Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa “Türkmenistanyň halk atşynasy” diýen hormatly at dakyldy. Ýurdumyzyň ilaty bu habary uly ruhubelentlik bilen garşyladylar. Türkmen döwletiniň ähli künjeklerinden milli Liderimiziň adyna köpsanly gutlag hatlary we telegrammalar gelip gowuşýar, olarda döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli tagallalary netijesinde Türkmenistanyň atçylyk pudagynyň täze belentliklere çykarylandygy, ýurdumyzda pudagyň düzümini ösdürmek, ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmak, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek, sportuň atçylyk görnüşlerini wagyz etmek boýunça iri möçberli çäreleriň amala aşyrylanýdygy bellenilýär. Döwlet we jemgyýetçilik işgärleri Türkmenistanyň Prezidentini şanly waka mynasybetli gutlap, milli Liderimize tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyyzyň abadançylygynyň we gülläp ösmeginiň bähbidine öňde goýlan ähli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde mundan beýläk-de egsilmez gujur-gaýrat arzuw edýärler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy “Türkmenistanyň halk atşynasy” diýen hormatly adyň dakylmagy bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary M.Artykow, Ş.Durdylyýew, A.Goçyýew, B.Ereşow, B.Hojamuhammedow, R. Meredow, S.Satlykow, P.Taganow, S.Toýlyýew, A.Ýazmyradow, M.Ýazmuhammedowa gutladylar.
Döwlet Baştutanymyzy şanly waka mynasybetli Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň adyndan A. Nurberdiýewa gutlady.
Milli Liderimize Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň jogapkär işgärleri Ş.Durdylyýew, W.Hramow, G.Hojaberdiýew, K.Çaryýardurdyýew, A.Žadan, Y.Paromow tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdiler.
Türkmen döwletiniň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowy ýurdumyzyň ähli sebitleriniň ilatynyň adyndan Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedow, Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojamämmedow, Daşoguz welaýatynyň häkimi E. Orazgeldiýew, Lebap welaýatynyň häkimi M.Joraýew, Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow, Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedow gutladylar.
“Türkmenistanyň halk atşynasy” adynyň dakylmagy mynasybetli milli Liderimizi ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary gutladylar.
Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentine Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň başlygy G.Myradow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy K.Babaýew, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy O.Mämmedow, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy R.Bazarow, Türkmenistanyň Uruş weteranlary guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy G.Nepesow, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy G.Baýramowa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy Ö.Enermyradow, Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň başlygynyň orunbasary A.Täşliýew, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidentiniň orunbasary M.Abilow, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýetiniň başlygy M.Saryýewa we köpsanly beýlekiler gutlag hatlaryny ýolladylar.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder