19 Nisan 2015 Pazar

Türkmen Tigir Sürmek Ýaryşy

Aşgabadyň Köpetdag tizlikli ýolunda tigir sürmek ýaryşy boýunça köp günläp geçirilen Türkmenistanyň birinjiligini almak boýunça geçirlen ýaryşyň soňky tapgyry geçirildi. Hemmesini jemläp alanyňda ýaryşa gatnaşyjylar – Lebap, Daşoguz welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň toparlarynyň wekilleri – 500 kilometrden gowrak ýoly geçdiler. 



Ýaryşyň ýeňijisi bütin aralyga sarp edilen wagtyň umumy möçberini goşmak arkaly kesgitlendi. Bu babatda tigir sürmek ýaryşyna gatnaşan paýtagtly Yhlas Öwezmyradow saýlanmagy başardy. Wiktor Smirnowyň elinde türgenleşýän Yhlas bu aralygy 9 sagat 44,0 minutda geçdi. 

Häzirki wagtda türkmen tigir sürmek ýaryşyna gatnaşyjylary Koreýa Respublikasynda 16-njy aprelden 4-nji iýuna çenli dowam etjek halkara okuw türgenleşik ýygnanşyklaryna taýýarlyk görýärler. Bu ýygnanşyklar tigir sürmek sportunyň Aziýa konfederasiýasynyň howandarlygynda sebitiň ýaş we geljegi uly bolan türgenlerini iň ýokary derejedäki, şol sanda dünýä birinjiligini almak üçin hem, dürli ýaryşlara taýýarlamak üçin geçirilýär.

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder