23 Nisan 2016 Cumartesi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet Howpsuzlyk Geňeşiniň Bilelikdäki Mejlisi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi, oňa welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem çagyryldy.

Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibini yglan edip, ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli şu günlerde köpsanly köpçülikleýin çäreleriň guralýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde döwlet durmuşyna degişli birnäçe möhüm meseleleriň we käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Hormatly Prezidentimiz bilelikdäki mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedowa söz berdi. Wise-premýer gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada aýtmak bilen wise-premýer ýurdumyzyň bank we maliýe ulgamynyň işini kämilleşdirmegiň çäklerinde durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreler barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynyň ösdürilmegine gönükdirilen döwlet we milli maksatnamalarda kesgitlenen möhüm wezipeleriň ýerine ýetirilmeginiň wajypdygyny aýtdy. Halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklarynyň meýilnamalarynyň ýerine ýetirilişine degişli gözegçiligi ýola goýmagy zerurdyr diýip, milli Liderimiz aýtdy. Ýurdumyzda makroykdysady görkezijileriň sazlaşygyny üpjün edýän usullary mundan beýläk-de kämilleşdirmek üçin zerur tagallalaryň edilmelidigini belläp, döwlet Baştutanymyz bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ý.Kakaýew Ahal welaýatynda tebigy gazy gaýtadan işläp, sintetik suwuk ýangyjy öndürýän zawodyň düýbüni tutmak dabarasyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Täze senagat toplumy her ýylda 3,7 milliard kub metr tebigy gazy gaýtadan işlemäge we 1,1 million tonna dizel ýangyjyny hem-de 400 müň tonna göni arassalaýyşdan geçirilen benzini öndürmäge niýetlenendir.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, bu taslamany "Türkmengaz" döwlet konserni bilen konsorsiumyň düzümine girýän Koreýa Respublikasynyň "LG International Corp.", "Hyundai Engineering Co, Ltd" we Ýaponiýanyň "Itoehu Corpariton" kompaniýalary bilelikde amala aşyrarlar. 

Şeýle hem wise-premýer "Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan" gaz geçirijisiniň 214 kilometrlik türkmen böleginiň gurluşygynyň barşy barada habar berdi. 0l ýerde ähli işler tassyk edilen tertipnama laýyklykda alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dünýäniň iri energetika döwletleriniň hataryna girýän ýurdumyzyň baý tebigy serişdelerini netijeli hem-de rejeli peýdalanmak Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar diýip nygtady. Şunuň bilen baglylykda, gazy gaýtadan işleýän pudaga möhüm orun degişlidir. Onuň yzygiderli ösüşi sebitleri toplumlaýyn senagatlaşdyrmak, millii ykdysadyýetimizi köpugurly esasda ösdürmek, dünýä bazarlarynda isleg bildirilýän harytlaryň mukdaryny artdyrmak boýunça öňde durýan wezipeleriň oňyn çözgüdine gönükdirilendir.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýere Ahal welaýatynda guruljak täze iri maýa goýum taslamasynyň durmuşa geçirilmegi, zawodyň döwrebap tehnologiýalar we enjamlar bilen üpjün edilmegi boýunça ähli meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz TOPH gaz geçirijisiniň we täze energetika ugrunyň serişde binýady bolup hyzmat etjek "Galkynyş" gaz känini özleşdirmegiň üçünji tapgyryndaky desgalaryň gurluşygy bilen baglanyşykly meseleleri ünsden düşürmeli däldigini aýratyn belledi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, senagat  önümleriň öndürilişini artdyrmak boýunça Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi tarapyndan geçirilýän işler barada şekilleriň üsti bilen hasabat berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gaýtadan işleýän senagatyň esasy pudaklarynyň çalt depginler bilen ösdürilmeginiň türkmen ykdysadyýetiniň bäsleşige ukyplylygyny hem-de eksport kuwwatyny ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berjekdigini nygtady. 

Şunuň bilen baglylykda,  döwlet Baştutanymyz dokma senagatynyň ösýändigini, onuň önümçilik kuwwatlyklarynyň ilatyň uly isleginden peýdalanýan ýokary hilli taýýar önümleri öndürmäge mümkinçilik berýändigini aýtdy. Milli Liderimiz ykdysady taýdan has amatly tehnologiki önümçilikleri döretmegiň hasabyna ýurdumyzyň kärhanalarynyň düşewüntliligini ýokarlandyrmagyň möhümdigine ünsi çekip, wise-premýere dokma pudagynda göz öňünde tutulan taslamalary durmuşa geçirmek meseleleriniň üstünde içgin işlemegi tabşyrdy. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýewe söz berildi, ol gözegçilik edýän ulgamlarynda, hususan-da elektroenergetika pudagynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hasabatda häzirki wagtda hereket edýän elektrik stansiýalarynyň kuwwatlyklaryny artdyrmak hem-de täze häzirkizaman elektrik stansiýalaryny gurmak, ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamlary çekmek we paýlaýjy kiçi beketleri gurnamak boýunça yzygiderli işleriň alnyp barylýandygy habar berildi. Munuň özi ýurdumyzyň elektroenergetika pudagynyň ösdürilmegine we önümçilik hem-de eksport mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna gönüden-göni täsir edýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ähli sarp edijileriň, şol sanda ulanmaga berilýän ýüzlerçe senagat we medeni-durmuş maksatly desgalary elektrik energiýasy bilen durnukly üpjün etmegiň, şeýle hem türkmen elektrik energiýasyny daşary ýurtlara ibermegiň möçberlerini artdyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen ýurdumyzyň energetika ulgamyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň möhümdigini nygtady.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew gözegçilik edýän ulgamynda alnyp barylýan işler, şeýle hem 19-20-nji aprelde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Halkara telekeçiler maslahatynyň jemleri barada hasabat berdi. Habar berlişi ýaly, dünýäniň 27 ýurdundan maslahata gatnaşyjylar ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz bölegini ösdürmegiň hem-de maýa goýum syýasatynyň döwlet strategiýasynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Maslahatyň çäklerinde işewürlik ulgamynda, şeýle hem senagatda, oba hojalygynda, gaýtadan işleýän senagatda, ulag we logistika ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alşyldy.

Hasabatda şeýle hem, kiçi we orta telekeçiligi goldamak maksady bilen geçirilýän çäreler barada habar berildi. Ýakyn geljekde ýurdumyzyň telekeçileri tarapyndan daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ýerini tutýan hem-de eksporta ugrukdyrylan önümçiligi ýola goýmak we önümleriň täze görnüşlerini daşary bazarlara çykarmak, şeýle hem hyzmatlar ulgamyny ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde iri möçberli taslamalary amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. 

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bazar islegleriniň üýtgemegine has durnukly hem-de çeýe uýgunlaşmaga ukyply kiçi işewürligi we hususy telekeçiligi ösdürmek üçin amatly ýagdaýyň döredilmegi milli ykdysadyýetimizi özgertmegiň möhüm şertleriniň biri bolup durýar diýip nygtady. Ylmy esasda, eksporta gönükdirilen, innowasiýa häsiýetli önümçilikleriň ýola goýulmagy senagat pudagynda iş alyp barýan işewürlik düzümleriň paýyny artdyrmaga mümkinçilik berer we netijede ilaty iş bilen netijeli üpjün etmäge, onuň girdejilerini ýokarlandyrmaga ýardam berer, mundan beýläk-de durnukly ykdysady ösüş üçin şert döreder diýip döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Milli Liderimiz daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikdäki kärhanalary döretmegiň, öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmagyň bu ugurdaky möhüm wezipeleriň biridigini belläp, Awazada geçirilen wekilçilikli forumyň işewürlik ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin netijeli binýat bolup hyzmat etjekdigine, şeýle hem dürli ulgamlarda geljegi uly taslamalary amala aşyrmak üçin iri maýa goýumlaryny çekmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiz geljekde hem hususy bölegiň netijeli işlemegine hemişe goldaw bermek bilen, amatly hukuk giňişligini üpjün eder we beýleki zerur şertleri döreder diýip nygtady hem-de wise-premýere bu  babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G. Mämmedowa maý aýynda bellenilýän baýramçylyklar  Ýeňiş güni, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni, Türkmen halysynyň baýramy, Aşgabat şäheriniň güni hem-de soňky jaň dabarasy mynasybetli geçiriljek çärelere, şeýle hem olara gabatlanylyp açyljak durmuş-medeni maksatly desgalary ulanmaga bermek dabaralaryna  görülýän   taýýarlyk barada hasabat berdi. Wise-premýer bu baýramçylyklara dürli medeni çäreleriň uly maksatnamasynyň taýýarlanylandygyny habar berdi. Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň konsertleri, sahna oýunlary, mowzuklaýyn sergiler we bäsleşikler, maslahatlar, uruş weteranlary hem-de uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlary bilen duşuşyklar, döredijilik duşuşyklary hem-de sport ýaryşlary geçiriler. Bu çäreler paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda guralar. Çäreleriň birnäçesi Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynyň maksatnamasynyň çäklerinde geçiriler. 

Maý aýynda şeýle hem halkara ähmiýetli çäreleri, şol sanda Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XVI mejlisini, Türkmenistanyň Belarusdaky, Eýran Yslam Respublikasyndaky we Rumyniýadaky medeniýet günlerini geçirmek meýilleşdirilýär. Däp bolşy ýaly, maý aýynyň ikinji ongünlüginde medeniýet, sungat, ylym, bilim we döredijilik işgärleri beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň we onuň kakasy, filosof, şahyr Döwletmämmet Azadynyň  Eýran Yslam Respublikasynda ýerleşýän aramgähine zyýarat ederler. Daşoguz şäheriniň 2016-njy ýylda GDA-nyň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli maý aýynyň üçünji ongünlüginde Daşoguz welaýatynyň merkezinde Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň alymlarynyň gatnaşmagynda halkara ylmy-amaly maslahat we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi geçiriler. 

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, maý aýynyň uly taryhy we jemgyýetçilik-syýasy ähmiýete eýe bolan baýramçylyk senelerine hem-de wakalara örän baýdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  olaryň köpüsine bagyşlanyp geçiriljek çärelere gatnaşmak üçin Türkmenistana daşary ýurtlardan köpsanly myhmanlaryň geljekdigini aýtdy. Olar türkmen halkynyň medeniýeti we däp-dessurlary, döwletimiziň häzirki gazanýan üstünlikleri bilen ýakyndan tanyşmalydyrlar. Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda hem-de  ýurdumyzyň  Garaşsyzlygynyň şanly ýubileý ýylynda geçiriljek ähli dabaralar aýratyn döredijilik äheňi bilen tapawutlanmalydyr, türkmen halkynyň özboluşly däp-dessurlaryny, onuň agzybirligini we döredijilik kuwwatyny şöhlelendirmelidir diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Ýeňiş güni barada aýdylanda bolsa, däp bolşy ýaly, biz bu senäni giňden belläris, weteranlarymyzyň sarpasyny bolsa belentden tutarys. Halkymyzyň milli aňynda hem-de medeniýetinde berk ornaşan ýaşuly nesli hormatlamak, olaryň söweş edermenligine we zähmetde görkezen hyzmatlaryna   sarpa goýmak  ýörelgeleri jemgyýetde hemişe aýawly saklanmalydyr hem-de ýaşlar üçin terbiýe mekdebi bolmalydyr. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  häzirki türkmen jemgyýetinde milli däpleri aýawly saklamak meselesine ünsi çekip, Türkmen halysynyň baýramynyň we oňa gabatlanyp geçiriljek halkara çäreleriniň ähmiýetini aýratyn belledi. Bütin dünýäde şan-şöhrata eýe bolan ahalteke bedewleri ýaly, türkmen halysy hem halkymyzyň milli buýsanjydyr. Biz bu gymmatlyklary dünýäde giňden wagyz etmelidiris, öwrenmelidiris hem-de geljekki nesiller üçin saklamalydyrys diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. 

Milli Liderimiz maý aýynda geçiriljek ähli çäreleriň hem-de Türkmenistanyň daşary ýurt döwletleri bilen gatnaşyklaryny täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga ýardam etjek halkara medeni çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow   mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, şu günler Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli möhüm çäreleriň geçirilýändigini aýtdy. Bu çäreleriň ählisi ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmelidir hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan edilmelidir diýip, milli Liderimiz nygtady we bu babatda wise-premýer G.Mämmedowa anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda işleriň ýagdaýy barada hasabat bermek bilen, ýurdumyzda 5-nji maýda – Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 500 gün galanda badalga beriljek atly ýörişe görülýän taýýarlyk barada habar berdi. 

Döwlet Baştutanymyzyň Aziada -2017-niň Guramaçylyk komitetiniň 25-nji fewralda geçirilen mejlisiniň barşynda beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, deňi-taýy bolmadyk bu atly ýörişiň geçjek ýolunyň ugurlary işlenip taýýarlanyldy. Atly ýöriş Gadymy Nusaý ýadygärlikleriniň ýanyndan badalga alyp, Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň çäklerinden geçip, Aşgabatda Olimpiýa şäherjiginiň stadionynda tamamlanar. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň garamagyna öňde boljak atly ýörişini geçirmegiň tertibiniň görnüşleri  hödürlenildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow   hasabaty diňläp hem-de Aziada-2017-ä badalga berilmegine 500 gün galmagyna gabatlanyp guraljak atly ýöriş barada aýtmak bilen, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ýurdumyz üçin uly ähmiýetini nygtady. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu abraýly halkara ýaryşlary türkmenistanlylary köpçülikleýin bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga çekmek üçin kuwwatly höweslendiriji çäre bolar, ýokary derejeli türgenleri taýýarlamaga, beden taýdan kämil ýaş nesli kemala getirmäge ýardam berer.   

Milli Liderimiz şeýle hem Aziada 2017-niň ýurdumyzyň sportuny dünýä derejesine çykarmakda, dünýä sport giňişliginde netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýe boljakdygyny aýtdy. Şonuň üçin hem bu Oýunlara taýýarlyk görmegiň çäklerinde geçirilýän işler sport ulgamynda öňdebaryjy gazanylanlaryň hem-de halkymyzyň gadymy  özboluşly ýörelgeleriniň sazlaşykly utgaşdyrylmagy esasynda amala aşyrylmalydyr. Munuň özi Aziada-2017-ä aýratyn öwüşgin çaýar, onuň milli derejede, şeýle hem halkara möçberinde-de ýatda galyjy, aýdyň waka bolmagyny üpjün eder. 

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz atly ýörişe taýýarlyk görmegiň hem-de ony geçirmegiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy we şunuň ýaly çärelerde döwletimiz tarapyndan geçirilýän döredijilikli syýasatyň hem-de milletimiziň   örän baý taryhy-medeni mirasynyň öz beýanyny tapmalydygyny belledi. Şeýlelikde, türkmen halkynyň buýsanjy we şöhraty, bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygymyz –ahalteke bedewleri V Aziýa oýunlarynyň özboluşly nyşany bolar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi hem-de ähli degişli meselelere oýlanyşykly, toplumlaýyn çemeleşilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi. 

Wise-premýeriň hasabatynyň çäklerinde şeýle hem innowasion sport tehnologiýalaryny dolandyrmak, sport enjamlaryny abatlamak we tehniki hyzmat etmek boýunça hünärmenleri taýýarlamakda alnyp barylýan işler barada aýdyldy. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň milli sporty ösdürmek meselelerine berýän yzygiderli ünsi netijesinde ýurdumyzda bu ulgamda gazanylan öňdebaryjy tejribeleriň esasynda degişli düzümleri döwrebaplaşdyrmak boýunça iri möçberli işler amala aşyrylýar, häzirki zaman sport desgalary guruldy we olary bina etmek işleri alnyp barylýar, şunda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjigini aýdyň mysal hökmünde getirmek bolar. 

Bu ugurda sport ulgamy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak işlerine möhüm ähmiýet berilýär. Şu maksat bilen 2012-2013-nji okuw ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýardam bermeginde  Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynda “Sport desgalaryny dolandyrmak” hünäri açyldy. Bu hünär boýunça bilim alýan talyplar Olimpiýa şäherjiginiň desgalarynda önümçilik tejribe sapaklaryny geçerler. Bu hünär boýunça 2017-nji ýylda instituty tamamlajak ilkinji uçurymlary bu täsin toplumyň  sport desgalarynda işlemäge çekmek, şeýle hem ýokary okuw mekdebiniň talyplaryny 2016-2017-nji ýyllarda geçiriljek halkara synag sport ýaryşlarynda innowasion sport tehnologiýalaryny dolandyrmaga gatnaşdyrmak göz öňünde tutulýar. 

Şeýle hem türkmen ýaşlarynyň häzirki zaman bilimlerini özleşdirmek üçin daşary ýurtlaryň ugurdaş ýokary okuw mekdeplerine iberilýändigi bellenildi.

Milli Liderimiz ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini hem-de ýokary netijeli sporty ösdürmekde, halkara ölçeglerine laýyk gelýän sport düzümlerini kemala  getirmekde innowasiýa tehnologiýalary hem-de inžener-tehniki gazanylanlaryň iň gowy nusgalarynyň işjeň ornaşdyrylmagyna, bu ulgamda dünýä tejribesiniň öwrenilmegine uly ähmiýet berilýändigini nygtady. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, häzirki wagtda sport desgalary iň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilýär, munuň özi ýokary hünärli işgärleri, şol sanda sport desgalaryny dolandyrmak, olara ýokary hilli tehniki hyzmat etmek boýunça hünärmenleri taýýarlamagyň zerurlygyny şertlendirýär. 

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ähli guramaçylyk we beýleki meseleleriň öz wagtynda hem-de oýlanyşykly çözülmeginiň zerurdygyny belläp, wise-premýere birnäçe degişli tabşyryklary berdi.  

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ulag-aragatnaşyk ulgamyna gözegçilik edýän orunbasary S.Satlykow çykyş etdi. Habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi tarapyndan V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitetden alnan maglumatlara laýyklykda, 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşyjy türgenlere ýokary amatlyklary bolan häzirkizaman awtobuslarynda we taksilerinde hyzmat etmek maksady bilen satyn almagy göz öňünde tutulýan awtoulaglaryň möçberleri kesgitlenildi. Ýurdumyza geljek wekiliýetleriň düzümine we olaryň adam sanyna görä uly, orta, kiçi awtobuslarda ýa-da ýeňil awtoulaglarda daşary ýurtly myhmanlary äkitmek we getirmek hyzmatlary ýerine ýetiriler. 

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi üçin täze awtobuslary we taksileri satyn almak barada halkara bäsleşigini geçirmek hakyndaky teklibi hödürledi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2017-nji ýylda dünýäniň sport durmuşynyň örän möhüm wakasy bolan Aşgabatda geçiriljek halkara derejeli ýaryşlara hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmegiň zerurdygyny belläp, täze awtobuslary hem-de ýeňil awtoulaglary satyn almak baradaky teklibi makullady.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow    17-19-njy aprel aralygynda Saud Arabystany Patyşalygyna bolan iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu sapar däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryny ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak hem-de hormatly Prezidentimiziň bu ýurda boljak resmi saparyna taýýarlyk görmek maksady bilen amala aşyryldy.

Şunuň bilen baglylykda, saparyň çäklerinde geçirilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň netijeleri barada habar berildi. Şol duşuşyklaryň barşynda netijeli syýasy gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň, Türkmenistan bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy we ynsanperwer medeni gatnaşyklary ösdürmegiň  ileri tutulýan ugurlary we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem Yslam ösüş bankynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirildi. Onuň barşynda Yslam ösüş bankynyň ýurdumyz bilen netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge, şol sanda bilelikdäki täze taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmak arkaly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga çalyşýandygy beýan edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistany Saud Arabystany Patyşalygy bilen öňden gelýän dostluk gatnaşyklarynyň hem-de netijeli hyzmatdaşlygyň baglanyşdyrýandygyny nygtady. Şol hyzmatdaşlyk bolsa ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, abraýly sebit we halkara guramalarynyň hem-de düzümleriniň ugry boýunça üstünlikli ösdürilýär. Milli Liderimiz deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanan döwletara gatnaşyklarynyň yzygiderli ösýändigini kanagatlanma bilen belläp, özara bähbitli söwda-ykdysady we işewür gatnaşyklary giňeltmek üçin ägirt uly kuwwatyň bardygyny nygtady. Hökümetara türkmen-saud toparynyň işi hem-de bilelikdäki işewür maslahatlary şol gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam etmelidir. Ynsanperwer ulgamdaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar hem okgunly ösdürilýär, munuň özi iki halkyň medeniýetleriniň özara baýlaşmagyna ýardam edýär.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, “açyk gapylar” we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirip, Saud Arabystany Patyşalygy bilen ähli ugurlar boýunça däp bolan netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegi göz öňünde tutýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere, DIM-iň ýolbaşçysyna bu dostlukly ýurda ýakyn wagtda amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän resmi saparyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda anyk tabşyryklary  berdi.   

Soňra Mejlisiň başlygy A.Nurberdiýewa ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine, döwletimiziň demokratik binýatlaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen milli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmekde parlament tarapyndan alnyp barylýan işler barada habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz umumy ykrar edilen halkara hukugynyň kadalaryny hasaba almak bilen ýurdumyzyň häzirkizaman kanunçylyk-hukuk bunýadyny döretmekde deputatlar düzüminiň jogapkärçiligini nygtap, dolandyryş-çäk gurluşyny kadalaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işe möhüm ähmiýet berilmeginiň, Esasy Kanunymyz – Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşiniň taslamasy boýunça ilatdan gelip gowuşýan teklipleriň içgin öwrenilmeginiň zerurdygyna Mejlisiň ýolbaşçysynyň ünsüni çekdi. 

Mejlisiň barşynda welaýatlaryň häkimleri häzirki döwürde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çäreler, ýurdumyzyň sebitleriniň ilatynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak, şeýle hem ekerançylyk meýdanlarynda ýerine ýetirilýän möwsümleýin işleriň barşy barada hasabat berdiler. 

Ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň baýramçylygy mynasybetli ýaýbaňlandyrylan köpçülikleýin medeni çäreleriň maksatnamasy barada hem habar berildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmagyny üpjün etmek, ýerine ýetirilýän işleriň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça häkimlere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, halkymyzyň we jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan hem-de ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň baýramçylygy mynasybetli geçirilýän medeni-köpçülikleýin çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigine ünsi çekdi. Munuň özi Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda uly ähmiýeti bolan şanly wakadyr diýip bellemek bilen, milli Liderimiz baýramçylyk çärelerine ilat köpçüliginiň işjeň gatnaşmagyny ýola goýmak babatda sazlaşykly işleriň ýerine ýetirilmelidigini aýratyn belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew häzirki döwürde ýurdumyzda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, welaýatlaryň gowaça ekişiniň depgini gün-günden ýokarlanýar. Şunuň bilen bir hatarda ak ekinlere ideg işleri dowam edýär. 

Ýurdumyzda Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli guralýan köpçülikleýin medeni çäreler barada hem maglumat berildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýazky oba hojalyk möwsümini, ilkinji nobatda bolsa gowaça ekişini guramaçylykly we bellenilen möhletlerde geçirmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi wise-premýerden talap etdi. Bugdaýdan, pagtadan we beýleki oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almagyň möhüm şerti bolan ähli agrotehniki kadalaryň berk berjaý edilişine gözegçiligi ýola goýmak zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Hormatly Prezidentimiz wise-premýere Türkmen bedewiniň baýramçylygyna bagyşlanan dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. 

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň barşynda ýurdumyzyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ý.Berdiýewe söz berdi. Ol ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleriniň  giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň baýramçylygy mynasybetli geçirilýän dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegine goşýan goşantlary, şeýle hem ýurdumyzyň ähli künjeklerinde tertip-düzgüniň berk berjaý edilmegi boýunça işlenip taýýarlanylan maksatnamanyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. 

Döwlet Baştutanymyz Türkmen bedewiniň baýramçylyk dabaralaryna ilat köpçüliginiň işjeň gatnaşmagy, medeni çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň berjaý edilmegi hem-de tertip-düzgüniň ýokary derejede ýola goýulmagy bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny belledi we degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek  babatda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna birnäçe tabşyryklary berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlara ýüzlenip, merdana halkymyzyň buýsanjyna öwrülen Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli ýurdumyzda köp sanly möhüm çäreleriň göz öňünde tutulandygyny belledi. 

Milli Liderimiz  merdana halkymyzyň behişdi bedewler bolan ahalteke atlaryny ösdürip ýetişdirmekde örän uly hyzmatlary bitirendigini belledi. Halkymyzyň bu taryhy hyzmatlaryny göz öňünde tutup, biz Türkmen bedewiniň baýramyny döretdik. Ahalteke bedewiniň şekilini Türkmenistanyň Döwlet tugrasynda ýerleşdirdik. Türkmen atlarynyň keşbini ýadygärliklerde ebedileşdirdik diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Berkarar Watanymyzda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň baýramy giňden we dabaraly bellenip geçilýär. Bu baýramyň döwlet derejesinde bellenmegi, türkmen bedewiniň şekiliniň Döwlet tugramyzda ýerleşdirilmegi merdana halkymyzyň durmuşynda bedew atlaryň aýratyn möhüm orny eýeländiginiň şaýadydyr. 

Müňýyllyklaryň dowamynda türkmen halky bedew atlary ösdürip ýetişdirmäge aýratyn üns beripdir. Çünki, behişdi bedewler gaýduwsyz türkmen gerçekleriniňýakyn ýoldaşy, kyn gününde syrdaşy bolupdyr.

Ahalteke bedewleri biziň halkymyzyň dünýä beren gaýtalanmajak, beýik we özboluşly sungatydyr, türkmeniň genji-hazynasydyr, hemişelik buýsanjy we milli mirasydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şoňa görä-de, biziň halkymyz: «Irden tur-da, ataňy gör, ataňdan soň atyňy», «Aty baryň ganaty bar», «Ýüwrük ata baha bolmaz» diýen ýaly, ajaýyp nakyllarydyr atalar sözlerini döredipdir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda atçylygy we atçylyk sportuny ösdürmek boýunça giň gerimli işler amala aşyryldy. Aşgabatda we welaýatlarda halkara ölçeglerine laýyk gelýän atçylyk sport toplumlary gurlup, ulanmaga berildi. Atçylyk pudagy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, ussat seýisleri we çapyksuwarlary ýetişdirmek boýunça köp işler edildi. 

Gözel Köpetdagyň eteginde gurlan täze döwrebap ýaşaýyş-durmuş maksatly desgalar toplumy we 600 baş at üçin Ahalteke atçylyk toplumy döwletimiziň atşynaslar, şeýle hem behişdi bedewlerimiz barada uly alada edýändiginiň ýene-de bir aýdyň mysalydyr. Biz gamyşgulak bedewlerimiziň şan-şöhratyny has-da artdyrmak, ýurdumyzda atçylyk pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek üçin geljekde hem ähli işleri ederis diýip, milli Liderimiz belledi.

Biz şu gün Aşgabat Atçylyk sport toplumynda Türkmen bedewiniň baýramyna bagyşlanan dabaraly çäreleri geçirdik diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Şu gün meniň üçin hem taryhy gün boldy. Türkmeniň behişdi bedewlerine bagyşlanan kitabymy ýazmagy tamamladym diýip, mejlise gatnaşyjylara habar berdi. Bu kitaby men size paýtagtymyzyň Atçylyk sport toplumynda geçirilen baýramçylyk çäreleriniň dowamynda gowşurdym diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Mejlisiň barşynda döwlet durmuşynyň beýleki käbir meselelerine hem garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. 

Milli Liderimiz mejlisiň ahyrynda sizi we siziň üstüňiz bilen mähriban halkymy Mirasa sarpa goýmak,Watany özgertmek ýylynda ýurdumyzda giňden bellenýän Türkmen bedewiniň baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn diýip aýtdy we hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, egsilmez bagt, bedew bady bilen öňe barýan berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder