Ekstremal lukmançylyk ýa-da adatdan daşary ýagdaýlarda ilkinji kömegi bermek ýaly temalara bagyşlanan teleköpri arkaly gurnalan okuw sapaklary Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetini we Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutyny birleşdirdi. Bu ýokary okuw mekdeplerini Ýewropa Bileleşiginiň TEMPUS (Erasmus +) Maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyrylýan “Türkmenistan üçin telemediýa boýunça öňdebaryjy okuw maksatnamalaryny işläp taýýarlamak” taslamasy birleşdirýär. Şeýle hem bu maksatnama türkmen tarapynyň beýleki ýokary okuw mekdeplerini – Medeniýet institutyny, D.Azady adyndaky dünýä dilleri institutyny we Oba hojalyk uniwersitetini öz içine alýar.
Şeýlelik bilen, taslama gatnaşýan türkmen tarapynyň düzüminde “telelukmançylyk” ýa-da onuň bilen ugurdaş sapaklary, meselem, teleweterinariýa (TOHU) ýa-da “telelukmançylyk torlary” (TDUweAI) ýaly okuw maksatnamasyny goşmak boýunça başlangyçlary birikdirýän ýokary okuw mekdepleriniň bäşisi bar. Dil boýunça ýokary okuw mekdebi we medeniýet instituty barada aýdylanda bolsa, onda olar terjimeçilik işini ýerine ýetirmek we degişli okuw maksatnamalaryny taýýarlamak bilen meşgullanýarlar. Ýewropa ýurtlaryna okuw sapaklaryny geçmek üçin bolan saparlar türkmen hünärmenlerine teleköprileri guramakda öňdebaryjy tejribeler bilen tanyşmaga we “telelukmançylyk” boýunça sapaklary geçmäge mümkinçilik berdi.
Okuwlar uniwersitetiň ýörite görkezme esbaplary bilen üpjün edilen simulýasion okuw merkezinde geçirildi. Geljekki lukmanlar mugallymlaryň ýolbaşçylyk etmeklerinde ulag institutynyň talyplary üçin ilkinji kömegi bermek boýunça ussatlyk sapaklarynyň giden bir tapgyryny geçdiler. Özi hem okuw sapaklary işjeň ýagdaýda geçdi. Ulag ýokary okuw mekdebiniň talyplary özlerini gyzyklandyrýan soraglary berdiler we şol bada hem degerli jogaplary aldylar.
Geljekde şular ýaly belli bir aralykdaky okuw sapaklaryny biziň ýurdumyzyň beýleki ýokary okuw mekdepleri bilen hem, ilkinji nobatda Ýewropa Bileleşiginiň Taslamasy boýunça hyzmatdaşlary bilen, geçirmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem, golaý wagtlarda – dünýäniň iri ylmy-barlag merkezleri, belli lukmançylyk ýokary okuw mekdepleri we beýleki saglygy goraýyş edaralary bilen teleköprini guramak we geçirmek meýilleşdirilýär.
Lukmançylyk uniwersitetinde şular ýaly wideoşekilli hyzmatdaşlyga lukmanlary kämilleşdiriş fakulteti ýaly ýokary okuw mekdebiniň gurluşyny ösdürmek üçin geljegi uly bolan ugur hökmünde garalýar. Belli bir aralyk boýunça geçirilýän şular ýaly okuw sapaklary olara öz hünärlerini ýerlerde – önümçilik bilen bile kämilleşdirmäge mümkinçilik berer.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder