Paýtagtyň demir ýol menzilinden Aşgabat-Türkmenabat ugry boýunça wagyz-nesihat otlusy ýola düşdi. Şu ýyl ýurtda yglan edilen Bitaraplyk we parahatçylyk ýylyna bagyşlanan medeni çäreleriň çäklerinde “döredijilik düzümi” demir ýolunyň ugrundaky iri demir ýol menzillerinde durup geçmek bilen, Lebap welaýaty boýunça sapary amala aşyrar.
Bu çärä gatnaşyjylaryň düzümi Türkmenistanyň medeniýet işgärlerinden we sungat ussatlaryndan, žurnalistlerden we syýasatçylardan ybaratdyr. Döredijilik wagyz-nesihat toparynyň çykyşlary Türkmen döwletiniň gazanýan uly üstünliklerini wagyz etmekden ybaratdyr.
Bu däbe öwrülýän medeni çäre biziň ýurdumyzyň “kiçi şäherleriniň” durmuşy bilen ýakyndan tanyşmaga, uzaklarda ýerleşýän künjeklerde ýaşaýan watandaşlarymyz barada has köpräk bilmek üçin dörän ajaýyp mümkinçilikdir. Otlynyň ugry bilen barýan ýolda artistler, sazandarlar, aýdymçylar we ýazyjylar demir ýolçularyň, köpri gurujylaryň, pagtaçylaryň, maldarlaryň, halyçylaryň, mekdep okuwçylarynyň öňlerinde çykyş ederler, döredijilik duşuşyklaryny geçirerler, dürli medeni-köpçülikleýin çäreleri geçirerler.
Wagyz-nesihat otlusynyň döredijilik toparynyň konsert bilen eden çykyşy Beýik Türkmenbaşy adyndaky etrabyň täze gurlan Medeniýet öýüniň sahnasy boldy. Türkmenabat şäheriniň demir ýol menzili bu otlynyň ahyrky menzili bolar. Bu ýerde merkezi kitaphanada döredijilik duşuşygyny geçirmek we konsert bilen çykyş etmek göz öňünde tutulýar.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder