Biziň ýurdumyzyň medeni mirasynyň desgalarynyň ýokary gymmatlyklara eýedigine ÝUNESKO-nyň medeni miras merkezi tarapyndan 1999, 2005 we 2007-nji ýyllarda gadymy Merwiň, Köneürgenjiň we Nusaýyň Bütündünýä medeni miras sanawyna goşulmagy baradaky çözgüdiň kabul edilmegi hem halkara derejesinde ykrar edilmegini aňladýar. Indi bu ýadygärlikler umumyadamzat gymmatlyklarynyň gazananlary bolmak bilen, olary geljekki nesiller üçin saklamak milli häsiýetli wezipedir. Abraýly halkara bilermenleriniň pikirlerine görä, Türkmenistan Bütündünýä medeni we tebigy mirasy gorap saklamak baradaky konwensiýa gyşarnyksyz eýerýär.
Ýurtda hasapda duran taryhy we medeni ýadygärlikleri gorap saklamak, olary öwrenmek, aýap saklamak we rejeleiş işleri, olaryň has ähmiýetlileriniň töweregini abadanlaşdyrmak, öňden näbelli bolan arheologiki desgalary ýa-da gadymy arheologiki gurluşlary ýüze çykarmak we hasaba almak boýunça uly göwrümli işler alnyp barylýar.
Muny Gadymy Merwdäki meşhur Soltan Sanjar kümmetiniň daşky gümmeziniň gaýtadan dikeldilmegini mysal hökmünde görkezmek bolar. Taryhy ýadygärliklere aýawly garamak babatda mysaly “Gadymy Dehistan” Döwlet taryhy-medeni ýadygärliginiň çäklerinde ýerleşýän Х-ХII-nji asyrlara degişli bolan “Maşadata” arhitektura ýadygärliginde Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärliklerini goramak, öwrenmek we rejelemek boýunça milli müdirliginiň hünärmenleri tarapyndan geçirilen rejeleýiş işlerini görkezmek bolar. Bu ýadygärlikde geçirilen rejeleýiş işleri Arhitektorlar birleşmesiniň halkara assosiasiýasynyň ýörite diplomyna mynasyp boldy.
Türkmen hünärmenleriniň – rejeleýjileriň daşary ýurtly kärdeşleri bilen bilelikdäki halkara hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürilýär, täze desgalaryň ýüze çykarylmagyna hem-de gazuw-agtaryş işlerinde aýawly saklamak çäreleriniň geçirilmegine, geçirilýän arheologiki işleriň netijesinde ýüze çykarylýan artefaktlary rejelemek we muzeýleşdirmek işlerini geçirmäge goldaw berýärler. “Abywerd” Döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň binýadynda fransuz hünärmenleri bilen bilelikde döredilen arheologiki tapyndylaryň meýdan konserwasiýasy boýunça barlaghanada ýurduň döwlet taryhy-medeni ýadygärlikleriniň we muzeýleriniň rejeleýjileri , şeýle hem geljekki rejeleýjiler – Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplary her ýylda okuw geçýärler.
Taryhy we medeni ýadygärlikleri öwrenmegiň we gorap saklamagyň meseleleri şu ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda we Köneürgençde “Beýik Ýüpek ýolundaky medeni gepleşikler” ady bilen geçiriljek Halkara ylmy maslahatyň meselesi bolar.
Köneürgenç Beýik Ýüpek ýolunyň esasy söwda ugurlarynyň çatrygynda ýerleşmek bilen, orta asyrlarda Merkezi Aziýanyň iň bir gülläp ösýän şäherleriniň biri bolupdyr. Bu taryhy şäheriň geçmişdäki abraýynyň uly bolandygyna häzirki döwre çenli saklanyp galan Il Arslanyň, Tekeşiň, Törebeghanymyň kümmeti, Gutlug Timuryň minarasy we beýlekiler hem şaýatlyk edýär. Bütindünýä Miras sanawyna goşulan bu ýadygärlikleriň tehniki ýagdaýy bu günki gün Köneürgenç döwlet taryhy-medeni goragnasynyň işgärleri tarapyndan monitoringde hemişelik gözegçilikde saklanýar. Bu ýadygärliklerde goraghananyň rejeleýjileriniň we Ýörite ylmy-rejeleýiş önümçilik ussahanasy tarapyndan konserwasiýa-berkidiş işleri alnyp barylýar, taryhy we medeni ýadygärliklerini goramak, öwrenmek we rejelemek boýunça milli müdirliginiň arheologiýa-arhitektura ekspedisiýasy bolsa, bu gadymy şäheriň çäklerindäki iň syrly ýadygärlikleriniň birinde - alymlaryň çaklamalaryna görä XIV asyrda gurulan “Kerwensaraýyň” portalyny öwrenip başlady.
Beýleki bir kerwensaraý Daýahatyn (XI-XII asyrlar) Lebap welaýatynda Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýär. Ol Amuldan Köneürgenje tarap uzap gidýr. Bu desgada ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň “Ilçiniň medeni mirasy saklamak boýunça gazansy” Döwlet maksatnamasynyň maliýe taýdan goldaw goldaw bermegi bilen türkmen hünärmenleri tarapyndan rejeleýiş işleri geçirilýär. Şeýle hem “Gadymy Merw” Döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň işgärleri tarapyndan Mary welaýatynyň çäklerinde ýerleşýän ýadygärlikleri ýüze çykarmak, hasaba almak we gorap saklamak boýunça işler geçirilýär.
Uly Gyzgala orta asyr gala-köşgüni öwrenmek we bölekleýin rejelemek boýunça iri göwrümli çäreler geçirilýär. Bu uly göwrümli taslama türkmen hünärmenlerinden başga hem London uniwersitetinden (Beýik Britaniýa), Grenobl şäheriniň (Fransiýa) Çig arhitektura konserwasiýa merkezinden we Warşawa (Polşa) uniwersitetinden olaryň kärdeşleri gatnaşýarlar.
“Nusaý” Döwlet taryhy-medeni goraghanasynda hem çig arhitektura ýadygärliklerini saklamak boýunça köp ýyllyk tejribe toplanyldy. Bu ýerde her ýylky arheologiki möwsümden soňra Köne Nusaý galasynyň gazuw-agtaryş işleri geçirilen böleklerinde konserwasiýa işleri alnyp barylýar. Geçen ýylyň tomsunda we güýzünde ýadygärlikleri we “Nusaý” goraghanasyny gorap saklamak boýunça milli müdirligiň arheologlary we rejeleýjileri tarapyndan bu gadymy desganyň diňleriniň biriniň daşky tarapyny bölekleýin dikeltmek boýunça işler geçirildi. Bu üstünden köp müňlerçe ýyllar geçen forifikasiýalaşdyrylan gurluşda ilki bilen ÝUTAKE tarapyndan geçen asyryň ortalarynda amala aşyrylan köne gazuw-agtaryş işleri geçirilen ýerleri arassalandy, soňra arhiw materiallary we täze ýüze çykarylan maglumatlary deňeşdirmek esasynda ony dikeltmek boýunça tapgyrlaýyn hereket etmegiň meýilnamasy işlenilip taýýarlanyldy we ol eýýäm bölekleýin amala aşyryldy.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder