Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda raýatsyzlygy azaltmak boýunça alnyp barylýan syýasat halkara hukugynyň ýörelgeleriniň, gumanizmiň we adalatlylygyň ideýalarynyň nusgasy bolup durýar. Türkmenistan 2011-2014-nji ýyllarda ýurduň çäklerinde ýaşaýan göçüp gelen adamlaryň dört müňden gowragyny raýatlyga kabul etdi. Ýurduň täze raýatlarynyň mynasyp durmuşy üçin döwlet tarapyndan ähli şertler döredilýär. Raýatlygyň berilmegi bu adamlaryň durmuş ýagdaýlaryny gowulandyrmaga şert döredýär, olara köp sanly ýeňilliklerden peýdalanmaga mümkinçilik berýär, bilim almaga, işlemäge, lukmançylyk we beýleki kömekleri almaga şertleri döredýär. Adam raýatlyk bilen bilelikde diňe bir hukuk alman, eýsem şahsy mertebä hem eýe bolýar. Adamyň jemgyýetde şahsy durmuşynyň durnuklaşmagy bolsa döwletiň milli howpsuzlygynyň durnukly bolmagyna şert döredýär.
Az wagtyň içinde şeýe mukdarda köp sanly adamlara raýatlygyň berilmeginiň Merkezi Aziýa sebitinde we GDA-nyň çäklerinde mysalynyň ýokdugyny bellemek gerek. Bu bolsa dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýär. Muňa Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen biziň ýurdumyzda 2012 – nji ýylda "Musulman dünýäsiniň bosgunlary" ady bilen geçirilen halkara maslahaty hem şaýatlyk edýär. Bu bosgunlary we raýatlygy bolmadyk adamlaryň raýatlyga kabul etmek meseleleri boýunça biziň toplan tejribämizi öwrenmäge şert döredýär. Maslahatyň işine Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza ýurtlarynyň hökümet toparlarynyň wekilleri, iri halkara we hökümetara guramalarynyň kyrk sanysy töwereginiň wekilleri, 21 döwletden gözegçiler gatnaşdylar.
2014-nji ýylda "Migrasiýa we raýatsyzlyk halkara maslahaty: indiki ädimleri anyklamak" atly ýene-de bir maslahat geçirildi. Oňa 32 ýurtdan ýörite wekiliýet, abraýly halkara guramalarynyň 16-nyň, hökümete degişli däl gurluşlaryň wekilleri gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ynsanperwer hukugy ulgamynda alyp barýan syýasaty biziň ýurdumyzda ratifisirlenen halkara konwensiýalaryna ygrarlylygyna esaslanýar. Türkmenistan 1951-nji ýylda kabul edilen "Bosgunlaryň hukuk ýagdaýy hakynda" we onuň 1967-nji ýyldaky Protokolyna, 1954-nji ýylda kabul edilen "Apatridleriň derejesi hakynda" Konwensiýa we 1961 ýylda kabul edilen "Raýatsyzlygy azaltmak hakyndaky" Konwensiýa goşuldy. Şeýlelik bilen, Türkmenistan Merkezi Aziýada ýokarda ady agzalyp geçilen konwensiýalara goşulyşan ilkinji ýurt boldy. Olar raýatsyzlygyň öňüni almak we azaltmak babatda netijeli işler üçin zerur bolan usullary döretmek üçin adam hukuklaryny üpjün etmek nukdaý nazaryndan möhüm resminamalar bolup durýarlar.
Öz üstüne alan borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirmek bilen,Türkmen döwleti degişli halkara kadalaryny amala aşyrýar we milli kanunçylyk-hukuk binýadyna tekliplerini berýär. 2012-nji ýylda "Migrasiýa hakynda", "Bosgunlar hakynda" Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi. 2013-nji ýylda "Türkmenistanyň raýatlygy hakynda" kanun kabul edildi. "Bosgunlaryň hukuk ýagdaýy hakynda", "Apatridleriň derejesi hakynda" Konwensiýalarynyň kadalaryny berjaý etmek maksady bilen we ýurduň çäklerinde ýaşaýan bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň ähli kadalardan peýdalanmaklary üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň karary bilen IGAO-nyň standartlaryna laýyk gelýän raýatsyzlygy bolmadyk adamlaryň şahadatnamasynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň ýol resminamasynyň, bosgunyň şahadatnamasynyň, bosgunyň ýol resminamasynyň, ýaşamaga goşmaça resminamasynyň nusgalary tassyklandy, şeýle hem olary bermegiň hukuk düzgünlerini sazlaýan namalar kabul edildi.
Daşary ýurtly raýatlaryň ýurduň çäklerine girmeklerini ýeňilleşdirmek we olara hyzmat edilişiniň ýokary derejesini üpjün etmek maksady bilen, 2012-nji ýylyň ýanwaryndan ýörite goragly ygtyýarnamalaryň – wizlarayň stikerleriň täze nusgasy herekete girizildi. Halkara hukuklarynyň kadalaryna laýyklykda bütewi maşgala ýörelgesine ygrarly bolmak bilen, daşary ýurtlaryň raýatlaryna ýurduň çäklerinde ýaşamaga ýeňillikleri döretmek bilen, olar goşmaça resminamanyň ýa-da ýeňillikli şertlerde berilýän ygtyýarnamanyň esasynda olara Türkmenistanda ýaşamaga mümkinçilikler döredilýär. Bu bolsa umumy ykrar edilen halkara hukuklarynyň bildirýän talaplaryna laýyklykda hem öz raýatlaryna , hem daşary ýurtlaryň raýatlaryna, hem raýatlygy bolmadyk adamlara deň şertleriň döredilýändigine şaýatlyk edýär.
Şeýlelik bilen, Türkmenistan BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň hemişelik agzasy hökmünde bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň goragyna we hukuklaryny üpjün etmäge gönükdirilen işleriň iş ýüzünde amala aşyrylmagyna işjeň ýardam berýär. Öz üstüne alan borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirmek, şeýle hem umumy ykrar edilen halkara hukuklarynyň kadalaryndan ugur almak bilen, Türkmenistan bosgunlary goramak boýunça möhüm çäreleri amala aşyrdy. Şeýlelik bilen bu global meseläniň çözülmegine özüniň mynasyp goşandyny goşýar. Bu ulgamda Türkmenistanyň gazanan tejribesi ýurduň halkara giňişliginde abraýyny galdyrmak bilen, dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan uly hormata eýe bolýar we uly gyzyklanma bildirilýär.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder