21 Nisan 2015 Salı

Türkmen Milli Göreşi Boýunça Ýaryş

Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň şanly 20 ýyllygy hem-de 2015-nji ýylyň Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýip yglan edilmegi mynasybetli we ýurdumyzda dowam edýän «Sagdynlyk we bagtyýarlyk» biraýlygynyň çäklerinde 2015-nji ýylyň 18-nji aprelinde Aktau şäheriniň Kaspiý adyndaky sport türgenleşik zalynda bu ýerde bilim alýan türkmen talyplarynyň we ýerli türgenleriň arasynda sportuň türkmen milli göreşi we erkin göreş boýunça sport çäresi geçirildi.

Bu sport çäresine Ş.Yesenow adyndaky Kaspi Döwlet Tehnologiýa we Inženerçilik Uniwersitetiniň prorektory S.Zakenow we Aktau şäher häkimliginiň medeniýet we sport bölüminiň başlygy N.Džamilow dagylar gatnaşyp gutlag sözi bilen çykyş etdiler. 

Çäräniň ahyrynda tapawutlanan türgenlere Konsullygyň adyndan hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder