23 Nisan 2015 Perşembe

Owadanlygyň we Ussatlylygyň Sazlaşygy

Türkmen bedewiniň baýramçylygyna bagyşlanyp aprel aýynyň soňky ongünlüginde geçirilýän döredijilik bäsleşigi indi däbe öwrüldi. Türkmen hudožnikleriniň, skulptorlarynyň, grafikanyň ussatlarynyň, surat we wideoişleriniň, halyçylygyň, zergärçilik we küýzegärçilik sungatynyň bu gözden geçirilişi çeper keşplerde we sýužetlerde beýan edilýän ajaýyp bedewlere täzeden garamaga mümkinçilik berýär. Muňa behişdi bedewleriň waspyny ýetirýän täze eserler bilen tanyşdyrýan Türkmenistanyň Çeperçilik akademiýasynyň Sergiler zalynda geçirilen ekspozisiýalar hem şaýatlyk edýär. 

Žiwopis polotnolarynda – özüniň owadanlygy, ýyndamlygy we örän syratlylygy bilen gaýtalanmajak gözelligi beýan edýän ahalteke bedewleri. Olar surat ussatlary tarapyndan dürli görnüşlerde: tebigat gözelliginde, aýlawdaky at çapyşygynda ýüwrup barýan görnüşde, sirkiň sahnasynda, deňziň kenarynda ylgap barýan görnüşde, ýaz paslynyň ajaýyp sonarly meýdanynda otlap ýören wagtlary berlipdir. Her bir ýerine ýetirilen iş – hudožnigi haýran galdyran edil wagtyň bir pursady saklanan ýaly bolup görünýär. Işlerde Bitaraplyk we parahatçylyk ýylynyň nyşanyny beýan edýän Ak kepderiniň keşbi hem öz beýanyny tapypdyr. 



Owadan gölli halylarda, gobelenlerde we amaly-haşam sungatynyň beýleki eserlerinde argamak bedewleri ýerleşdirilen ajaýyp halylar haýran galdyrýar. 

Sergide gipsden, bürünçden, agaçdan we keramikadan ýasalan bedewleriň we çapyksuwarlaryň skulpturalary aýratyn orny eýeleýär. Uçup barýan ahalteke bedewüniň üstünde oturan milli gahrymanymyz Jelaletdiniň keşbini beýan edýän kompozisiýa hem örän täsindir. 

Bu ýerde zergärçilik önümleri, şol sanda zenan bezeg şaý-sepleri hem örän köp. Olaryň ýasalşynda milli däp-dessurlaryndan ugur alnypdyr. Gupba, monjuk,şelpeli kolýe, ýüzük we gulakhalka – bularyň ählisi inçelik bilen ýasalyp, tebigylygyň we ussatlygyň sazlaşygy hökmünde nepisligi we owadanlygy, aýdyňlygy we keşpliligi beýan edýär. 

Türkmen zergärleri tarapyndan ussatlyk bilen ýerine ýetirilen eýerlerdir gyzyl çaýylyp ýasalan üzeňňiler, pöwrüze we sirkon bilen baý bezelen at esbaplary türkmen ahalteke bedewleriniň owadanlygyny we gymmatlygyny has hem artdyrýar. 

Häzirlikçe bäsleşikde görkezilen işleriň awtorlarynyň atlary görkezilmändir, ýöne olaryň familiýalarynyň ýerine san belgileri goýlupdyr. Ýöne sergä gelen her bir adam ahalteke bedewleriniň ajaýyp keşplerini synlap, haýran galmak bilen ajaýyp eserleri gördüler. Türkmen hudožnikleriniň dürli-dürli žanrlaryny we tematikasyny olaryň sungatynda waspy ýetirilen ady äleme dolan ahalteke bedewlerine bolan uly söýgüleri birleşdirýär.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder