Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Meälisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa Bruneý – Darussalam Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Haji Mahadi Maýdinden ynanç hatyny kabul etdi.
Döwlet Baştutanymyzyň adyndan milli Parlamentiň ýolbaşçysy myhmany ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, Türkmenistanyň we Bruneý—Darussalam Döwletiniň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak işinde üstünlik arzuw etdi.
Öz nobatynda, jenap Haji Mahadi Maýdin mähirli arzuwlar üçin hoşallyk bildirip, onuň Bruneý – Darussalam Döwletiniň Türkmenistandaky ilkinji Ilçisi wezipesine bellenilmeginiň iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň ösmegine itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Duşuşygyň barşynda diplomata Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlary barada gürrüň berildi. Şol syýasatda bolsa dünýäniň ähli ýurtlary we iri halkara guramalary bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge möhüm orun berilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan, türkmenistanlylaryň abadançylygyny we ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmeleri amala aşyrmaga aýratyn üns berildi.
Diplomat şeýle hem türkmen parlamentiniň düzümi we köpugurly işi bilen tanyşdyryldy.
Bruneýiň doly ygtyýarly wekili ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmelere uly gyzyklanma bildirip, olaryň depginine we netijelerine haýran galýandygyny aýtdy, şeýle hem Türkmenistanyň dünýä syýasatynda möhüm orun eýeleýändigini, türkmen döwletiniň halkara abraýynyň barha artýandygyny belledi. Döwletimiz bu abraýa milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän parahatçylyk we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde eýe boldy.
Jenap Haji Mahadi Maýdin Türkmenistan bilen Bruneý – Darussalam Döwletiniň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi barada aýdyp, öz ýurdunyň Türkmensitan bilen giň möçberli gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Döwletara gatnaşyklaryny, hususan-da, iki halkyň dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga we özara düşünişmegine ýardam edýän bilim we medeniýet ulgamyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň zerurdygy bellenildi.
***
Şu gün Bruneý – Darussalam Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Haji Mahadi Maýdin Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder