20 Nisan 2015 Pazartesi

Stambulda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 Ýyllygy Mynasybetli Dabaraly Çäre Geçirildi

2015-nji ýylyň 15-nji aprelinde Türkiýäniň Söwda edaralar we biržalar birleşiginiň Stambul şäherindäki binasynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna hem-de 2015-nji ýylyň “Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly” diýlip yglan edilmegine bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Çäre Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Baş Konsullygy tarapyndan Türkiýäniň Söwda edaralar we biržalar birleşiginiň ýardam bermeginde guraldy.     

Dabaraly çärä Stambul uniwersitetiniň, Türkiýäniň Söwda edaralar we biržalar birleşiginiň Ykdysadyýet we tehnologiýa uniwersitetiniň professor-mugallymlary, Türkiýäniň Söwda edaralar we biržalar birleşiginiň “Dünýä” habarlar gullugynyň wekilleri, şeýle hem Stambul şäheriniň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen we türk talyplary  gatnaşdylar. 

Çäre Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýylynyň dowamynda ýurtda gazanylan öňegidişliklere we döwletimiziň hemişelik bitaraplyk ýörelgesine eýermek bilen halkara giňişligindäki abraýynyň ýylsaýyn barha artmagyna bagyşlandy. 

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygy mynasybetli Türkiýede okaýan türkmen talyplarynyň arasynda makala ýazmak boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Çäre tamamlanandan soňra oňa gatnaşyjylara Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Baş Konsullygy tarapyndan türkmen milli naharlary hödür edildi. 


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder