Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Daşary işler ministrliginde alnyp barylýan işler barada hasabat bermek bilen, şu ýylyň 3-4-nji maýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň Italiýa Respublikasyna boljak iş saparyna görülýän taýýarlyk barada aýtdy. Mälim bolşy ýaly, maý aýynyň başynda Milan şäherinde “EXPO-2015” Bütindünýä sergisi açylýar. Onda Türkmenistanyň milli bölümi bolar.
Döwlet Baştutanymyz saparyň barşynda ählumumy forumda geçiriljek Türkmenistanyň Milli güni mynasybetli dabaraly çärelere gatnaşar. Şunuň bilen birlikde, milli Liderimiziň Italiýa Respublikasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar meýilleşdirildi. Garaşylyşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Italiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşar.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, soňky ýyllarda Türkmenistanyň iri halkara sergilerine işjeň gatnaşýandygyny kanagatlanma bilen belledi. Munuň özi ýurdumyzyň ägirt uly mümkinçiliklerini dünýä jemgyýetçiligine ýetirmek, dürli pudaklardaky gazananlaryny, üstünliklerini äşgär etmek we şol bir wagtyň özünde öňdebaryjy tejribeler bilen tanyşmak, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara peýdaly gatnaşyklaryň gerimini giňeltmek babatda oňyn mümkinçilikdir.
Şunuň bilen baglylykda, biziň ýurdumyzyň Milanda geçirilýän “EXPO-2015-e” gatnaşmagynyň möhümdigini belläp, döwlet Baştutanymyz Italiýa Respublikasyna boljak iş saparynyň we beýleki meýilleşdirilen ähli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder