21 Nisan 2015 Salı

Türkmen-Hytaý Gatnaşyklary

Hytaý Halk Respublikasynyň Gansu welaýatynyň merkezinde, Lançžou Ulag uniwersitetinde Türkmenistan bilen HHR-iň arasyndaky ulag-üstaşyr gatnawlary diwersifikasiýalaşdyrmaga bagyşlanan “Türkmen-hytaý gatnaşyklary: durnukly ösüşiň bähbidine ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk” atly wekilçilikli forum boldy. Oňa welaýatyň hökümetiniň ýokary wezipeli işgärleri, Türkmenistanyň Hytaýdaky ilçihanasynyň jogapkär işgärleri, ulag ulgamyndaky türkmen bilermenleri, uniwersitetiň professor-mugallymlar düzümi, ýokary okuw mekdebiniň köpsanly talyplary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Bu forumy geçirmegiň wajyplygy döwrüň özi bilen şertlendirilendir, çünki, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow degişli ählumumy başlangyçlary öňe sürmek bilen, ulag ulgamynyň dünýä ykdysadyýetiniň esasy ugurlarynyň hem-de dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň durnuklylygyna we deňagramlylygyna gönüden-göni täsir edýän ählumumy ösüşiň möhüm şerti bolup durýandygyny nygtaýar. Türkmenistan bu ugurda, şol sanda BMG-niň we beýleki abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde özara gatnaşyklar meselelerinde işjeň orny eýeläp, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde iri düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmek bilen, sebit we sebitara möçberinde köp şahaly ulag düzümini döretmäge saldamly goşant goşýar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi we ýurdumyzyň Hytaýdaky Ilçihanasy tarapyndan guralan wekilçilikli forum 2015-nji ýylyň Türkmenistanda Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edilmeginiň çäklerinde geçirilýär.  Hytaýyň demirgazyk-günbatar böleginiň merkezinde ýerleşen Lançžou şäheri forumyň geçirilýän ýerine öwrüldi. Munuň özi ony tutuş sebitiň esasy ulag merkezine öwrüp, bu şäheri günbatar bilen baglanyşdyrýar we ýurduň gündogar böleginde demir ýol gatnawlaryny ösdürýär. 

Şu forumyň Lançžou Ulag uniwersitetiniň geçirilýän ýeri hökmünde seçilip alynmagy tötänden däldir. 50 ýyldan gowrak taryhy bolan bu uniwersitet ýurduň  awto we demir ýollarynda işleýän ýokary derejeli inženerleri hem-de menejerleri taýýarlaýar. Bu ýerde 30 müňe golaý talyp okaýar. Döwlet edaralarynyň we kompaniýalarynyň 100-den gowragynyň işgärlerinden düzülen uniwersitetiň Alymlar geňeşi 2001-nji ýylda döredilip, täze köpugurly bilim ulgamynyň peýda bolandygyny alamatlandyrdy. Uniwersitet okatmagyň täze usullaryny kämilleşdirip we ylmy barlaglary geçirip hem-de olary önümçilige ornaşdyryp, Hytaýyň demirgazyk-günbatar böleginiň ykdysady we durmuş taýdan okgunly ösmegine goşant goşýar. Uniwersitetiň wezipesi bitewi ylmy-önümçilik topar hökmünde Hytaýyň intellektual kuwwaty boljak inženerleri we alymlary taýýarlamakdan ybaratdyr. 

Çykyş edenler şu duşuşygyň çäklerinde ara alnyp maslahatlaşylýan meseleleriň örän wajypdygyny nygtap, ulag we kommunikasiýalar ýaly geljegi uly ulgamda halkara hyzmatdaşlygynyň dünýä ykdysadyýetiniň globallaşmak şertlerinde goşulyşmagyň möhüm şerti bolup durýandygyny bellediler. Munuň özi köp şahaly we howpsuz halkara ulag düzüminiň bolmagyny talap edýär. 

Mälim bolşy ýaly, Hytaýdan Orta Aziýa ýol hut şu ýerden, Lançžou şäherinden başlanýar. Ol  Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda gadymy söwda merkezi bolup durýar. Beýik Ýüpek ýolunyň kerwenleri üçin 1600 kilometrlik söwda geçelgesi hem bu şäheriň üstünden geçipdir. 

Şu günki söhbetdeşlikleriň çäklerinde “Täze Ýüpek ýoly: Türkmenistanyň we Hytaýyň arasyndaky medeni-ykdysady gatnaşyklaryň ösüşi”,  “Ýokary tizlikli demir ýollaryny gurmak we dolandyrmak: hytaý ulgamyna syn”, “Hytaýdan Türkmenistana polat Ýüpek ýoly”, “Ýüpek ýolunyň ykdysady guşagynyň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk”  ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly, Lançžou gepleşikleri türkmen döwletiniň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirmegiň ýolunda ilkinji ädimleriň biri bolar. Türkmen Lideri Merkezi Aziýany, Hazar, Gara deňizleri we Baltika sebitlerini, Orta we Ýakyn Gündogary, Günorta we Günorta-Gündogar Aziýany birleşdirýän täze geoykdysady giňişligiň arhitekturasynyň binýadyny döretmek ugrunda çykyş edip, bu maksatlaryň hyzmatdaşlaryň—iri halkara guramalarynyň, şeýle hem aýry-aýry döwletleriň esasy wezipelerine laýyk gelýändigini nygtaýar.   

Eýýäm gurlan demir we awtomobil ýollarynyň müňlerçe kilometri, şeýle hem göz öňünde tutulýan taslamalar, täze deňiz we howa menzilleriniň gurluşygy we öňden bar bolanlarynyň  döwrebaplaşdyrylmagy  hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Türkmenistanyň binýadynda  yklymyň möhüm söwda ýollarynyň çatrygynda kuwwatly halkara ulag-üstaşyr merkeziň iş ýüzünde döredilendigine şaýatlyk edýär. 

Şunuň bilen baglylykda, ulag-kommunikasiýa ulgamyny ösdürmek, demir ýol, awtomobil, deňiz, howa ulaglarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň möçberli milli maksatnamalary, şeýle hem hereket edýän ulag geçelgelerini giňeltmek we täzelerini döretmek boýunça geljegi uly meýilnamalary nazara almak bilen däp bolan hyzmatdaşlygyň çäklerini giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Täze ulag geçelegeleriniň açylmagy  sebitleýin we dünýä söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürmegine kuwwatly itergi berer. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň ähli ýerlerinde  iň öňdebaryjy tehnologiýalaryň esasynda täsin demir ýollary we awtomobil köprülerini, Türkmenbaşy şäherinde döwrebap deňiz portuny gurmak boýunça möhüm taslamalar durmuşa geçirilýär. Bu desgalar “Demirgazyk-Günorta”  we “Gündogar-Günbatar”  ugurlary boýunça ýurdumyzyň üstünden geçýän möhüm sebit we sebitara ulag ugurlarynyň döremegine ýardam edýär.  

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda ulag pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny toplumlaýyn döwrebaşlaşdyrmaga, bar bolan ulag-kommunikasiýa ulgamlaryny giňeltmäge hem-de täzelerini gurmaga gönükdirilen milli maksatnamalar işlenip taýýarlanyldy we üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu çäreleriň ählisi ýurdumyzyň ulag ulgamynyň halkara kommunikasiýa düzümine işjeň goşulyşmagyna, ýurdumyzyň amatly ýerleşýändigini nazara almak bilen, bu ýerde iri logistiki merkezleri döretmäge ýardam etmelidir. Şol merkezler bolsa multimodal gatnawlaryň sebit boýunça utgaşdyrylmagyny üpjün eder. 

Türkmenistanyň bu ulgamda öňe sürýän möhüm teklipleri dünýä bileleşiginiň giň goldawyna mynasyp bolýar.  2014-nji ýylyň 19-njy dekabrynda  Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Asambleýasy tarapyndan “Durnukly ösüşi üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny”  atly Rezolýusiýanyň kabul edilmegi munuň nobatdaky subutnamasy boldy. BMG-niň agza ýurtlarynyň 66-synyň awtordaş bolup çykyş eden bu resminamanyň düzgünlerinde 2014-nji ýylyň sentýabr aýynda kabul edilen Aşgabat Jarnamasynyň ulag we üstaşyr düzümlerini ösdürmäge toplumlaýyn çemeleşmegi kemala getirmegi göz öňünde tutýan esasy ugurlary beýan edildi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Aşgabat maslahatynyň oňa gatnaşanlaryň ählisiniň pikirine görä, ulag ulgamynda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny berkitmäge uly ýardam berendigini nygtaýar.  Maslahata gatnaşanlaryň bu mesele boýunça düýpli pikir alyşmalary hem, biziň öňe süren garaýyşlarymyz hem makullanyp, dünýä bileleşigi tarapyndan giň goldaw tapdy. BMG-niň Baş Assamleýasynyň 69-njy mejlisinde Aşgabat Jarnamasy BMG-ä agza döwletleriň ählisiniň ünsüni özüne çekdi. Şondan soň, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri boýunça ýörite resminama işlenip taýýarlanyldy.  

BMG-niň Rezolýusiýasynyň esasy aýratynlygy, bu taryhy resminamanyň “logistika merkezleri we gury ýer portlary arkaly awtomobil, demir ýol, deňiz hem-de howa ýollarynyň utgaşýan ulag ulgamlarynyň binýadyny goýýandygyndan”  ybaratdyr. Şeýlelikde, Rezolýusiýa BMG-niň Baş Assambleýasynyň durnukly ulag boýunça ählumumy hyzmatdaşlygy döretmek hakynda halkara başlangyçlaryny resmi taýdan berkiden ilkinji resminamasy boldy. 

2013-nji ýylyň maý aýynda Gazagystanyň “Bolaşak”  stansiýasynyň we Türkmenistanyň “Serhetýaka” stansiýasynyň arasynda göni  demir ýol gatnawy açyldy.  Bu ýol häzirki wagtda gysga ýol arkaly Gazagystanyň üsti bilen Türkmenistana we yzyna ýükleri daşamak üçin ulanylýar. 

Geçen ýylyň dekabrynda bolsa Gazagystan -Türkmenistan –Eýran demir ýoly ulanmaga berildi.  Ol Türkmenistanyň çägi arkaly  Ýewropa ýurtlary üçin Baltika deňzindäki portlardan Pars aýlagynyň, Ýakyn we Orta Gündogaryň haryt we çig mal bazarlaryna,  Hindi ummanynyň kenaryndaky döwletlere göni çykalgany açdy. Bu demir ýol indi diňe bir Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda däl, eýsem, Hytaý bilen hem yzygiderli haryt alyşmalaryny amala aşyrmaga mümkinçilik berer. 

Häzirki wagtda demir ýol arkaly Hytaýdan Ýewropa ýurtlaryna ýükler iki ugur boýunça amala aşyrylýar:  uzunlygy 7 müň kilometre barabar bolan birinji ugur  Hytaýyň Sinszýan-Uýgur awtonom etrabynda Kurlýa şäherinde başlanyp, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Türkmenistanyň, Eýranyň üstünden geçip, Türkiýäniň Mersin şäherinde tamamlanýar. Uzynlygy 7 200  kilometre barabar bolan ikinji ugur Kurlýa şäherinde başlanýar we Gazagystanyň üsti bilen Russiýanyň Noworossiýsk we Türkiýäniň Mersin şäherlerine baryp ýetýär. Görnüşi ýaly, bu ugurlar örän uzyndyr, şoňa görä-de, az peýdalydyr. 

Türkmenistanyň çäginden geçýän  demir ýollaryň, şol sanda Gazagystan-Türkmenistan –Eýran demir ýolunyň netijeli ulanylan ýagdaýynda, Hytaý üçin Pars aýlagy arkaly Türkiýäniň Mersin şäherine ýükleri daşamak babatda gysga ýol açylýar. Munuň özi Hytaýdan Gazagystana we soňra Türkmenistana, Eýrana  hem-de yzyna üstaşyr otlularyň geçýän ýolunyň wagtyny ep-esli kemeltmäge mümkinçilik berer. 

Häzirki wagtda ýene-de bir transmilli demir ýoly-Türkmenistan –Owganystan-Täjigistan demir ýoly gurulýar. Bu ugur hem Merkezi Aziýanyň ýurtlarynyň arasynda täze geçelgäni açar. Ol soňy bilen Hindi ummanynyň kenaryndaky deňiz portlaryna tarap demir ýol arkaly çykmaga mümkinçilik berer. 

Türkmenistan geljekde hem milli ulag ulgamyny günorta we gündogar ugurlarda halkara ulag ulgamy bilen baglanyşdyrmak üçin özüniň ulag düzümini işjeň ösdürmegini dowam eder. Munuň özi Hytaý, Hindistan, Pakistan ýaly kuwwatly ykdysady mekrezlere we Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň beýleki ýurtlaryna  çykalgany üpjün eder. 

Türkmenbaşy şäherinde gurulýan Halkara deňiz porty hem uly geljegi açýar. Onuň gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýar. Bu portuň ulanylmygynyň Aziýanyň we Ýewropanyň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny täze derejä çykarjakdygy hem-de Aziýa bazarlarynyň Ýewropa üçin elýeterliligini ýokarlandyrjakdygy şübhesizdir. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi bilen Türmenbaşydaky halkara deňiz porty arkaly Hytaýdan, Ýaponiýadan, Koreýadan, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlaryndan gelip gowuşýan ýükleri Eýranyň Bender Abbas portuna ýa-da Baku şäherine, şol ýerden bolsa Gruziýanyň Poti portuna ugratmaga mümkinçilik peýda bolar. Munuň özi dünýä ummanyna, ýagny, dünýäniň islendik ýurduna  çykalgany açar. 

Türkmenistan häzirki wagtda TRASEKA maksatnamasynyň çäklerinde durmuşa geçirilen düzümleýin taslamalaryň hem-de tehniki taýdan ýardam bermek babatdaky taslamalaryň ençemesiniň başyny başlaýjy ýurt bolup durýar. Ýurdumyz özüniň ulag kommunikasiýalaryny ösdürmek we TRASEKA geçelgesi boýunça ýükleriň daşalyşyny artdyrmak üçin strategiki taýdan amatly ýerde ýerleşýär. Türkmenistanyň TRASEKA-nyň taslamalaryna gatnaşmagy sebitiň möhüm ulag merkezi derejesini pugtalandyrmak, şeýle hem  iň täze ulag tehnologiýalaryny ornaşdyrmak maksady bilen, Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek boýunça goşmaça ädimleri yzygiderli we işjeň ätmäge mümkinçilik berýär. 

Hytaý tarapynyň wekilleriniň çykyşlarynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan giň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen we ähli ýurtlaryň we halklaryň jana-jan bähbitlerine laýyk gelýän oňyn başlangyçlaryny öňe sürýär. Şeýle hem olary iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça zerur çäreleri görýär. Şu gezekki türkmen-hytaý forumy hem munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar. 

XXI  asyryň ählumumy ulag strategiýasy—bu goşulyşmagyň, döwletleriň we sebitleriň geografiki hem-de düzümleýin mümkinçiliklerini, tehniki we tehnologiki kuwwatyny birleşdirmegiň strategiýasydyr. Geljek iri halkara we sebitleýin deňiz, derýa, awtomobil, demir ýol we howa ulgamlaryna çykmak arkaly ulag gatnawlary ulgamyny sazlaşdyrmak, olaryň her biriniň artykmaçlyklaryndan peýdalanmak bilen baglanyşykly diýip, çykyş edenler nygtadylar. 

Foruma gatnaşyjylar şu gün ara alnyp maslahatlaşylýan meselelere çemeleşmelerini beýan edip, ilkinji nobatda, Merkezi Aziýany ösüşiň häzirki zaman ählumumy prosesleriniň aýrylmaz we möhüm bölegi hökmünde hasaplaýandyklaryndan ugur aldylar. 

Hytaý tarapynyň ýokary wezipeli wekilleri  dürli ýurtlaryň ulag ulgamlaryny birleşdirýän ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ähmiýeti barada aýdyp, olaryň sebit we halkara goşulyşmagynda, durnuklylygy hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdaky ornuny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, ykdysady ösüşiň möhüm şertleriniň biri hökmünde ulag-üstaşyr ulgamda netijeli gatnaşyklary ösdürmek babatda tagallalary birleşdirmegiň wajypdygy nygtaldy. Şeýle hem serhetleri dolandyrmagy kämilleşdirmek we howpsuzlygy üpjün etmek ýaly şertleriň möhüm orny bellenildi. 

Halkara giňişliginde  ulag geçelgeleri boýunça harytlaryň netijeli daşalmagy we ýolagçylaryň gatnadylmagy dürli siwilizasiýalaryň arasyndaky  syýasy, täjirçilik, ylmy we medeni gatnaşyklarynda hemişe uly ähmiýete eýe bolupdy. Şeýlelikde, çykyş edenler gadymy Ýüpek ýoly boýunça söwdanyň amala aşyrylmagy Hytaý, Türkmenistan, Hindistan, Eýran, Arabystan, Ýewropa ýaly ýurtlaryň we sebitleriň arasynda hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri açandygyny nygtadylar. 

Beýik Ýüpek ýolunyň köp şahaly kerwen ýollarynyň ulgamy Ortaýer deňzinden  Hytaýa çenli Ýewropany we Aziýany kesip geçip, gadymy döwürlerde we orta asyrlarda Günbataryň hem-de Gündogaryň söwda we medeni gatnaşyklaryny üpjün etdi. Ýüpek ýolunyň has uzyn we esasy bölegi Orta Aziýanyň üstünden geçdi. Türkmen döwleti onuň esasy üstaşyr merkezi boldy.  Hytaýdan ýüpekleri, Hindistandan dürli tagamlary we gymmat bahaly daşlary, Eýrandan kümüş önümlerini, Wizantiýadan matalary we beýleki köp harytlary alyp gaýdan kerwenler Merwiň we Horezmiň oazisler arkaly Garagum çölünden ýol söküp, Murgap derýasyndan  we  Amyderýadan  geçipdir. 

Uly şäherleriň üstünden geçen Beýik Ýüpek ýoly söwdanyň we senetçiligiň ösmegine ýardam edipdir. Taryhy çeşmelerde Merw, Sarahs we Nusaý ösen söwda-pul gatnaşyklarynyň merkezleri hökmünde ýatlanylýar. Uly şäherlerde bazarlar söwda we senetçilik önümçliginiň merkezleri bolupdyr. Şol ýerde dokmaçylyk we halyçylyk giňden ýaýrapdyr. Matalar we halylar ýüňden, ýüpekden, kendirden, pagtadan taýýarlanylypdyr. Nusaýda, Merwde, Abywerdde taýýarlanylan matalar we halylar naýbaşy önümler hasaplanypdyr. 

Dokmaçylykdan we halyçylykdan başga-da, şäherlerde aýna, küýze, deri, şaý-sep önümçiligi jemlenipdir. Olar diňe bir içerki bazary däl, eýsem, daşarky bazary hem zerur zatlar bilen üpjün edipdir. 

Häzirki wagtda Türkmenistanda gadymy Ýüpek ýoly täze görnüşde, döwrebap transmilli awtomobil, demir ýol we gaz geçirijiler görnüşinde dikeldilýär. Beýik Ýüpek ýolunyň ugrulary bilen gabat gelýän bu ýollar daşary ykdysady gatnaşyklaryň pugtalandyrmagyny, yklymda üstaşyr gatnawlaryň giňeldilmegini, medeni we syýahatçylyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegini üpjün eder. 

Forumyň barşynda  oňa gatnaşanlara ulag ulgamynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça beýan edilen ähli teklipler bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik beren söhbetdeşlikler we tanyşdyryş çäreleri guraldy. 

Foruma gatnaşanlar şu günki duşuşygyň netijeli häsiýete eýe bolandygyny biragyzdan bellediler we şeýle çäreleriň türkmen-hytaý strategiki hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine, şol sanda sebitleýin ulag gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek işine saldamly goşant goşjakdygyna ynam bildirdiler.

*** 

Düýn türkmen wekiliýetiniň Gansu welaýatynyň wise-gubernatorynyň ýolbaşçylygyndaky hökümet wekiliýeti, şeýle hem Lançžou Ulag uniwersitetiniň ýolbaşçylary bilen bolan duşuşygynyň barşynda ulag, söwda-ykdysady we gumanitar ulgamlarda taslamalary durmuşa geçirmäge degişli meseleleriň birnäçesi boýunça pikir alyşyldy. Duşuşyga gatnaşanlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren, sebit we ählumumy möçberde netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge, onuň oňyn usullaryny işläp taýýarlamaga gönükdirilen döredijilik başlangyçlarynyň örän wajypdygyny nygtadylar. 


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder