22 Nisan 2015 Çarşamba

Halkara Bilermenler Toparynyň Duşuşygy

Belgiýanyň paýtagtynda energýia serişdelerini ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirmek boýunça bilermenleriň halkara duşuşygy geçirildi. Ol halkara hyzmatdaşlygynyň täze energetika düzümlerine maýa goýmak ugruna bagyşlandy.

Energetiki Hartiýanyň Sekretariaty hem-de Türkmenistanyň Daraşy işler ministrligi tarapyndan guralan bu duşuşyk halkara bilermenler toparanyň birinji mejlisiniň dowamydyr. Şol mejlis hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 67-nji mejlisinde kabul edilen BMG-niň "Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty" hakyndaky Rezolýusiýasyna laýyklykda, 2014-nji ýylyň dekabr aýynda Aşgabatda geçirildi. 

Maslahata dünýäniň ençeme ýurtlaryndan bilermenleriň 74-si,  Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň,  Energetiki Hartiýanyň Sekretariatynyň, Ýewropa komissiýasynyň,  Halkara gaz birleşiginiň, Latyn Amerikasynyň energetika guramasynyň, Günorta Aziýanyň sebitleýin hyzmatdaşlyk assosiasiýasynyň, şeýle hem birnäçe beýleki halkara guramalarynyň we ýöriteleşdirilen düzümleriň wekilleri gatnaşdylar. 

Bu maslahatyň ähmiýeti daşary ýurtlaryň esasy köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň uly üns bermegi bilen hem ýüze çykýar. Ine, mysal üçin, “Za rubežom” meşhur žurnalynyň web-sahypasynda maslahatyň energiýa serişdelerini iberiji ýurtlaryň ýokary derejeli wekillerini, top-menejerleri hem-de dünýäniň energetika korporasiýalarynyň esasy seljerijilerini, düýpli ykdysady ýagdaýlary şöhlelendirýän işewür neşirleriň žurnalistlerini we köpsanly beýlekileri Belgiýanyň paýtagtyna ýygnandygy bellenilýär.    

Mowzuklaýyn mejlisler görnüşinde geçirilen duşuşygyň gün tertibine energetika düzümleri ulgamynda iri taslamalary durmuşa geçirmek üçin amatly şertleri üpjün etmäge degişli meseleleriň giň toplumy girizildi. Çekişmeleriň barşynda maýa goýumlary höweslendirmek boýunça döwlet syýasatynyň esasy ýörelgeleri, Energetiki Hartiýa üçin halkara maýa goýum düzgünini döretmekde Şertnamanyň orny, täze serhetüsti üstaşyr geçiriş energetika düzümlerine maýa goýmagyň aýratynlyklary, energetika taslamalaryna gatnaşýan ýurtlaryň hem-de beýlekileriň arasynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny sazlamagyň hukuk we täjirçilik taraplary  ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Düzümleýin taslamalara ýardam etmekde sebit guramalarynyň orny, Günorta Aziýanyň bazarlaryna tebigy gazy ibermegiň ýollary, elektroenergiýany ýerlemegiň sebitara mümkinçiligi, Ýewropada tebigy gaza baha kesgitlenilişiniň usullary ýaly möhüm meseleler  barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. 

Döwlet gaznalaryndan bolan energetika taslamalarynyň maliýeleşdirilişine, serhetüsti turba geçirijileriniň we elektrik ulgamlarynyň taslamalaryny durmuşa geçirmäge hususy maýadarlary çekmäge, şeýle hem energiýa serişdelerini ibermegiň howpsuzlygyny üpjün etmek we transmilli energetika düzümlerine maýa goýulmagyny goramak babatda halkara tejribelerine aýratyn üns berildi. 

Dünýä energetikasyny ösdürmek we degişlilikde, strategiki taýdan bu möhüm ugurda taslamalary amala aşyrmak üçin amatly maýa goýum ýagdaýyny döretmek meseleleri halkara energiýa serişdeleriniň iberilişiniň ygtybarlylygyny we goraglylygyny üpjün etmek meselesi bilen ysnyşykly arabaglanyşyklydyr. Ilkinji nobatda, munuň özi tebigy gazy üstaşyr geçirmäge degişlidir, çünki, ýangyjyň bu görnüşiniň dünýä bazarlaryna çykarylmagy turba geçirijileriniň kömegi bilen amala aşyrylýar. 

Şu babatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň häzirki wagtda döwletleriň durnukly ösüşiniň, ählumumy parahatçylygyň we durnuklylygyň möhüm şerti bolup çykyş edýän energetika howpsuzlygynyň dünýädäki täze gurluşyny kemala getirmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň netijeli häsiýeti nygtaldy.  Döwrüň häzirki ýagdaýlarynda BMG-ä agza döwletleriň ählisi tarapyndan biragyzdan goldanan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasynyň kabul  edilmegi bu başlangyçlaryň zerurlygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Bu resminamanyň möhümdigi onuň öndüriji, üstaşyr geçiriji we energiýa serişdelerini sarp ediji ýurtlaryň, ýagny şu işlere gatnaşyjylaryň ählisiniň bähbidini göz öňünde tutýan energetika ulgamynda düýpli hyzmatdaşlyk etmek üçin   binýadyň döredilmegine ýardam edýändiginden ybaratdyr. 

Häzir energiýa çeşmelerine hem-de olary eltmegiň serişdelerine howpsuz we kepillikli elýeterlilik meseleleri düýpli häsiýete eýe bolup, olary çözmek üçin toplumlaýyn çemeleşmek zerurdyr. Ilkinji nobatda, özara gatnaşyklaryň syýasy tarapyny we tutuş energetika meseleleriniň toplumyny ulgamlaýyn, ýokary hünär derejesinde ara alyp maslahatlaşmak üçin guramaçylyk şertlerini döretmegiň guralyny işläp düzmek möhümdir. Bu ugurda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan toplanan abraýy we tejribäni nazarda tutup, Türkmenistan, mälim bolşy ýaly, ýörite edarany – BMG-niň energetika geňeşini döretmegi teklip etdi. Türkmen tarapynyň pikirine görä, dünýä  ykdysadyýetiniň energetika ulgamynda häzirki wagtda emele gelen ýagdaýlar BMG-niň energetika howpsuzlygy boýunça Konwensiýasyny işläp taýýarlamagyň hem-de kabul etmegiň zerurlygyny talap edýär. 

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 68-nji mejlisinde Türkmenistan BMG-niň täze köptaraply  halkara-hukuk guralyny döretmek başlangyjy bilen çykyş etdi. Ol dünýäniň energetika howpsuzlygy meselelerini çözmekde esasy serişde bolup hyzmat eder. Şunuň bilen baglylykda, energiýa serişdeleriniň howpsuz üstaşyr geçirilmegini, öndürijiniň, üstaşyr geçirijiniň hem-de energiýa serişdelerini sarp edijiniň netijeli we ygtybarly özara hereketlerini üpjün etmek boýunça şeýle guraly işläp düzmek halkara bilermenleriniň baş wezipeleriniň biridir.  

Türkmenistan Energetika howpsuzlygyny üpjün etmek meseleleri boýunça öz garaýşyny  beýan edip, köpugurly turba geçirijileriniň ýaýbaňlandyrylan ulgamyny döretmegiň hasabyna energiýa serişdeleriniň ýetirilmegini üpjün etmäge ýardam edýän ulag düzümini diwersifikasiýalaşdyrmagy ileri tutulýan strategiki ugur hökmünde kesgitledi. Bu strategiýanyň durmuşa geçirilmegi gyzyklanma  bildiren taraplaryň ählisi—döwletler bilen bolşy ýaly, halkara guramalary, hususan-da, Energetiki Hartiýa bilen energetika hyzmatdaşlygyny toplumlaýyn ösdürmegi göz öňünde tutýar. 

Energetika meseleleri, energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň täze,  üçünji müňýyllygyň hakyky ýagdaýlaryna laýyk gelýän halkara –hukuk binýadyny döretmek bilen baglanyşykly meseleler Türkmenistanda  geçirilýän halkara maslahatlarynda ençeme gezek ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Olaryň arasynda 2009-njy ýylyň aprelinde Aşgabatda geçirilen 
"Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty" atly ýokary derejedäki halkara maslahaty bar. Oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň howandarlygynda energiýa serişdelerini üstaşyr geçirmek boýunça halkara - hukuk serişdesiniň özara kabul ederlikli görnüşini işläp düzmäge degişli teklipleri taýýarlamak babatda ýörite iş toparyny döretmek baradaky başlangyjynyň has-da öňe ilerledilmegi ugrunda pikirlerini aýtdylar.  

Geçen ýylyň dekabrynda paýtagtymyzda Energetiki Hartiýanyň maslahaty hem-de energiýa serişdelerini ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirmek boýunça halkara bilermenler toparynyň birinji mejlisi geçirildi. Olara gatnaşyjylar energetikanyň gündelik meselelerini çözmäge binýatlyk çemeleşmeleri ara alyp maslahatlaşmak bilen çäklenmän, eýsem, geljek üçin nukdaýnazarlaryny hem ylalaşdylar. Bilermenleriň duşuşygynyň jemleri boýunça Jarnama kabul edilip, onda 2015-nji ýyldan soňky döwür üçin umumydünýä ösüşiniň maksatlaryny we wezipelerini çözmekde energetika meseleleriniň degişli derejede beýan edilmeginiň möhümdigi bellenildi. 

2017-nji ýylda Türkmenistana Energetiki Hartiýanyň başlygynyň ygtyýarlyklarynyň geçmegini nazara almak bilen, netijeli gatnaşyklar üçin täze mümkinçilikler açylýar. Bu abraýly halkara guramasy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek babatda möhüm wezipeleriň ygtyýarly çözülmegini üpjün etmek üçin işgärlere we beýleki serişdelere eýedir. Şunuň bilen baglylykda, şu ýyl Gaagada geçiriljek konferensiýada Halkara Energetiki Hartiýanyň taslamasyny kabul etmegiň zerurdygy bellenildi. 

Türkmenistan energetika ulgamynda däbe öwrülen strategiki  hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny saklamak bilen birlikde, Ýewropa, Aziýa, Uzak Gündogar we Günorta-Gündogar ugurlarda göni energiýa gatnaşyklaryny görnetin giňeltdi, dünýäniň esasy nebitgaz kompaniýalary bilen ýygjam gatnaşyklary ýola goýdy. Ýangyç çig malyny gözläp tapmak, gazyp almak we gaýtadan işlemek ulgamynda taslamalary durmuşa geçirmegi göz öňünde tutýan daşary ýurtly maýadarlar bilen baglaşylan birnäçe döwletara ylalaşyklary hem-de şertnamalary, şeýle hem ulag düzümleriniň ösdürilmegi şolaryň netijeleri bolup durýar. 

Energetika  hyzmatdaşlygynyň meseleleri Türkmenistan üçin aýratyn ähmiýetlidir. Ýurdumyz gury ýerde bolşy ýaly, kuwwaty halkara bilermenler tarapyndan tassyklanan Hazar deňziniň türkmen böleginde hem ägirt uly nebitgaz serişdelerine eýedir. Kuwwatly serişdeler binýady energiýa serişdelerini durnukly ibermek üçin uzakmöhletleýin şertnamalary baglaşmaga esas berýär. Häzirki wagtda şeýle ylalaşyklar Türkmenistan-Russiýa, Türkmenistan-Hytaý we Türkmenistan-Eýran gaz geçirijileriniň üçüsi boýunça  hereket edýär. 

Duşuşyga gatnaşyjylaryň nygtaýşy ýaly, bu halkara energiýa geçiriji ugurlaryna halkara energetika hyzmatdaşlygyny ýola goýmaga hakyky goşant hökmünde, jemgyýetçilik-syýasy durnuklylygyny pugtalandyrmak işine oňyn täsir etmäge, esasy bolsa dünýä derejesinde syýasy we ykdysady aragatnaşyklarynyň tutuş ulgamyna goşmaça durnuklylyk bermäge ukyply iş ýüzündäki durnuklaşdyryjy alamat hökmünde garamak gerek. 

Iş ýüzünde durmuşa geçirmek tapgyrynda duran Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasy türkmen energiýa akymlarynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagynyň geljegi uly ugry bolup durýar. Ýakyn wagtda “TOPH Ltd.” konsorsiumynyň liderini saýlap almak boýunça halkara bäsleşik yglan ediler. Şonuň ýaly-da, türkmen energiýa serişdeleriniň Ýewropa ugruna iberilmeginiň mümkinçiliklerine hem jikme-jik we gyzyklanma bildirilip garalýar. 

Mundan başga-da, uzynlygy müň kilometr töwregei bolan “Gündogar-Günbatar” gaz geçirijisiniň gurluşygy tamamlanyp barýar. Ol ýurdumyzyň esasy gaz ýataklaryny ýeke-täk gaz geçiriji ulgamyna birleşdirer hem-de Türkmenistanyň eksport kuwwatyny artdyrmaga mümkinçilik berer. Geljekde zerur bolan ýagdaýynda energiýa serişdeleriniň uly möçberlerini gerekli ugurlara aşyrmaga ukyply bu gaz geçirijisiniň gurluşygy türkmen tebigy gazyny ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak mümkinçiligini giňelder, şeýle hem türkmen energiýa serişdelerini halkara bazarlaryna ygtybarly we durnukly eksport etmek üçin goşmaça kepilligi döreder. 

Şular bilen birlikde, “Galkynyş” ägirt iri gaz känini maksadalaýyk işlemek alnyp barylýar. Türkmenistan-Hytaý (D ugry) gaz geçirijisiniň täze şahasyny gurmak barada ylalaşyk gazanyldy. Gury ýerde bar bolan gaz känlerinden başga-da, yurdumyzyň Hazar deňziniň türkmen böleginde Ýewropa taslamalaryny üpjün etmek üçin ýeterlik derejede energiýa serişdeleriniň ätiýaçlyk goruna eýedigini hem bellemek gerek. 

Şunda Türkmenistan üçin ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek esasy mesele bolup durýar. Iri energetika taslamalary durmuşa geçirilende tebigaty goramagyň halkara kadalaryny we ölçeglerini pugta berjaý etmek hökmany şert bolmalydyr. Şu babatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan BMG-niň durnukly ösüş boýunça  “Rio+20” maslahatynda anyk teklipler beýan edildi. 

Türkmen Lideri bütindünýä maslahatynda çykyş edip, energetika düzümleriniň ösdürilmeginiň ekologiýa zyýan bermeli däldigini kesgitli aýtdy. Şeýle çemeleşme Türkmenistanyň ýörelgesine kybap gelýär. Ol energetika howpsuzlygy meselesinde halkara ylalaşygyny tapmagyň zerurlygynda jemlenýär. Döwlet Baştutanymyz şonda ekologiýa esasy meseleleriň biri bolup biler diýip nygtady. Şu babatda energiýa üpjünçiligi ulgamynda halkara – hukuk binýadynyň kemala  getirilmegine işjeň gatnaşýan BMG-ä agza döwletleriň tagallalaryny birleşdirmek maksady bilen, Türkmenistan täze serişdäni—BMG-niň howandarlygynda sebitara energetika dialogyny döretmegi maksadalaýyk hasaplaýar. 

Umuman, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan “açyk gapylar” syýasaty netijesinde Türkmenistanda nebitgaz taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin amatly maýa goýum ýagdaýyny üpjün edýän zerur ykdysady we hukuk şertleriniň ählisi döredildi. Şunuň bilen baglylykda, 2008-nji ýylda kabul edilen Türkmenistanyň “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Kanunynyň ähmiýeti bellenildi. Onuň esasy düzgünleri halkara hukugynyň kadalaryna, şol sanda Energetiki Hartiýa üçin Şertnamanyň kadalaryna kybap gelýär. Halkara bilermenleriniň pkirine görä, bu kanun daşary ýurtly maýadarlar üçin birnäçe artykmaçlyklary berýär. Hususan-da, munuň özi maýa goýumlaryny höweslendirmek we goramak, salgyt salmak ulgamyna, nebit gazyp almak işlerini geçirmäge ygtyýarnama bermek düzgünine, potratçylar we kömekçi potratçylar bilen dürli şertnamalary baglaşmaga, şeýle hem beýleki kadalara degişlidir. 

Häzirki wagtda Türkmenistanda önümi paýlaşmak hakynda Ylalaşyga laýyklykda birnäçe meşhur halkara  kompaniýalary işleýär. Olar bilen bilelikde iri maýa goýum taslamalary, şol sanda  geologiýa-gözleg işlerini ýerine ýetirmek, gury ýerde we deňizde nebitgaz çig mal känlerini işläp taýýarlamak boýunça taslamalar durmuşa geçirilýär. “Petronas Carigali”, “Dragon Oil (Turkmenistan) Ltd.”, “Buried Hill Serdar Limited”, “RWE Dea AG”, “Itera”, “CNPC”, “Eni” we “Maýtro”   ýaly kompaniýalar nebiti we tebigy gazy   gazyp alýarlar. 

Halkara bilermenleriniň Brýussel duşuşygynyň soňky mejlisinde jemleýji Jarnama kabul edildi. Onda dünýäde emele gelen energetika  ýagdaýyna baha berildi, dünýäniň energetika howpsuzlygyny üpjün etmegiň bar bolan düzümleýin-hukuk ulgamyny kämilleşdirmegiň esasy ugurlary kesgitlenildi. Şunda täze sebit we sebitara energetika düzümleriniň kemala getirilmeginde, energiýa serişdeleriniň halkara bazarlarynda döwletleriň alyp barýan işleriniň açyk we anyk ýörelgelerini işläp taýýarlamakda Türkmenistanyň eýeleýän işjeň orny aýratyn nygtaldy.  
 
Energetiki Hartiýanyň  Baş sekretary Urban Rusnak sözüniň ahyrynda  ýylyň ahyryna çenli energiýa serişdelerini ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirmek boýunça bilermenleriň ýene-de bir halkara duşuşygyny geçirmek teklibi bilen çykyş etdi. Bu teklip häzirki maslahata gatnaşyjylar tarapyndan biragyzdan oňlanyldy. 


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder