BAE prezidenti, şeýh Zaid bin Soltan Al-Nahaýýan adyndaky "Döwletliler" Köşgünde terbiýelenýänler "Sagdynlyk we bagtyýarlyk" aýy mynasybetli Aşgabatda geçirilen etrabara sport bäsleşiginiň ýeňijileri boldular.
"Döwletliler" köşgüniň okuwçylary bilen bir hatarda hormatly münbere ýeňiji bolan toparlar – 32-nji we 52-nji orta okuw mekdepleriniň okuwçylary, degişlilikde ikinji we üçünji orny eýelänler çykdylar. Finala çykanlaryň ählisine Türkmenistanyň Zenanlar guramasy tarapyndan döredilen ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Ýaryşlar "Aşgabat" köp ugurly stadionda geçirildi. Mekdepleriň bedenterbiýe mugallymlary – sagdyn durmuş ýörelgesini işjeň alyp baryjylar tälimçiler we eminler hökmünde çykyş etdiler. Köp babatda olaryň ruhubelentligi we şahsy göreldeleri netijesinde soňky ýyllarda bedenterbiýe sapaklary mekdep okuwçylarynyň köpüsi üçin iň gowy sapaklaryň birine öwrüldi. Bedenterbiýe sapaklary her bir okuwçynyň göwün söýen sapagy bilen meşgullanmaga mümkinçilik döredýän häzirki zaman sport enjamlary bilen üpjün edilen sport zallarynda, sport meýdançalarynda geçirilýär.
Özi hem, futbol, woleýbol, gandbol oýnamak, ýeňil atletika we sportuň beýleki görnüşleri bilen meşgullanmak, şeýle hem okuwçylar okuwdan boş wagtlary trenažýor zallarynda, mekdebiň ýanynda döredilen dürli seksiýalarda türgenleşip bilerler.
Okuwçylaryň gyzyklanma bildirýän şeýle gurnaklary Aşgabat şäheriniň Arçabil etrabynda ýerleşýän, durmuşyň emri bilen ene-atasyz galan çagalaryň terbiýelenýän we bilim alýan ýerleri bolan "Döwletliler" köşgünde işleýär. Olarda dürli ýaşdaky çagalar sport seksiýalarynda uly höwes bilen meşgullanýarlar. Ynha-da türgenleşikleriň aýdyň mysaly – mekdebara ýaryşlarynda gazanylan mynasyp üstünlik.
Ýaryşyň maksatnamasyna oýun estafetalaryň üç görnüşi we basketbol tapgyry girdi. Ýaş türgen gyzlaryna iň gowy görkezijiler bilen pellehana birinji gelmeklerine olaryň toplary we towsulýan ýüpleri başarnykly peýdalanmaklary kömek etdi.
Sport-oýun ýaryşyna "Döwletliler" köşgüniň okuwçylary bilen bir hatarda Aşgabat şäheriniň dürli etraplarynda ýerleşýän orta okuw mekdepleriniň bäşisiniň: Bagtyýarlyk etrabynyň 32-nji, Köpetdag etrabynyň 52-nji, Berkararlyk etrabynyň 78-nji, Ruhabat etrabynyň 112-nji, Abadan etrabynyň 95-nji mekdepleriniň ýokary synp okuwçylaryndan düzülen toparlary gatnaşdylar. Bu toparlaryň altysy hem mundan öň geçirilen Türkmenistanyň Zenanlar guramasynyň we Bilim ministrligi tarapyndan guralan bäsleşiginde ýeňiji bolan toparlardyr.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder