasyp boldy). Halkara grossmeýsteri diýen ady almak üçin zerur bolan görkezijini bolsa ol şu ýylyň başynda «Moskow-open» halkara ýaryşynda gazandy. 

Maksadyň halkara sport giňişliginde gazanan baýraklary barada hem ýatlap geçmelidiris. Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň üçünji ýyl talyby eýýäm 20-den gowrak medal gazanmagy başardy. Olaryň arasynda 2008-nji ýylda Birleşen Arap Emirliklerinde geçirilen Aziýanyň toparlaýyn çempionatynda gazanan kümüş medaly onuň üçin has ähmiýetlidir. 

Ýeri gelende aýtsak, geçen aprel aýy M.Atabaýew üçin diňe Türkmenistanyň çempionatynda gazanan ýeňşi bilen däl, eýsem biziň ýurdumyzyň taryhynda iň köpçülikleýin häsiýete eýe bolan birwagtda köp tagtada oýnamak ýaryşyna gatnaşmak babatda hem uly ähmiýete eýe boldy. Şonda Maksat welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň türgenleriniň birbada ýüzlerçesi bilen bäsleşdi. Bu ýaryş «Sagdynlyk we bagtyýarlyk» atly köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş-medeni çäreleriň çäklerinde, geçen ýylyň ahyrynda öz gapylaryny giňden açan täze Küşt we şaşka mekdebinde geçirildi. Ýaryşlaryň barşynda 2015-nji ýylda Türkmenistanyň iň gowy küştçüsi 96 ýeňiş gazandy, üç duşuşykda deňme-deň oýnady we bary-ýogy bir duşuşykda utulyşa sezewar boldy. 

Häzirki wagtda M.Atabaýew milli ýygyndymyzyň beýleki wekilleri bilen bilelikde maý aýynyň ikinji ýarymynda Moskwa şäherinde (Russiýa Federasiýasy) geçiriljek halkara okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna taýýarlyk görýär. Bu ýygnanyşyk dünýä çempionatynyň zolaklaýyn tapgyryna (Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlarynyň arasynda) taýýarlyk bolar. Şol ýaryşlarda esasy göreş birinji we ikinji orunlar üçin bolar. Şol orunlar bolsa dünýä birinjiliginiň final tapgyryna gatnaşmaga hukuk berer. 

Maý aýynyň 20-lerinde paýtagtymyzyň Küşt we şaşka mekdebiniň binýadynda ýokary liga girýän zenanlaryň arasynda küşt boýunça Türkmenistanyň birinjiligi badalga alar. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda iň güýçli türgenleriniň 16-syny jemlejek bu ýaryş duşuşyklaryň aýlaw ulgamy boýunça ýeňijileri we baýrakly orunlara mynasyp boljaklary kesgitlär. FIDE-niň  ussady Bahar Hallaýewa Türkmenistanyň häzirki çempionydyr. 

Ol özüniň ýokary derejeli ussatlygyny şu ýaryşda tassyklap bilermi? Muňa ýakyn wagtda göz ýetireris...  


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder