7 Nisan 2015 Salı

Dünýä Kolleksiýasyna Mynasyp Mukaddes Zatlar

Mary welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde “Şöhraty asyrlara dolan Mary” ady bilen ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahatyň işine jemgyýetçilik we mekdep muzeýleriniň ýolbaşçylary, şäher we welaýatlaryň muzeýleriniň ylmy işgärleri, sebitiň baş bilim müdirliginiň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, şahsy kolleksiýalaryň eýeleri gatnaşdylar. 

Maslahatyň dowamynda muzeý işini mundan beýläk hem kämilleşdirilmegi we baýlaşdyrylmagy, Türkmenistanyň baý we özboluşly medeniýeti barada bilimleri ýaýratmakda onuň roluny ýokarlandyrmak, mekdep okuwçylary üçin tematiki ekskursiýalary ýaýbaňlandyrmak, ekspozision, gazna işlerinde şahamçalara kömek bermek bilen bagly meseleleriň giň göwrümi ara alnyp maslahatlaşyldy. “Mary – 2015-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilýän çäreleriň ekspozisiýasyny taýýarlamak barada gyzykly çykyşlar edildi. 



Murgap sebtinde köp sanly arheologiki ýadygärlikler aýratyn desgalar we giden bir şäher görnüşinde ýerleşýär. Milletiň bahasyna ýetip bolmajak medeni gymmatlyklaryny aýawly saklaýan Marynyň taryhy-ülkäni öwreniş muzeýi iri maddy we medeni ýer bolup durýar. 

Häzirki wagtda welaýatda jemgyýetçilik muzeýleriniň ýetmişden gowragy işleýär, olaryň köpüsi mekdepleriň ýanynda döredilen muzeýlerdir. Düzgün bolşy ýaly, olaryň esasynda mähriban mekdebiň, obanyň taryhyna bolan gyzyklanma ýatyr. Geçen ýylda gurlup, ulanylmaga berilen kyrkdan gowrak häzirki zaman mekdepleriň her birinde muzeýler üçin ýer berilmegi bellenilmeli ýagdaýdyr. Munuň esasynda ylmy işgärleriň, jemgyýetçilik işewürleriň ýerlerde muzeý işleriniň mundan beýläk hem köpçülikleýin ösdürilmegine sowatly, oýlanyşykly, hünärmenler bilen ýakyndan hyzmatdaşlykda yzygiderli geçirýän işleriniň netijeleri görünýär. 

Mary welaýatynyň taryhy-ülkäni öwreniş muzeýiniň işgärleri ylmy-usulýet kömegini berýärler. Olar meýilnamalary düzmek, hasabat-gorag resminamalaryny alyp barmak, ylmy-gözleg meseleleri, ekspozisiýa-sergi, düşündiriş işleri, ekspozisiýalary arhitektura-çeperçilik taýdan bezemek, raritetleri rejelemek işleri boýunça düşündiriş işlerini geçirýärler. 

Maslahatda bu temalar babatda gyzyklanma bilen söhbet edildi. Oňa gatnaşyjylar maddy predmetlerde we hronologiki resminamalarda islendik obanyň, hatda uly bolmadyk obanyň hem taryhyny – haçan onuň döredilendigi, onda ýaşaýan adamlar haýsy ýerlerden gelendikleri, olaryň ýaşaýyş we zähmet şertleri nähili üýtgändigini açyp bolýandygy baradaky anyk teklipleri aýtdylar. Elbetde, bularyň ählisine ruhubelent adamlar – mekdep okuwçylary, olaryň ene-atalary, mugallymlar, şeýle hem muzeý işleri boýunça hünärmenler kömek berýärler. 

Mary welaýatynyň taryhy-ülkäni öwreniş muzeýiniň Türkmengala etrap şahamçasy indi ýarym asyra golaý wagt bäri bu ýere gelýänleri kabul edip gelýär. Häzirki wagtda oňa Ogulnabat Baýjaýewa ýolbaşçylyk edýär. Bu oba muzeýi onuň öňki ýolbaşçysy, örän ruhubelent, ulkäni çyn ýürekden söýýän Garýagdy Baýjaýew başlangyjy bilen mekdep jemgyýetçilik hukugynda döredildi. Soňra barha ýaýbaňlanan ekspozisiýa welaýat muzeýiniň şahamçasy derejesine eýe boldy. Ol aýratyn binada ýerleşip, onda ýerli dolandyryş edarasynyň goldaw bermeginde işlemek üçin ähli şertler döredilendir. 

Gazna saklanylýan we dolandyryş binasyndan başga hem ekspozisiýa zallarynyň üçüsi – arheologiki, etnografiki we numizmatika zallar bar. Bu ýerde bir wagtyň özünde iki müňe çenli zatlar görkezilýär. Umuman, bu şahamçanyň gaznalarynda bäş müňden gowrak artefaktlar saklanylýar. Olaryň ählisi hem welaýatyň we paýtagtyň muzeýleriniň ylmy işgärleriniň kömegi bilen öz wagtynda atributirlendi. Ýygyndylarda Günorta Türkmenistanyň we orta asyr tarynyň arheologiýasy boýunça materiallar agdyklyk edýär. Olaryň arasynda dürli möhürler, suwaryş we galyplanan keramika, dürli arhitektura detallary, bürünçden ýasalan önümler, dürli döwre degişli pul birlikleri bar. Etnografiki bölüminde adaty türkmen geýimleri we bezegleri, haly we palas önümleri, türkmen halkynyň durmuşyndan gürrüň berýän beýleki köp sanly eksponatlar bar. 

Muzeýleriň jemgyýetçilik başlangyçlar esasynda işlemegi netijesinde, köp sanly iň gymmat bahaly, medeniýetiň ajaýyp ýadygärlikleri, resminamalary, mukaddes zatlar saklanyp galdy. Olaryň köpüsi belli kolleksiýalaryň bezegi bolmaga mynasypdyr. Ýöne alnyp barylýan işleriň iň gymmatlysy onuň jemgyýetçilik-watan söýüjilikli esasda alnyp barylmagynda jemlenýär. Ol ösüp gelýän ýaş nesilde jogapkärçilik, öz halkynyň tarynyň saklanyp galmagynda dahyllylyk duýgusyny oýarmaga, ata watanyň täze medeni, tebigy ýadygärliklerini ýüze çykarmagy terbiýeleýär.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder