2015-nji ýylyň 28-29-njy aprelinde Duşenbede söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik Hökümetara toparynyň mejlisi geçirildi. Ýokarda agzalan toparyň täjik böleginiň düzümine Täjigistanyň Energetika we suw serişdeleri ministri Usmonali Usmonzade ýolbaşçylyk etdi.
Mejlisiň barşynda Merkezi Aziýa döwletleri bilen hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny we hyzmatdaşlygy ösdürmegiň çäklerinde Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasy bilen syýasy, söwda-ykdysady we medeni-gumanitar gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berýändigi bellenilip geçildi. Iki ýurduň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary halkara guramalarynyň çäklerinde hem işjeň ösdürilýär.
Şeýle-de türkmen-täjik döwletara gatnaşyklarynyň açyklygyna we netijeliligine ähmiýetli derejede özara saparlary yzygider we ýokary derejede önjeýli häsiýete eýe bolan iki dostlukly döwletiň Liderleri tarapyndan berilýän ägirt uly üns bilen şertlendirilendigi hem bellenilip geçildi.
Mundan başga-da Türkmenistanyň Hökümetiniň we Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 2014-2016-njy ýyllar üçin söwda-ykdysady we medeni-gumanitar hyzmatdaşlyk boýunça Maksatnamanyň durmuşa geçirilişiniň barşy, şeýle-de toparyň Bäşinji mejlisiniň kararlarynyň ýerine ýetirilişi bilen bagly meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şol bir wagtyň özünde taraplar türkmen-täjik gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy boýunça hem pikirleri alyşdylar we iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady we medeni-gumanitar hyzmatdaşlygyň oňyn depginini belläp geçdiler.
Soňra toparyň mejlisiniň işi Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň her bir ugry boýunça bölümçelerde dowam etdirildi. Has takygy, energetika, ulag-aragatnaşyk ulgamy, oba hojalygy, senagat, bilim we ylym, saglygy goraýyş, medeniýet we sungat ugrunda hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Gepleşikleriň jemleri boýunça söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik Hökümetara toparynyň altynjy mejlisiniň Teswirnamasyna gol çekildi.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder