2015-nji ýylyň 17-nji aprelinde geçirilen Türkmenistanyň ministrler kabinetiniň mejlisinde, ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Taganow gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şeýle hem 23-nji aprelde Aşgabat şäherinde geçiriljek türkmen-italýan işewürler maslahatyna görülýän taýýarlyk hakynda hasabat berdi. Maslahatyň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge, söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge täze çözgütler we çemeleşmeler işlenip taýýarlanylar.
Duşuşyga gatnaşmak üçin Italiýa Respublikasyndan iri wekiliýet topary Türkmenistana geler. Duşuşygyň maksatnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň minstrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri bilen duşuşyklar göz öňünde tutulýar.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Italiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ykdysady mümkinçilikleriniň ýokarydygyny belläp, göni işewür gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň we haryt dolanyşygynyň artdyrylmagyna ýardam edýän şunuň ýaly duşuşyklaryň geçirilmeginiň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň netijeli guralydygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz işewür çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda birnäçe tabşyryklary berip, möhüm ugurlar boýunça ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişii bilen baglanyşykly meseleleriň we täze maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmeginiň mümkinçilikleriniň nazarda tutulmalydygyna ünsi çekdi. Milli Liderimiz maslahatyň işi iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmek bilen çäklenmän, eýsem, haryt dolanyşygynyň düzüminiň hilini gowulandyrmalydygyny hem-de maýa goýum taslamalarynyň paýyny artdyrmalydygyny we täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna ýardam bermelidigini belledi.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder