Nýu-Ýorkdan nobatdaky hoş habar gelip gowuşdy--Türkmenistan BMG-niň gender deňligi, şeýle hem zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça edarasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlandy.
Ýakynda BMG-niň ştab-kwartirasynda geçirilen saýlawlaryň barşynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we durmuş geňeşiniň agzalary ses bermek arkaly Türkmenistany 2016-2018-nji ýyllar üçin ady agzalan düzümiň agzalygyna saýladylar. Munuň özi Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň dünýä ýüzünde uly abraýa eýe bolup durýandygynyň nobatdaky subutnamasy boldy. Türkmenistan ýurdumyzda gender deňligini ilerletmek we bu ugurda BMG bilen ýakyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça yzygiderli çäreleri görýär.
Bu Ýerine ýetiriji geňeş häzirki wagtda BMG-niň esasy guramasy bolmak bilen, ol gender deňligi babatda işleri utgaşdyrýar. Bu gurama 2010-njy ýylyň iýulynda BMG-ni özgertmegiň çäklerinde döredildi. Ol ýokary netijelilik üçin guramanyň dört sany aýratyn bölümleriniň serişdelerini we mandatlaryny birleşdirdi. Şol bölümler ozal diňe gender deňliginiň we zenanlarynyň hukuklaryny gowulandyrmak meseleleri bilen meşgullanýardy.
Ýerine ýetiriji geňeş öz nobatynda BMG-niň bu gender düzüminiň dessin işlerini hökümetara derejesinde goldamaga we geçirilýän işlere gözegçiligi amala aşyrmaga gönükdirilen ýolbaşçy gurama bolup durýar.
Türkmenistan giň halkara hyzmatdaşlyk ugruna eýermek bilen, tutuş dünýäde parahatçylygy, hopwsuzlygy we durnuklylygy gazanmaga ýardam edýän BMG bilen netijeli gatnaşyklary ösdürýär. Soňky ýyllarda özara gatnaşyklarda toplanan baý we netijeli tejribä daýanmak bilen, bu hyzmatdaşlyk täze mazmuna eýe boldy.
Mälim bolşy ýaly, biziň ýurdumyz 2012-nji ýylyň noýabrynda 2013-2015-nji ýyllar üçin BMG-niň esasy edaralarynyň biri bolan Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (EKOSOS) agzalygyna kabul edildi. Munuň özi Türkmenistanyň we Birleşen Milletler Guramasynyň üçünji müňýyllykda ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine häzirki zamanyň ykdysady we durmuş wezipelerini çözmegiň oňaýly ýollaryny gözläp tapmak boýunça özara gatnaşyklaryny giňeltmegi maksat edinýändigini tassyklady.
Biziň ýurdumyzyň BMG-niň dürli düzümlerinde, toparlarynda we maksatnamalarynda giňden iş alyp barmagy EKOSOS-yň agzalygyna girmegine ýardam etdi. Mysal üçin, 2010-njy ýylyň güýzünde Türkmenistan BMG-niň ÝYK-niň durnukly energetika baradaky edarasynyň başlygynyň orunbasarlygyna hem-de BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin ýörite maksatnamasynyň (SPEKA) Başlyklygyna saýlanyldy. 2011-nji ýylyň aprelinde bolsa biziň ýurdumyz BMG-niň abraýly edaralarynyň birbada üçüsiniň düzümine – 2012-2015-nji ýyllar üçin BMG-niň ilat we ösüş boýunça toparyna, 2012-2015-nji ýyllar üçin BMG-niň neşe serişdeleri boýunça toparyna saýlanyldy, şeýle hem BMG-niň Bosgunlaryň işleri baradaky Ýokary Komissarynyň maksatnamasynyň Ýerine Ýetiriji komitetine hemişelik esasda saýlanyldy.
Biziň döwletimiziň gazanan uly üstünlikleri hem onuň durmuş-ykdysady ösüşinde kesgitleýji orny eýeledi. Türkmenistan ähli ugurlarda we ulgamlarda giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmakda uly tejribe toplady we häzir ýolbaşçy maslahatlary işläp taýýarlamakda beýleki ýurtlara ýardam etmäge taýýardyr. Şol maslahatlar ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, dünýäniň esasy wezipelerini çözmekde çäreleriň hilini we netijeliligini artdyrmaga gönükdirilendir.
Dünýäniň syýasy, ykdysady we hukuk giňişligine üstünlikli goşulmak bilen Türkmenistan hukuk goraýjy ulgamda uly, maksada gönükdirilen işleri geçirip, dürli ugurlar boýunça halkara hyzmatdaşlygyny giňeldýär. Gender deňliginiň üpjün edilmegi şolaryň möhümleriniň biri bolup durýar.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Konstitutsiýasynda hem-de halkara hukugynyň kadalaryna laýyklykda, erkekler we zenanlar üçin birmeňzeş hukuklary we azatlyklary döretmek we jyns alamaty boýunça islendik çäklendirmä ýol bermezlik ýörelgesi döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde ykrar edildi.
Türkmen döwleti BMG-niň doly hukukly agzasy bolmak bilen, esasy halkara konwensiýalaryna, şol sanda Zenanlar babatda kemsitmeleriň ähli görnüşlerini ýok etmek hakynda konwensiýa hem-de Zenanlaryň ýagdaýy boýunça bütindünýä konferensiýasyna goşulyp, bu möhüm resminamalaryň düzgünlerini amala aşyrmak boýunça anyk ädimleri ädýär, şol sanda milli kanunçylygyny kämilleşdirýär.
Ýakynda – 8-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň degişli Karary bilen tassyklanan "Türkmenistanda 2015-2020-nji ýyllar üçin gender deňligini üpjün etmek boýunça işleriň milli meýilnamasy" bilen tanyşdyryş dabarasy geçirildi. Ol BMG-niň Ilat gaznasynyň maslahat goldawyny bermeginde işlenip taýýarlanyldy.
Ýurdumyzda we daşary döwletlerde çäreleriň 60-dan gowragynyň geçirilmegini göz öňünde tutýan bu resminama zenanlaryň ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady we medeni-ynsanperwer çärelerine gatnaşmagyny giňeltmek üçin zerur bolan şertleri döretmek maksadynda kabul edildi. Onda bellenilen möhüm wezipeleriň hatarynda gender meseleleri boýunça ilatyň habarlylygyny artdyrmak, bu ulgamda Türkmenistanyň kanunçylygyny has-da kämilleşdirmek ýaly wezipeler bar.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder