29 Nisan 2015 Çarşamba

Ýeriň Emeli Hemrasyny Uçurmak we Ony Dolandyrmak Işleri

Ilkinji türkmen aragatnaşyk hemrasyny uçurmagy amala aşyrmak işleri kosmiki hyzmatlar bazarynda abraýly «SpaceX» kompaniýasyna ynanyldy, ol «Falcon» hemra göterijiler toplumyny işläp taýýarlaýan hem-de kosmos ulgamlarynyň operatory bolan kompaniýadyr. Ol amerikan inženeri Ilon Mask tarapyndan esaslandyryldy we maglumatlar tehnologiýalary, hemra gurluşyk hem-de awtomobil gurluşyk ulgamlarynda gazanan netijeleri bilen dünýäde meşhurdyr. I.Maskyň üstünlikli amala aşyran taslamalarynyň hatarynda belli PayPal töleg ulgamyny we elektromobilleri öndürýän «Tesla Motors» awtomobil kompaniýasyny görkezmek bolar.

«SpaceX» kompaniýasy döredilende, I.Mask hemralar işlenip düzülende we taslamasy çyzylanda çykdajylary mümkin boldugyça azaltmak wezipesini öňde goýdy. «SpaceX»  NASA bilen kompaniýanyň işläp taýýarlan hemra göterijisiniň halkara kosmos bekedine ýüki çykarmak ukybyny görkezmek baradaky şertnamany baglaşdy. 2010-njy ýylyň tomsunda täze hemra göterijisi üstünlikli uçuryldy, şol ýylyň gyşynda bolsa «Falcon 9»  äleme öz işläp taýýarlan «Dragon»  ýük göteriji asman gämisini  ýeriň töweregindäki äleme çykardy. Asman gämisi äleme çykyp, telemetriki maglumaty berdi, älemden yzyna gaýtdy we ummanda üstünlikli suwa gonduryldy. Şeýlelikde,  «SpaceX» ýük göteriji asman gämisini äleme çykaran we soňra yzyna üstünlikli gaýtaryp getiren dünýädäki ilkinji hökümete dahylsyz gurama boldy.  

Häzirki wagta çenli «SpaceX» emeli hemralaryň eýýäm ýigrimä golaýyny üstünlikli äleme uçurdy, olaryň hatarynda geostasionar äleme, şeýle hem Halkara kosmos  bekedine ýüki eltip ýetiren asman gämileri bar.  NASA we «SpaceX»-yň arasyndaky şertnama laýyklykda «Dragony»  Halkara kosmos bekedine köp gezek uçurmak göz öňünde tutulýar. 

Ilkinji türkmen aragatnaşyk hemrasy «Falcon 9 v1.1»  hemra göterijisi arkaly Florida ştatyndaky (ABŞ)  Kanaweral kosmodromyndan uçuryldy. «Falcon 9 v1.1»  iki basgançakly «Merlin»  suwuklykda işleýän hereketlendirijileri bolan hemradyr. Basgançaklaryň her biri awionika we uçuş kompýuterleri bilen enjamlaşdyrylandyr, olar hemra göterijisiniň uçuşynyň   ähli ugurlaryna gözegçiligi amala aşyrýar. Peýdalanylýan awionikanyň hemmesi «SpaceX» kompaniýasynyň önümidir we üç ätiýaçlyk toplumy göz öňünde tutulyp ýerine ýetirilendir. Koniki görnüşli enjam ikinji basgançagyň ýokarsynda ýerleşýär we uçuş wagtynda peýdaly ýüki aerodinamiki, termal we akustiki täsirlerden goraýar.  

Hemrany onuň älem giňişliginde ýerleşjek ýerine çykarmak işi birnäçe tapgyrda amala aşyrylýar. Ilki bilen hemra göterijisi kosmiki enjamy geogeçiriji äleme çykarýar. Ol süýndürilen elliptiki älem görnüşinde bolup, perigeý (emeli hemranyň Ýere iň ýakyn orbitasynyň nokady) pes älem giňişliginde (200 kilometre golaý belentlikde), apogeý (emeli hemranyň Ýerden has uzakda ýerleşýän orbitasynyň nokady) bolsa geostasionar älemde (36 müň kilometre golaý) belentlikde ýerleşýär. 

Geogeçiriji älemden kosmos enjamy apogeý hereketlendirijisi arkaly öz älemdäki bellenen ornuna çykarylýar.  Hemrany geostansionar äleme çykarmak ol geogeçiriji älem boýunça hereket edip, apogeýe ýetende tamamlanýar. Şol pursatda hereketlendiriji kosmos apparatyna duýduryş berýär, ol bolsa elliptiki herekete Ýeriň daşyndan aýlaw görnüşinde hereket etmek döwrüne geçýär, bir aýlaw gije-gündiziň uzaklygyna deňdir, ýagny, hemranyň hereketiniň ugry geostasionar älem bilen deňleşýär. 

Şeýlelikde,  «SpaceX» kosmos enjamyny geogeçiriş orbitasynda bellenilen ýere çenli uçurmagy amala aşyrýar. Türkmen aragatnaşyk hemrasy «Falcon 9 v1.1» hemra göterijisinden bölünip aýrylandan soň, ony dolandyrmagy «Thales Alenia Space»  kompaniýasynyň hünärmenleri öz üstüne alýarlar. Munuň üçin Koreýa Respublikasyndaky, Italiýadaky, ABŞ-daky we Fransiýadaky beketler peýdalanylýar. Şol bir wagtyň özünde hemranyň maglumatlaryny Ahal welaýatynda ýerleşýän Hemra dolandyryş merkezinde türkmen hünärmenleri alarlar. Bu beketleriň ýerleşişi asman gümmeziniň giňişligine doly gözegçilik etmäge hem-de kosmos enjamynyň hereketine gije-gündiziň dowamynda gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär. 

Soňky günleriň dowamynda hünärmenler aragatnaşyk hemrasy orbitada bellenilen ornuna – gündogar uzaklygyň 52-nji ölçegine ýetýänçä, onuň hereketine yzygiderli üýtgetmeler girizýärler. Şol pursatda «TürkmenÄlem 52oE»  hemrasy gös-göni Ahal welaýatynda ýerleşýän Hemrany dolandyryş merkezi bilen aragatnaşyga çykar we hemra ulgamynyň işini barlamak başlanar. Ähli seljermeleriň üstünlikli jemlenmegi bilen türkmen hünärmenleri enjamy dolandyrmagy öz üstüne alarlar. 

Ýeriň ähli emeli hemralary, olaryň orbitanyň haýsy belentliginde ýerleşýändigine garamazdan,  deňagramlyk ýagdaýyny saklaýarlar. Has takygy, kosmos enjamynyň hereketiniň netijesinde ýüze çykýan merkeze ymtylyş güýji grawitasiýa dartylyş güýjüne deňdir we şonuň netijesinde hemralar belli bir belentliklerde howada «sallanyp duran»  ýalydyr. Eger-de hemra örän ýokary tizlik bilen hereket etse,  ony älem özüne dartar, eger örän haýal hereket etse, dartyş güýji ony yzyna Ýere tarap çeker. Kosmiki enjamy biziň planetamyza näçe golaýda ýerleşse, oňa dartyş güýji uly täsir edýär. Şonuň üçin hem tizligi ýokary bolmalydyr.  Geostasionar orbita çykarmak üçin türkmen aragatnaşyk hemrasynyň orbital tizligi sekuntda 3 kilometre golaý bolar. Bu tizlik 24 sagadyň dowamynda bir gezek aýlaw etmäge mümkinçilik berýär. Ýeriň hem öz okunyň daşyndan 24 sagatda bir gezek aýlaw edýändigi sebäpli, hemra geostasionar orbitanyň beýikliginde ýeriň tekizligine garanyňda hemişe  belli bir orunda ýerleşýär. 

Şeýlelikde, kosmos enjamy geostasionar orbita çykarylandan soň, onuň özi biziň planetamyzyň ýokarsynda «asylyp durjak»  ýalydyr.  Emma  hemra Aýyň we Günüň dartyşmasy, Ýeriň magnit meýdany we beýlekiler hereketleri täsir edýär.

Şu ýagdaýlaryň netijesinde hemra hemişe bellenilen matematik orbitada uçup bilmez –Ýeriň emeli hemrasynyň ortalyk ýagdaýdan şeýle haýal gyşarmasy dreýf diýlip atlandyrylýar. Hemrany zerur bolan ornunda saklamak üçin hem düzediş hereketlendirijileri zerurdyr. 

Kosmos enjamynyň şunuň ýaly görnüşde hereket etmegine onda ýerleşdirilen we ýerdäki enjamlar arkaly gözegçilik edilýär we zerur  ýagdaýynda Dolandyryş merkeziniň hünärmenleri Ýerden buýruk bermek arkaly hem-de hemranyň özünden ýerleşýän düzediş hereketlendirijilerini işledip, ony geostasionar orbitadaky zerur bolan ýagdaýyna getirýärler. 

Peýdalanmak ulgamy 
   
Türkmen hemrasy orbita giňişligine çykandan we hemra aragatnaşyk ulgamy doly derejede işe girizilenden soň, ýurdumyzyň hünärmenleriniň öňünde onuň hyzmatyndan mümkin boldugyça, doly peýdalanmak hem-de bu taslamanyň netijeli bolmagyny üpjün etmek wezipesi durýar. Bu maksatlar üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, «Türkmen hemrasy»  ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti döredildi, onuň üstüne hemra aragatnaşyk hyzmatlaryny üpjün etmek wezipesi ýüklenýär. 

Hemranyň mümkinçilikleri ony tele we radioýaýlymlary ýaýlyma çykarmak, biri-birinden müňlerçe kilometr uzaklykda ýerleşýän ýerüsti beketleriň arasynda maglumatlary alyşmak, giň zolakly internet hyzmatlaryny hödürlemek, uzak aralykdan okuw işini, lukmançylyk hyzmatyny guramak, şol sanda wideoşekilli dürli maslahatlary geçirmek, şeýle hem aragatnaşyk hyzmatlarynyň beýleki görnüşleri üçin peýdalanmaga şert döredýär. Hakykat ýüzünde hemra belent asman giňişligine çykarylan kuwwatly alyp eşitdiriji we alyp görkeziji beketdir we haçan-da, uly möçberli maglumatlary uzak aralyklara çalt ibermek ýaly, şeýle hem beýleki dürli ýagdaýlarda peýdalanylyp bilner. 

Bellenilip geçilişi ýaly, Türkmenistanyň ygtyýarynda 26 sany hemra transponderi bar. Hemra ulgamlary esasan hemra telewideniýesini ýaýlymlara goýbermek üçin ulanylýar, munuň üçin «BSS»  radioýygylyk ýaýlymlarynyň 10-sy göz öňünde tutulýar. Olaryň geçirijilik ukyby kuwwatlyklary standart, şeýle hem ýokary çözüjilik görnüşli  teleýaýlymlaryň onlarçasyny görkezmäge mümkinçilik berýär. «BSS»  radioýygylyk ýaýlymlarynyň her birinde olaryň çözüş aýratynlyklaryna baglylykda,    SD-TV  ölçegdäki  (standart çözüşli)  teleýaýlymlaryň 7-sini, HD-TV  (ýokary çözüşli) ölçegdäki teleýaýlymlaryň 4-sini,  3D-TV ölçegdäki («üç ölçegli») teleýaýlymlaryň 2-sini  ýerleşdirmäge mümkinçilik berýär. Şeýlelikde, «BSS»  radioýygylyk   ýaýlymlaryň 10-synda olaryň ölçeglerine laýyklykda 20-den 70-e çenli teleýaýlymlary ýerleşdirip bolar. 

Häzirki wagtda munuň milli telewideniýäniň isleglerine artyk gelýändigi sebäpli, hemra ýaýlymlarynyň köp bölegini daşary ýurt teleýaýlymlaryny alyp görkezmek üçin kärendesine berip bolar. «TürkmenÄlem 52oE»  hemrasynyň ägirt uly çäkleri öz içine alýandygy sebäpli, Türkmenistan Ýewropanyň we Aziýanyň  alyp eşitdiriji we alyp görkeziji ýaýlymlary üçin üstaşyr ýurt hökmünde çykyş edip biler. 

Milli teleradio eşitdiriş-görkeziş ulgamyny ösdürmekden başga-da, ýurdumyzyň öz hemrasynyň bolmagy  Türkmenistanda VSAT  (Very Small Aperture Terminal)  ulgamyny işjeň peýdalanmaga mümkinçilik berer, bu ulgamy halk hojalygynyň ähli ulgamlarynda diýen ýaly giňden peýdalanyp bolar. VSAT  ulgamynyň binýadyndaky hemralar toplumy dört esasy düzüm bölegini öz içine alýar: alyp eşitdiriş hemranyň özi,  FSS-teleport we VSAT  abonent terminallary. VSAT  abonent terminaly hemra ýaýlymlary boýunça maglumatlary alyşmaga niýetlenen uly bolmadyk hemra aragatnaşygy bekedidir. Ol 0,9-dan 2,4 metre çenli göwrümli antenden, daşky radioýygylykly toplumdan we içki toplumdan ybaratdyr. 

Ol şeýle işledilýär: mysal üçin, iki sany VSAT  terminaly biri-birinden müňlerçe kilometr uzaklykda ýerleşip, (esasy zat olar hemranyň täsir ediş zolagynda ýerleşmegidir)  biri-birine uly möçberli maglumatlary ýetirip bilerler, şunda hemra alyp eşitdiriji hökmünde peýdalanylýar. VSAT  binýadyndaky aragatnaşyk hemrasy ulgamynyň artykmaçlyklary: ulgam tiz herekete getirilýär, aragatnaşygyň ýokary hili, ulanmagyň ýönekeýligi, ygtybarlylygy abonent terminallaryny göçürmegiň aňsatlygy, olar hatda ýeňil awtomobillerde hem otrudylyp bilner. Aragatnaşyk tehnologiýalarynyň bu görnüşiniň esasy artykmaçlyklarynyň biri – ilatly ýerlerden uzakdaky çöllükde, daglyk ýerlerde, deňizlerde ýerleşýän desgalaryň arasynda ýokary hilli aragatnaşygy üpjün etmek mümkinçiligi. 

Şeýlelikde, bu ulgam bank we maliýe edaralarynda, bölekleýin we lomaý-söwda nokatlarynda, senagat kärhanalarynda we hususy bölümlerde, saglygy goraýyş we bilim ulgamlarynda hem-de beýlekilerde ulanylyp bilner. VSAT  ulgamynyň enjamlarynyň binýadynda internete çykmak, telefon aragatnaşygy, çäk taýdan aýrybaşga ulgamlary birleşdirmek, öň bar bolan aragatnaşyk ýaýlymlaryny ätiýaçlaşdyrmak, alyp eşitdiriş we wideogörnüşli maslahatlary guramak ýaly hyzmatlar üçin doly derejeli multiserwis setlerini gurnamak mümkindir. VSAT  aragatnaşyk hemrasynyň binýadynda hemra aragatnaşyk ulgamy, şeýle hem önümçilik işlerine dispetçer dolandyryşyny hem-de uzak aralykdan gözegçilik etmekde (SCADA ulgamlary)  işjeň peýdalanylýar.  SCADA   ulgamlary tehnologiýa işlerine gönüden-göni operator gözegçiliginiň üpjün edilmegini talap edýän halk hojalygynyň ähli pudaklarynda peýdalanylýar. VSAT tehnologiýalarynyň peýdalanylmagy bolsa uzak aralykda ýerleşýän hem-de ýerüsti aragatnaşyk ulgamlary bilen birleşdirilmedik dispetçerlik merkezlerinden  uzaklykda ýerleşýän senagat desgalaryna gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär. 

VSAT aragatnaşyk hemrasy ulgamy wideoşekilli maslahatlary geçirmekde giňden peýdalanylýar, munuň özi biri-birinden uzak aralykda ýerleşýän iki ýa-da ondan köp peýdalanyjylara öz aralarynda gürleşmäge birek-biregi hem-de maslahata beýleki gatnaşyjylary görmäge we eşitmäge, şeýle hem olar bilen bilelikde kompýuterde işlemäge mümkinçilik berýär. Wideoşekilli maslahatlaryň esasy wezipesi dürli künjeklerde ýerleşýän adamlara, şol bir wagtyň özünde şol bir maglumatlary ýetirmekden ybaratdyr. Wideoşekilli maslahatlary ýa-da hemra aragatnaşygy arkaly teleköprüleri geçirmek häzirki wagtda giňden ulanylýar, sebäbi köpsanly adamlary bir ýere ýygnamak we olary ýerleşdirmek üçin  çykarylýan çykdajydan bu usul  has arzan düşýär. Wideoşekilli maslahatlar işleri tizleşdirmäge, wagty we serişdeleri netijeli peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Bu tehnologiýa uzak aralykdan okatmak ulgamynda, şeýle hem telelukmançylykda hem giňden peýdalanylýar. 

Uzak aralykdan okatmak usuly häzirki wagtda bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda barha uly ähmiýete eýe bolýar we işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça aýry-aýry okuwlarda, şeýle hem hünär bilimini almakda peýdalanylýar. Uzak aralykdan bilim bermegiň artykmaçlyklary köpdür. Diňleýjiler özleri üçin amatly ýerde we wagtda bilim alyp bilerler, okadylýan adamlar üçin uzak aralygyň tapawudy bolmaýar hem-de ýaşaýan ýerlerine, maddy ýagdaýlaryna garaşsyzlykda okap bilerler – okamak üçin uzak ýerlere ýol çykdajylary aradan aýrylýar. 

Ikitaraply ýerüsti hemra bekedi arkaly bilim almak doly derejeli we interaktiw görnüşde bolup, okaýan adam şol wagtyň özünde mugallyma sowal  berip, jogap alyp biler. Mugallym öz gezeginde diňleýjiniň bilimleri özleşdiriş derejesini barlap biler. 

Hemra aragatnaşyk ulgamlary saglygy goraýyş ulgamynda hem täze mümkinçilikleri açýar. Adaty boýunça uly bolmadyk ilatly ýerlerde köpugurly lukman hünärmenler işleýärler. Çylşyrymly ýagdaýlarda belli bir anyk ugur boýunça ýöriteleşen lukmandan maslahat almak üçin näsagy iri şäherlerde ýerleşýän lukmançylyk merkezlerine äkitmeli bolýar, bu bolsa hemişe mümkin hem däldir. Şeýle ýagdaýlarda VSAT aragatnaşyk hemrasynyň göçme bekedi uzak aralykdan näsagyň keselini anyklamaga we ýerli lukmanlara maslahat bermäge mümkinçilik berýär. Şunda ýokary tizlikli aragatnaşyk hemra ýaýlymy hemranyň üsti bilen anyklaýyş enjamlarynyň maglumatlaryny ibermäge mümkinçilik berýär. Bu tehnologiýa operasiýalar geçirilende hem ulanylýar, haçan-da, maslahat berýän lukman başga şäherde, hatda başga ýurtda bolýan wagty hem operasiýa geçirýän lukmanyň işine gözegçilik edip, ony ugrukdyryp biler. Şunda ähli ýagdaýlarda ikitaraplaýyn eşitdiriş we görkeziş aragatnaşygy doly derejede üpjün edilýär. 

Ýokary halkara ülňüleriniň derejelerine laýyk gelýän we maglumatlary bermegiň hilini üpjün edýän aragatnaşygyň kämil telekommunikasiýa ulgamlarynyň döredilmegi biziň ýurdumyzyň yklymda uly ähmiýetli maglumat aragatnaşyk köprüsi hökmünde  abraýyny ýokarlandyrmaga ýardam eder.                            

Ýurdumyzyň kosmos pudagynyň ösüşiniň geljegi 

Şeýlelikde, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn syýasaty netijesinde Türkmenistan öz taryhynda täze eýýamy – kosmos tehnologiýalar eýýamyny açdy. Ýakyn wagtda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Milli  kosmos agentliginiň hünärmenleriniň we işgärleriniň öňünde işiň bu görnüşini ýokary hünär derejesinde we doly möçberde özleşdirmek hem-de Türkmenistanyň tutuş hemra aragatnaşyk ulgamynyň işiniň sazlaşygyny üpjün etmek wezipesi durýar. 

Ýöne häzirki döwürde ýurdumyzyň kosmos pudagynyň geljekki ösüşine çaklama bermek mümkin we şunuň bilen baglylykda, ýeriň emeli hemrasynyň ýene-de nähili görnüşleriniň bardygyny ýatlamak zerurdyr. 

Meselem, meteorologiýa hemralary meteorologlara howany çaklamaga we häzirki döwürde onda näme bolup geçýänine gözegçilik etmäge kömek edýär. Bu babatda geostasionar ekologiýa hemrasy (GOES)  oňat mysal bolup biler. Adatça meteorologiýa hemralarynyň ýörite kameralary bolýar. Olar çyzuw görnüşinde howada bolup geçýän dürli ýagdaýlary  şöhlelendirýärler. Hemra meteorologiýasy häzirki döwürde dünýä möçberinde atmosfera ýagdaýlaryny barlamagyň esasy guraly bolup durýar. 

Nawigasiýa hemralary Ýer üstünden uçarlara, gämilere, awtoulaglara we ulaglaryň beýleki görnüşlerine, hatda pyýadalara ugur almaga kömek edýär. Olaryň has meşhur görnüşleri hökmünde GPS we GLONASS ulgamlaryny görkezmek bolar. 

Kosmosda ylmy barlaglaryň mümkin bolan ähli görnüşlerini alyp barmak işini ýerine ýetirýän ylmy hemralar häzirki zaman dünýä ylmynyň möhüm bölegi bolup durýar. Olaryň üsti bilen günüň tegmillerinden başlap, dürli asman şöhleleriniň täsirine çenli gözegçilik edip bolýar.  Meselem, astoronomiýada we astrofizikada düýpli ösüşe ýetilmegine «Habbl»  we «Çandra»  kosmiki teleskoplary ýardam berdi. 

Hemra ulgamlarynyň has peýdaly we netijeli görnüşleriniň biri Ýeri uzak aralykdan zondirleýän hemralar bolup durýar. Geljekde olar biziň ýurdumyzda döredilip bilner. Uzak aralykdan zondirlemek – munuň özi Ýeriň ýokary gatlagy hakynda oňa fiziki taýdan  galtaşmazdan ýygnalan maglumatlara esaslanýan ylmy ugur. 

Kosmosdan Ýeri öwrenmegiň usullary ýokary tehnologiýaly ulgama degişli edilýär. Munuň özi diňe bir hemra tehnikalaryny, çylşyrymly optiki-elektron gurallaryny, kompýuterleri, tizlikli maglumat ulgamlarynda peýdalanmak däl, eýsem, ölçegleriň netijesini almaga we olary işläp taýýarlamaga bolan täzeçil çemeleşmeler bilen baglanyşyklydyr. Hemra barlaglary ägirt uly giňişlik we hatda tutuş Ýer şary boýunça maglumatlary dessine umumylaşdyrmaga mümkinçilik berýär. 

Uzak aralykdan zondirlemek häzirki döwürde geomaglumat tehnologiýalarynda örän giňden peýdalanylýar. Häzirki zaman geomaglumatlar ulgamynyň işiniň netijeli bolmagynda biziň ýerimiziň çäklerini hemra usullar arkaly barlamak zerur bolup durýar. Munuň özi kosmiki tehnikalarynyň çalt ösüşi we kämilleşýändigi bilen şertlenendir. Bu bolsa awiýa hem-de ýerüsti gözegçilik usullarynyň ýuwaş-ýuwaşdan jemlenmegine alyp barýar. 

Ýokary gatlak hakyndaky maglumatlary almak işi soňlugy bilen işläp taýýarlamak we seljermek hem-de iş ýüzünde peýdalanmak maksady bilen energiýany gaýtarýan we çykarýan obýektleri hakyndaky maglumatlaryň zondirlemegini we ýazylyp alynmagyny özünde jemleýär. Häzirki döwürde uzak aralykdan Ýeri zondirlemegi peýdalanmagyň birnäçe möhüm ugurlary bar: daşky gurşawyň we ýerden peýdalanmagyň ýagdaýlary hakyndaky maglumaty almak, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyna baha bermek, ösümlik we haýwanat dünýäsini öwrenmek, gury ýerleriň we suw howdanlaryň ekologiýa ýagdaýlaryna baha bermek ýaly ugurlardyr. 

Uzakdan zondirlemegiň maglumatlary ýer peýdalanyş we topografik kartalary taýýarlamakda esasy maglumat çeşmesi bolup hyzmat edýär. Häzirki döwürde emeli hemralardan alnan uzak aralykdan zondirlemegiň maglumatlary tebigy öri meýdanlaryna gözegçilik etmek üçin has giň möçberde peýdalanýar. Uzak aralykdan zondirlemek hemralarynyň berýän maglumatlary ýokary çözüjilik ukyby, şeýle hem ösümlik örtügine we onuň wagta görä özgermegine anyk ölçegleri bilen   tokaýçylykda örän netijeli bolup durýar. 

Şunlukda, ýeri uzak aralykdan zondirlemek geologiýa ylymlarynda giňden peýdalanylýar. Uzak aralykdan zondirlemek hemralarynyň maglumatlary tohumlaryň görnüşlerini, şeýle hem düzümleýin, tektoniki we ýerleriň seýsmiki aýratynlyklaryny görkezmek arkaly geologik kartalar düzülende peýdalanylýar. Uzak aralykdan zondirlemek dürli peýdaly magdanlaryň, şol sanda nebitiň we gazyň ýataklaryny gözlemekde örän gymmatly we netijeli gural bolup hyzmat edýär. 

Uzak aralykdan zondirlemegiň maglumatlary gurluşyk üçin bildirilen talaplara  laýyk gelýän ýeri, gurluşyk materiallarynyň önümçiligi üçin serişdeleriniň baý ýataklaryny kesgitlemek, dag-magdan işlerini, ýer işlerini alyp barmaga gözegçilik etmek, şeýle hem deňiz ýakasynda inženerçilik işlerini geçirmek üçin inženerçilik geologiýasynda ulanylýar. Mundan başga-da, bu maglumatlar seýsmiki, wulkanlar we geologiýa gelip çykyşy bolan howply hadysalara baha bermekde ulanylýar. 

Ýeriň golaýyndaky orbita çykarylan uzak aralykdan zondirleýän hemralaryň ilkinji gezek dünýäniň alymlaryna biziň ýerimize, onuň sazlaşykly atmosferasyny we gury ýeriň keşbini, tebigy bolşy ýaly, tehnogen şertleriň täsiri astynda onuň üýtgeýşini nazara almak bilen,  bitewi ulgam hökmünde gözegçilik etmäge we yzarlamaga hem-de öwrenmäge mümkinçilik berendigini bellemeli.     

Uzak aralykdan Ýeri zondirlemek ABŞ-da we Russiýada geçen asyryň 60-njy ýyllaryndan bäri amala aşyrylýar. Häzirki döwürde bu umumydünýä ähmiýetli  işe gatnaşýan ýurtlaryň sany artmagyny dowam edýär. Gury ýeri, deňizleri we Ýeriň atmosferasyny barlamaga niýetlenen hemralaryň köpüsini Ýaponiýanyň we Ýewropanyň kosmiki agentlikleri orbita çykarmagy meýilleşdirýärler. Geljekde adamzat üçin  ähmiýetli bolan bu işe Türkmenistan hem özüniň mynasyp goşandyny goşar. Onuň döredijilik kuwwaty hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňden görüjilikli we ylmy taýdan esaslandyrylan syýasaty netijesinde giň gerime eýe bolýar, ýurdumyzyň ilkinji hemrasynyň kosmos giňişligine uçurylmagy bolsa munuň şeýledigini aýdyň tassyklaýar.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder