27 Nisan 2015 Pazartesi

Eziz Watandaşlar! Gadyrly Atşynaslar!

Eziz watandaşlar! Gadyrly atşynaslar! 

Sizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda behişdi bedewlerimiziň şanyna giňden we dabaraly bellenýän Türkmen bedewiniň baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Siziň her biriňize Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gülläp ösýän Watanymyzyň halkara derejesindäki ösüşlerine goşýan goşantlaryňyz, halkymyzyň milli buýsanjy bolan türkmen bedewlerini ösdürip kemala getirmekde we ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda, atşynaslyk we seýisçilik işleriňizde bitirýän hyzmatlaryňyz üçin çäksiz minnetdarlyk bildirýärin! 

Aslyýeti merdanalyga, gahrymançylyga ýugrulan türkmen halkynyň ýaşaýşynyň ähli döwürlerinde gamyşgulak bedewlerimiz, atlarymyz şan-şöhratly taryhymyzy bezäp gelipdir. Dünýä atçylyk medeniýetiniň naýbaşysy hasaplanylýan ahalteke bedewleri halkymyzyň genji-hazynasydyr, köňül buýsanjydyr we milli mirasydyr. Behişdi ahalteke bedewlerimiz özüniň owadanlygy, gylyk-häsiýeti we düşbüligi bilen aýratyn tapawutlanýar. 

Halkymyz mukaddeslik derejesine ýetiren bedewlerini ajaýyp şaý-sepler, altyn-kümüş esbaplar bilen bezäpdirler hem-de nusgawy bezeg-şaýlarymyzyň esasynda uýan, alagaýyş, göwüsbent ýaly zynatlary ýasapdyr. Ata-babalarymyzyň şeýle ajaýyp ýörelgeleri häzirki döwrüň zergärçilik sungatynda hem giňden dowam etdirilýär. 

Eziz Diýarymyzda belentden tutulýan toý-baýramlarda türkmen ýigitleriniň ussatlyk bilen ýerine ýetirýän at üstündäki milli oýunlary toýlara gatnaşýan ildeşlerimizde we myhmanlarda ýatdan çykmajak ýakymly duýgulary galdyrýar. 

b>Hormatly atşynaslar! 

Ýurdumyzda atçylyk sungatyny we atçylyk sportuny ösdürmek üçin döwletimiz tarapyndan ähli şertler we giň mümkinçilikler döredilýär. Şonuň bilen birlikde, atçylyk pudagyny ösdürmek boýunça dünýäniň dürli döwletleri bilen alnyp barylýan ýakyn hyzmatdaşlygyň gerimi barha giňeldilýär. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän atçylyk sport toplumlarynyň gurulmagy we olaryň döwrebaplaşdyrylmagy hem-de atşynaslarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe atçylyk sungatynyň ösmegine öz oňyn täsirini ýetirýär. Türkmen bedewiniň şekiliniň Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň Döwlet tugrasynda ýerleşdirilmegi bolsa, halkymyzyň ata-babalarymyzdan gelýän ruhy-medeni gymmatlyklaryna, milli baýlyklaryna goýýan belent sarpasynyň aýdyň nyşanydyr. 

Häzirki döwürde ýurdumyzda atçylyk pudagy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga aýratyn üns berilýär. Ussat atşynaslary, seýisleri we çapyksuwarlary taýýarlamak boýunça ýörite okuw merkezleri döredilýär. Türkmen atşynaslary tarapyndan behişdi bedewlerimiziň tohum arassalygyny gorap saklamak we olaryň baş sanyny köpeltmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Geljekde hem ýurdumyzda atçylygy we atçylyk sportuny ösdürmäge, bu ugurda dünýä döwletleri bilen özara bähbitli tejribeleri alyşmaga, netijeli hyzmatdaşlyk etmäge hem-de atşynaslarymyzyň ýaşaýyş-durmuş we iş şertlerini has-da gowulandyrmaga döwletimiz tarapyndan uly goldaw berler. 

Gadyrly atşynaslar! 

Gadymy döwürlerden bäri türkmen topragynda ösdürilip, kemala getirilen we adamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna öwrülen bedewlerimiz dünýäniň medeni tohum atlarynyň arasynda iň naýbaşylarynyň biri hasaplanýar. 

Eýesine wepadarlygy, ýyndamlygy bilen türkmen halkynyň buýsanjyna, ýakyn syrdaşyna öwrülen behişdi bedewlerimiz gadymy döwürlerden bäri halkymyzyň köňül zynaty, uçar ganaty hasaplanylýar. 

Halkymyzyň medeniýetinde uly orna mynasyp bolan ahalteke bedewlerimiz gaýduwsyz türkmen ýigitleriniň ýow gününde ýoldaşy, toý gününde ýakyn syrdaşy bolmak bilen, ýürekleriň buýsanjyna, köňülleriň senasyna öwrülipdir. Türkmen ýigitleri bilen bedew atyň arasyndaky dostluk, wepadarlyk gatnaşyklary ajaýyp nusgawy eserlerimizde hem giňden şöhlelendirilýär. Muňa türkmen halk döredijiliginde çuň many-mazmunly, ynsanyň dünýägaraýşyny kämilleşdirmekde uly ähmiýete eýe bolan nakyllardyr atalar sözleri hem aýdyň şaýatlyk edýär. «At agynan ýerinde toý bolar», «Irden tur ataňy gör, ataňdan soň atyňy», «Aty baryň ganaty bar» ýaly ençeme nakyllary döreden merdana halkymyz özüniň ýaşaýyş-durmuşyny atsyz göz öňüne getirip bilmändir. 

Eziz watandaşlar! Hormatly atşynaslar! 

Sizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bedew bady bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzda şan-şöhraty dünýä dolan behişdi bedewlerimiziň şanyna uly dabaralara beslenip bellenip geçilýän Türkmen bedewiniň baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, türkmen atşynaslyk sungatyny has-da kämilleşdirmek we ösdürmek, ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak boýunça alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin! 

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW
 


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder